Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek möhüm bolup durýar.
Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň yzygiderliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygynyň döredilmegine uly üns berilýär. Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň emele gelendigine garamazdan, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini ödeýän sanawynyň giňemegine tarap ugur alynýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi diňe bir içerki bazarda önümleriň bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem, önüm öndürijileriň öz önümlerini ýerlemekleri üçin täze bazarlary gözlemeklerine-de itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenilip düzülen ykdysady strategiýa laýyklykda eksport edilýän önümleriň sanawyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek bolsa esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän amatly şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasy hem taýýarlanylýar. Bu bolsa öz gezeginde, içerki bazaryň kadaly ýagdaýyny saklamaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna welaýatymyzdaky döwlet kärhanalarynyň birnäçesi uly goşant goşýar. Nah ýüplük egriji kärhanalaryň önümleriniň uly toparyna her ýyl Angliýa, Germaniýa, Türkiýe, Polşa, Gyrgyzystan ýaly döwletler tarapyndan uly isleg bildirilýär. Kaliý dökünlerini öndürmek boýunça eksport potensialyny ösdürmäge bolan mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Buýan köküniň we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty köpelýär. Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ösmegine döwlete dahylly däl pudagyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Meselem, diňe bir welaýatymyzda «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam» ýaly hususy kärhanalaryň eksport paýy uludyr.
Atajan KADYROW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň Tallymerjen gümrük nokadynyň kiçi gözegçisi, maýor.