Bank şahamçasynyň binasy

Toý-baýramly ýylymyzda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar-täjirçilik bankynyň Köneürgenç şahamçasynyň iki gatly täze binasy baý taryhy medeni mirasa eýe bolan Köneürgenç şäheriniň döwrebap keşbine görk goşdy. Şähergurluşygyň öňdebaryjy gazananlaryny we milli binagärligiň ajaýyp däplerini özünde jemleýän binanyň gurluşygyny welaýat häkimliginiň garamagyndaky gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Bu ýerde bank hyzmatlaryny häzirki döwrüň ösen talabyna laýyk guramak, dürli görnüşli bank amallarynyň çalt hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek bilen, ulgamyň işini has-da kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredildi.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan bank ulgamyny giň gerimde ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şahamçanyň ähli iş otaglaryna sanly ulgam arkaly işleýän täze tehnologiýalar, iň kämil enjamlar ornaşdyryldy. Şeýle öňdebaryjy usullaryň sazlaşykly ulanylmagy ilata döwrebap hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda şahamçada bank işgärleriniň 20-den gowragy zähmet çekip, 16 müň 269 müşderä döwrebap hyzmat edilýär. Täze binada döredilen şertler bank işleriniň has çalt ýerine ýetirilmegine, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, müşderileriň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiziň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maliýe ulgamyny düýpli özgertmek boýunça makroykdysady syýasaty ähli döwlet maksatnamalaryny doly durmuşa geçirmäge hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Çünki ykdysadyýetiň kuwwatlylygy hem giň mümkinçilikleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesiniň görkezijileri hasaplanýar. Şahamçanyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarada çykyş edenler bu ajaýyplyklar barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Toý lybasyna beslenen giň meýdançada gadymy şäheriň medeniýet we sungat işgärleri bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Il sylagly ýaşulular täze binanyň bosagasyndan ätläp, onuň iş otaglaryna aýlanyp gördüler, bu ýerde döredilen iş mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Dabaranyň dowamynda täze desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanyp işlän gurluşykçylaryň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Toý şatlygyna beslenen açylyş dabarasynda şäher ilaty beýik işleri bilen döwrümizi beýgeldýän, egsilmez eşretleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

— Şeýle ajaýyp binada işlemek bagtynyň miýesser edendigine şatlygymyň çägi ýok — diýip, bank şahamçasynyň buhgalterçilik hasaba alnyş we hasabatlylyk bölüminiň başlygy — baş buhgalter Oguljennet Polatowa ýürek buýsanjyny paýlaşýar. — Kyrk ýyla golaý wagt bäri bank ulgamynda işleýärin. Müşderileriň ýüztutmalaryna eserdeň garamak, olaryň gymmatly wagtyny tygşytlamak ilata hyzmat etmegiň hiliniň kepili. Bank ulgamyna innowasion usullar, täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu ulgamda iş usullarydyr çemeleşmeler döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle kämil özgertmeler ykdysadyýetiň täzeçe işleýiş usulynyň döredilmegini, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda Diýarymyz uly tutumlaryň amala aşyrylýan, köp sanly gurluşyklaryň alnyp barylýan, abadançylygyň, agzybirligiň, jebisligiň höküm sürýän gözel ýurduna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza gelip, «Türkmeniň ak öýi» binasyny, täze ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumyny açyp bermegi biziň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şeýle toýly günlerde şahamçamyzyň täze binasynyň hem açylmagy şatlygymyzy goşalandyrdy. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Amanmyrat SAPAROW.

(Öz habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/35438