Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 12-nji awgust (TDH). Şu gün Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär.

Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işinde hyzmatdaşlygyna degişli möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Çykyşlarda bu ulgamda sebitiň döwletlerinde alnyp barylýan köptaraplaýyn işler giňişleýin beýan edildi.

Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biridir. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli, toplumlaýyn, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda oňyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda tagalla edýär. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri forumlaryň belent münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu gün Hazar sebiti uglewodorod serişdeleriniň gazylyp çykarylýan hem-de iberilýän iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde okgunly ösüşe eýe bolýar. Şunuň ýaly şertlerde biziň ýurdumyz umumy wezipäniň — örän baý köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan tebigatyň täsin gudraty bolup durýan bu deňziň bioköpdürlüligini gorap saklamagyň zerurlygy bilen ykdysady bähbitleri utgaşdyrmak meselesiniň oňyn çözülmegini, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezligi möhüm hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2019-njy ýylyň awgust aýynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda Hazar sebitinde ähli taslamalaryň ýokary halkara ekologiýa ölçegleri esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmegi baradaky pikirini aýdyp, bu maksatnamanyň Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlarynyň hökümetlerine degişli maslahatlary taýýarlap biljekdigini belledi.

“Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar üçin “ýaşyl diplomatiýanyň” netijeli gurallarynyň ýola goýulmagyny teklip edip, bu işe döwletleriň, halkara agentlikleriniň, ekologiýa merkezleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çekilmegi ugrunda pikirini beýan etdi.

Türkmenistan Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär hem-de bu işler Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde, ekologiýa talaplaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň çäklerinde dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak hem-de aradan aýyrmak, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklar işlenip taýýarlanyldy hem-de soňra olara gol çekildi. Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça Utgaşdyryjy komitete başlyklyk eden döwründe degişli ylalaşygy taýýarlamak işi tamamlandy.

Häzirki wagtda täze kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň toplumy taýýarlanylýar, olary Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitiniň gün tertibine girizmek meýilleşdirildi. Şol meseleleriň hatarynda Hazarda ylmy barlaglary hem-de gözleg-halas ediş işlerini geçirmek ulgamynda ylalaşyklar bar, milli Liderimiz V Hazar sammitinde şeýle ylalaşyklary işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz Hazar deňzinde howpsuzlyk — bikanun balyk tutulmagyna garşy göreş hem-de gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda Ylalaşyga iki teswirnamany taýýarlamak üçin gepleşikler meýdançasyny teklip edýär.

Deňiz ulagy, syýahatçylyk, gämide syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn resminamalar işlenip taýýarlanylýar.

Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki Iş topary, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy), Hazar deňziniň suw-biologiýa serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak hem-de olary bilelikdäki gorlar bilen dolandyrmak, Hazar ykdysady forumy kenarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallary bolup durýar.

Tebigaty goraýyş ulgamynda BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Halkara deňiz guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy hem-de beýleki abraýly düzümler bilen strategik hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara umman öwreniş toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşine agzalyga geljekki iki ýyl üçin resmi taýdan saýlanyldy.

Maslahatda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, bu täsin deňziň biologik köpdürlüligini goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ulgamynda milli derejede geçirilýän yzygiderli işleriň esasy ugurlary we netijeleri açylyp görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyna uly orun degişlidir. Onuň ygtyýarlyklaryna bu sebitde amala aşyrylýan ähli hojalyk işlerini utgaşdyrmak, durmuş-ykdysady taslamalaryna bilermenlik bahasyny bermek, tebigy serişdeleri özleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ulag, gämi gatnawlary, ykdysady we gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmak hem-de degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri we maslahatlary taýýarlamak wezipeleri girýär.

Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak baradaky pikiri beýan etdiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37273