Her maşgalanyň özüne mahsus däbi bolýar. Enem-atamyň doglan günlerini hemme doganlarymyz, ählimiz jem bolup gutlamak maşgala däbimizdi. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: «Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?» diýip, maňa maslahat saldylar. Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady.
Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi. Gutlap başladyk.
Özümden kiçi jigim bar. Ol — gyzlaryň iň ulusy. Oňa enemiň ady dakylansoň, Enegül diýýäris. Aslynda, onuň çyn ady — Durdynabat. Gutlamak gezegi şol jigime ýetdi.
Ol tolgunyp: «Kaka, bagyşla, birinjiden-ä, goşgy ýazmaga ýetişmedim, onsoňam, näçe ýazsamam, göwnümdäki ýaly çeper bolanok, bärden gaýdýar» diýdi.
Şonda kakam güldi-de: «Hany, sen ýüregiňdäkini söz bilen aýt. Onsoň, ony häzir ikimiz bilelikde goşgy setirlerine geçiräýeris» diýdi. Hemmämiz hem uly gyzyklanma bilen diňläp otyrys. Kakam jigimiň sözlerini diňledi-de, ony şol ýerde goşga öwürdi. Goşgy hemmämiziň göwnümizden turdy.
Bu goşgy Mälikguly aganyň soňky goşgy setirleri boldy.
Belleýäs kakamyň doglan gününi,
Başymyz jem boldy — begenýär ýürek.
Ata-enäň gadryn bilmek barada
Agamdan görelde almagmyz gerek.
Bize mähribanlar — ata-ene gerek.
Ýanynda agamyz — Arkadag ogly,
Bizem görüp dursak gezekme-gezek.
Agtyk-çowluklarna guwanyp ýörkä,
Ýuwlugnam görmegi isleýär ýürek.
Bize goşa gumry — ata-ene gerek.
Çylşyrymly bolýar durmuşyň ýoly,
Ýöne ýalňyşmajak bolmaklyk gerek.
Ata-ene käýinse — säwlik goýbersek,
Ony gaty görmän, düzetmek gerek.
Bize maslahatçy ata-ene gerek.
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Atamyň
Mähriban kyblam Mälikguly Berdimuhamedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.
Aýlaryň soltany — ol Remezanda
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň.
Päkizedi Hak-Huda dergähinde,
Ýalkym bardy gahrymanlyk ruhunda,
Orunly bolmakdy Hak uçmahynda
Isleg-arzuw hem hyýaly atamyň.
Hemmäni çagyryp edermenlige,
Halkyny başyna edindi jyga,
Ol doga beýikdi, dogady, doga,
Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň.
Ruhubelentligi bolup ýokary,
Ýeňip geçdi ähli kynçylyklary,
Açykdy ýüregi, nurludy seri,
Bilýär ony gözel ili atamyň.
Mätäje uzatdy kömek goluny,
Mukaddeslik saýdy ene dilini,
Il içinde alkyş boldy alany,
Ýollary alkyşdan doly atamyň.
Ýagşy işler gül ömürden ýadygär,
Beýik ynsan asyr saýyn adygýar,
Ynsan mertebesin barha artdyrýar
Göreldesi hem mysaly atamyň.
Ýurdumyza rowaçlyklar ýar bolsun,
Bagy-bossan bolsun, gülgüzar bolsun,
Älem-jahan dursun, Watan bar bolsun,
Arzuwlap ýaşaýşy ýaly atamyň.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29967
Milli Liderimiz Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna sadaka berdi
Aşgabat, 27-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.
Paýhasly pederlerimiziň mukaddes ýörelgelerine laýyklykda, aradan çykan adamlary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-doga okamak, sadaka bermek halkymyzyň asylly däbidir. Ine, bu gün hem ildeşlerimiz özüniň yhlasly zähmeti bilen döwletimiziň öňünde ägirt uly hyzmatlary bitiren ynsany hatyralap, berlen sadaka gatnaşdy.
Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş ömrüni halkyna, mähriban Watanyna bagyşlamagy hemmeler, aýratyn-da, milli Liderimiziň ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek wezipesi ynanylan ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.
Arkadag Prezidentimiz özüniň “Döwlet guşy” atly kitabynyň girişinde: “Eliňizdäki “Döwlet guşy” atly romanyň wakalary, ondaky gahrymanlaryň bitirýän nusgalyk işleri, olaryň ajaýyp ahlak sypatlary — çagalyk ýyllarymdan bäri Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nusgasy bolup, kalbymy heýjana salyp gelýän simfoniýadyr” diýip belleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, has wajyp meseleler boýunça oňyn çözgüdi kabul etmekde oňa kakasy Mälikguly Berdimuhamedow hemişe kömek edipdir we Arkadagymyz her bir işde hoşniýetli, örän talabediji halypasy bilen maslahatlaşypdyr.
Adamyň başyna düşýän kynçylyklar onda ruhubelentligi, beýik maksatlara ýetmäge bolan yhlasy pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň mähriban kakasynyň durmuşyň agyr ýyllarynda başyndan geçiren wakalary onda beýik hyzmatlary bitirmäge bolan höwesi, yhlasy, iň esasy bolsa gahrymançylygy döredýär. Çagalygyny urşa ogurladyp, tiz ýigit çykan Mälikguly aga Watanyna we halkyna bolan kämil söýgüsi, gündelik işi, ruhubelentligi bilen kynçylyklara döz gelipdir. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiziň kakasy türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýupdyr. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban pederi şol gazaply kyrkynjy ýyllarda edermenligiň, kämil ynsanyň özboluşly mekdebine öwrülipdir.
Milli Liderimiz: “Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary, meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim” diýip nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen kakasynyň ruhuna sadakanyň berilýän ýeri bolan metjide geldi.
Hormatly Prezidentimiz metjide girdi. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Arkadag Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly aganyň hatyrasyna aýat okady we merhumyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.
Ýagşy dileglerden soňra döwlet Baştutanymyz metjidiň sadakalar geçirmek üçin niýetlenen binasyna baryp, özi üçin bellenen ýere geçip oturdy. Bu ýerde asyrlar aşyp gelýän asylly däbe görä, merhumyň hormatyna tebärek çykyldy.
Tebärekden soňra döwlet Baştutanymyzyň mähriban kakasynyň kyrkyna gatnaşýanlara ýörite taýýarlanan tagamlar çekildi.
Sadaka gatnaşanlar tagamlardan dadansoňlar, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady we Watanyň wepaly Ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ruhunyň şat bolmagyny dileg etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we kakasy baradaky käbir ýatlamalaryny aýdyp berdi.
Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy. Ol her hili çykgynsyz, kyn ýagdaýda hem aljyraman, baş alyp çykmagy başarýardy diýip, milli Liderimiz söze başlady.
Kakam örän ruhubelent adamdy. Atam Berdimuhamet aga urşa gidende, kakam ýaňy on bir ýaşynda ekeni. Şonda-da, şol kynçylykly döwürde öz goşgulary bilen adamlarda ýeňşe, ertirki gowy günlere ynam döredipdir. Kakamyň «Köp ekeliň dänäni!» diýen goşgusy ýadyňyzdadyr. Bu goşgy 1944-nji ýylda şol wagtky Kirow etrabynyň “Ýagty ýol” gazetinde çap edilipdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her maşgalanyň özüne mahsus däbiniň bolýandygyny aýdyp, ene-atasynyň doglan günlerini hemme doganlary, ählisi jem bolup gutlamagyň özleriniň maşgala däbidigini nygtady. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: “Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?” diýip, maňa maslahat saldylar diýip, milli Liderimiz belledi.
Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi, gutlaglar başlandy. Özümden kiçi jigime — gyzlaryň iň ulusyna enemiň ady dakylansoň, Enegül diýýäris. Aslynda, onuň çyn ady — Durdynabat. Gutlamak gezegi şol jigime ýetdi diýip, hormatly Prezidentimiz gürrüň berdi.
Ol tolgunyp: “Kaka, bagyşla, birinjiden-ä, goşgy ýazmaga ýetişmedim, onsoňam, näçe ýazsamam, göwnümdäki ýaly çeper bolanok, bärden gaýdýar” diýdi.
Şonda kakam güldi-de: “Hany, sen ýüregiňdäkini söz bilen aýt. Onsoň, ony häzir ikimiz bilelikde goşgy setirlerine geçiräýeris” diýdi. Hemmämiz hem uly gyzyklanma bilen diňläp otyrys. Kakam jigimiň sözlerini diňledi-de, ony şol ýerde goşga öwürdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Goşgynyň hemmeleriň göwnünden turandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony okap berdi. Goşgy şeýle setirler bilen başlanýar:
Belleýäs kakamyň doglan gününi,
Başymyz jem boldy — begenýär ýürek.
Ata-enäň gadryn bilmek barada
Agamdan görelde almagmyz gerek.
Bize mähribanlar — ata-ene gerek.
Döwlet Baştutanymyz kakasy baradaky ýagşy ýatlamalaryň hemişe ýüreginde ýaşaýandygyny aýtdy.
Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasy-da, miwesi-de köklerine baglydyr. Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir. Çeşmäniň durulygy, arassalygy hem gözbaşyna baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň mähriban kyblasyna bagyşlap ýazan goşgy setirlerini sadaka gatnaşyjylara okap berdi:
Aýlaryň soltany — ol Remezanda
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň —
diýip başlanýan bu goşgy perzentlik wepanyň belent nusgasy bolup, sadaka gatnaşyjylarda örän tolgundyryjy duýgulary döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka gatnaşanlara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu topragyň her daban ýerini, mukaddes hem keramatly Watany gözüniň göreji, başynyň täji saýan kakasy Mälikguly agany hatyralap berlen sadakanyň, okalan aýat-töwirleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny, kyblasynyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdi.
Hormatly Prezidentimiz sadaka tamamlanansoň, bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29976?type=feed
26-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyz düzümiň işini döwrüň talaplaryndan ugur alyp guramak bilen bagly möhüm meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, Halk Maslahatynyň agzalaryny täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak, şeýle-de wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik-hukuk özgertmeleriniň nobatdaky tapgyrynyň, ýagny iki palataly parlament ulgamynyň döredilmeginiň möhüm çäresi bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary täze syýasy-demokratik ulgamy kemala getirdi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi halk häkimiýetliliginiň mizemez ýörelgelere esaslanýandygyny görkezdi.
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynda häkimiýet edaralarynyň ulgamynyň hatarynda Milli Geňeşiň düzümi, onuň palatalarynyň işiniň esaslary kesgitlendi. Has takygy, Esasy Kanunymyzda ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy özgerdildi. Esasy Kanunyň 66-njy maddasynda Milli Geňeş hem hasaba alynmak bilen, şeýle bellenýär: «Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar».
Ýokary konstitusion hukuga eýe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ähmiýeti şu iki nukdaýnazardan möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, bu saýlawlaryň netijesinde, döwletiň konstitusion gurluşynda täze düzüm emele geldi. Galyberse-de, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky orny has-da ýokarlandy.
Ýeri gelende, Milli Geňeşiň konstitusion kadalar bilen berkidilen hukuk ýagdaýy barada durup geçmek ýerlikli bolsa gerek. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 77-nji maddasynda Milli Geňeşiň (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradygy we onuň iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy bellenýär. Esasy Kanunyň 802-nji maddasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary hem degişli konstitusion kadalar esasynda düzgünleşdirilýär. Olar Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, Konstitusion kanunlary we beýleki hukuk resminamalaryny makullamakdan ýa-da ret etmekden, Mejlis tarapyndan kabul edilen Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Kanunyna garamakdan, ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleleri çözmekden, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, içeri işler, adalat ministrlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garamakdan, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamakdan, oňa harby we gaýry döwlet atlaryny dakmakdan, Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözmekden, parahatçylykdyr howpsuzlyk meselelerine garamakdan, Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmekden ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde duran esasy wezipeleriň üstünde durup geçdi. Olaryň hatarynda raýatlaryň hukuklarynydyr azatlyklaryny goramak, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek bilen, ony strategik taýdan özgertmek, ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, milli baýlyklarymyzy goramaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini alyp barmak ýaly wezipeler bar.
Ýakynda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», şeýle hem «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi), «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararlarynyň ençemesiniň taslamalaryna garaldy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň 22-nji maýda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimize Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, onuň halkara abraýyny artdyrmakda bitiren aýratyn uly hyzmatlary hem-de şahsy goşandy we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakyldy. Ähli üstünliklerimiziň sakasynda duran döwlet Baştutanymyza şeýle belent adyň dakylmagy raýatlarymyzyň kalbyny ruhy joşguna besledi.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29960
Mälikgulynyň ululara gözi gidýär, biçak gözi gidýär. Şolara meňzemek isleýär. Ol kämillik ýaşyna ýeten bolsady, hökman, hawa, hökman fronta giderdi. Iň soňky damja ganyna çenli Watan üçin, halky üçin söweşerdi.
* * *
Türkmençilik öýde berk saklanýardy. Mälikguly ýedi ýaşdan kulhuallany, elhemi, tebärek çykmagy öwrenipdi.
* * *
Mälikguly käte hyýalynda özi bilen hemsöhbet bolýar hem özüne ejizlemeli däldigini gaýta-gaýta nygtaýar. «Işläýin, yhlas bilen işläýin. Goý, maňa kakam guwansyn. Goý, maňa ejem guwansyn. Goý, maňa doganlarym guwansyn. Goý, meniň işleýşimi görenleriň ählisi guwansyn» diýip, Mälikguly pikirlerini jemleýärdi.
* * *
Mälikguly her sapar ýyldyzly asmana seredende, «Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda, ogulgyzyň göwni dag bilen düzde» diýen pähimi ýatlaýar. Soňundan kakasynyň sözleri hakydasyna dolýar: «Zeminiň göwni ynsanda, ynsanyň göwni Asmanda. Ynsanyň güzerany Ýerde, ykbaly bolsa asmanda...».
Ata ogly ata çeker
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29965
Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar hakydalarda ebedilik galar
Ömrüni we ykbalyny Watana bagyşlan ynsanlary taryham, halkam hakydasyndan çykarmaýar. Olaryň durmuş ýoly nesilleri watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ähli döwürler üçin nusgadyr. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşy hem tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebidir.
Şu ýylyň 18-nji aprelinde, mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda 89 ýaşynyň içinde aradan çykan Mälikguly aga özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi.
Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly dürdäne kitaplarynda mähriban kyblasynyň zähmet ýolunyň durmuşa, Watana, il-ulsumyza çäksiz söýgi, mertlik, tutanýerlilik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, ynsanperwerlik mekdebi bolup, üstünliklerden-üstünliklere atarandygyny, bagta eltýän çelgi bolup, her hili çykgynsyz pursatlarda, her bir ädimde hemaýat-goldaw berendigini ýazýar.
Jemgyýetçilik tertibini goramak, howpsuzlygy üpjün etmek, jenaýatlaryň öňüni almak we olaryň üstüni açmak içeri işler edaralarynyň esasy wezipeleridir. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýerine ýetiriji döwlet häkimiýetiniň möhüm bölegi bolan milli hukuk goraýyş ulgamynyň kemala gelmeginde Mälikguly aga aýratyn orun degişlidir. Özüniň ömrüni we ykbalyny halkymyza gulluk etmäge, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň bähbitleriniň goragyna bagyşlan bu beýik ynsanyň bitiren hyzmatlary nazarda tutulyp, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medal döredildi, Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölümine, şeýle-de ministrligiň 2020-nji ýylda paýtagtymyzda açylan täze ýaşaýyş jaý toplumyna içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Bagtyýar halkymyzyň isleg-arzuwlarydyr tekliplerinden gözbaş alan bu çözgütler ýurdumyzyň asudalygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin jan aýaman zähmet çeken, gujur-gaýraty bilen il-halkymyza hyzmat eden ilhalar ynsana jemgyýetçilik söýgüsiniň örän uludygyny görkezýär. Halk gahrymanlarymyzyň atlaryny ebedileşdirmek bilen, biz halallyga, asudalyga, parahatçylyga, agzybirlige, ynsaply ýaşaýşa dowamat berýäris. Sebäbi biz jemgyýetimize halallyk, ynsaplylyk ýörelgelerini öz şahsy göreldesi bilen ündeýän raýatlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýarys.
Watanyň wepaly Ogly Mälikguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz, tutanýerli zähmet çekip, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly hyzmatlary bitirdi. Belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe boldy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary üçin il-halka wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Mähriban ynsanyň ýarym asyrdan-da gowrak wagt mundan ozal döreden hem-de häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýän goşgulary, olara döredilen aýdymlar Watana, ene topraga, bagtyýar durmuşa bolan söýginiň senasyna öwrülip, halkyň kalbynda müdimilik orun aldy.
Mälikguly aga — Watana bolan söýgini ömrüniň manysyna deňän beýik ynsan. Onuň ömür terjimehaly, ýazan goşgulary bilen tanşanyňda, bu hakykatyň magadyna ýetmek bolýar. Mälikguly aganyň «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly çuňňur watançylyga ýugrulan goşgusyndaky şu bent hem aýdylanlara mysaldyr:
Aslymy yzlasam, mertdir pederim,
Şu toprak hakdadyr beýik eserim,
Şu Watany söýüp-söýüp öterin,
Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar.
Manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden, ömür salyny tutuş yslam dünýäsi üçin mukaddes saýylýan mübärek Oraza aýynda tamamlan beýik ynsan Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky röwşen ýatlamalar türkmenistanlylaryň kalbynda ebedi ýaşar. Mälikguly aganyň bitiren hyzmatlary, nusgalyk ömür ýoly ýaşlary watanperwerlik ruhunda terbiýelemekde mizemez binýada öwrüler.
«TÜRKMENISTAN»
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29964
Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebit boýunça goňşulary bilen doganlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, şol ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetiniň köp babatda Merkezi Aziýada amatly syýasy we ykdysady ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem umumy, möhüm meseleleri bilelikde çözmekde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler, şol meseleleriň hatarynda sebitde suw serişdelerini dolandyrmak hem-de rejeli peýdalanmak wezipesi-de bar.
A.Kamilow biziň döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasata hem-de türkmen Lideriniň ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, Özbegistanyň geljekde hem ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem beýleki halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini hemmetaraplaýyn goldajakdygyny nygtady.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň iň gowy ýörelgelerini dowam etmäge hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara taýýardyklaryny tassyklap, möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Iki goňşy döwlet hem kuwwatly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ynanyşmak hem-de özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi, onuň jemleri boýunça iki möhüm resminama: Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga goşmaça Ylalaşyga hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29870?type=feed
Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy, şeýle hem bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.
Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy M.Taganowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk getirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynda öz beýanyny tapýan syýasaty durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde geçirilýän işler, hususan-da, komitetiň agzalarynyň täze kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin döredilen Iş toparlarynyň mejlislerine gatnaşýandygy barada habar berildi.
Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de merkezi we ýerli metbugat neşirlerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, döwletimiziň eýe bolan halkara abraýyny wagyz etmek hem-de Türkmenistanyň döwlet gurmakdaky tejribesini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak boýunça çykyşlaryň guralandygy hem-de makalalaryň çap edilendigi barasynda habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Esasy Kanunymyzda beýan edişimiz ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny belledi. Adamy goramak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir.
Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmek, adam hukuklaryny goramak boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Zenanlaryň hukuklaryny goramaga aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, bu babatda hereket edýän kanunlarymyza seljerme geçirilmelidir hem-de olary halkara konwensiýalara we adam hukuklary babatda Türkmenistanyň gatnaşýan beýleki halkara hukuk namalarynyň düzgünlerine laýyk getirmek boýunça zerur işler alnyp barylmalydyr.
Fiziki şahslaryň hukuk ýagdaýynyň, esasan hem, ilatyň goraga mätäç toparlarynyň durmuşynyň hilini kepillendirýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Adam hukuklaryna hormat goýmak medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça dürli işler alnyp barylmalydyr, bu ugurda kanunçylyk binýady berkidilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, şol sanda ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini talabalaýyk ýola goýmaga ýardam bermegiň möhümdigi bellenildi. Şunda ata-babalarymyzyň haýyr-sahawatlylyk kadalaryndan ugur alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň her bir adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky konstitusion kadalaryň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.
Soňra Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygy G.Agaýew komitetiň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi we oňa innowasion häsiýetiň berilmegine gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy barada habar berdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi barada öňde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, komitetiň agzalary Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we degişli pudaklaryň wekilleri bilen geçirilýän iş toparlarynyň maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmegiň bähbidine kabul eden maksatnamalarymyzyň, amala aşyrýan durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, hususy telekeçiligi goldamagyň hem-de ylmy oýlap tapyşlara we täze innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçilikleri döretmegiň hukuk esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Ýurdumyzda telekeçilik işlerini höweslendirmäge hem-de goldamaga, maýa goýumlary üçin amatly şertleri we kepillikleri döretmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz şu wezipelerden ugur alnyp, halkara hukugyň umumy kadalaryna doly laýyk gelýän milli kanunçylygyň döwrebap kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini we olaryň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp böleginiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilmelidigini, şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyl üçin hemmetaraplaýyn oýlanyşykly Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip taýýarlananda, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipelere aýratyn üns berilmelidir. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda gazanylan üstünlikler, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli garaşylýan netijeler göz öňünde tutulmalydyr. Geljek ýyl üçin öňde goýlan maksatlar, soňky döwürde kabul edilen möhüm kararlar, kanunçylyk binýadyndaky üýtgetmeler nazara alynmalydyr. Olary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur serişdeleri göz öňünde tutmaly.
Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti milli maksatnamalary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeler nazara alnyp düzülmelidir.
Geljek ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlaryny, aýratyn hem mätäçlik çekýän adamlar üçin welaýatlaryň etraplarynda we şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri Döwlet býujetinde göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz zähmetkeşleriň pikiri, arzuw-islegleri we teklipleri, adamlaryň gündelik aladalary bilen yzygiderli gyzyklanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer, päk ahlakly nesli terbiýeläp ýetişdirmegi, raýatlaryň dynç almagy üçin şertleriň döredilmegini, türkmenistanlylaryň aň-düşünjeli ynsan we hünärmen hökmündäki mümkinçiliklerinden peýdalanmagy esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Öňem çykyşlarymda belläp geçişim ýaly, maşgala näçe agzybir, sagdyn bolsa, şonça-da jemgyýet berk bolar. Şonuň üçin jemgyýetimiziň agzybirligi, sazlaşygy maşgaladan başlanýar. Şu nukdaýnazardan, jemgyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlygy B. Seýidowa ynsanperwer ulgamyň meselelerini düzgünleşdirýän milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, şeýle hem milli medeni-ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary dikeltmek hem-de olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin aýawly saklamak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, kabul edilen Türkmenistanyň «Bilim hakyndaky» Kanunynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilmelidir.
Hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýelemek, bilimiň, ylmyň, önümçiligiň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak häzirki döwrüň esasy wezipesi bolup durýar. Dünýäde maglumat tehnologiýalarynyň okgunly ösmegini, ylmyň gazananlarynyň hem-de bilim bermek usullarynyň yzygiderli täzelenmegini nazara almak bilen, bu ugurda innowasion işleri işjeň ornaşdyryp, gadymdan gelýän milli däplerimize we öňdebaryjy terbiýeçilik tejribesine daýanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeler barada aýdyp, innowasiýalary, okatmagyň döwrebap usullaryny işjeň öwrenmegiň we giňden ulanmagyň, okuw işini tejribe bilen, aýratyn-da, zähmet terbiýesiniň usullary bilen utgaşdyrmagyň hemmetaraplaýyn bilimli, zehinli ýaşlary kemala getirmegiň baş şertidigini belledi.
Häzirki döwürde bu ugurda görülýän çäreler bildirilýän talaplara kybap gelmelidir diýip, milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiň başlygy Ç.Babanyýazow hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýän kanunçylyk namalarynyň, “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň” taslamalaryna garamak maksady bilen, Mejlisiň deputatlary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler hem-de oba hojalygynda hususy öndürijiniň paýyny artdyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň halkymyzyň durmuşynyň ekologiýa taýdan oňaly şertlerini üpjün etmekden, tebigy baýlyklary oýlanyşykly peýdalanmakdan we gorap saklamakdan, bu ulgamda mäkäm sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gorap saklamak, baýlaşdyrmak we olary geljekki nesillere miras goýmak biziň Watan öňündäki borjumyzdyr.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça abraýly guramalaryň konwensiýalaryna, maksatnamalaryna, rezolýusiýalaryna gatnaşmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Aral deňziniň howp salýan sebitlerinde ekologiýany durnuklaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga aýratyn üns bermegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu ugurda milli parlamentiň iki palatasynyň hem bilelikde iş alyp baryp, bu resminamanyň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmegini seljermelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hususy önüm öndürijilere giň ýol açandygyny göz öňünde tutup, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak baradaky hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ekerançylykda we maldarçylykda seleksiýa hem-de tohumçylyk işleriniň, ekin dolanyşygynyň, topragy işläp bejermek ulgamynyň we dökünleri ulanmagyň, karantin ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň kanunçylyk binýadynyň has-da berkidilmelidigine ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň agzalary, sebitlerden saýlanan wekiller hökmünde halkyň isleg-arzuwlaryny öwrenmelidirler, ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ýakyndan gatnaşyklary ýola goýmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleriniň, duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi, Diýarymyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işler, ýetilýän sepgitler, gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş-durmuş we senagat maksatly desgalar, önüm öndürýän kärhanalar barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlaryň guralmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Halkara meseleler baradaky komitetiň başlygy M.Bäşimowa Milli Geňeşiň Mejlisi, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, şeýle hem ösüp gelýän neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen çäreleri düşündirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny kanunçylyk taýdan üpjün etmek, şol sanda daşary döwletler, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki abraýly düzümler bilen netijeli ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrýarys diýip belledi. Dürli halkara guramalar, dünýäniň döwletleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýäris, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy giňeldýäris.
Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary bar bolan şertlerden peýdalanyp berkitmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Dürli soraglar boýunça halkara derejede geçirilýän maslahatlarda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlary bilen halkara jemgyýetçilik giňden tanyşdyrylmalydyr.
Ýer ýüzüniň ählumumy soraglarynyň çözgüdini tapmakda dürli ugurlarda özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda bilelikdäki işleri utgaşdyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryndan we kadalaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidigini hem-de şundan ugur alyp, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.
Bu ugurda Türkmenistanyň goşulan halkara namalarynyň kadalary bilen milli kanunçylygyň kadalarynyň sazlaşygy gazanylmalydyr, kämil hukuk kadalary we kepillikler döredilmelidir.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk, degişli resminamalaryň taslamalarynyň komitetler tarapyndan işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de ösdürmek, adamyň we raýatyň hukuklarynydyr azatlyklaryny goramak, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, ýurdumyzda ykdysady işjeňligi we telekeçiligi goldamak, halkymyzyň saglygyny goramak, ylym, bilim ulgamyny ösdürmek, döredijilik işlerini höweslendirmek, Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň agzalary bilen alnyp barylýan işler hasabatyň esasyny düzdi. Şunuň bilen baglylykda, kada-kanunçylyk boýunça milli hem-de halkara tejribesini öwrenmäge uly üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň wekilleriniň onlaýn maslahatlara, hususan-da, «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly wideoduşuşyga gatnaşandygy habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Hökümet bilen bilelikde ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatyny ýöretmeginiň möhümdigini belledi.
Bu ugurdaky syýasat oňyn halkara tejribesine we jemgyýetiň hil taýdan täze ýagdaýa sazlaşykly geçmegini göz öňünde tutýan milli aýratynlyklara we halkymyzyň milli aňyýetine esaslanmalydyr.
Ýurdumyzda kabul edilen her bir kanun durmuşa geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmagyň hukuk esaslaryny döretmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary bilen bilelikde kabul edilen resminamalary öz wagtynda raýatlara düşündirmegi işiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuşyndaky bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmäge, şeýle hem döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmaga ýardam edýän degişli çäreler geçirilmelidir.
Milli Liderimiz düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda içeri we daşary syýasatymyzy, milli kanunçylygyň düzgünlerini wagyz etmäge gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga, şeýle hem wagyz-nesihat işlerini geçirmäge Halk Maslahatynyň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçirilen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29871?type=feed