Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndan
Ynsan hakdaky iň belent oý-pikirler, aýdyň taglymatlar halkyň söz we saz mülkünde orun alypdyr. Şonuň üçinem sözüň täsirinde gudrat, sazyň täsirinde jady bar.
* * *
Guşlaryň sesini, şemalyň «aýdymyny», dananyň söhbete berlendäki tüýsüni, otlaryň terligini we sansyz köp täsinlikleri duýmagyň hakyky tebigy ýagdaýyny asyl-ha hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýar.
* * *
Açyk howa çykanda şähdi açylan ata-babalarymyz çölüň asudalygynda onuň özboluşly mukamyny diňläpdirler, gülleriň arasynda olaryň näme çawuş çakýandyklaryny eşidip, ony öz arzuwlary bilen badaşdyrypdyrlar. «Gül ýüzli sähra» — «Gül ýüzli ynsan» — «Gül ýüzli göwün» ynsan kalbynyň ruhanalygydyr. Dünýäde gülleriň roýundan, asmanyň görkünden owadan zat barmyka?! Bu gözelligi diňe çeper söz, şirin saz bilen beýan edip bolar. Türkmen sungatynyň deňsiz-taýsyz aýratynlygy onuň duýgular bilen beýan ederden güýçli oý-hyýallardan ybarat bolmagyndadyr.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýar. Alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýar. Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň çelgisi bolan parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün bagtyýarlyk döwrümiziň binýady bolup dünýä dolýar.
Kitapda türkmen halkynyň milliligi, parahatçylyga bolan söýgüsi, saz sungaty özboluşlylygy bilen jemlenipdir. Kitapda taryh sahypalarynyň öňe çykaran Oguz han, Baýram han, Şükür bagşy ýaly beýik şahsyýetlerimiz barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Bu maglumatlaryň hemmesinde-de türkmen halkynyň parahatçylyk pelsepesi açylyp görkezilýär. Parahatsöýüjilik milli gymmatlyklarymyzyň, gadymdan gelýän ýörelgelerimiziň beýany bolup orta çykýar. Şeýle ýörelgäniň esasynda bolsa halkyň erk-islegi hasyl bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu barada: «Adamzadyň diňe parahatçylyga, agzybirlige, gadyr-gymmatlylyga, salykatlylyga gönügen ruhy baýlyklaryndan uly hazyna döräpdir. Şol hazynadan her kim öz paýyny alýar. Şol hazynany her kim özüniňki hasap edýär. Biziň daýanjymyz, örkümiz şonda. Şonuň üçinem Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmatlygydyr» diýip belläp geçýär. Şu günki günde-de, irki döwürlerde-de arzuwlar, maksatlar bir düşünjede — parahatçylykda jemlenipdir. Hut şeýledigi üçin hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly şygary dünýä nusgalyk bolup durýar. Bu şygar hakynda kitapda: «Şoňa görä-de, biziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen ýörelgämiz iş otaglarynda dörän howaýy pelsepe däl-de, eýsem, türkmen halkynyň milli aň-düşünjesiniň düýpli esaslarynyň biridir» diýilýär.
Milli Liderimiziň bu kitaby sazyň, sözüň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýanydyr. Kitapda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestine ýüzlenilýär. Gahryman Arkadagymyz bu eser esasynda düşürilen kinofilmi ilkinji gezek çaga wagty görendigini, onuň özüne uly täsir edip, ondaky wakalaryň ýüreginde mydamalyk galandygyny aýdýar we «...sazyň syryna aň ýetirjek bolup, men bu ajaýyp kinofilmi köp gezek gördüm» diýýär. Şol pursatda-da bu pikirleriň üsti bilen ruhy dünýäňde sazyň syry bilen baglanyşykly düşünjeler peýda bolup başlaýar. «Dutaryň diňe dili ýok» diýlişi ýaly, düşünýän adam üçin ol ähli wakalaryň syryny açyp berýär. Söze, saza inçeden düşünýän adamyň il içinde sarpasy hemme döwürde-de belent tutulypdyr. Şonuň üçinem «Sazyň syry» düşünjesiniň peýda bolmagynyň özi okyjyny wakalar dünýäsine sary alyp gidýär.
Ençeme gymmatlyklarymyzdan sungaty, sungat eserlerini döreden halkymyz parahatçylygyň sungatyny döretmegiň hem özboluşly tilsimlerini oýlap tapypdyrlar. Şükür bagşy ýeňiş gazanmak bilen, saza daýanyp, saza gol berip, parahatçylygyň sungatyny döredip bilen türkmen sazandasydyr. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz oňa şu kitabyny bagyşlap, «...Bu ideýa — sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir.
Bolup geçen bu wakada parahatçylygy döretmek ideýasy sazandanyň keşbinde öz beýanyny tapýar» diýip belleýär. Alym Arkadagymyz Şükür bagşynyň sazynyň üsti bilen dünýäni abat, parahat saklap biljek, hemmelere düşnükli bir dilde gürläp bilýän Älem sazynyň, sungatynyň mysalynda bütin adamzat ähliniň kalbyny parahatçylyga çagyrýar.
Şükür bagşynyň hakykatyň we adalatyň dabaralanmasynyň hatyrasyna eden aýgytly hereketleri nesillere ýadygär galdy. Eziz Arkadagymyzyň: «Gural öz-özünden iş bitirmeýär» diýşi ýaly, bu ýerde türkmen dutarynyň, ondan çykýan gudratly sazyň gürrüňi edilýänem bolsa, gep Şükür bagşynyň özünde. Şonuň özündenem adam hakyndaky beýik düşünje emele gelip, gürrüň: «Biz soragyň jogabyny bilýäris. Ýöne sazanda bolmasa, dutar neýlesin, üstünde mert ýigit bolmasa, at neýlesin, esger bolmasa, ýarag neýlesin?..» diýilýän pikirlere we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine syrykdyrylýar. Hut şeýledigi üçin-de kitapda çeper beýan etmeler çuň manyly pelsepewi garaýyşlar bilen utgaşyp gidýär.
Şükür bagşynyň esasy «ýaragy» — dutary, sazy hem çuňňur paýhasy. Ol dawa-jenjeli söweş ýoly bilen däl-de, parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň tarapynda. Halkymyzyň dutar hem söz bilen bagly durmuş ýörelgesini hormatly Prezidentimiz bu kitabynda şeýle beýan edýär: «Söz — köňlüň aýnasy, saz — göwün syrdaşy. Ynsanyň saza we söze söýgüsi — onuň ruhubelentliginiň kepili. Saz we söz sungatynyň gadyryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir. Olaryň köňli sahawatlydyr, olar hemişe haýryň tarapyndadyrlar, döwletli işe mübteladyrlar». Milli Liderimiziň bu kitaby sazyň, sözüň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýanydyr. Älem-jahan sazlaşygyny zor bilen gazanyp bolmaýar. Bolaýanda-da uzak gitmän, ýel ugruna tozap gidýär. Diýmek, älem-jahan sazlaşygyny döredip biljek güýç gylyçda, haýbatly ýaragda däl-de, iň nepis duýguda, iň owadan, näzik sungatda eken. Bu sazlaşygyň berkligine, ähmiýetine taryhynyň şaýatdygy kitapda inçelik bilen düşündirilýär.
Magtymguly atamyzyň: «Köňüller, ýürekler bir bolup başlar» diýşi ýaly, Gahryman Arkadagly ýurdumyzda köňülleriň, ýürekleriň birligini duýmak bolýar. Halky bilen eziz Arkadagymyzyň ýüregi bir, köňli bir. Hut şeýle filosofiýanyň — köňülleriň, ýürekleriň birligi hakyndaky filosofiýanyň aňyrsynda-da durmuş hakykaty ýatandyr. Gahryman Arkadagymyz bu pikirini:
«Köňülleriň, ýürekleriň birligi ertire bolan ynamymyzdadyr.
Köňülleriň, ýürekleriň birligi maksadyň birligidir.
Köňülleriň, ýürekleriň birligi Magtymguly akyldaryň ýürek kelamydyr» diýen sazlaşykly jümlelerde jemleýär. Çünki biziň her birimiz Magtymguly Pyragynyň ýokarda getiren «Türkmeniň» goşgusyny okap ulaldyk. Ony ýüreklerimize guýduk. Şu günki günde bolsa eziz Arkadagymyzyň başda durmagynda binýada öwürdik.
Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby, Älem sazlaşygyny gözlemegiň, parahatçylygy döretmegiň, hakykatyň we adalatyň dabaralanmagyny gazanmagyň, döredijilik medeniýetine daýanmagyň, “zer gadyryny bilýän zergär döretmegiň” ýoluny tapan kitapdyr. Sag-amanlygyň, abadanlygyň salgysyny berýän, saz-söhbediň ynsan üçin ýagşylyk paýydygyny, ruhy baýyň ojagynyň asuda bolýanlygyny düşündirýän kitapdyr. Bu kitap ýollarymyzyň açyk bolup, howpsuz geljek üçin aladalara ýugrulan, ýagşy niýeti ýaran edinen sungatlaryň söhbedidir.
Kitapdaky: «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!» diýen sözler her bir okyjynyň kalbynyň owazy bolup ýüreklerine ýazylýar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda her dürdäne setirinde türkmen kalbynyň parahatçylyga, saz-söhbede bolan beýik garaýyşlaryny açyp görkezýän bu kitabyň waspy belent ýaňlanýar.
Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýar halky hemişe asuda durmuşda ýaşasyn, türkmeniň parahatçylyk sazy dünýä ýaň salsyn!
Aýjemal BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ýolbaşçysynyň orunbasary.