Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.
Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylýan 2021-nji ýylda ýurdumyzyň sport ulgamynda taryhy wakalar köp boldy. Şu döwürde türkmen türgenleri sebit we halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Ýakynda geçirilen Türkmenistana sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki esasy bäsleşiklerde wekilçilik etjek milli ýygyndy toparymyzy ugratmak dabarasy milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek üçin halkara ölçeglere laýyk gelýän ähli şertleriň döredilýändiginiň, dünýä derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen dabara wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, milli sport merkezleriniň, federasiýalaryň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, biziň türgenlerimiziň dünýäniň iň iri ýaryşlaryna gatnaşmagy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli atalyk aladasy hem-de ünsi netijesinde mümkin boldy. Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Tokio şäherine iberilmegi bolsa ýurdumyzyň türgenleriniň ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň Tuguny belentde parlatjakdygyna bolan ynamy artdyrýar.
Milli Liderimiziň öňde boljak dünýä derejesindäki bäsleşiklerde Türkmenistana wekilçilik etjek sport wekiliýetiniň agzalaryna iberen Ýüzlenmesinde biziň türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” şygaryny öňe sürýän eziz Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdigine, şeýle hem türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdygyna ynam bildirýärin diýlip bellenilýär. Munuň özi türkmen ýaşlaryny ajaýyp üstünliklere ruhlandyrýan dabaraly çagyryşdyr.
Ýeri gelende aýtsak, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen durmuş-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.
Soňky ýyllarda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan ýokary derejä çykandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň netijeli bolmagyna, onuň dürli ugurlar, şol sanda sport ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilmegine giň ýol açar.
Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy hem-de sebit möçberindäki oňyn başlangyçlara we tekliplere özara goldaw berilýändigi bellenildi we gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ýygjamlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalar tassyklanyldy.
Nebitgaz toplumy, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk pudaklary, suw hojalygy we dokma senagaty, sport we syýahatçylyk ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň we olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň möhüm şerti bolan medeni-ynsanperwer ulgama möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe iri düzümleýin taslamalar amala aşyryldy. Mary welaýatynda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodlar toplumy, Balkan welaýatynda “Garabogazkarbamid” zawody hem-de Gyýanlyda polimer gazhimiýa toplumy ulanylmaga berildi. Himiýa senagaty we energetika pudagy boýunça täze bilelikdäki kärhanalary gurmakda tagallalary utgaşdyrmak boýunça ägirt uly mümkinçilikler bar. Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr.
Türkmen türgenleriniň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň sport ugry boýunça hem işjeň ösdürilýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary we köpugurly döwrebap stadionlar guruldy. Ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary guramak üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän köpugurly sport toplumlary türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşmaklary üçin möhüm binýady emele getirýär.
2017-nji ýylda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we beýleki abraýly halkara sport ýaryşlarynyň üstünlikli geçirilmegi türkmen türgenleriniň has-da kämilleşmeginde we olaryň halkara sport ýaryşlarynda ýokary üstünlikleri gazanmagynda aýratyn ähmiýetli boldy. Munuň özi ýurdumyzyň sport ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmäge, bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy, onuň sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary türkmen sportunyň täze, has belent derejelere çykmagynda wajyp orun eýeleýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini yzygiderli wagyz edýän milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatynyň, aýratyn-da , ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyny üpjün edýän sport toplumlarynyň guralmagyna möhüm ähmiýet berýär.
Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň hem-de ruhubelentligiň berkarar bolmagy, sportuň dürli görnüşleriniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň wagyz edilmegi bilen bir hatarda, ýokary derejeli türgenleri we tälimçileri, şeýle hem ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak meselelerine uly üns berilýär. Bu ugur boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň dünýäniň iri ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedowa ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmek hukugynyň berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen sportuny ösdürmek, halkara derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak boýunça edýän yzygiderli aladasynyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem Ç.Mämmedowyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatlaryna, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna emin hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. Bu bolsa ýurdumyzyň sport ulgamyna degişli hünärmenleriniň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenleriniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimize mynasyp wekilçilik edip, uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýän halkymyz olaryň abraýly bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanjakdyklaryna, şeýlelikde, Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirýär.
Watanymyzyň, halkymyzyň ynamyna mynasyp bolup, belent sepgitleri eýelemek, uly ýeňişleri gazanmak türkmen ýaşlary üçin mukaddes borçdur.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/35289