Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de ÝB-niň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Bu söhbetdeşlik ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döredýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bu gün öňümizde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek wezipesiniň durýandygyny belledi. Şol meseleleriň hatarynda Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek, energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa, suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri bar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. ÝB-niň Baştutany Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ynanyşmak esasynda guralýan netijeli gatnaşyklar barada durup geçdi.
Mähriban Arkadagymyz myhmanyň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, ýewropa tarapynyň bu ýurt bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda garaýşy bilen tanşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz esasy ýörelgeleriň üçüsi barada durup geçdi. Birinjiden, biz syýasy nukdaýnazardan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Goňşy hem-de Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň tiz ýola goýulmagy üçin degişli gatnaşyklara we şertleriň döredilmegine ýardam etmäge taýýardyr.
Ikinjiden, ykdysady nukdaýnazardan iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigini belleýäris. Üçünjiden, parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini bermek meselesi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň doganlyk owgan halkyna gös-göni ynsanperwer kömegini yzygiderli berýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Owganystanyň içerki syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna hemişe uly gyzyklanma bildirip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni-siwilizasiýa ýakynlygyndan ugur alyp gelýändigini aýtdy.Biz Owganystandaky ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagy ugrunda çykyş edýäris. Milli Liderimiz döwlet gurluşynyň özara kabul ederlikli görnüşleriniň tapylmagy netijesinde hem-de goňşy Owganystanda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň giňden gatnaşmagynda bu ýurtda hukuk giňişliginde täze milli edaralaryň kemala geljekdigine ynam bildirdi.
Arkadag Prezidentimiz Owganystanyň hoşniýetli goňşusy hem-de BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, halkara bileleşigi bilen bilelikde ýurtda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny we durnuklylygy gazanmakda, Owganystanyň ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer taýdan ösmeginde owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen işi dowam etdirmäge taýýardygyny belledi. Şunda Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam etmek işinde BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de ÝB-niň tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Owganystanda bolup geçýän häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň amala aşyrýan işleri barada durup geçip, ýurdumyzyň türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklaryny hem-de owgan halkyna zerur ynsanperwer goldawyny bermek boýunça anyk çäreleri görýändigine ünsi çekdi. Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär, türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Iki ýurduň ilatynyň saglygyny goramak maksady bilen, global pandemiýa şertlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary serhetden ýük daşalanda, serhediň goralmagyny, gümrük, sanitariýa, fitosanitariýa we gözlegçiligiň hem-de barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrýar.
Milli Liderimiz 1996 – 2001-nji ýyllarda ýurduň çäkleriniň 90 göteriminiň «Taliban» hereketiniň garamagynda bolan goňşy Owganystanyň taryhyndaky çylşyrymly döwürler barada aýdyp, Türkmenistanyň bu ýurduň halkyna ykdysady hem-de ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam edendigini belledi. Türkmenistanyň Mazari-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklary şol wagtda hem işlerini dowam edip, Owganystanyň ilatyna konsullyk hyzmatlaryny bermek boýunça öz wezipelerini ýerine ýetirdi. Türkmenistan Owganystandaky çylşyrymly içeri syýasy ýagdaýlara garamazdan, 1999-2000-nji ýyllarda Aşgabatda «Taliban» hereketiniň hem-de şol döwürde Ahmad Şah Masudyň baştutanlygyndaky «Demirgazyk alýansyň» arasynda gepleşikleriň dört tapgyrynyň geçirilmegini gurady. Hormatly Prezidentimiz beýan edilenleri jemläp, wakalaryň geljekde ösüşiniň goňşy ýurtdaky täze häkimiýetiň Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň derejesine bagly boljakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz halkara bileleşigini tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça açyk hem-de oňyn söhbetdeşlik üçin ÝB-niň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň sebitiň mundan beýläk-de parahatçylykly we durnukly ösüşi üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.