Döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna Türkmenistanyň telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz ýurdumyzy okgunly ösdürmekde ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtaýar.
Hökümetiň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri jemlenildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Şol mejlisde beýan edilen görkezijiler ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçilik ulgamynyň kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136 göterimden gowraga, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy.
Ilata edilen hyzmatlaryň möçberi hem ep-esli artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçiliginiň wekilleriniň 26 müňe golaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýar. Ýurdumyzyň zähmet çekýän ilatynyň 50,3 göterimi ykdysadyýetiň hususy ulgamynda işleýär.
Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri önümçiligi ulgamy türkmen telekeçileriniň işiniň depginli ösýän ugurlarynyň biridir. Telekeçilerimiz önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri hem-de çagalar baglaryny, saglygy goraýyş we sport desgalaryny, ýollary gurýarlar.
Şu ýylyň alty aýynyň dowamynda telekeçileriň ulanmaga beren iri desgalarynyň hatarynda Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binalary, Kerkidäki Halkara howa menzili, Farap şäherindäki “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkezi, ýaşaýyş toplumlary we beýleki binalar bar.
Hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýan iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, “Aşgabat-sitiniň” hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň desgalarynyň, Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze “Daşkent” seýilgähiniň taslamalarynyň taýýarlanylmagyny we olaryň gurluşygyny görkezmek bolar.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe iri desgalary açmak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky täze desgalaryň ençemesi — A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygyndaky ýerasty geçelge, döwrebap ýaşaýyş toplumy hem-de Tähran köçesiniň ugrunda Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi bar. Sebitlerde täze mekdepler, saglygy goraýyş edaralary ulanmaga berler. “Türkmenawtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygyny tamamlar.
Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurluşyk serişdelerini öndürýän zawodlar üstünlikli işleýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy telekeçilere çykarylýan önümleriň görnüşlerini yzygiderli täzeläp durmaga mümkinçilik berýär.
Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini obalaryň we şäherçeleriň, mineral dökünleri öndürýän täze zawodlaryň hem-de ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň gurluşygyna, awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemäge we beýleki işlere has işjeň çekmegi tabşyrdy.
Hususy telekeçiligiň mümkinçilikleri oba hojalyk ulgamynda hem-de azyk önümlerini öndürmekde ähmiýetli orna eýedir. Azyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagy hem-de görnüşleriniň köpeldilmegi hojalygy ýöretmegiň bazar gurallarynyň pugtalandyrylýandygynyň, telekeçileriň kuwwatynyň artdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölekleriniň uzak möhletli ulanmaga berilmegi ekin meýdanlarynyň çägini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, suwdan peýdalanmagyň tehnologiýalaryny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Şu ýylyň alty aýynyň dowamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişini meýilleşdirilen möçberinden üçden bir esseden gowrak artdyrdylar. Telekeçiler ýylyň birinji ýarymynda oba hojalyk önümleriniň jemi 150 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar.
Ýyladyşhanalarda pomidorlaryň we beýleki oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň eksport kuwwaty ep-esli artdy. Häzirki wagtda oba ýerlerinde umumy meýdany 450 gektara barabar bolan ýyladyşhanalaryň 100-den gowragy guruldy we işe girizildi.
Ýyladyşhanalarda öndürilen önümleriň aglabasy daşary ýurtlara iberilýär. Ýaz möwsüminiň dowamynda ýyladyşhana hojalyklary daşary ýurtlara pomidorlaryň dürli görnüşleriniň 50 tonna golaýyny iberdiler. Munuň özi 2020-nji ýylyň dowamynda ugradylandakydan hem köpdür. Ýurdumyzyň eksport edijileri Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryny işjeň özleşdirýärler. Pomidoryň 20 tonna golaýy ilkinji gezek Awstriýa ugradyldy. Ýurdumyzyň gök we bakja önümlerini öndürijileriniň önümleriniň Ýewropanyň ölçeglerine laýyk gelýändigi ykrar edildi. Ýylyň ahyryna çenli Günbataryň ýurtlaryna ter pomidorlaryň ýene-de 60 tonna golaýyny ibermek meýilleşdirilýär.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň iýul aýynda Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde dostlukly ýurda oba hojalyk we senagat önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazanyldy. Şol önümler gaýra goýulman Gyrgyzystana ýetirildi.
Türkmen ekerançylary diňe bir däp bolan gök we dänelik ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmeýärler. Telekeçileriň birnäçesi göýül (kapers) ösümligini ýetişdirmäge girişdiler. Birnäçe türkmen kompaniýalary bolsa Uzak Gündogarda we Günorta-Gündogar Aziýada giňden ýaýran pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýärler. Iri ýaprakly agajyň beýikligi 15 — 20 metre çenli ýetýär. Bu agaç alty ýyldan soň dürli maksatlar üçin ulanylýan ýumşak we ýeňil agajyň bir ýarym kub metrine golaýyny taýýarlamaga çig mal bolup hyzmat edýär.
Telekeçiler kärende meýdanlarynyň köp böleginde ýüpekçilikde giňden ulanylýan tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirýärler. Ýüzlerçe gektar meýdanlarda baglar döredilýär.
Ýylyň başyndan bäri içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän haly önümleriniň, döwrebap aýakgaplaryň hem-de dokma önümleriniň öndürilýän möçberi ep-esli artdyryldy.
Döwrebap senagat kärhanalarynyň, önümçilik desgalarynyň döredilmegi, ýerli çig maldan içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir.
Häzirki döwürde innowasion senagaty ösdürmek arkaly önümçiligiň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de sanly ulgama geçilmeginiň hasabyna türkmen ykdysadyýeti okgunly ösüşe eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekeçileri işewürligiň täze ugurlaryny, şol sanda önüm öndürýän we gaýtadan işleýän pudaklarda hem-de ulag ulgamynda kämil tehnologiýalary ulanmaga gönükdirilen ugurlary işläp taýýarlaýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna hem-de hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda şu maksatlar bilen sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar.
Işewürligiň gazanýan üstünligi we geljekki ösüşleri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanylyp geçirilýän pudaklaýyn serginiň meýdançalarynda görkezilýär. Şu ýylyň martynda guralan sergide “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak çäresi möhüm ähmiýete eýe boldy.
Telekeçiler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmek işine işjeň goşuldylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçiliklere, ähli pudaklara sanly ulgamlary we tehnologik täzelikleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Söwda-senagat edarasynyň dürli sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň döwrebap senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän düzümleriň diwarlyklary uly orun eýeläp başlady. Sergide görkezilýän, her ýyl 1-nji synp okuwçylaryna gowşurylýan kompýuterleriň, iki sim-kartly öýjükli telefonlaryň, smartfonlaryň, dürli görnüşli monobloklaryň, smart-telewizorlaryň, split-kondisionerleriň, routerleriň hem-de agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerleriň, boýlerleriň we beýleki durmuş tehnikasynyň hem-de ýokary tehnologiýaly elektrik enjamlarynyň diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli 30-31-nji maýda guralan sergä hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilýän şanly senelere gabatlanylyp geçirilen sergi çärelerine işjeň gatnaşandyklaryny bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginiň diňe bir importyň umumy möçberiniň azalmagyna däl, eýsem, uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan ilaty üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyz internet arkaly harytlaryň satuwyny artdyrmak, ýurdumyzyň içinde elektron söwdany guramak üçin öz meýdançalarymyzy döretmek, ýurdumyzyň harytlaryny halkara derejede mahabatlandyrylmagyny üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleri öňde goýdy.
Şu ýyl söwda we hyzmatlar ulgamynda işleýän hususy kompaniýalar internet-söwdanyň gerimini ep-esli giňeltdiler. Olar ykjam elektron goşundylaryny döredýärler hem-de öndürilýän harytlary aralykdan ýerlemek üçin meşhur internet-meýdançalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, KERWEN taslamasy barada ýatlatmak ýerlikli bolardy. Munuň özi önüm öndürijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürýän elektron onlaýn söwda ulgamydyr. Ol sanlylaşdyrmak ulgamynda milli syýasatyň wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.
Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz telekeçileri maliýe we maddy-enjamlaýyn tarapdan goldamak hem-de söwda ulgamyna sanly ulgamlary ornaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz bar bolan önümçiliklerden has netijeli peýdalanmak, içerki bazary harytlar we hyzmatlar bilen doly üpjün etmek üçin täze önümçilikleri döretmek, eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmegi, halkara bazarlaryň ýagdaýyny öwrenmegi hem-de olary içgin seljermegi tabşyrdy.
Bu wezipeleri çözmek üçin hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin ýer böleklerini resmileşdirmek babatda telekeçilere ýardam bermek hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, hususy ulgamda ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň sanyny artdyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Şu ýyl döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak işi bilen baglylykda, ykdysadyýetde hususy ulgamyň paýyny artdyrmak boýunça öňegidişlikler gazanyldy. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň döwlet ulgamyna degişli kärhanalaryny azaltmak boýunça wezipeler hormatly Prezidentimiziň umumy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Bu strategiýada bolsa döwlet eýeçiligini yzygiderli hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi hususy işewürligiň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, açyk auksionlar hem-de gazna bazarlary hususylaşdyrmak işiniň esasy gurallary bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa, energetika we düzümleýin ulgamlaryň kärhanalary hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmaga hem-de paýdarlar jemgyýetlerini döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz dünýä bazarlaryndaky nyrhlary seljermegiň hem-de şuny nazara almak bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlara iberýän harytlary babatda nyrh syýasatyny alyp barmagyň, şeýle hem sanly ulgamlaryň kömegi arkaly ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bahalary, hili we beýleki görkezijileri baradaky maglumatlaryň ýerli sarp edijiler hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.
Şu we beýleki wezipeleri çözmek üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça geljek bäş ýyl üçin maksatnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwletiň we hususy ulgamyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bu işi mundan beýläk-de hukuk taýdan goldamagyň zerurdygyny şertlendirdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy ulgamyň paýynyň artýandygyny nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 8-nji iýunda güýje giren “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Kanunyň ähmiýetini bellemek gerek. Bu Kanun işewürligiň döwlet maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirilendir.
Şu resminama laýyklykda, döwlet-hususy taslamasy amala aşyrylanda, telekeçiler dürli görnüşdäki maliýe goldawyny, şol sanda subsidiýalar, aktiwleriň we emlägiň goýumlary, önümiň, işiň we hyzmatlaryň taslamasyny amala aşyrmak üçin möhüm tölegler görnüşindäki tölegi alyp bilerler.
Telekeçiligi höweslendirmek, onuň ykdysadyýetiň ösmegine, ýurdumyzyň haryt dolanyşygyna we ilatyň iş bilen üpjünçiligine goşýan goşandyny artdyrmak, Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň halkara bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet topary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, toparyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümini tassyklady. Bu topar eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmagy hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen döredildi.
Türkmen ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamynyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde, ýurdumyzda hojalygy ýöretmegiň bazar gurallarynyň pugtalandyrylýandygynyň, telekeçileriň mümkinçilikleriniň hem-de kuwwatynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36045