Zähmete hukugyň konstitusion kepillikleri

Adamyň durmuş-ykdysady hukuklaryna degişli bolan, esasy konstitusion hukuklaryň biri hasaplanýan zähmete bolan hukuk barada gürrüňden öňinçä, zähmetiň adamyň we jemgyýetiň durmuşynda ähmiýeti barada aýtmak ýerlikli bolar. Islendik jemgyýetiň maddy binýadyny adamyň zähmeti, işi emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde zähmet adamy kämilleşdirýär we özgerdýär. Möhüm oýlap tapyşlar, jemgyýetiň ylmy-tehniki ösüşiniň ählisi ynsanyň akyl işjeňliginiň we fiziki zähmetiniň netijesidir.

Zähmet adamzat jemgyýetiniň barlygynyň baş şertidir. Ylmy edebiýatlarda käbir alymlaryň bellemegine görä, zähmet, ilki bilen, adamyň we tebigatyň arasynda bolup geçýän ösüşiň barşydyr. Zähmet diňe bir adamyň tebigata edýän täsiri bolman, önümçiligiň barşynda adam öz başarnyklaryna akyl ýetirýär we ony kämilleşdirýär. Zähmet gatnaşyklaryna girmek bilen, adamyň akyl we fiziki işjeňligi artýar, ol jemgyýetiň işjeň düzüminiň bir bölegine öwrülýär.

Adam öz zähmeti arkaly durmuş-ykdysady hem-de ruhy isleglerini kanagatlandyrýar. Zähmet jemgyýetiň durnukly ösüşini, bolelin ýaşaýşyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, zähmet raýatlarymyz üçin ussatlygyň we jemgyýetde özüňi ykrar etdirmegiň hakyky mekdebidir, maşgalanyň bolelin, abadan durmuşda ýaşamagynyň çeşmesidir. Şeýlelikde, zähmete hukuk esasy we iň möhüm adam hukuklarynyň biri hökmünde ilkinji gezek Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda (1948 ý.), soňra Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar barada halkara Ylalaşykda (1966 ý.) ykrar edildi. Türkmenistan dünýäniň hukuk giňişligine goşulmak bilen, adam hukuklary, şol sanda zähmet hukuklary ulgamynda halkara şertnamalar boýunça borçnamalary öz üstüne aldy. Halkara zähmet guramasynyň bu ulgamda esas goýujy 10-dan gowrak konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda bu konwensiýalaryň kadalary ýurdumyzyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrylýar we kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlananda, olardan ugur alynýar. Zähmeti guramagyň hem-de goramagyň hukuk esaslaryny döretmek we kämilleşdirmek arkaly zähmet kanunçylygyny emele getirmegiň, ösdürmegiň ýolunda amal edilýän işler her bir raýatyň mynasyp, öndürijilikli zähmet çekmegine ýardam edýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda iş, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyna täze usullaryň girizilmegi göz öňünde tutulýar. Zähmet bilen baglanyşykly ulgamy dolandyrmagyň täze ugurlaryny döretmek, zähmeti goramak, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly, ulgamlaýyn meseleleriň üstünde işlemek barada hem aýdylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 49-njy maddasynda her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy ykrar edilýär. Bu kadalar zähmete hukugyň esasy düzüji böleklerini emele getirýär. Bu kada Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly giňeldilýär we üpjün edilýär. Zähmet kanunçylygynda yglan edilen raýatlaryň zähmete hukuklarynyň kepillendirmeleri bilen birlikde «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Kanunda käriňi, kesp-kär görnüşiňi, iş ýeriňi öz garaýşyň boýunça erkin saýlamak, sagdyn, howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegi, kär, iş edinmekde we zähmetiň mukdaryna, hiline laýyk gelýän derejede höweslendirmek, gulluk boýunça ýokary çekilmek babatda her kime deň hukuklaryň, mümkinçilikleriň üpjün edilmeginiň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigi bellenýär.

Ýokarda agzalan Kanunda raýatlaryň kemsitmeleriň islendik görnüşinden, işe kabul etmekden esassyz ýüz öwürmelerden, bikanun işden çykarylmadan, zähmet şertnamasynyň bes edilmeginden, işsizlikden goralmagy; işsizleriň we iş gözleýänleriň hünär ýa gaýtadan taýýarlygyna, hünäriň ýokarlandyrylmagyna ýardam edilmegi ýaly döwlet kepillikleriniň göz öňünde tutulmagy adamlaryň zähmet çekmäge hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk esasy bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy döwrüň talabyny hem-de adamyň we raýatyň bähbidini nazara alyp kämilleşdirilýär. Her bir adamyň döredijilik, intellektual mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, zähmeti guramak, onuň netijeliligini gazanmak, hünärmenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak zähmet çygryndaky gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegini emele getirýär. Şu nukdaýnazardan, işgär işe kabul edilende, wezipe borçlary hakynda düzgünnamada bildirilýän talaplardan ugur almak hökman bolup durýar.

Işgäriň bellenilen tertipde we şertlerde zähmet şertnamasyny baglaşmaga, ony üýtgetmäge, ýatyrmaga, şertnamada şertlendirilen işiň özüne berilmegini talap etmäge, zähmeti guramagyň, tehniki howpsuzlygyň döwlet ülňülerinde göz öňünde tutulan şertlere, sanitariýanyň, arassaçylygyň, köpçülikleýin şertnamanyň talaplaryna laýyk gelýän iş ornuna hukuklary göz öňünde tutulýar. Şunda işgäriň deň gymmaty bolan zähmet üçin deň töleg, öz kärine, hünär derejesine, zähmetiň çylşyrymlylygyna, ýerine ýetirilen işiň mukdaryna we hiline laýyklykda zähmet hakyny doly möçberde almaga haky bardyr. Zähmet hakynyň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen hakyň iň az möçberinden pes bolmaly däldigi baradaky kadalar her işgäriň zähmet haky babatdaky hukuklary kepillendirilende, esas goýujy ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Bular bilen birlikde işgärleriň aýry-aýry kärler, toparlar üçin iş wagtynyň dowamlylygyny, gysgaldylan wagtyny bellemek, hepdelik dynç günlerini, işlenmeýän baýramçylyk, hatyra günlerini, şeýle hem her ýylky hak tölenilýän esasy we goşmaça rugsatlary bermek bilen üpjün edilýän dynç alşa; hünär taýýarlygyna, gaýtadan taýýarlygy, hünäri ýokarlandyryşy geçmäge; ylmy-intellektual eýeçilige, rasionalizatorçylyk ýa-da oýlap tapyjylyk üçin awtorlyga, awtorlyk hukuklary üçin sylaga hukuklary işgäriň öndürijilikli, döredijilikli işlemegine şert döredýär.

Işgäriň agzalan hukuklary bilen bir hatarda, öz wezipe borçlaryna laýyklykda, zähmet düzgün-nyzamyny we beýleki zerur talaplary ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly resminamalar hem hereket edýär. Ýurdumyzda zähmet ulgamynda raýatlaryň konstitusion hukugynyň ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek arkaly amala aşyrylmagy möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynda her bir adamyň iş ýerini erkin saýlap almaga we işe ýerleşmäge hukugynyň işe ýerleşmekde iş berijä göni ýüz tutulmagy ýa-da iş bilen üpjünçilik gulluklarynyň ýardamy arkaly ýa-da kanunçylyga laýyklykda işe ýerleşdirmek bilen meşgullanýan hususy telekeçileriň, ýuridik şahslaryň ýardamy bilen durmuşa geçirip bilýändigi esasy hukuklaryň biri hökmünde beýan edilýär.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işgärleriň zähmetiniň hiline, olaryň hünär derejesine talaplar ýokarlanýar. Önümçilikde ulanylýan tehnologiýalara laýyklykda, dürli hünärdäki işçiler gerek bolýar. Şu nukdaýnazardan, işgärleriň ýörite biliminiň we ýokary hünär taýýarlygynyň, umumy medeniýetiniň bolmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Umuman aýdanymyzda, ähli ugurlar boýunça düýpli döwrebaplaşmak ýoly bilen barha öňe barýan döwletimizde dürli pudaklarda zähmet çekjek kämil hünärmenleri taýýarlamak, olary döredijilik mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam etjek iş orunlary bilen üpjün etmek üçin düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan, il bähbidine gönükdirilýän bu özgertmeler elmydama üstünliklere beslensin!

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37381