Türkmen diplomatiýasynyň daýanç sütünleri

olar milletiň Beýik Mugallymynyň watançylyk sapagynda aýdyň beýanyny tapdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçiren umumy okuw sapagy diňe bir ýaş nesiller däl, eýsem ähli raýatlarymyz üçin watançylyk dersi boldy. Watansöýüjiligiň belent çagyryşy bolup ýaňlanan bu sapak bilim-terbiýäniň gözbaşynda hemişe milliligiň durmalydygy, onuň usullarynyň bolsa döwrüň iň ösen innowasion talaplaryndan yza galmaly däldigi baradaky hakykaty ýene-de bir gezek subut etdi.

Milli Liderimiziň watançylyk sapagy — bu Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda bolup geçen taryhy özgerişlere özboluşly syndyr. Köplenç, dowam edýän taryhy wakalara öz döwründe anyk we doly baha bermek aňsat başardýan zat däl. Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, «Aý dogsa, älem görýär». Hut şonuň üçin hem dünýäniň geosyýasy giňişliginde Türkmenistan atly has röwşen, parlak «ýyldyzyň» ýiti ýalkym saçýandygy, onuň milli Lideri, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren halkara başlangyçlarynyň global dünýäni özgertmäge ýardam berjekdigi barada köp gürrüň edilmegi tötänden däldir.

Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagynyň ilkinji böleginiň ýurt berkararlygymyzyň goşa sütüni — Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ähmiýetini düşündirmekden başlanmagy tötänden däldir. Çünki dünýäde öz ornuňy tapmak üçin, ilkinji nobatda, Garaşsyz döwlet bolmaly. Dünýäde set-müň halkyýet, millet bar. Olaryň ählisine özerkli ýaşamak, özbaşdak, garaşsyz döwletli bolmak bagty miýesser etmändir. Ykbal çüwüp, garaşsyzlyk bagtyna eýe bolnaýan halatynda-da, onuň sütünlerini berkitmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Garaşsyzlygyna eýe bolan islendik halkyň öňünde öz döwletini berkarar etmek, onuň dünýädäki mynasyp ornuny tapmak wezipesi keserip durýar. Şoňa amal edişine görä-de, şol döwlete dünýäde baha kesilýär. Munuň üçin halkara gatnaşyklaryň we halkara hukugyň binýatlyk ýörelgelerine ygrarly boljakdygyňa, olary berk berjaý etjekdigiňe dünýä bileleşigini ynandyrmaly. Iň esasysy, Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup, guramanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen iň möhüm üç sany ýörelgesini üç ölçegde — ilki öz ýurduňda, öz ýerleşen sebitiňde hem-de tutuş dünýäde berkarar etmäge öz goşandyňy goşmaly.

Hormatly Prezidentimiz watançylyk sapagynyň başynda, ilki bilen, şu möhüm wezipeler hakda gürrüň açyp, daşary syýasatymyzyň baş ýörelgesi bolan hemişelik Bitaraplygyň bize näme berendigi barada özüniň pikir-garaýyşlaryny ýaşlarymyza düşnükli dilde ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açdy. Ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur».

Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň: «Gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi» diýen sözleriniň örän jüpüne düşen deňeşdirmedigini hem-de subutnama talap etmeýän hakykatdygyny nygtamak isleýäris. Üçünji müňýyllygyň çylşyrymly geosyýasy we geoykdysady şertlerinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen, dünýäde ilkinji hemişelik Bitarap döwleti döretmek, elbetde, ýeňil bolmady. Munuň üçin türkmen diplomatiýasy çylşyrymly ýoly geçmeli boldy. Tejribeli syýasatçy, milli, sebit, dünýä derejesinde pikirlenýän, umumadamzat ähmiýetli, gaýragoýulmasyz meseleleriň çözgüdi boýunça öz oňyn tekliplerini hödürlän milli Liderimiziň — XXI asyryň beýik diplomatynyň bu babatdaky bitiren hyzmatlary dünýä nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagynda nygtalyşy ýaly, «Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär».

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan» atly parlak ýyldyzyň dörändigi bilen baglylykda, ýaşlara ýüzlenip, bu hakykaty olaryň ählisiniň ata Watanymyza buýsanç duýgusyny oýarýan taglymat hökmünde kalbynda götermelidigi baradaky öwüt-ündewlerini türkmen ýaşlary berk berjaý etmelidirler.

Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesliň wekilleri bilen geçiren okuw sapagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, türkmen diplomatiýasynyň taryhy köklerine düşünmekde, onuň binýatlyk ýörelgelerine nazar aýlamakda hem biziň üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Şu ýerde milli Liderimiziň öz beýanynda türkmeniň döwletlilik taryhyna, geçmişde dünýä taryhynda yz goýan meşhur şahsyýetlerimize ýüzlenmeginiň, olar bilen bagly käbir rowaýatlary mysal getirmeginiň tötänden däldigini nygtamak zerur. Hormatly Prezidentimiz öz beýanynda gadymy ýazuw çeşmelerine, meşhur taryhçylaryň işlerine nazar aýlanyňda, olarda türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygynyň, beýik taryhy we medeniýeti döredendiginiň ykrar edilýändigini nygtaýar. Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleriniň dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazandygyny, Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyzyň il-ýurt üçin ata çykandyklaryny tekrarlaýar. Milli Liderimiziň: «Men maslahat bolan ýerde söweşe ornuň ýokdugyny zynharlan Oguz hana, ýigidiň abraýyny onuň gahrymançylygyna, pähimine garap kesgitlän Gorkut ata, dostlaryny dogan eýlän Görogly bege ady ebedilige öwrülen gahrymanlar hökmünde belent sarpa goýýaryn. Siz şol edermen ata-babalarymyzyň dowamatydygyňyzy hiç haçan unutmaly dälsiňiz!» diýen sözlerini bolsa biz geljekki türkmen diplomatlaryny ýetişdirýän Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň öz bilim-terbiýeçilik, okuw-usulyýet, ylmy-seljeriş işiniň esasy örki, talyp ýaşlarymyzyň hem ykbalyny baglan hünärine ýetmekde esasy ugur alyş nokady bolmalydyr diýip düşünýäris.

Hormatly Prezidentimiziň beýanyndan ýokarda getirilen mysaldan hem görnüşi ýaly, parahatçylyk, ynsanperwerlik tutuş taryhymyzyň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň binýatlyk ýörelgeleri, daýanç sütünleri bolmagynda galdy. Hut şol ýörelgelere eýerip, bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlete öwrüldi. Çünki, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk syýasatymyzyň gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty ýatyr.

Dünýäniň döwletlilik taryhyna özüniň ululy-kiçili 70-den gowrak döwlet gurmak tejribesi bilen goşant goşan ata-babalarymyzyň ynsanperwer daşary syýasaty ýöredendiklerine güwä geçýän köp sanly taryhy mysallar hormatly Prezidentimiziň türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ynsanperwerligiň belent däplerini dünýä ýaýan ynsanlaryň neslidigi baradaky pendine uýmaly ýaşlarymyz üçin buýsanç çeşmesidir.

Türkmen halky ýaşaýyş-durmuşyny akyl-parasat, ylym we tejribe esasynda gurupdyr. Milli Liderimiziň watançylyk sapagy onuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren okuw sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ulgamyna girýän düzümleriň gatnaşmagynda Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylarynyň, halypa diplomatlaryň, professorlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlar geljekki ýaş türkmen diplomatlaryny ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Milletiň Beýik Mugallymynyň watançylyk dersi — bu türkmen diplomatiýasynyň daýanç sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň bu düýpli konseptual okuw sapagynyň her bir ugruny ylmy taýdan seljermegiň esasynda türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary mekdebiniň professor-mugallymlary ýörite düzülen meýilnama esasynda ulgamlaýyn okuw, ylmy, terbiýeçilik çäreleriniň toplumyny alyp bararlar, ony öz işlerinde baş ýörelgä öwrerler. Hususan-da, birinjiden, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň aýratyn watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine, ýokary okuw jaýynda wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berler. Taryhy, medeniýeti öwreniş we dil derslerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmegine aýratyn ähmiýet bermegi öz borjumyz hasaplaýarys. Şol sanda talyplarda agzybirlik we jebislik duýgularynyň has mäkäm ösmegine itergi berjek çäreler işjeň geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda nygtalan möhüm ugurlar boýunça ylmy işleri we makalalary ýurdumyzda hem-de halkara derejede neşir etmek tejribesi ösdüriler. Ikinjiden, bu ugurda talyplaryň döredijilik işlerini işjeňleşdirmek, olaryň höwesini artdyrmak maksady bilen, talyplary ylmy-döredijilik işlerine has işjeň çekmek dowam etdiriler. Talyplar bilen ýörite dersleriň geçilmegi ýa-da ugurdaş gurnaklaryň açylmagy görnüşinde terbiýeçilik maksatly özara hereketleri işjeňleşdireris. Üçünjiden, bütin dünýäde biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply, öz işiniň hakyky ussatlaryny taýýarlamak maksady bilen, diplomatiýanyň milli mekdebinde bilim bermek we hünär öwretmek üçin häzirki zaman innowasion we sanly bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak işi dowam etdiriler. Şeýle hem talyplaryň döwletimiziň taryhyny, medeniýetini, sungatyny we milli gymmatlyklaryny gowy bilmeklerini, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden baş çykarmaklaryny gazanmak üçin dersler boýunça iş maksatnamalaryna zerur bolan özgertmeleri, üýtgetmeleri girizmek göz öňünde tutular.

Pursatdan peýdalanyp, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmäge goşant goşjak halkaraçy hünärmenleri taýýarlamaga berýän goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39449