«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy bu ýurtlaryň ösüş meýillerini beýan edýän, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýakyn döwür üçin ylalaşylan ugurlaryny kesgitleýän möhüm syýasy çäre boldy.
Ýokary derejeli bu çäre sebitdäki hyzmatdaşlyk meýdançasynyň bu görnüşiniň peýdalydygyny görkezdi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň Hökümetlerine ozalky konsultatiw duşuşyklaryň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mazmunyna çuňňur seljerme geçirilmeginiň, orta möhletli döwre niýetlenip, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça çäreleri kesgitlemegiň hem-de bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän «Ýol kartasyny» kabul etmegiň zerurdygyny nygtady.
Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy düzüm bölegi energetika bolup durýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlykda Özbegistana türkmen tebigy gazynyň iberilmegi, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy gaz pudagynda netijeli, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mysallaryna öwrüldi.
Elektrik energetikasy babatda Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky önümçilik kuwwatlyklary Merkezi Aziýanyň döwletlerine elektrik energiýasynyň iberilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Hyzmatdaşlygyň bu ugruna ulgamlaýyn we anyk häsiýetli çemeleşilmegi maksadalaýykdyr. Bitewi energiýa ulgamynyň döredilmegi sebitiň ýurtlarynda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň has ygtybarly bolmagyna mümkinçilik döreder.
Mälim bolşy ýaly, taryhda ykdysadyýetiň gülläp ösmegi, söwda gatnaşyklary arkaly öndüriji güýçleriň ösmegine amatly şertleriň döredilmegi deňze çykalgasy bolan ýurtlara mahsus bolupdyr. Häzirki zamanda demir ýol we awtomobil ulaglary hem ulag infrastrukturasynyň iňňän möhüm bölekleri bolup durýar. Ulag ulgamy boýunça sebitleýin strategik maksadyň gazanylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ozal bar bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işledilmegi hem-de täzeleriniň döredilmegi bilen bagly bolup, şol ugurlarda Merkezi Aziýa zerur baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ulag pudagynda bilelikde işlemegiň toplanan tejribesini ulanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň utgaşykly ulag ulgamyny döretmek boýunça anyk meýilnamalary düzmäge girişmegi teklip etdi. Bu ugurda ulag logistikasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň edilmeginiň hem geljegi uludyr.
Türkmenistanyň Hazar deňzinde öz port kuwwatlyklaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň bähbitlerine peýdalanmak üçin hödürlemäge taýýardygyny milli Liderimiz belläp geçdi we Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňzi sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropa çykalgasy boljak, şeýle-de Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hökümet derejesinde bäş taraplaýyn işçi toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şonuň ýaly-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ony giňeltmek, hil taýdan täzelemek meselelerine ünsi çekip, şonda özara salgytlar we paçlar, ýeke-täk üstaşyr tölegleri kesgitlemek, gümrük we migrasiýa amallaryny ýeňilleşdirmek babatda kadalary hem-de düzgünleri sazlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyp boljakdygyny hem nygtady.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda daşary söwda dolanyşygynyň möçberi barha artýar. Hususan-da, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan döwletleri bilen söwda dolanyşygy eksport we import boýunça-da depginli artdy. Emma möçber taýdan ony has-da ösdürmekde heniz peýdalanylmadyk mümkinçilikler bar hem-de sebitdäki ähli ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşiniň barşynda bu mümkinçilikler barha giňelýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk seljermeleri hem-de iş ýüzünde amala aşyryp boljak teklipleri taýýarlamagyň ýollaryny ulgamlaýyn esasda gözläp tapyp biljek bäş taraplaýyn iş edarasynyň zerurdygyny belledi. Munuň özi sebitdäki ýurtlaryň aýry-aýrylykda durmuşa geçirilýän importyň öwezini doluş we eksporta nazarlanyş çäreleriniň umumy netijesiniň özara peýdalylyk esasynda ýokary bolmagyna gönükdirilip, bu ugurdaky hereketleriň ylalaşykly utgaşdyrylmagyna ýardam eder.
Merkezi Aziýadaky ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy meseleleriniň hatarynda durýandygyny, ilkinji nobatda, Araly halas etmek, ýerleriň ýaramazlaşmagyna, çölleşmegine garşy göreşmek, buzluklary gorap saklamak, suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak meseleleriniň has möhüm ähmiýetlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda oňat işläp taýýarlamalaryň bardygyny, sebit we halkara derejede möhüm çözgütleriň kabul edilendigini aýtdy.
Suw serişdelerini aýawly peýdalanmagyň wezipeleri Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň hataryna girýär. Bu meselede sarp edijiler tarapyndan, ozaly bilen hem, ekerançylykda suwy rejeli peýdalanmak bilen bir hatarda, suw serişdelerini dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmegiň ähmiýeti artýar. Şonda döwletara we milli derejelerdäki wezipeler tapawutlanýar. Iri tebigy suw çeşmeleriniň gözbaşyndaky buzluklary gorap saklamak we suw serişdeleriniň durnukly täzelenmegine ýardam edýän beýleki çäreler sebitleýin derejedäki umumy häsiýete eýedir. Merkezi Aziýa sebitinde bitewi energiýa ulgamynyň emele getirilmegi gidroelektrik stansiýalaryň işini oba hojalygynda suwa bolan möwsümleýin islegleriň ýagdaýyna görä düzgünleşdirmäge-de belli bir derejede şert döredip biler. Suw serişdelerini dolandyrmagyň milli derejedäki ulgamy barada aýdylanda, ozaly bilen, suw akymyny ýyllar arasynda we ýylyň dowamynda önümçiligiň ýagdaýyna görä paýlamak üçin uly we çaklaň suw howdanlar ulgamynyň emele getirilmegi, suw akabalarynyň geçiriş ukybynyň gowulandyrylmagy hem-de sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly degişli agrotehniki möhletlerde ekerançylyk hojalyklaryna suw goýberilişiniň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýle hem ekerançylykda suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ykdysady taýdan höweslendiriş çäreleriniň işlenip düzülmegi, bu işleriň netijeliligine döwrüň talaplaryna laýyk gelýän baha beriş görkezijiler ulgamynyň emele getirilmegi ylmyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar. Bu ugurlarda sebitdäki ýurtlaryň degişli ylmy edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň geljegi bar.
Ýokary derejede geçirilen bu konsultatiw duşuşykdaky sebitiň döwletleriniň Prezidentleriniň çuň manyly çykyşlarynda-da türkmen tarapynyň başlangyçlary makullanyldy hem-de birnäçe oňyn teklipler girizildi. Hususan-da, özara söwdanyň möçberini artdyrmak, sebitleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň umumy ugurlary hakynda ylalaşygy kabul etmek, dünýä ykdysadyýetinde häzirki wagtda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, senagat önümçiligi, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk, azyk, ulag, energetika babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitiň ykdysadyýetiniň strategik taýdan möhüm pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek üçin bilelikdäki çäreleri görmek, azyk howpsuzlygyna gözegçilik etmegiň sebitleýin ulgamyny ornaşdyrmak, ekologiýa babatdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak, dünýädäki koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyndan soňky döwürde ykdysady ösüşi üpjün etmekde bilelikde işleşmek, farmakologiýa, örän möhüm derman serişdelerini öndürmek boýunça kooperasiýa ulgamynda ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda tejribe alşylmagyny giňeltmek, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň forumyny geçirmek baradaky pikirler beýan edildi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamada ykdysady hyzmatdaşlyk babatda söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, maliýe, energetika, oba hojalygy, kommunikasiýa, durmuş, ekologiýa ugurlarynda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek arkaly Merkezi Aziýa sebitini durnukly ösdürmegiň üpjün edilmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde görkezilýär. Şonuň ýaly-da taraplaryň bilim, ylym diplomatiýasy babatda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda we ylmy alyşmalar boýunça sebit Maksatnamasyny işläp taýýarlamak arkaly rektorlaryň forumlarynyň, ylmy-mugallymçylyk we talyplar jemgyýetçiliginiň ylmy maslahatlarynyň hem-de simpoziumlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigi hem bellenilýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy, tagallasy bilen guralan bu duşuşygyň hem-de ugurdaş çäreleriň netijelerinden sebitde syýasy, ykdysady, ekologik we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk wezipeler gelip çykýar.
Araznury ATAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri, ykdysady ylymlaryň doktory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37379