Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Şeýle hem häkim Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriň baýramçylyk meýdançalarynyň, käbir binalarynyň dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelişiniň görnüşlerini hem-de şekillerini görkezdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak guw ýaly binalary, gözel keşbi, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin döredilen amatly şertleri bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ginnesiň rekordlar kitabynda möhüm orun eýelän ak mermerli şäheriň gündizleriniň ýakymly bolşy ýaly, paýtagtymyzyň agşamky görnüşlerinde hem özboluşly gözellik bar.
Şanly sene mynasybetli häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň, täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dörediljek älemgoşar öwüşginli gözellik halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşar. Munuň özi 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp derejede garşylaýan şäheriň bezeg aýratynlyklaryna, onuň arassaçylygyna, abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.
Şonuň ýaly-da, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek barada hem aýdyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak şanly seneler mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň we olaryň hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda şäher häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Bu gün Aşgabat döwrebap we sazlaşykly ösýän şäher hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde adam hakyndaky alada esasy orunda durýar. Şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasynda häzirki zamanyň binagärlik we inženerçilik-tehniki taýdan öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň uly üstünliklere, täze ýeňişlere beslenmelidigini aýdyp, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine düýpli taýýarlyk görmek, çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini üpjün etmek meselelerine uly üns berilmelidir diýip aýtdy.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynda, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda gurluşyk senagatyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gurluşyklaryň hiliniň hem-de depginleriniň häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şäheriň bezeg işleri, öňde boljak dabaralar baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, häzirki zaman yşyklandyryş we sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän köp öwüşginli bezegli binalaryň ýanynda döredijilik işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň, şäheriň meýdançalarynda baýramçylyk ýörişlerini geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreleriň ähmiýetini belläp, onuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek, mekdep okuwçylarynyň şäheriň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak boýunça wise-premýere hem-de häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň şanly ýubileýiniň hormatyna guraljak dabaralary degişli derejede geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi we meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow çykyş edip, hasabatyny welaýatyň etraplarynyň gowaça ekişini doly tamamlandyklary baradaky habar bilen başlady.
Häkim şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, ösüş suwuny tutmak işleri boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Gowaça meýdanlarynda gögeriş gazanylan ýerlerde ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary we enjamlar netijeli ulanylýar.
Galla orujy kombaýnlary, ulag serişdelerini, şeýle hem galla kabul edýän bölümleri möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýeralma we beýleki gök, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ekinleriň irki görnüşleriniň hasylyny öz wagtynda ýygnamak we ir-iýmişleriň hasylynyň mukdaryny artdyrmak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem daýhan hojalyklarynda pile taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamanyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin zerur işler amala aşyrylýar.
Häkim Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işleri bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek işlerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginleri artdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz häkime anyk görkezmeleri berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew döwlet Baştutanymyza welaýatda gowaça ekişiniň tamamlanandygy baradaky hoş habary ýetirdi. Şeýle hem gowaçalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, ak ekinlere edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Ýeralma, sogan we beýleki gök ekinlere ideg işleri degişli derejede alnyp barylýar. Gallanyň bol hasylyny almak maksady bilen, ak ekinlere ösüş suwuny tutmakda zerur tagallalar edilýär.
Şeýle hem gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak üçin häzirki agrotehniki çäreleriň hiline üns berilýändigi hem-de beýleki ekinleriň ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli tagallalaryň edilýändigi habar berildi.
Häkim pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu önümiň şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görülýän çäreler barada aýtdy.
Häzirki döwürde welaýatda gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenilen wagtda tamamlamak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň, ak ekinlere edilýän idegiň öz wagtynda geçirilmeginiň we onuň agrotehniki kadalara laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary, kabul ediş bölümlerini doly derejede taýýarlamagy tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň derejesi, gowaça ekişini agrotehniki kada laýyklykda öz wagtynda tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler we ak ekinlere edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem galla oragyna görülýän taýýarlyk, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýy barada habar berildi.
Şeýle hem gök we bakja ekinlerinden, şol sanda ýeralmadan, sogandan bol hasyl almak ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar.
Häkim ýurdumyzyň dokma pudagy üçin zerur çig mal serişdesi bolan piläniň önümçiligi boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hili üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler barada maglumatlar aýdyldy. Aýratyn-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri we meýilnamalary öz wagtynda hem-de bellenilen möhletde berjaý etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekip, bu babatda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hasabatyny welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary baradaky habardan başlady. Şu günler gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalary we enjamlar doly güýjünde işledilýär.
Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak, galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary we kabul ediş bölümlerini taýýarlamak hem-de pile öndürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Şeýle hem ýeralmadan we beýleki gök, bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berildi.
Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şanly seneleriň hormatyna meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamak we baýramçylyk mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçadan, bugdaýdan we beýleki ekinlerden bol hasyl almakda möhüm ähmiýeti bolan ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew öz gezeginde welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini doly tamamlandyklary baradaky habary mälim etdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara we ak ekinlere edilýän ideg işleri, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen doly üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Galla oragynda işlediljek kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň we galla kabul edilýän bölümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen, ähli zerur çäreler amala aşyrylýar.
Şeýle hem häzirki döwürde welaýatda gant şugundyrynyň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy we zerur bolan tohumlar taýýarlanyldy. Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işlere giň gerim berildi.
Hasabatyň çäklerinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýlary barada maglumatlar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk ýerlerini gurplandyrmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçadyr ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyny guramaçylykly we bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere we häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz gowaça ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylda gök ekinlerden bol hasyl almak üçin häzirki alnyp barylýan ideg işleriniň hilini we depginini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gök önümleriň irki görnüşleriniň öz wagtynda ýygnalyp alynmagy, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda hem anyk tabşyryklar berildi.
Pile önümçiligi boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine möhüm üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hilini, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini, aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän binalarda, şeýle hem öňde boljak dabaralaryň baýramçylyk ruhuna beslenmegi ugrunda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak boýunça häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowy çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede hem-de welaýatlarda bar bolan çagalar-sagaldyş merkezlerinde ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bu ugurda ýörite topar döredilip, onuň agzalarynyň gatnaşmagynda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, sagaldyş meýdançalarynda taýýarlyk işleri amala aşyryldy.
Şeýle hem ministr ýurdumyzda ýerleşýän şypahanalaryň hemmesinde adamlaryň saglygyny berkitmek, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görlendigini belläp, şypahanalaryň möwsüme taýýarlanandygyny habar berdi.
Ministr hasabatynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesi barada aýdyp, deňziň kenarynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýollanma hatlarynyň berilýändigini habar berdi.
Raýatlar ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen saglyk öýlerinde olara koronawirus ýokanjyna garşy sanjym ediler. Şeýle hem Döwlet migrasiýa gullugynda dynç alşa gidýän senesi barada bellik ediler hem-de dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama berler.
Dynç alşa gitmek üçin raýatlara sanjym ediler, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda СOVID-19-yň test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama berler.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilýän Dolandyryş merkezi tarapyndan myhmanhanada bolýan adamlaryň sanawy we hasabaty degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna her gün iberiler.
Dynç alyş zolagynda hyzmat edýän desgalara kabul edilýän işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçiriler, şol sanda olardan СOVID-19 barlagyndan geçendigi baradaky kepilnamasy we koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigini tassyklaýan resminamasy talap ediler. Şeýle hem hyzmat edýän işgärler her 15 günden çalşyk esasynda işlärler we her çalşykda lukmançylyk barlagyndan geçiriler. Dynç alyş zolagynda ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokady dörediler.
Şol bir wagtyň özünde deňziň kenarynda dynç almaga gelýän raýatlar üçin ýörite gatnawlar ýola goýlar. Degişli myhmanhanalaryň awtoulaglary bilen demir ýol, howa we awtomobil menzillerinde bu ýere gelýän raýatlar garşy alnar hem-de olaryň dynç alyş döwri gutaransoň degişli ugurlar boýunça ugradylar.
Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler, Daşary işler, Energetika, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Balkan welaýat we Awaza etrap häkimlikleriniň zolagy dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetirmeli wezipeleridir borçlary kesgitlenildi.
Bu ýerde degişli işleri ýola goýmagyň çäklerinde öňüni alyş çärelerini Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary topar tarapyndan kabul edilen çözgütler berjaý ediler diýip, ministr sözüni jemledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde hökmany sanjymyň geçirilmelidigini we dynç alyş ýerlerine baran çagalaryň saglyk derejesini görkezýän güwänamalaryň berilmelidigini belledi. Umuman, çagalaryň möwsümi şadyýan hem-de gyzykly geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulmalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň şypahanalarynyň möwsüme taýýarlygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu ýere gelýän adamlaryň degişli lukmançylyk barlagyndan geçmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine ünsi çekip, deňziň kenarynda amatly dynç alyş şertlerini döretmek, şol birwagtyň özünde adamlaryň saglygyna oňyn täsiri bolan ýagdaýlary göz öňünde tutmak we myhmanhanalaryň arassaçylyk derejesini üns merkezinde saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belledi.
Şeýle hem adamlaryň dynç alýan, suwa düşýän we gezelenç edýän ýerlerinde lukmançylyk ulgamyna degişli ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, dynç alýanlaryň iýmitlenmegi, gezelenç etmegi, sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günden başlap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugra degişli wagyz-nesihat we düşündiriş çärelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Hünärmenler we lukmanlar metbugat serişdelerinde, teleradioýalymlarda çykyş edip, häzirki pandemiýa ýokanjy zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak, bu ugurda zerur çäreleri görmek boýunça giňişleýin maglumatlar bermelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň ýakynda geçiriljek mejlisleriniň birine özüniň hem gatnaşjakdygyny, onda tomusky dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda bu ugra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bu babatda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňlejekdigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27723?type=feed
Golaýda oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn gepleşik geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler we geljekki meýilnamalar barada pikir alşyldy.
Köptaraplaýyn gepleşigiň çäklerinde halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, «Türkmensuwylmytaslama» institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olarda, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýeti, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilişi, Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk eden döwründe ýerine ýetirilen işler, tebigaty goramak işlerine jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy, şeýle-de suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary dogrusynda pikir alyşmalara giň orun berildi.
Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, Merkezi Aziýa sebitinde täze ýerleriň güýçli depgin bilen özleşdirilmegi sebäpli Amyderýanyň we Syrderýanyň Arala guýýan suwy azalyp başlady. Netijede, deňziň meýdany, göwrümi, duzlulygy üýtgedi. Ol iki bölege — Uly we Kiçi Arala bölünip, deňziň kenarlary käbir ýerlerde 100 — 150 kilometre çenli yza çekildi. Aral deňziniň suw aýtymynyň kiçelmegi bilen, häzirki wagtda Aralgum emele geldi. Çöl, esasan, ownuk duz we çäge bölejiklerinden düzülendir. Şol duzuň düzüminde bolsa oba hojalygynda ulanylan zäherli himiki serişdeleriň, dökünleriň hem-de senagat we durmuşda ulanylan hapa suwlaryň getiren zyýanly maddalary, aerozollar görnüşindäki külke jisimler agdyklyk edýär. Häzirki wagtda bu ýerden duzly tozanlar ýel arkaly çar tarapa ýaýraýar. Şol tozan Aralgumdan ýüzlerçe kilometr aralyga ýaýrap, tebigy ekoulgamlardyr öri meýdanlaryna, oba hojalyk ekinlerine, şäherdir obalaryň üstüne ýagýar.
Ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ekinleriň hasyllylygynyň we öri meýdanlarynyň önümliliginiň peselmegine getirdi. Amyderýanyň hem-de Syrderýanyň suwunyň azalmagy, suw joşgunlarynyň bolmazlygy, derýalaryň suw basýan kenarlaryndaky jeňňellikleriň meýdanynyň kiçelmegine, ösümliklerdir haýwanlaryň dürli görnüşleriniň ýitip gitmegine getirýär. Olaryň ýerini ýylgyn ýaly gurakçylyga çydamly çöl ösümlikleri eýeleýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Tokaý agaçlary bolsa amatly mikroklimaty döredýär. Sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda Garagumuň jümmüşinde gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýeti hem diýseň uludyr. Ol ýere ekerançylykda ulanylan zeý suwlar toplanýar. Munuň özi çöl ekoulgamlarynyň önümliligini ýokarlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak çäredir.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde we beýleki iri halkara forumlarda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Olaryň hatarynda BMG-niň Araly halas etmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklip hem bar. Tutuş adamzady biynjalyk edýän wezipeleri çözmekde daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk uly orun eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suwlary, halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak ýaly biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýalaryny tassyklamagy, milli we sebit derejelerde ekologiýa maksatnamalarynyňdyr taslamalarynyň amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi hem bu syýasatyň miwesidir.
Aralýaka sebitde halkyň sagdyn, abadan durmuşyna gönükdirilen çärelere aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu babatda ýene-de birnäçe teklipleri öňe sürüp, geljekde ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Bu saglygy goraýyş desgalary keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri açyp, Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini öwrenmäge, okuwlarydyr ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge şert döreder. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça şu ýylyň 3-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Aral deňziniň meseleleri boýunça ylmy-amaly işleri geçirmek babatda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Aralýaka zolagyny öwrenmek üçin mart aýynda welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna, onuň çägindäki Bötendag belentligine ekspedisiýa guraldy.
Öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary-da «Altyn asyr» Türkmen kölüniň akaba suwlaryny ulanyp, duza durnukly ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek», «Duza çydamly ösümlikleri (galofitleri) we süýji buýany ösdürip ýetişdirmek arkaly, şorlaşan ýerleri özleşdirmek» hem-de «Zeýkeş suwlaryny ulanmak arkaly, şorlaşan ýerlerde şalyny ösdürip ýetişdirmek» mowzuklary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Aralyň guramagy netijesinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak babatda işleri yzygiderli dowam etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy. Onda sebitiň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli derejedäki çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Aral deňziniň suwy çekilip, guran böleginden galýan duzly tozanlar bu sebitde ýaşaýan ilata we ekin meýdanlaryna ýaramaz täsirini ýetirýär. Sebitde gurakçylygyň gaýtalanyp durmagy, toprak-howa şertleriniň agyr bolmagy tebigy çöl we gyrymsy agaçlaryň, otjumak köpýyllyk we birýyllyk ösümlikleriň tohumyndan köpelip ýaýramagyna, boý almagyna päsgelçilik döredýär, çöl ösümliklerine mahsus bolan fenologik ösüşiň yzygiderliliginiň bozulmagyna getirýär. Bu hadysanyň zyýanly täsiri Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag belentliginiň töweregindäki düzlüklerde topragyň şorlaşmagynda, çölleşmek hadysasynyň güýçlenmeginde, biologik köpdürlüligiň azalmagynda has hem ýiti duýulýar.
Şeýle hadysalaryň öňüni almakda tokaý melioratiw çäreleriniň örän netijelidiginden ugur alnyp, Bötendag belentliginiň töwereginde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, bu ýerlerde 2013-nji ýyldan bäri 20 müň gektar meýdany tokaýlaşdyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň Aralýaka sebitinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna, çölleşme hadysasynyň öňüniň alynmagyna, biodürlüligiň baýlaşmagyna, öri meýdanlarynyň giňelmegine amatly şertleri döredýär. Şunlukda, bu ýerde howa ýagdaýynyň belli bir derejede üýtgemegi netijesinde, oňaýly mikroklimat emele geler we sagdyn daşky gurşaw dörär. Ösümliklerdir haýwanat dünýäsiniň, guşlaryň ýerli we göçýän görnüşleriniň düzümi baýlaşar. Bu bolsa sebitde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine asylly goşantdyr.
Babageldi KURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27578
Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Özbegistanda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde neşir edilmeginiň halkymyz üçin uly hormatdygyny belledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek halkynyň mähriban halkymyzyň milli däp-dessurlaryna çuňňur hormat-sarpa goýýandygyny we munuň bizi — ähli türkmenistanlylary buýsandyrýandygyny nygtady.
Türkmenistanda özbek halkynyň we Özbegistanda türkmen halkynyň agzybirlikde ýaşap gelýändikleri toý günüňde şatlygyňy paýlaşmak, ýas günüňde hasratyňy çekişmek ýaly asylly ýörelgeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hut şunuň özi hem iki halkyň özara ynanyşmaga we hormat goýmaga daýanýan gatnaşyklaryna güwä geçýär.
Milli Liderimiz ýaşlarda belent ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemegiň zerurdygyny belläp, şol duýgulary nesilden-nesle geçirip, wagyz etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda ruhy-ahlak esaslarynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça birnäçe teklipleri aýdyp, milli däp-dessurlarymyzyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp durulmalydygyny belledi.
Soňra geçirilen Hökümetiň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, býujet-salgyt ulgamynyň işini halkara tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryny ýurdumyzda ornaşdyrmak hem-de salgytlardyr hökmany tölegler boýunça kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmakda yzygiderli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, hususan-da, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky degişli Kararyny seljermegiň we olary amala aşyrmagyň netijeleri barada habar berdi. Geçirilen işleriň jemleri boýunça milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Salgyt kodeksine goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda teklip hödürlenildi.
Salgyt maksatlary üçin esasy serişdelere hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň anyk möçberleriniň bellenilmegi edara-kärhanalarda çykdajylaryň we peýdanyň ýoýulmazlygyna, şunuň bilen birlikde, salgyt özeniniň artmagyna mümkinçilikleri döreder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna hem-de umumy kabul edilen halkara standartlara kybap gelýän hukuk binýadynyň türkmen ykdysadyýetinde oňyn görkezijileri gazanmagyň esasy şertidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, maliýe ulgamynyň, salgyt-býujet we nyrh strategiýasynyň ösüşini düzgünleşdirýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär.
Döwrebap ulgamy döretmäge gönükdirilen salgyt syýasaty milli baýlyklarymyzy toplamagy we netijeli ulanmagy höweslendirmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda ykdysady konsepsiýanyň guraly hökmünde salgyt salmagyň orny ep-esli giňeldi. Munuň özi öňdebaryjy tejribäni we halkara ölçegleri nazara almak bilen, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümler bilen bu ugurda bilelikde işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygyny doly ulanmak arkaly nebiti gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak, toplum tarapyndan daşary ýurt kompaniýalaryndan çig nebiti satyn alyp, gaýtadan işlemek we daşarky bazarlara ibermek bilen bagly meseleleriň birnäçesi beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Bu strategiýa öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilkinji nobatda, pudagyň edara-kärhanalarynyň önümçilik meýilnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegine, maliýe-ykdysady görkezijileriniň okgunly ösüşiniň hem-de önümleriň ýokary düşewüntliliginiň üpjün edilmegine üns bermek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Döwletimizde gaz turbinaly elektrik beketleriniň gurulmagy ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatyny artdyrmaga, sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini düýpgöter gowulandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny we ugurlaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegini gazanmak hem-de öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energetikasy pudagynyň düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi babatda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň we maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýyl gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny öndürmek boýunça kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan gant şugundyryny öndürijiler bilen bellenilen tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny hem-de hasylyň şertnamalaýyn nyrhlardan satyn alynmagyny, daýhanlary gant şugundyrynyň ýokary hilli tohumlary, suwaryş suwy we dökünler bilen üpjün etmek, onuň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça möwsümleýin işleri bellenilen möhletlerde geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzy özümizde öndürilen dürli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýazky ekin işlerinde, ozaly bilen, bugdaýa ideg etmekde, gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmekde, galla oragyna taýýarlyk görmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ekerançylykda zerur agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, tehnikalaryň netijeli ulanylmagyna gözegçilik etmegiň täsirli ulgamyny ýola goýmak meseleleri babatda anyk görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, “Düýeboýun” suw howdanynyň Soltan Sanjar bendini berkitmek boýunça işlere degişli Buýrugyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky ýerden muzdly peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyga” Goşmaça Ylalaşyga türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň “Suw damjasy — altyn dänesi” diýen parasatly jümlesinden ugur alyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegiň gözbaşy bolan, ekerançylykdan bol hasyl almagyň girewi hasaplanýan suwdan rejeli peýdalanmagyň möhümdigine hem-de oba hojalygyna suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz hödürlenen resminamalary makullap, olara gol çekdi hem-de sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow demir ýol ulaglary pudagynda edilýän hyzmatlary sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin “elektron petekler” programma üpjünçiliginiň işe girizilendigini, munuň bolsa internet saýtynyň ýa-da mobil goşundysynyň üsti bilen petekleriň satuwyny nagt däl hasaplaşyk arkaly guramaga mümkinçilik berýändigini habar berdi.
Ýurdumyzyň demirýol ulaglary pudagynyň ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň işinde elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ýükleri daşamak işlerini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin täze, döwrebap programma üpjünçiliginiň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy we onuň synag işleri geçirildi.
Demir ýollaryň ýük gatnawlaryndan peýdalanýan müşderiler hem-de Türkmenistanyň çäklerinde eksport-import söwda gatnaşyklaryny we üstaşyr ýükleriň daşalmagyny guraýan kärhanalar onlaýn usulda, “şahsy otaglaryň” üsti bilen, dünýäniň islendik künjeginden ýüztutma arzalaryny berip bilerler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzir ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli toplumlaryny, şol sanda ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, munuň bolsa pudagyň işlerini döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyny doly derejede peýdalanmak hem-de demir ýollar arkaly ýük daşalyşynyň mukdarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyny gazanmak zerurdyr.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kanunçylyk namalarynyň birnäçesine hem-de döwlet edaralarynyň işiniň tertibine degişli üýtgeşmeleri girizmegiň zerurdygyny nygtady. Şolar öz nobatynda, ýük daşamak ulgamynda işleriň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna üýtgedilmegine taýýar bolmalydyr.
Demir ýol ulaglary arkaly gatnawlary artdyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, internet hyzmatlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmendemirýollary” agentliginiň işlerine ünsi çekip hem-de hödürlenen programma üpjünçiliginiň taslamasy bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz birnäçe tekliplerini aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hususy önüm öndürijilere goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik desgalarynyň sany barha artýar.
Diýarymyzyň telekeçileri towuk etini we ýumurtga, süýji-köke, et hem-de şöhlat önümlerini, şireli içgileri, ösümlik ýagyny, çörek, gök-bakja, süýt we beýleki azyk önümleri öndürýärler hem-de içerki bazary doly üpjün edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada birnäçe teklipler hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we G.Müşşikowa halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak, özümiziň öndürip biljek harytlarymyzyň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrliginiň işi bilen baglylykda, döwrebap, ýylyň dürli möwsümlerine laýyk gelýän aýakgaplary hem-de egin-eşikleri öndürmek maksady bilen, alyjylaryň isleglerini içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr. Kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz munuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly bar bolan iş ýerlerini saklap galmaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, azyk harytlarynyň özümizde öndürilişini artdyrmagyň dowam etdirilmelidigini, içerki bazarlarymyzyň azyk önümleri hem-de, ilkinji nobatda, zerur bolan harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrmalydygyny aýdyp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, ähli ýerde elektron söwda we alyjylara harytlary eltip bermek işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we B.Öwezowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleriň ençemesi guralar. Maý aýynyň dowamynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli konsertleri, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet çeper okaýyşlaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreleriň her biri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dabaralaryna mahsus derejede milli däplere laýyklykda, hakyky türkmen toýy görnüşinde giňden hem-de ruhubelentlik bilen guralmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de maý aýynda bellenilýän döwlet baýramçylyklaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Möhüm taryhy wakalara we senelere bagyşlanan çäreleriň ählisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, Türkmen döwletiniň amala aşyrýan, umumadamzat ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň many-mazmunyny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyzyň tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi.
Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, innowasion täzelikleri girizmek we dürli tejribeleriň esasynda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler bilim ulgamynda täze mümkinçilikleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Telekommunikasiýalar we informatika institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle hem dürli ulgamlara, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna täze, zerur hünärleri girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym-bilim işini ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek, döwrebap işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalary tejribä ornaşdyrmak, ählumumy bähbitlere laýyklykda, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz bilimli, ýokary derejede aň-paýhasly hem-de hemmetaraplaýyn ösen, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemegiň döwlet ösüşiniň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş türkmenistanlylara mümkinçiliklerini has doly açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary jemläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygy ýaly ulgamlarda dünýäniň ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda bu ugurda giň gerimli işler yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge ýardam etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Olary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, sebit we ählumumy derejelerde degişli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň we köptaraplaýyn resminamalaryň 23-siniň agzasy bolup durýar.
Sebitiň daşky gurşawyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, şol sanda täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny (HEM) döretmek boýunça ýurdumyz tarapyndan anyk çäreler görülýär.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) çäklerinde hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda bu gaznada üstünlikli başlyklyk etdi. Şunda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti möhüm waka boldy.
Bu sammit hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 2018-nji ýylyň 29-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde hem-de 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
Sebit derejesinde ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyz ugurdaş halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet tebigy goraghanalarynyň 9-sy hem-de döwlet tebigy çäkli goraghanalarynyň 16-sy hereket edýär.
Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda “Altyn köl” zolagynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň gerimli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Türkmenistanyň 2008-nji ýylda goşulan Suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde goralýan halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler baradaky Konwensiýasynyň, ýagny 1971-nji ýylda kabul edilen Ramsar Konwensiýasynyň esasy wezipelerini çözmek üçin möhümdir. Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagy bu Konwensiýada görkezilen tebigy ýerleriň Sanawyna girýär. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn köli” hem ýokarda agzalan sanawa girizmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Bu mesele ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparynyň şu ýylyň 28-nji aprelinde geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hem hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekologiýa diplomatiýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, adamlaryň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde tebigaty goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Ýurdumyz bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, netijeli sebit we halkara gatnaşyklary, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki abraýly ugurdaş düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Ekologiýa meselesi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Onda tebigata aýawly garamaga hem-de onuň baýlyklaryny rejeli ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
“Ýaşyl” we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary netijeli ornaşdyrmak dürli pudaklarda giň gerimli milli özgertmeler maksatnamalaryny, düzümleýin taslamalary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde möhüm talap bolup durýar.
Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilýär. Şonuň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda seýilgähleriň we seýilbaglaryň sany barha artýar, tokaý zolaklarynyň meýdanlary giňelýär. Munuň özi bolsa ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny hem-de biologik köpdürlüligini aýawly saklamaga, onuň baý serişdelerini rejeli ulanmaga, Aral meselelerine uly üns berilýär.
Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak babatda esasy konwensiýalarynyň birnäçesini tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Şu maksat bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.
Soňky ýyllaryň dowamynda kabul edilen BMG-niň möhüm resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary nazara almak bilen, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni bagly meseleleri çözmek boýunça tagallalaryny utgaşdyrmaga anyk goşandy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, beýan edilen teklibi makullady we halkara giňişlikde ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekip, ony wise-premýere, daşary işler ministrine sanly ulgam arkaly iberdi we bu Meýilnamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27517?type=feed
Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de şu agyr günlerde milli Liderimize, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duýgudaşlyk sözleri we hoşniýetli arzuwlary üçin Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirip, agyr ýitgi zerarly, şu kyn günlerde ýakyn dostuň bildirýän uly goldawynyň möhümdigini belledi.
Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda ýola goýulýan türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine kanagatlanma bildirip, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Iki dostlukly ýurduň Liderleri pursatdan peýdalanyp, bütin musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy mynasybetli ýene-de bir gezek birek-birege gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany goldaw beriji mähirli sözleri üçin Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, berk jan saglygyny, abadançylyk hem-de uly üstünlikleri, Bahreýniň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27518?type=feed
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.
Dostlugy pugtalandyrmagyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, umumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin has oňaýly şertleri kemala getirmekde ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.
Türkmenleriň milli däp-dessurlaryndaky belent ynsanperwer umumadamzat ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply edebi döredijiliginde beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri halkara jemgyýetçilikde örän uly gyzyklanma döredýär.
Bu gün birnäçe ýüzýyllyklar ozal bolşy ýaly, türkmen we özbek halklary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hem-de özara doganlyk goldawyny bermek däpleriniň umumylygyna, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlydygyny görkezýärler.
Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy aprelde, mukaddes Oraza aýynda Gypjakdaky Türkmenistanyň Baş metjidinde beren agzaçar sadakasyna Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagy şaýatlyk etdi. Bu sadaka milli Liderimiziň çuňňur hormatlanylýan kakasynyň aradan çykmagynyň ýedisinden soň birinji anna agşamy sadakasy boldy.
Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, häzir onuň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklarynda, dürli çäreleriň, özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginde ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Şonuň bilen birlikde, däp bolan bilim we ylym gatnaşyklary ösdürilýär, beýik türkmen we özbek alymlarynyň, akyldarlarynyň, şahyrlarynyň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.
Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-özbek hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka, Türkmenistanyň Baştutanyna goýulýan çuňňur hormat, täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine milli Liderimiziň goşýan uly goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27488