Naz-nygmata baý ülkede

Ýadyma düşýär, okuwçy wagtymyz tomusky dynç alyş möwsüminde oba — enemlere gezelenje giderdik. Mellekdäki ülje, garaly, saraly, şetdaly, alma baglarynda miweler düzüm-düzümdi. Şol döwürler (geçen asyryň altmyşynjy ýyllary) enem dagy miweleri gaýnadyp, mürepbe, şerbet taýýarlamaýardy diýsemem, hakykata ýakyn bolar. Biz — çagalar baglaryň şahalaryndan ýolup iýenimizi iýerdik, iýmediklerimizi-de, ýere gaçanlaryny-da çöpläp, pagsa jaýyň üçeginde ak kagyzyň ýüzüne serip goýardyk. Arada “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň köpugurly işleri bilen tanşanymda, ine, şol zatlar hakynda oýlandym. Häzirki wagtda baglaryň düzüm-düzüm hasyly bişip ýetişdigi, hyrydarlary häzirdir. Özem öýüňe gelip, köplenç, özleri ýygyp alyp gidýändirler. Nähili gowy!

Bu hususy kärhananyň ýerleşýän ýeri bolan Mary welaýatynda miweli baglary we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlar şu babatda asla-da alada edýän däldirler. Olar we başga-da oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara şertnama esasynda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýan hususy kärhana satyn alnan önümleri Mary şäherinde ýerleşýän sowadyjy ammarlar toplumynda uzak möhlet saklamak bilen, indi bäş ýyla golaý wagt bäri ilaty ýylyň ähli paslynda ter miweler we gök-bakja ekinleri bilen üpjün edip gelýär. Tomus paslynda, ýagny güneşli ülkämizde miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja ekinleriniň bol-bereketli döwründe bu hususy kärhanada işler has-da gyzyşýar.

Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan gurlup, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan, müň tonnalyk sowadyjy ammarlar toplumynda işler tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Onda zähmet çekýän 250-den gowrak hünärmeniň bir topary satyn alnan önümleri arassalamak işlerini alyp barsa, ýene bir topary olary saýlap, owadan gaplara gaplaýar. Olaryň edil şol günlerde satuwa goýberilýäni bir aýry, gyşa saklanýany bir aýry edilip, görnüşlere bölünýär.

— Sowadyjy ammarymyzda gök-bakja önümleriniň we miweleriň hersiniň aýratynlykda saklanyş şertleri bar. Mysal üçin, almany +1 — +3 gradus aralygynda 3-4 aýa çenli, şetdalyny 0 gradusda 2 aýa çenli, armydy 0 gradusda 3 aýa çenli saklap bolýar. Şonuň ýaly-da banany +12 — +14 gradusda 4 aýa çenli, ýeralmany +5-+6 gradusda 10 aýa çenli, sogany +1-+2 gradusda 9 aýa çenli saklamak mümkin. Beýleki önümleri-de uzak möhlete saklamak üçin aýry-aýry şertleriň berjaý edilmegi hökmandyr. Bu şertleriň kada laýyklykda berjaý edilmedik, sowadyjy ammaryň çyglylyk derejesiniň bellenen ölçeglere laýyk gelmedik ýagdaýynda önümler öz terligini, ýokumlylygyny, hatda harytlyk görnüşini-de basym ýitirmek bilen bolýar. Barlaghanamyzyň hünärmenleri sanly ulgam arkaly bu işlere berk gözegçilik etmek bilen, önümleriň hiline aýratyn üns berýärler.

Nurly güneşe baý türkmen topragynyň miweleri, gök-bakja ekinleri ekologik taýdan arassalygy, üýtgeşik tagamy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, olara diňe içerki bazarda däl, ýurdumyzyň daşynda-da isleg barha artýar. Şonuň üçin önümçiligimizi giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrunda bir wagtda 12 müň 200 tonnadan gowrak gök we bakja önümlerini, dürli miweleri saklamaga, gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän ýene-de bir sowadyjy ammarlar toplumynyň gurluşygyny alyp barýarys. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, welaýatyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhlete bölünip berlen 50 gektar ýer böleginde banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhana toplumynyň gurluşygyna başladyk. Häzirki wagtda onuň ýer-gurluşyk işleri alnyp barylýar. Täze önümçilikleriň işe girizilmegi bilen, Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, önümlerimizi geljekde daşarky bazarlara-da eksport etmegi meýilleşdirýäris — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Maksatmyrat Gurbanmuhammedow gürrüň berýär.

Ýeri gelende, hususy kärhananyň Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan, Gazagystan ýaly döwletler bilen özara hyzmatdaşlyk saklap, söwda işlerini amala aşyrmagynyň netijesinde, “Hoşwagt” haryt nyşanly azyk önümleriniň daşarky bazarlarda mynasyp orun alandygyny bellemeli. Türkmen telekeçileriniň gaplaýan üýtgeşik tagamly kofe we kakao önümleri, körpeler üçin niýetlenen ýeňil mekgejöwen taýajyklary, mekgejöwenden we bugdaýdan çipsileri, guradylan çörek bölejikleri, bally patraklary, karamel süýjüleri diňe içerki bazarda däl, daşarky bazarda-da uly islege eýe bolýar.

Diňe bu-da däl. “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň Mary şäheriniň çäginde 4 gektar ýerde tohumlyk ýeralma saklamak üçin niýetlenen, sygymy 21 müň 200 tonna barabar bolan sowadyjy ammarlar toplumynyň taslamasyny taýýarlap, ony amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýtsak, telekeçileriň alyp barýan işleriniň köpugurlydygyna doly göz ýetirmek mümkin. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen uly ösüşlere, belent sepgitlere eýe bolýan şeýle işjanly telekeçileriň barha artmagy ak bazarlarymyzyň haryt bolçulygyna, halkymyzyň bereketli saçaklarynyň türkmen topragynyň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen baýlaşmagyna getirýär. Şonuň bilen birlikde täze iş orunlarynyň döredilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň öňküden-de gowulandyrylmagyna türkmen telekeçileriniň goşandy barada oýlananyňda, bu asylly işleri alyp barýan işewürlere buýsanjyň artýar.

“Miweli ülkäniň” zähmetsöýer hünärmenleri hem datly miweleri bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý saçaklaryny bezemegi maksat edinýärler.

Keýik UMAROWA.

“Türkmenistan”



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37378