Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky dokma toplumy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagy ugrundaky tagallalara önjeýli goşant goşýan kärhanalaryň biridir. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň gürrüňi edilýän öňdebaryjy kärhanasynda bu gün guwandyryjy işler alnyp barylýar hem-de önümçilik işleriniň gerimi barha giňeýär.
Toplumda welaýatyň daýhanlarynyň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilýän «ak altyny» gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli ýüplüklerden başlap, dokma önümlerini taýýarlamakda işçi-hünärmenleriň 1700-den gowragy zähmet çekýär. Önümçilik bölümlerinde oturdylan, ugurdaş kärhanalara niýetlenen häzirki zaman tehnologiýalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde öndürilýän dürli belgili nah ýüplükler dünýä bazarynda uly islege eýedir. Geçen ýyllaryň içinde önümleriň müňlerçe tonnasy ýörite buýurmalar esasynda daşary ýurtlara eksport edildi. Bu ýüplükler berkligi, ekologiýa taýdan arassalygy, hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, dokma önümçiligine niýetlenen ýüplükleriň bir bölegi kärhananyň önümçilik işinde giňden peýdalanylýar. Ýüplüklerden dokalýan nah matalar degişli bölümde boýalyp, olardan dürli görnüşli taýýar önümler öndürilýär. Çagalara we uly ýaşly adamlara niýetlenen dürli biçüwdäki egin-eşikleriň, şol sanda sport lybaslarynyň, öýde geýmek üçin niýetlenen geýimleriň hyrydary ýetik. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan şeýle önümlere isleg uly.
Dokma toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Giçgeldi Ataýewiň gürrüň bermegine görä, bu ýerde zähmet çekýänleriň 1200-e golaýy zenanlardyr. Şonuň bilen baglanyşykly, olaryň iş we dynç alyş şertlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Gelin-gyzlaryň arasynda baý many-mazmunly bäsleşikler, wagyz-nesihat maslahatlarydyr duşuşyklar, medeni-dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Köpçülikleýin medeni çärelere işjeň gatnaşýan, tapawutlanyp zähmet çekýän işçidir hünärmenler jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendirilip durulýar. Bu bolsa olaryň zähmet gadamlarynyň has-da batlanmagyna itergi berýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek ýylynda toplumda işler has-da ilerleýär. Şanly ýylda tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyryldy. Häzirki zaman tikin enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binanyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen, taýýar önümleriň önümçiligi has artdy. Ýakynda penjek-balaklaryň önümçiligi hem ýola goýuldy. Agzalan bölümde, esasan-da, «Gala» brend nyşanly lybaslar tikilýär. Ýeri gelende, bu önümleriň ýurdumyzda uly meşhurlyk gazanandygyny bellemelidiris. Toplumyň zähmetsöýer işçileri bereketli topragymyzda ýetişdirilen pagta çig malyndan ýüplükleriň, olardan matalaryň dürli görnüşini taýýarlamakda aýba-aý oňat görkezijilere eýe bolýarlar. Olar ýylyň geçen alty aýyny hem ýokary iş görkezijilerine beslediler.
Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34806