Sagdyn durmuş ýörelgesi — ruhubelentligiň we döredijiligiň çeşmesi

Awaza, 31-nji iýul (TDH). Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.

Bu gün Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç almagyň we saglygyňy pugtalandyrmagyň aňrybaş şertlerini özünde jemleýän zolak kemala geldi. Bu künjekde wagtyňy peýdaly hem-de gyzykly geçirmek, saglygyňy berkitmek, şeýle-de maşgala bolup dynç almak üçin zerur şertler üpjün edilendir. Dynç alyş zolagynda häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylan döwrebap şypahanalar, sport we dynç alyş merkezleri, dürli attraksionlary özünde jemleýän toplumlar, akwaparklar dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Bu ýerde çagalar höwes bilen dynç alýarlar.

Halkara deňiz şypahanasy derejesine eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak, onuň ýokary ekologiýa ýagdaýyny saklamak, Hazaryň kenarynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär.

Ýüzüşiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň dynç alyş möwsümini geçirişleri hem-de meşgullanýan ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalar, öz nobatynda, mähriban Watanymyza, ajaýyp gözel tebigatymyza bolan buýsanç duýgularyna beslenen täze öwrenen goşgularyny aýtdylar.

Milli Liderimiz agtyklarynyň çeper döredijilik bilen meşgullanýandyklaryna guwanýandygyny aýdyp, olara gojaman Hazaryň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy barada gürrüň berdi. Bu gürrüňleri uly höwes bilen diňleýän körpeler atalaryna — döwlet Baştutanymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Milli Liderimiz agtyklarynyň sowallaryna uly höwes bilen jogap berdi. Söhbetdeşlik bagtyýar nesilleriň türkmen topragyna, tebigat gözelliklerine bolan söýgüsiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Deňiz giňişligi boýunça ýüzüşini dowam edýän gämiden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren keşbi has-da gözel görünýär. Bag nahallaryndan dörän tokaý zolaklary bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny, bu ýerde saglyk üçin peýdaly howa gurşawynyň emele gelmegini üpjün edýär.

Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara ähmiýetli çäreleriň, iri işewürlik forumlarynyň, medeni we sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek üçin ähli amatlyklary bolan dürli binalar zolagyň myhmanhana toplumy bilen bir bitewi sazlaşygy döredýär. Munuň özi Awazanyň dynç alyş düzüminiň bolşy ýaly, onuň binagärlik keşbiniň kemala gelmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär. Häzirki döwürde behişdi mekana öwrülen deňiz kenary gözelligi bilen haýran galdyrýar. Deňiz tarapdan Awazanyň merkezindäki belent Baýdak sütüninde al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyz has-da gözel görünýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ulularyň we çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin zerur şertler döredildi. Syýahatçylyk zolagynda dynç alýan türkmenistanlylar üpjün edilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Watandaşlarymyzyň höwes bilen dynç alýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy abadanlaşdyrylan çäkleri hem-de kaşaň myhmanhanalary bilen myhmanlara giňden gujak açýar.

***

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda gurlan “Awaza” köpugurly sport toplumyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler barada söhbetdeş boldy.

Mälim bolşy ýaly, adamyň saglygyny berkitmek, jemgyýetde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, ýokary sport netijeleriniň gazanylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyp, ähli pudaklaryň işgärlerini, aýratyn hem ýaş nesli bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Tejribäniň görkezişi ýaly, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr.

Milli Liderimiz bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyň eziz Diýarymyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi babatda maksadalaýyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň diňe bir beden taýdan sagdynlygyna däl, eýsem, onuň özüni duýşuna, ruhubelent bolmagyna hem-de intellektual we döredijilik işine oňyn täsir edýär diýip nygtady.

Ýurdumyzyň Hökümet agzalary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem toparlara bölünip, toplumyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guradylar.

Hormatly Prezidentimiz türkmen sportunyň häzirki gazananlaryny, türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlardaky üstünliklerini işjeň wagyz etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Ýaryşlaryň medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşdyrylmagy türgenlerimizi has uly üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge uly üns bermegiň wajypdygyny belläp, bu ýere ýygnananlara degişli ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36263