Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde ýurdumyzyň halk hojalygynda gazanylýan üstünlikler öz miwesini berdi. Bu ýerde Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan sergä gatnaşmaga gelen işewürleriň öndüren önümleri bilen birlikde ýerli telekeçilerimiziň päk zähmetinden kemal tapan milli önümlerimiziň ýüzlerçe görnüşleri sergä çykaryldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçileriniň önümleri bilen deňeşdirilende, türkmen harytlarynyň hil derejesiniň hiç bir babatda hem pes däldigine göz ýetirip bolýar. Ýurdumyzda ençeme ýyllardan bäri adygyp gelýän «Aýbölek» mebel fabriginiň dünýä derejeli mebelleri, okuwçylar üçin niýetlenen partalary, çaga sallançaklary islegli harytlaryň sanawyny uzaldýar. «Derýaplastik», «Muhammet Balkan», «Ak bulut», «Aýdyň gijeler» ýaly hojalyk jemgyýetleriniň plastmassa gap-gaçlary, ýuwujy serişdeleri, çygly süpürgiçleri, dürli görnüşli ýagtylandyryjylary we tehnologiýa önümleri sergä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Diýarymyzda öndürilýän azyk harytlary has-da baý görnüşe eýe bolupdyr. Bu babatda «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň dürli görnüşli süýjüleridir kökeleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Sergide halkymyzyň baý amaly-haşam sungaty, çeper el işleri hem öz beýanyny tapypdyr. Ol önümler nepisligi, täsinligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Şu ýerde gadym döwürlerden bäri türkmeniň adyny arşa galdyryp gelýän nepis halylarymyz barada aýtman geçmek bolmaz. Çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň döreden ajaýyp halylary göreni haýrana goýýar. Olar nagyşlarynyň täsin taryhy, tebigy reňkleriniň ýerbe-ýerligi bilen dünýä halyçylyk sungatynda uly orun eýeleýär. Sergide haly-palaslar, gülli owadan keçeler, el işleri, milli lybaslar bilen birlikde «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly we haly önümleri aýratyn pawilýonlary eýeläpdir.
Sergide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öndüren milli önümleri hem juda ünsüňi özüne çekiji boldy. Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileriniň pyrtykaldan, limondan, almadan öndüren jemleri, çagalar üçin niýetlenen «Multifrut» şerbedi, «Balary» atly dag baly, «Yssyk-kölüň çemeni» diýlip atlandyrylan dürli ot-çöplerden taýýarlanan çaýlar, «Kelinçek» atly aş önümleri köp görnüşliligi bilen tapawutlandy. Bu sergä täjik telekeçileri aýratyn taýýarlykly gelipdirler. Olaryň ter we guradylan dürli ir-iýmişleri hem-de miweleri dessine ünsüňi çekýär. Tekjelerde ýerleşdirilen şetdalylaryň «Guldor», «Ozody», «Zarnigor» sortlary, erik kişdesiniň «Subhoni», almanyň «Şohiseb», üzüm kişmişleriniň «Zarafşan» sortlary diýseň özüne çekijidir. Bu öndürilen önümler täjik daýhanlarynyň päk zähmetinden kemal tapypdyr.
Özbegistan Respublikasynyň telekeçileriniň we işewürleriniň sergä getiren dürli önümleri çeperligi, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Dürli ösümlikleriň tohumlary we däneleri Özbegistanyň oba hojalygynyň baý mazmunyny açyp görkezýär.
Jemläp aýdylanda, Halkara deňiz portunda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň şaýady boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň barha ýakynlaşýan günlerinde geçirilen bu serginiň söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, medeniýetleriň özara ýakynlaşmagynda ähmiýeti uludyr.
Oguljemal HOŞGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.