Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri gurluşyklary dikuçardan synlady
Ahal welaýaty, 20-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň çäklerine geldi.
Mälim bolşy ýaly, bu möhüm maýa goýum taslamasy milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol strategiýanyň esasy ugry gazy we nebiti gazyp almagyň mukdaryny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulgamyny kemala getirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybaratdyr.
Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge we ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, halkara ölçeglere kybap gelýän hem-de içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän nebitgaz senagatynyň önümlerini çykarmaga ýöriteleşen iň kämil tehnologiýaly önümleriň öndürilmegine ýokary derejede ähmiýet berýär.
Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory hormatly Prezidentimize iň kämil, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kuwwatly zawody gurduryp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Direktor bu ýerde işleriň talabalaýyk ýola goýlandygy, tehnologik prosesleriň yzygiderli alnyp barylýandygy, ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýokary hilli benziniň önümçiligini birsyhly artdyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna has-da ýakynlaşmak maksadyny yzygiderli öňe sürýär. Bu ulgamda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatyndaky ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipe eksport bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine artýan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir.
Milli Liderimiziň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat kärhanalary ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawody görkezmek bolar.
Soňra hormatly Prezidentimiz zawodyň dolandyryş merkezine geldi. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimize toplumyň önümçilik işiniň guralyşy hem-de taýýar önümiň emele getirilişi barada gürrüň berdi.
Çäklerinde kümüşsöw metal gurnamalaryň hem-de dürli görnüşdäki we ölçegdäki modullaryň tehnogen toplumy peýda bolan täze zawod öz keşbi bilen iň häzirki zaman äpet uly ylmy-tehniki barlaghanany ýatladýar. Gazy suwuk ýangyja öwürmek işi tehnologik gurnamalaryň, ilkinji nobatda, tebigy gazy düýpli arassalamak, gazydyr metanoly sintezlemek, şeýle hem benzin almak we arassalamak boýunça gurnamalaryň uly halkalarynyň gurulmagyny talap etdi.
Bu ýerde ýokary basyşyň astynda hem-de örän uly temperaturalarda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazyň suwuk uglewodoroda öwrülmegi amala aşyrylýar. Hemme işler awtomatlaşdyrylandyr we merkezden dolandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hünärmen bilen gürrüňdeş bolup, onuň bu ýerdäki zähmet şertleri, maşgala ýagdaýy, bilimi bilen gyzyklandy. Toplumyň işgäri bu ýerde işlemek üçin hemme şertleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýene bir hünärmen bilen söhbetdeş boldy. Hünärmen ilki bilen gazyň kükürtli wodoroddan arassalanylýandygy barada gürrüň berdi. Reaktorlaryň içinde ýerleşen katalizatorlaryň kömegi bilen kükürdiň organiki birleşmeleri kükürtli wodoroda öwrülýär.
Soňra gyzdyryjy peçde gazyň gyzgynlyk derejesi ýokarlandyrylyp, kükürtden arassalanan gaz reaktorlarda öz düzümindäki uglewodorod birleşmelerini monooksid ugleroda (СO), dioksid ugleroda (СO2), wodoroda (H) we metanyň garyndylaryna öwrülýär. Soňra gazyň gyzgynlyk derejesi tehnologik gyzdyryjy peçde ýokarlandyrylyp, awtotermik riforming reaktoryna gönükdirilýär. Şol ýerde tehnologik gazyň kislorod bilen reaksiýa girip, ýanmagy we uglewodorodlaryň belli bir böleginiň dargadylmagy amala aşyrylýar.
Şeýlelikde, riforming reaksiýasynyň netijesinde, gazyň gyzgynlyk derejesiniň galmagy sebäpli, ýylylyk çalşyjylarda sowadylýar. Gaz sintezleýji desganyň soňky tapgyryndaky ýörite gaz sintezini arassalaýjy reaktorlaryň kömegi bilen, gazyň düzümindäki sinil kislotasy (HCN) ammiaga (NH3) öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz bu hünärmeniň hem iş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy, onuň haýsy ýokary okuw mekdebini tamamlandygyny, nirede tejribelik geçendigini sorady. Hünärmen hormatly Prezidentimiziň sowallaryna jogap berip, işlemäge hemme mümkinçilikleriň we şertleriň döredilendigini aýtdy hem-de munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdi.
Soňra milli Liderimiz zawodyň tehnologik işi bilen tanyşlygyny dowam edip, dolandyryş merkeziniň hünärmeniniň alyp barýan işi bilen gyzyklandy. Hünärmen arassalanan gazyň sinteziniň basyşynyň kuwwatly gaz gysyjy enjamlar arkaly ýokarlandyrylyp, yzygider ýerleşen dört sany metanol reaktoryna iberilýändigini gürrüň berdi. Soňra bolsa katalizatorlaryň kömegi bilen, gazyň sinteziniň düzümindäki wodorod, monooksid, dioksid uglerodlar özara täsirlenip, metanola öwrülýär. Emele gelen metanol ergini göwrümi 7600 kub metr bolan çelekde saklanylýar.
Gazy suwuk uglewodorodlara öwürmek işiniň nobatdaky tapgyry benziniň sintezi desgasynda bolup geçýär. Metanol saklanylýan çelekden sintez metanol ergini sorujy enjamlar arkaly akdyrylyp, yzygiderlilikde ýerleşen üç sany ýylylyk çalşyjylarda gyzgynlygy ýokary galdyrylyp, alty sany benzin reaktoryna gelip gowuşýar. Bu ýerde katalizatorlaryň kömegi bilen ýokary gyzgynlykdaky sintez metanoly sintez benzinine öwrülýär. Soňra kadalaşmadyk sintez benziniň ýylylyk çalşyjy enjamlarda gyzgynlyk derejesi pese düşürilýär we ahyrky separatora ugradylýar. Bu ýerde benziniň düzümindäki ýeňil gazlar hem-de kondensat suwlar bölünip aýrylýar we çig benzin alynýar.
Zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeşligiň dowamynda benziniň hilini ýokarlandyrmak desgasynda birinji tapgyrda çig benziniň düzüminden metan we etan gazlarynyň bölünip aýrylýandygy, ikinji tapgyrda benzin ergininiň suwuklandyrylan gazy benzinden bölüji enjama gönükdirilýändigi bellenildi. Üçünji tapgyrda benzin ýörite bölüji enjama akdyrylýar hem-de ýeňil benzine we düzüminde durol bolan agyr benzine bölünýär. Bölünen ýeňil benzin ammarlara ugradylýar.
Dördünji tapgyrda durolly agyr benzin benziniň hilini ýokarlandyrýan iki sany enjama akdyrylýar we düzümindäki durolyň derejesi peseldilýär. Netijede, agyr benzin 230 kub metr bolan iki sany çelege goýberilýär. Jemi dört sany çelekdäki ýeňil we agyr benzin ýangyjy geçirijilerden akdyrylanda, akym boýunça garylyp, harytlyk benzin emele gelýär.
Benzini ýörite bölüji enjamda ýeňil we agyr benzin öndürilende ugurdaş önüm hökmünde kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy emele gelýär.
Şeýlelikde, zawodda çykarylýan sintetik ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar — onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri hem, azotly organik birleşmeler hem bolmaýar. Zawodyň esasy önümi bolan EСО-93 benzini 18 000 kub metr bolan üç sany çelekde saklanylýar. Olarda benziniň hilini bir derejede saklamak üçin ýörite sorujy enjamlar hemişe işläp durýar.
Ugurdaş önüm bolan suwuklandyrylan gaz göwrümi 2000 kub metr bolan şar şekilindäki çelekde we kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy 360 kub metr göwrümindäki çelekde saklanylýar.
Ähli taýýar önümleriň çelekleri ýangyna garşy suw we ýörite ergin sepiji geçirijiler bilen gurşalandyr. Taýýar önümleri ýükleýän desgada demir ýol çeleklerine, awtoulaglara benzini ýükleýän, şeýle hem awtoulaglara kadalaşmadyk benzini, kükürtsizlendirilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy ýükleýän ulgamlar hereket edýär.
Zawodyň düzüminde şeýle hem beýleki desgalaryň birnäçesi, şol sanda önümçilik işinde ulanylýan suwy kabul edýän we arassalaýan desgalar bar. Doly derejede çäge çökündilerinden arassalanan suw ýangyn söndüriş ulgamyna akdyrylýar. Suwuň düzümine zerur bolan himiki serişdeler goşulyp, suw sowadyjy desga akdyrylýar. Suwuň belli bir bölegi bolsa ion çalşyjylaryndan geçirilip, doly mineralsyz ýagdaýa getirilýär. Mineralsyzlandyrylan suw bug gazanlaryna akdyrylýar.
Kärhananyň çäginde suwy sowadýan desgalaryň ikisi ýerleşýär. Olaryň biri tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän desgalara, ikinjisi bolsa kömekçi desgalara hyzmat edýär.
Howa bölüji desgada daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň dünýä belli enjamlary ornaşdyryldy. Atmosfera howasy howa süzüjiler we howa gysyjylar arkaly alynýar hem-de arassalanýar. Soňra arassalanan howa bug gysyjy enjamda gysylyp, orta basyşa ýetirilýär.
Gysylan howa sowuk suw bilen ýuwujy enjama akdyrylýar we howanyň gyzgynlyk derejesi sowadylýar. Sowadylan howa ýörite howa arassalaýjy çelekde galyndy suw damjalaryndan, turşy gazlardan we beýleki uglewodorod galyndylaryndan arassalanýar. Soňra howa ikä bölünip, ýylylyk çalşyjy enjamlar arkaly suwuk azoda we suwuk kisloroda öwrülýär. Şolar ýörite çeleklerde saklanylýar we bugardyjyda gaz halyna getirilip, tebigy gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän ulgama paýlanylýar.
Degişli bölüji ulgam zawody önümçilik üçin zerur bolan dürli basyşdaky howa bilen üpjün edýär.
Bu desgada üç sany bug gazany ýerleşip, sagatda jemi 400 tonna bug öndürilýär. Ol turbalar arkaly gerek ýerine ugradylýar.
Kärhanany elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ulgamy hem göz öňünde tutuldy. Bu ýerde sagatda 38 MWt elektrik energiýasy öndürilýär. Mundan başga-da, kuwwaty 2500 kWt bolan ätiýaçlyk generatory awtomatik usulda işe girizilýär.
Ähli gaz halyndaky zyňyndylar we suwuklyklar geçirijiler arkaly alaw ulgamyna gönükdirilýär. Alaw ulgamynyň howpsuz işlemegi üçin orta basyşly bug geçiriji işjeň hereket edýär. Tehnologik kondensaty arassalamak boýunça desga hem göz öňünde tutuldy.
Ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny nazara almak bilen, lagym suwlaryny arassalaýjy desga hereket edýär. Ol döwrebap enjamlardan, şol sanda ýagly suwlary bölüji enjamlardan, suwy ýumşadyjy ulgamdan, süzgüçlerden, galyndylary aýryjy ulgamdan ybaratdyr. Lagym suwlary zerur goşundylaryň goşulmagy esasynda arassalanyp, gaýtadan ulanmak üçin akdyrylýar. Suwy ulanmagyň şeýle usuly daşky gurşawyň abadançylygyny, onuň hapalanmakdan ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge ýardam edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde nebitgaz toplumynyň we ugurdaş okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy üçin ýakyn geljege gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdeleriniň diňe halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigini nygtady. Tebigy gazy geçirijiler arkaly dünýä bazarlaryna ibermek bilen çäklenmän, bu pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledik diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýurdumyz dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Şoňa görä-de, “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýan gazhimiýa önümlerini öndürmäge uly ähmiýet berýäris. Bu ugurda taslamalary yzygiderli amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtady.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda şeýle taslamalary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna durmuşa geçirmek babatda hem zerur bolan syýasy-hukuk, maliýe-ykdysady binýat döredildi. Gyýanlyda tebigy gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän polimer zawody, Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawod guruldy. Şeýle hem, uly möçberde tebigy gazy gaýtadan işläp, ECO-93 kysymly benzin öndürýän dünýäde ilkinji bolan şu zawod gurlup ulanmaga berildi.
Bu iri taslamalar türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda örän möhüm taslamalardyr. Bu taslamalar Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýewropa döwletleriniň dünýä belli kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk esasynda durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şeýle taslamalar amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, ekologiýa taýdan arassa, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän önümleri öndürmegiň göz öňünde tutulýandygyny, daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça öňde goýlan wezipeleri hem gyşarnyksyz berjaý etmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Milli Liderimiz bu zawody bökdençsiz işletmegiň hem-de dolandyrmagyň ýokary tehnologik bilimli hünärmenleri talap edýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, gazhimiýa toplumlaryny gurmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigini, bu babatda döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigini nygtady.
Biz bu işleri halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýarys. Bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna gönükdirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şeýle iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurtlardan çekilen serişdeleri öz wagtynda gaýtarmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.
Soňra Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýew kärhanadaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ähli önümçilik bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar.
Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär. Ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.
Mundan başga-da, bu ýerde zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmagyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi. Şunuň esasynda ýerine ýetirilýän taslama işlerinde täze innowasiýalary, sanly ulgamy has netijeli ornaşdyryp, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hemme beýleki iri desgalardaky ýaly, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda hem alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de döwrebap derejede dowam etdirilmelidigini aýtdy. Önümleriň ýokary hil ölçeglerine hemişe gözegçilik edilmelidir. Dünýäde bu önümlere islegiň barha artýandygyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan iň arassa benziniň daşary ýurtlarda ýerlenýän bazarlarynyň gerimini giňeltmegiň üstünde işlemäge möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda degişli görkezmeler berdi.
Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak baradaky meseleler boýunça hasabat berdi.
“Mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň mukdaryny artdyrmak, guýularyň önüm berşini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmak arkaly, täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Şeýle hem, daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlar bilen “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny köpeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginiň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, sebitara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň ýokary gazananlaryna hem-de täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny nygtady hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklar berdi.
Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde alyp barýan syýasaty, himiýa pudagyny ösdürmekde edýän aladalary netijesinde, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýylsaýyn ösüp, kämilleşýändigini aýtdy.
Ýurdumyzda uglewodorod serişdeleri diňe bir çig mal hökmünde eksport edilmek bilen çäklenmän, olary gaýtadan işlemegiň netijesinde, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan birnäçe himiýa önümleri hem öndürilýär. Bu babatda kabul edilen Prezident we beýleki Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, diňe soňky ýyllarda “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid”, Gyýanlydaky Polimer zawodlary we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodlar ýaly ägirt uly taslamalar amala aşyryldy. Bu kärhanalaryň ählisi innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan, ekologik taýdan arassa önümçilikler hasaplanýar.
Şonuň ýaly-da, kabul edilen maksatnamalarda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça ýene-de birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler.
Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýurdumyzda önümçiligi ýola goýlan ammiak, karbamid, polietilen we polipropilen, benzin ýaly himiýa önümçiliklerinden başga-da, metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid we wodorod önümlerini öndürmäge hem uly mümkinçilikler bar.
Häzirki wagtda tebigy gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek ulgamynda esasy üç sany ugry aýratyn görkezmek bolar. Hususan-da, sintez gazyny emele getirmegiň esasynda, sintetiki ammiak we azotly dökünleriň önümçiligini ýola goýmak mümkin. Ikinji ugur dürli formaldegid şepbiklerini, plastmassany, emeli süýümleri hem-de beýleki önümleri taýýarlamakda giňden ulanylýan metanol önümçiligidir. Butan-propan goşundysyny almak bilen, olary önümleriň dürli görnüşlerini — naftany we sintetik kauçugy, tebigy gazy suwuklyga öwürmek tehnologiýasy boýunça ýokary hilli ýangyçlary, polietilen we polipropilen öndürmekde peýdalanyp bolar.
Mundan başga-da, dünýäniň ösen döwletlerinde geljegiň ýangyjy hökmünde strategiýasy işlenip taýýarlanan we giňden öwrenilýän wodorod önümçiligini hem ýola goýmak mümkinçilikleriniň üns merkezinde saklanmagynyň maksadalaýykdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilişini mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde üstünlikli hereket edýän gaýtadan işleýän iri kärhanalarda öndürilýän ýokary halkara ölçeglere, hil kadalaryna hem-de ekologiýa talaplaryna kybap gelýän ammiak, karbamid, polietilen, polipropilen, benzin we beýleki önümlere daşary ýurtlarda islegiň barha artmagy pudagyň işini has-da kämilleşdirmek wezipelerini goýýar. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlere yzygiderli üns bermegiň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigini tabşyrdy.
Soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow nebitgaz pudagynyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ylma esaslanan toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, bu ýokary okuw mekdebiniň okuw meýilnamalaryna, şol sanda Gyýanlydaky Polimer zawodynda, «Garabogazkarbamid» zawodynda, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda hem-de Garlyk kaliý dag-magdan toplumynda ulanylýan enjamlaryň we täze tehnologiýalaryň esaslaryny öwrenmäge degişli dersler girizilip, okuw maksatnamalary täzeden düzüldi.
Şeýle hem, sintetiki ýangyjy öndürýän zawodda ulanylýan tehnologiýalar bilen baglylykda, uniwersitetiň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagy we himiýa senagaty hem-de beýleki pudaklar üçin “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy” hünäri boýunça hünärmenler, “Himiýa tehnologiýasy” taýýarlyk ugry boýunça iňlis dilinde okaýan bakalawrlar hem-de “Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak”, “Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak” hünärleri boýunça talyplara bilim berlip başlanyldy. Mundan başga-da, talyplar bilim alýan hünärlerine laýyklykda, tejribe geçmek üçin ýurdumyzdaky iri gaýtadan işleýän toplumlara ugradylýar.
Rektoryň çykyşynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod işe girizilenden bäri ýokary okuw mekdebini tamamlan talyplaryň bu iri topluma işe ýollanandygy barada maglumat berildi. Şeýle hem, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy gazhimiýa önümçilikleriniň ekologiýa aýratynlyklary bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly, halkara uniwersitetler hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem, türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdyrylmalydyr, olaryň taýýarlan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylmalydyr.
Bu ýokary okuw mekdebinde bakalawrlary, magistrleri taýýarlamak, okuwa saýlap alan hünärine höwesli, zehinli ýaşlary kabul etmek, nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýä ülňülerine laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklar berdi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory B.Pirnyýazow, öz nobatynda, konserniň işinde döwrebap tehnologik enjamlaryň ulanylýandygyny habar berdi.
Häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käniniň zawodlarynda tebigy harytlyk gazyň hilini ýokarlandyrmagy ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Institut tarapyndan gazhimiýa zawodlarynyň gurluşygyna tehniki-ykdysady seljerme geçirilip, onuň netijeleri “Türkmengaz” döwlet konsernine tabşyryldy.
Şeýle hem institutyň hünärmenleriniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda ýyllyk kuwwaty 6 müň tonna izobutan öndürmäge niýetlenen desgany hem-de kenarýaka sebitde täze döwrebap gazhimiýa toplumyny gurmak barada deslapky tehniki ykdysady ylmy seljermäniň üstünde degişli işleri alyp barýandyklary barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň çig mal binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biriniň dünýäde iň iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdygyny belledi. Onuň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde 27,4 trillion kub metr hasaplanylýar.
Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäkileriň biri bolup, Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürijileriň sanawyna girýär. Energiýa serişdelerine, aýratyn-da, ýangyjyň tygşytly hem-de daşky gurşaw üçin howpsuz görnüşi bolan tebigy gaza isleg yzygiderli artýar. Elektroenergetika senagaty, ilkinji nobatda, önümleri giň gerimli durmuş we senagat harytlaryny, mineral dökünleri we beýlekileri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýän nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklary gaza bolan has ýokary islegi üpjün edýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş-jemagat ulag ulgamlarynda tebigy gazyň sarp edilişi hem artýar.
Mundan başga-da, halkara jemgyýetçiligiň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli ynjalyksyzlanmalaryny göz öňünde tutanyňda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ilkinji nobatda, energetika, wodorod we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar, ýangyç-energetika toplumynyň sanlylaşdyrylmagy has-da ösdüriler. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan işleri depginli artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda birnäçe degişli tabşyryklar berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýerine ýetirilmeli işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen bu zawod ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryny özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly çig mal serişdeleriniň, senagat hem-de ylmy kuwwatynyň bolmagy netijesinde, milli ykdysadyýetimizde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy ýurdumyzyň senagatynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösmegini üpjün eder, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrar.
Şunuň bilen baglylykda, dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik benzini öndürýän täsin zawodyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi. Bu kärhana Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz kärhanada alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy, benziniň halkara ülňülere laýyk gelmegini mundan beýläk-de üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine hemişe üns bermegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz önümçilik işleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, olaryň kämil tehnologiýalara daýanýan, şonuň ýaly-da, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň her biriniň pudagy ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
* * *
Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygyny we onuň ýanaşyk ýerlerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerini synlady.
Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara şunuň bilen baglanyşykly meseleleri, şol sanda hereket edýän ýollaryň durkuny täzelemek hem-de täze ýollary çekmek, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmaga we çaltlandyrmaga gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmegi netijesinde, ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmanbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder.
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz dikuçardan paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumyny synlady. Paýtagtymyzyň ilaty üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüljek bu toplumda adamlaryň eşretli ýaşamagy, amatly dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň üstünlikli alyp barýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň esasyny düzýän “Garagum” myhmanhana toplumynyň ýerleşýän ýeriniň üstünden öwrüm etdi. Bu ýerde häzirki zaman seýilgäh toplumy we döwrebap ýerasty geçelge gurulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, desgalaryň gurluşygy ýokary hil derejesinde amala aşyrylýar hem-de bellenilen möhletde tamamlanar.
Bu gün 140 ýyllyk şanly toýuna barýan Aşgabat ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurluşygy batly depgin bilen alnyp barylýan “Aşgabat” söwda toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek bu toplumda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýola goýmak, telekeçileriň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.
Bu ýerde söwda we hyzmatlar ulgamyny alyp barmakda, medeniýetli dynç alşy guramakda dünýäniň iň gowy tejribeleri işjeň ulanylar. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam edýär.
Bu taslamanyň çäklerinde halkara ähmiýetli işewürlik duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur aldy. Milli Liderimiz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işler, seýilgählere we gök zolaklara edilýän ideg işleri hem-de döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, onuň töwereklerinde döredilýän seýilgäh zolaklaryny, bina edilen desgalaryň özboluşly sazlaşygyny synlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, myhmanhanada iň ýokary halkara derejedäki maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilmelidir. Toplumyň daş-töwereginde döredilýän bagy-bossanlyk, suw çüwdürimleri Türkmenistanyň ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berýändigini aýdyň görkezmelidir.
Ýurdumyzyň ähli myhmanhanalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem hyzmatlar ýokary derejede we birkemsiz üpjün ediler, munuň özi türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine kybap gelýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak, olaryň uzak möhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29289?type=feed
Gahryman Arkadagymyzyň mermer paýtagtymyzyň waspyny ýetirip ýazan «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir edilmegi toý-baýramly günlerimiziň hoş habarlarynyň üstüni ýetirip, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Kitabyň, turuwbaşdan, milli Liderimiziň döreden adybir goşgusy we hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimiň bu goşga ýazan sazynyň notasy bilen açylmagy-da ýöne ýerden däl. Döwlet Baştutanymyzyň çyn söýgüsinden dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgy bu gün dillerimiziň senasyna öwrüldi. Ol aýdym bolup ýaňlananda, köňüllere ganat baglap, ýürekleri joşdurýar.
Kitapda ýerleşdirilen gyzykly maglumatlar — Aşgabadyň düýni, şu güni we geljegi bilen tanşanyňda, owadan suratlara syn edeniňde, owazasy dünýä dolan ak şäheriň goýnunda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artýar. Dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen, ýaşamak üçin amatly paýtagtymyzyň göreni haýran edýän gözel keşbine, ösüş-özgerişlerine, milli binagärligine guwanjyň artýar. Bu gözellikler halkymyzyň bagtyýar şu gününi, nurana geljegini üpjün edýär.
«Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni». Ynha, täze kitabyň bir bölümi şeýle atlandyrylýar. Biz onda Aşgabadyň milli binagärlik keşbini hem-de ajaýyp geljegini görýäris. Gurulýan döwrebap desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-durmuş, saglyk maksatly binalar, giň we ýagty ýollar, seýilbaglardyr söwda we dynç alyş merkezleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyňdyr myhmanlarynyň hyzmatynda. Elbetde, täze taslamalarda orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň binalarynyň göz öňünde tutulmagy ýaş nesliň geljegi ugrundaky çuňňur aladalardan, olaryň döwrebap terbiýesinden nyşan.
Mekdebimiz saz ugruna ýöriteleşdirilen soň, ýurdumyzda ýaş nesliň döredijilik başarnygynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi babatda alnyp barylýan işler bizi has-da begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzda açylan «Jahan» döredijilik merkeziniň zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda mynasyp orny bar. Bu merkezde sungata, aýdym-saza höwesli ýaşlar dünýäniň iň kämil, häzirki zaman saz gurallaryny ulanyp, ukyp-başarnyklaryny ösdürýärler. Aşgabadyň täze keşbinde orun aljak beýleki iri taslamalaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdepleriniň täze binalarynyň taslamalary bar. Munuň özi köňül buýsanjymyz bolan baş şäherimiziň geljekde sungat ussatlarynyň, parlak ýyldyzlaryň şäheri hökmünde hem dünýä tanaljakdygynyň beýanydyr.
Göwher HOJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29286
Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar söwda gatnaşyklarynyň ugurlaryny we usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň anyk taslamalary boýunça gepleşikleri geçirmek üçin iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagy babatynda ylalaşdylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar hökümetara derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtamak bilen, olary yzygiderli dowam etmäge taýýardyklaryny bellediler.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29291
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň meşhur akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek barada Karara gol çekildi. Bu her bir setiri nakyla, akyla öwrülen dana şahyr Magtymguly Pyraga bolan söýgümizi ýene bir gez belende göterdi.
Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň söýgüli şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň köpöwüşginli şygyrlary, pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri, parasatly sargytlary halkymyzyň durmuş ýörelgesine we pelsepesine, şeýle-de bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Akyldar şahyryň döredijiliginde agzybirlik, jebislik, açykgöwünlilik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk hakda ajaýyp setirler bar. Şahyryň her bir dürdäne setiri şahsyýeti kämilleşdirýär.
Akyldar şahyr öz goşgularynda aýal-gyzlaryň edep-ekramy, olaryň gylyk-häsiýeti, işbaşarjaňlygy barada hem birnäçe öwüt-nesihat beriji ajaýyp setirleri bize miras galdyrypdyr. Şahyr «Durasyň geler» atly goşgusynda terbiýeli, çeper elli, mylaýymzada, süýji dilli gözelleriň il içinde mertebesiniň hemişe belentde tutulýandygy barada şu aşakdaky setirlerde beýan edipdir:
«Edepli-ekramly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň, bile ýöresiň geler»
ýa-da:
«Sözlegen sözleri misli bal kimi,
Tapyp, nirde bolsa, alasyň geler».
Biz şahyryň öwüt-nesihat beriji sözlerini özümize ýol-ýörelge edinip, geçýän sapaklarymyzda ol ajaýyp goşgy setirlerinden okap, manysyny giňişleýin gürrüň berýäris.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyryň ömri we döredijiligini öwrenmeklige, ony ýaş nesillere ýetirmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Humar OSMANKULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 39-njy «Ülker» çagalar bagynyň terbiýeçisi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29041
Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Häkim şu günler ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy hakynda hasabat berildi.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, paýtagtymyz dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, şäherde şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak maksady bilen, ägirt uly işler alnyp barylýar.
Häkim desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak, paýtagtymyzy tomus möwsümine doly derejede taýýarlamak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp derejede garşylamagyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini belledi.
Paýtagtymyz döwrebap we sazlaşykly ösýän şäherleriň hatarynda öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň durmuş ulgamyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Aýratyn-da, ak mermerli Aşgabadyň dürli maksatly desgalarynyň döwrebap derejede dolandyrylmagyna, işleriň sazlaşykly guralmagyna örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine, şol bir wagtyň özünde “Soňky jaň” dabaralaryna taýýarlyk işleri utgaşykly alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu günler alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda şanly seneleriň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň uly üstünliklere, täze ýeňişlere beslenmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna we ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde gurluşyk senagatynyň ösüşine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetini belläp, olarda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde Aşgabat şäherini ösdürmek, gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň 140-synyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň, olaryň amatlylyk derejesiniň ykdysady taraplaryna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly binalary, şol sanda döwrebap seýilgähleri, ýerasty geçelgeleri, kaşaň myhmanhanalary, Magtymguly Pyragynyň heýkelini, söwda we hyzmatlar toplumlaryny, dürli maksatly beýleki desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şu nukdaýnazardan, ähli desgalaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ykdysady bähbitleri möhüm şert hökmünde kesgitlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda şäheriň sazlaşykly ösüşine degişli wezipeleriň esasy orunda durmalydygyny belledi. Aýratyn-da, bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda amatlylyk, elýeterlilik wajypdyr, şunda adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.
Meýilleşdirilýän işleriň, taýýarlanylan taslamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagy, olarda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, täzeçil tehnologiýalar, häzirki zamanyň sanly ulgamy, şäher düzümini dolandyrmakda bolşy ýaly, adamlar üçin zerur amatlyklary üpjün etmekde aýratyn bähbitlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we her bir işde adam hakdaky aladanyň esasy orunda durmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, galla oragyna taýýarlyk, däne ýygýan kombaýnlaryň, awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.
Häkim welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, şol bir wagtyň özünde pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany berjaý etmek, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, meýilleşdirilen işleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem şanly seneleri mynasyp garşylamak, “Soňky jaň” dabaralaryny guramaçylykly geçirmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.
Häkim Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işleri bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Galla oragyna guramaçylykly girişmek, bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Welaýatda ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça bellenilen agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek döwrüň möhüm talabydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi, bular babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew gowaçalaryň ösüşini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, ak ekinlere edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Ýeralma, sogan we beýleki gök ekinlere ideg işleri degişli derejede alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde galla oragynda işlediljek tehnikalary ýokary derejede taýýarlamak, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini ýola goýmak boýunça zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem häkim şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak we şu mynasybetli medeni maksatnamany taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen birlikde, pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu önümi öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Häzirki wagtda welaýatda gant şugundyryny bellenilen möhletlerde ekmegi guramak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň, ak ekinlere edilýän idegiň öz wagtynda geçirilmeginiň we onuň agrotehniki kadalara laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary, kabul ediş bölümlerini doly derejede taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenilen wagtda tamamlamak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahat Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara we ak ekinlere ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem galla oragyna görülýän taýýarlyk, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýy barada aýdyldy. Häzirki wagtda gök we bakja ekinlerinden, şol sanda ýeralmadan bol hasyl almak ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar.
Hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler barada maglumatlar aýdyldy. Aýratyn-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerine möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekip, bu babatda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talapdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, ak ekinlere, gowaçalara edilýän ideg edilişi, galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary, kabul ediş bölümlerini taýýarlamak, pile öndürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Häkim ýeralmadan we beýleki gök, bakja ekinlerinden alynýan hasyly artdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan agrotehniki çäreleri ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hem hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk, şanly seneleriň hormatyna meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, şu ýyl welaýatda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamak we baýramçylyk mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçadan, bugdaýdan we beýleki ekinlerden bol hasyl almakda möhüm ähmiýeti bolan ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga ylmy esasda çemeleşmegiň, gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, welaýatyň dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri ugrunda ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem milli Liderimiz, asylly däbe görä, şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň Lebap welaýatynda geçiriljekdigini, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, öz gezeginde, häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara we ak ekinlere edilýän ideg işleri, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen doly üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Galla oragynda işlediljek kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň we galla kabul edilýän bölümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen, ähli zerur çäreler amala aşyrylýar.
Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işlere giň gerim berildi.
Hasabatyň çäklerinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň, welaýatyň dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň taýýarlyk ýagdaýlary barada maglumatlar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikalaryny, beýleki gurallary galla oragyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gowaçanyň we ak ekinleriň ideg işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Welaýatda şanly seneleriň mynasyp derejede garşylanmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça we ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyna guramaçylykly, bellenilen möhletlerde girişmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigni belläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň mynasyp derejede garşylanmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29179?type=feed
Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tanyşdyrmak maksady bilen geçirilen maslahatyň gün tertibine bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly meseleler girizildi. Ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Adalatçynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda adam hukuklaryny üpjün etmek çygrynda degişli halkara düzümler bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli çärelere aýratyn ähmiýet berildi.
Biz maslahatda edilen çykyşlaryň käbiriniň mazmunyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Kristina WEÝGAND,
BMG-niň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili:
— Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümeti uzak wagtdan bäri adam hukuklary ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär we ol geçen ýyllaryň dowamynda anyk ugurlar bilen baýlaşdyryldy. Adam hukuklary boýunça BMG-niň edaralary bilen gepleşikleri taýýarlamagy goldamak, ýurtda adam hukuklary babatda merkezleriň 5-sini döretmek arkaly bu ugurda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de ozal hereket edýän milli kanunçylyga gaýtadan seretmek we täzelerini işläp taýýarlamaga gatnaşmak, adam hukuklary boýunça hukuk goraýjy düzümleriň maslahatlary esasynda işlenip düzülen milli meýilnamalary amala aşyrmak şolaryň esasylarydyr.
Biz Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýyldan bäri ýurtda amala aşyrylan Hereketleriň milli meýilnamalarynyň 5-siniň, hususan-da, 2016 — 2020-nji ýyllarda adam hukuklary, 2015 — 2020-nji ýyllarda gender deňligi, 2018 — 2021-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak, 2019 — 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygy azaltmak, 2019 — 2021-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy degişli meýilnamalaryň işlenip taýýarlanylmagy babatda-da goşant goşandygy üçin örän buýsanýarys. 2021 — 2025-nji ýyllara niýetlenen täze meýilnamalaryň hem guramanyň degişli düzümleriniň maslahatlary esasynda kabul edilendigini aýratyn bellemek gerek. Biz adam hukuklary ulgamynda şu we beýleki halkara borçnamalara ygrarlydygy üçin ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirýäris.
Täze kabul edilen resminama ozalky meýilnamanyň logiki dowamy bolup, ol adam hukuklarynyň esasy daýanç sütünleriniň — raýat, syýasy, durmuş-ykdysady we medeni hukuklaryň çäginde işlenip düzülendir. Meýilnamada ilatyň aýratyn kömege mätäç gatlagynyň hukuklaryny höweslendirmäge, ýagny olaryň bilim we iş bilen üpjünçiligini elýeterli etmäge uly üns berlendigini kanagatlanma bilen bellemek gerek. Munuň özi hiç kimi yzda galdyrmazlygy maksat edinýän «Gün tertibi — 2030-yň» esasy ýörelgesine gabat gelýär.
BMG-niň Türkmenistanda iş alyp barýan edaralarynyň guramanyň adam hukuklary boýunça düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, Adalatçynyň diwanyna goldaw bermek, hukuk özgertmelerini amala aşyrmak, halkara şertnamalara goşulmak, degişli ugurda işleýän halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, adam hukuklary ulgamynda bilimlilik, maglumat goruny toplamak, meýilnama seljerme we baha bermek ýaly anyk ugurlarda ýurduň Hökümetine ýakyndan ýardam etmäge taýýardygyny nygtamak isleýärin.
Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory:
— «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» şu ýylyň 16-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanmagy adam hukuklary çygryndaky kanunçylyk kadalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin ýolgörkezijidir. Täze meýilnama geljek bäş ýylda ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri özünde jemleýän milli gural bolup hyzmat edýär. Ol «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» logiki we ulgamlaýyn dowamydyr.
Täze meýilnamanyň mazmuny bilen tanşanyňda, döwlet syýasatynyň çäklerinde adam hukuklaryny goramaga, höweslendirmäge hem-de üpjün etmäge niýetlenen çäreleriň toplumynydyr usullaryny görmek bolýar. Onda bellenen wezipeler Türkmenistanyň häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde adam hukuklarynyň amala aşyrylmagy babatda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Meýilnamanyň birinji baby maksatdyr wezipeleriň 16-syny öz içine alýar. Ikinji bapda ony durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary kesgitlenip, olar şahsy we syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklary goramakdan ybaratdyr. Täze meýilnamanyň hukuk esaslary bolsa üçünji bapda beýan edilýär. Onda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» hukuk binýady konstitusion ýörelgelerden gözbaş alýar. Türkmenistan tarapyndan tassyklanan adam hukuklary ulgamyndaky halkara konwensiýalar, BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetleriniň jemleýji beýanlary hem onuň esasy düzüm bölekleridir.
Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň anyklygy, netijeliligi we beýleki döwlet maksatnamalary bilen sazlaşykly utgaşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Onda ýurdumyzyň hukuk ulgamynda, täze meýilnamada adam hukuklarynyň berjaý edilmegine, bu ugurda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklaryny goramagyň görnüşleridir usullary babatda raýatlaryň hukuk sowatlylygynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen döwrebap çäreler toplumy öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, olary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramaçylyk-hukuk, eýeçilik görnüşine garamazdan, ähli kärhanalardyr guramalaryň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bilelikdäki tagallalary uly ähmiýete eýedir.
Ýazdursun GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy:
— Adam hukuklary boýunça Hereketleriň täze milli meýilnamasynyň goşundysynda dört ugur, ýagny raýat we syýasy hukuklar; durmuş, ykdysady we medeni hukuklar; halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek; adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça işiň hem-de netijeliligiň anyk görkezijileri öz beýanyny tapýar. Raýatlyk we syýasy hukuklar babatdaky görkezijide Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeler göz öňünde tutulýar.
Meýilnama laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli Adalatçynyň diwanynyň Pariž ýörelgelerine laýyklykda, milli hukuk goraýjy edara hökmünde akkreditasiýa edilmegine ýardam bermek, gurluşyny pugtalandyrmak, sebitleýin gurluşlaryny döretmek, Adalatçynyň şikaýatlara seretmek we azatlykdan mahrum ediş ýerlerine gözegçilik etmek boýunça ygtyýarlyklaryny berkitmek, çagalardyr aýallaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we milli azlyklaryň ähli toparlarynyň wekilleriniň hukuklary ulgamynda Adalatçynyň alyp barýan işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ygtyýarlygyny giňeltmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ilatyň adam hukuklary ulgamynda habarlylygyny ýokarlandyrmak barada aýdylanda, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri-de adamyňdyr raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri hem-de usullary babatda raýatlaryň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmaga ýardam etmek bolup durýar.
Häzirki wagtda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri bilen bilelikde adam hukuklaryna, gender deňligine, adam hukuklarydyr azatlyklary babatda şertnamalaryna bagyşlanan çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýärler. Şeýle-de ähli ulanyjylara onuň işiniň aýanlyk, elýeterlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny açyp görkezmek maksady bilen, Adalatçynyň web-saýtynyň döredilendigini aýtmak isleýärin.
Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29168
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna beslenen ýylda bellenilýän baýramçylyklar giň gerimi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky milli Lideriniň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda uly ähmiýetli başlangyçlary durmuşa geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşýär.
Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan şanly senesini — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden hem-de dabaraly belleýär. Olar türkmen halkynyň mizemez jebisligini hem-de parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny beýan edýär.
Gojaman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde seleňläp duran belent Konstitusiýa binasynyň ýanynda ir säher bilen baýramçylyk çäreleri başlandy. Bu ene topragymyzda ýaýbaňlandyrylan beýik özgertmeleriň many-mazmunyny aýdyň görkezýär.
Watandaşlarymyzyň bu şanly senelere bolan garaýşy aýratyndyr. Olar halkymyzy has-da jebisleşdirip, watançylyk duýgusyny artdyrýar, onuň döredijilik ylhamyny joşdurýar.
Konstitusiýa binasynyň ýanyna gelen milli Liderimiz ýörite bellenen ýere geçýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň etegine gül çemenini goýýar. Ýurdumyzyň Baş Kanuny türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, olary has-da pugtalandyrdy. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, watançylyk we adalatlylyk hakyndaky köpasyrlyk arzuwlaryny özünde jemleýär.
Esasy Kanun döwlet gurluşynyň milli hem-de dünýä tejribesini, däp-dessurlary we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, döwrüň talaplaryny hem-de umumy kabul edilen halkara hukugyň kadalaryny nazara almak arkaly kämilleşdirilýän çeýe hukuk guralydyr.
28-nji martda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw Kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň Karary bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre türkmen döwletiniň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän halk häkimiýetlilik ýörelgelerini has-da pugtalandyrmak işinde şanly waka öwrüldi.
Milli Liderimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň durmuşynda täze tapgyr başlandy.
Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, beýleki dabara gatnaşyjylar Konstitusiýa binasynyň etegine gül desselerini goýýarlar.
Bu baýramçylyga goýulýan belent sarpa ata-babalarymyzyň asuda toprakda erkin ýaşamak we zähmet çekmek barada arzuwlan bagtyna eýe bolan türkmenistanlylaryň Garaşsyz Watanymyza buýsanç duýgularyny artdyrýar.
Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň waka baýramçylyk lybasyna beslenen beýleki meýdançada dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň uzyn sütünleriň biri — 133 metrlik baýdak sütüni ýerleşip, onda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.
Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde oturdylan ýaşyl Tugumyz şäheriň islendik künjeginden diýen ýaly görünýär. Ol asuda asmanda buýsançly pasyrdap, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwürleriň hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini, paýhasly durmuş pelsepesini, şöhratly geçmişini, ajaýyp şu gününi hem-de nurana geljege okgunlylygyny alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy baýdak sütüniniň öňündäki meýdança gelip saklanýar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent baýdak sütüniniň etegine gül çemenini goýýar. Döwlet Baştutanymyzyň yz ýany bilen bu ýere dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýdular.
Bu gün Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, sebit we dünýä derejesindäki dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň esasynda guralýan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan öňdengörüjilikli täzeçillik strategiýasy dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şanly sene mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edýär. Geljekde hem biziň iň beýik maksadymyz ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň — berkarar Watanymyzyň dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakdan ybarat bolar.
* * *
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi. Dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligi türkmenistanlylaryň milli Liderine — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, bedew bady bilen öňe tarap gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanjynyň beýanyna öwrüldi.
Sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary dabaralaryň öwüşginini has-da artdyrdy.
Bu gün Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, ene topragymyzyň gözelligini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ylhamyny wasp edýän ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlandy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29032?type=feed