Diýarymyzyň «Miweli ülkesi»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda olaryň işini höweslendirmek, döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar.

Biz hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň çäklerinde ykdysady we durmuş ösüşi bilen öňe saýlanmagy başaran tanymal telekeçi, «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Maksatmyrat Gurbanmuhammedow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Maksatmyrat aga, telekeçilik işine haçan başladyňyz?

Men 2007-nji ýylda telekeçilik işine başladym. «Miweli ülke» hususy kärhanamyzyň düzümi 2016-njy ýylda tassyklandy. Şeýdip, hormatly

Prezidentimiziň orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek babatyndaky taýsyz tagallalaryndan ugur alyp, topragymyzda ýetişýän gök önümler ýylyň ähli paslynda halkymyza terligine ýeter ýaly şertleri döretmek üçin işe başladyk. Işimiz birbada ugrukmasa-da, wagtyň geçmegi we tejribäniň toplanmagy bilen, bu telekeçilik öndürijiligi milli ykdysady giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeledi, indi biz ynamly gadamlar bilen öňe barýarys.

— Kärhanaňyzda näçe işgär işleýär?!

— Häzirki wagtda «Miweli ülke» hususy kärhanamyzda 250-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň gök bazarlaryny ýokary hilli miwe we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek işlerini üstünlikli alyp barýarys.

— Telekeçilik işiňizde gazanýan üstünligiňiz barada hem aýdyp beräýseňiz?!

— Biz her güni zähmet üstünligine beslemäge çalyşýarys. Kärhanamyz döredileni bäri — gysga wagtyň içinde 1000 tonnalyk sowadyjy ammary gurduk, şol bir wagtyň özünde sygymy 10 müň 212 tonna bolan täze ammaryň gurluşygyna girişilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. «Miweli ülke» hususy kärhanamyz indi ýylyň islendik wagtynda ilaty ter miwe we gök önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

— Tüweleme, berýän maglumatlaryňyza salgylansak, siziň kärhanaňyz öz iş gerimini barha giňeldýär-dä?!

— Hawa, biz mundan başga-da, önümçilige oňyn täzelikleri girizmek ugrunda hem derwaýys işleri alyp barýarys. Häzirki wagtda 50 gektar ýer böleginde banan we sitrus miwelerini ýetişdirmek boýunça ýyladyşhananyň gurluşygy dowam edýär. 600 gektardan ybarat bolan ýer böleginde tohumlaýyn ýeralmany ösdürip ýetişdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

— Il içinde tanymal «Hoşwagt» haryt nyşanly önümler hem size degişlimi?

— Hawa. Häzirki wagtda «Hoşwagt» haryt nyşanly kofelerimize, mekgejöwenden we bugdaýdan taýýarlanan çipsilerimize we beýleki önümlerimize içerki bazarda uly isleg bildirilýär. Mundan başga-da, bu haryt nyşanly önümlerimiz Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly döwletlere eksport edilýär.

— Ýüregiňizde besleýän arzuwlaryňyz barada hem aýdaýsaňyz?!

— Elbetde, esasy arzuwymyz mundan beýläk hem önümlerimizi içerki we daşarky bazarlara ýaýratmakdan, şeýlelikde, döwletimiziň gülläp ösmegine we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyna öz goşandymyzy goşmakdan ybarat. Pursatdan peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň has-da ilerlemegi üçin şular ýaly giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

— Maksatmyrat aga, arzuwlaryňyz hasyl bolsun, alyp barýan telekeçilik işiňiz uly üstünliklere beslensin!

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Leýli SAPARGELDIÝEWA.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/36227