Ak öý döwletlilik ojagydyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň täze sepgitlerine ýetýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda örän wajyp wakalar bolup geçýär, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli döwrebap binalar ulanylmaga berilýär. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň nyşany bolan «Türkmeniň ak öýi» binalary hem aýratyn orun eýeleýär.

Makalamyzyň sözbaşysy hökmünde alnan şu ajaýyp sözleri hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 22-23-nji iýunynda Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda eden taryhy çykyşynda aýdypdy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda bu günki gün ýurdumyzyň welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalary guruldy. Üstünlikli amala aşyrylan bu giň gerimli taslamalar täze taryhy eýýamda döwürleriň hem-de nesilleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde çykyş edýär.

Ajaýyp binalar barada gürrüňimizi dowam edip, olaryň açylyş dabaralarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygyny belläsim gelýär. Bu taryhy wakalary ýatlasak, onda 2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda ýurdumyzyň Mary, 2017-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ahal, 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda Lebap hem-de 14-nji iýulynda Balkan welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň açylandygyny aýtmalydyrys. Ýakyn günlerde bolsa bu binalaryň ýene biriniň Daşoguz welaýatynda açylmagyna garaşylýar.

Äpet ak öýüň şekilinde gurlan bu binalarda döwlet we halkara derejedäki köpçülikleýin çärelerdir baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge ähli zerur şertler döredilen. Ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň içki we daşky bezegi milli binagärlik däpleriniň hem-de häzirki döwrüň ösen tejribesiniň sazlaşygy bilen göreni haýran edýär. Ak öýlere mahsus bolan tärimler, haly gölleri, dürli öwüşgin berýän bezeg usullary we beýleki özboluşlylyklar halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýär. Şeýlelik bilen, bu täsin desgalar türkmeniň ak öýüniň bezegine doly laýyk gelip, juda baý taryhy-medeni mirasymyzyň ajaýyp nyşany hökmünde halkymyzy guwandyrýar.

Ýurdumyzyň şanly seneleri mynasybetli toý-dabaralaryň merkezine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň gatlarynda giň eýwanlar, konsert zallary, kafeler, edara, dynç alyş we beýleki otaglar ýerleşýär. Innowasion tehnologiýalar, häzirki zaman enjamlary, kämil ses ulgamy ornaşdyrylan bu binalarda döwletli maslahatlarydyr şowhunly çykyşlary, şol sanda meşhur at üstündäki oýunlary ýokary derejede guramak bolýar.

Medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň daş-töweregi hem doly abadanlaşdyrylan. Bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülen ýanaşyk meýdançalardaky ýakalaryna pürli hem-de bezeg agaçlary oturdylan owadan ýodalardyr ýollar, gijelerine ýagtylyk çaýýan yşyklandyryş enjamlary daş-töwerege aýratyn bezeg berýär. «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň düzümine şeýle hem üç müň orunlyk sadaka jaýy girýär. Ýeri gelende, şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Mary şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda sadaka jaýynyň düýbüniň tutuljakdygyny aýtmalydyrys. Şu ýerde ýene bir uly taryhy wakany ýatlasym gelýär, ýagny 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary welaýatynda açylan «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan baýramçylyk dabarasynyň dowamynda dört müň adamyň bilelikde hormatly Prezidentimiziň döreden «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymyny ýerine ýetirmegi Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna dünýä rekordy hökmünde girizildi.

Ýurdumyzyň sebitlerinde açylan «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň gurluşygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan telekeçilerimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylandygy guwandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň özlerinde dürli nyşanlary jemleýändigini hem bellemelidiris. Mysal üçin, Günüň tegelekligini esas edinen ak öý dünýäniň döreýşini, durmuşyň bakylygyny, paýhas we ruhy başlangyçlaryň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly myhmansöýerlik däp-dessurlaryny, döwrümiziň abadançylygyny we ösüşini alamatlandyrýar. Diýmek, türkmeniň ak öýi özünde agzybirligi, parahatçylyk söýüjiligi, dost-doganlygy, ynanyşmagy, ynsanperwerligi jemleýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýýär: «...öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir. Ynsanyň dünýä yhlasy, gözellige söýgüsi onuň öz öýüne bolan gatnaşygyndan başlanýar. Öý gurmak — mukaddeslik ojagyny bina etmekdir...

Öý-ojagyny agzybir saklaýan maşgalabaşy döwletli adam hasap edilýär. Şu mysalyň özi-de, agzybirlik düşünjesiniň manysynyň halkymyzyň içinde nähili çuňlaşandygyny beýan edýär».

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda türkmenistanlylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna özleriniň uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde 140 ýyllyk toýuny toýlan gözel paýtagtymyz Aşgabat, şeýle hem ähli welaýatlar günsaýyn özgerip, belent sepgitleri eýelemegi dowam edýär. Şonuň netijesinde, köp sanly çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, saglyk merkezleri, sagaldyş öýleri, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, edara-kärhanalaryň döwrebap binalary, howa menzilleri we beýleki dürli maksatly häzirki zaman desgalardyr binalar gysga wagtyň içinde gurulýar. Şeýle ösüşleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasy bilen üstünlikli amala aşyrýan syýasatynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň ajaýyp miweleridir.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna bagyşlanan dabaralara örän ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip: «Watandaşlarymyzyň her biriniň bu baýramçylyga özüniň dahyllydygyny duýmagy möhümdir» diýip, örän adalatly belledi. Şonuň üçin türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Biz hem öz gezegimizde barha golaýlaşyp gelýän türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, elmydama «eziz halkym» diýip urýan ýüregi bilen beýik işleri amala aşyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we dünýä ähmiýetli tutumlary mundan buýana-da rowaçlyklara beslensin! Goý, mähriban Watanymyz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen mundan beýlägem öňe, diňe öňe gitsin!

Batyr MYRADOW,

«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34810