Kärhananyň döwrebap işleri

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde bu barada aýdan teklipleri olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, şeýlelikde, pudagyň ýokary göterilmegine badalga berdi. Munuň özi ata Watanymyzyň senagatlaşdyrylmagy, ykdysadyýetiniň ösdürilmegi babatda uly ähmiýete eýedir.

Geçen ýyllarda bu ugurda amala aşyrylan taslamalary nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle belleýär: «Biziň halkymyz Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzy agrar ülkeden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdy. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge örän köp maýa goýumlary gönükdirildi. Netijede, ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi».

Elbetde, ykdysadyýetiň şeýle ýokary depginde ösdürilmeginde gaýtadan işleýän senagatyň goşandy hem örän uludyr. Sebäbi her bir ýurtda ýetişdirilýän hasylyň, öndürilýän önümiň gaýtadan işlenilmegi ep-esli mukdarda goşmaça girdejiniň gazanylmagyna mümkinçilik döredýär. Bu pudakda hil taýdan döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilmegi bolsa onuň esasy şertidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda muňa aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde-de, bu ugra gönükdirilen kärhanalaryň öz işlerini ýokary derejede alyp barmaklaryna düýpli goldaw-kömekler edilýär. Şeýlelikde, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egirme fabrigi hem şolaryň biridir. Bu ýerde onlarça ýyllardan bäri ýurdumyzda kemala getirilen pagtanyň süýümi gaýtadan işlenilip, ondan ýokary hilli ýüplük taýýarlanylýar. Öndürilen şol ýüplükler bolsa dünýäniň ençeme ýurtlaryna, ýagny Russiýa, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan ýaly döwletlere iberilýär.

— Fabrigimizde her ýyl 2 müň tonnadan gowrak pagta süýümi gaýtadan işlenilýär — diýip, kärhananyň ykdysatçysy Akjagül Gazakowa gürrüň berýär:  — Şondan hem 1750 tonna golaý ýüplük öndürilýär. Mundan başga-da, bu ýerde önümçilik galyndylaryndan mebel pamygy hem taýýarlanylýar. Umuman, fabrigimiz ýylyň dowamynda bökdençsiz iş alyp barmak bilen, bellenilen meýilnamalary doly ýerine ýetirip gelýär.

Bu barada aýdylanda, kärhananyň häzirki dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem üstünlikli işleýändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, bu ýerde şu ýylyň geçen 7 aýynda 917,5 tonna ýüplük öndürilipdir. Bu hem ýylyň oňat netijeler bilen jemleniljekdigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda kärhanada işçi-hünärmenleriň 187-si gös-göni önümçilikde zähmet çekýär. Olaryň esasy böleginiň gelin-gyzlardan ybaratdygyny aýtmak bolar. Şeýle ezber işgärleriň hatarynda topar ýolbaşçylary Şabibi Kuwwatnyýazowa, Tylla Babaýewa, egrijiler Farangiz Mätkerimowa, Altyn Esebaýewa, Aýna Tekäýewa, Bahar Gutlyýewa, Aýgözel Myradowa we beýlekiler bar.

Önümçilikde guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna kärhanada ýokary öndürijilikli enjamlaryň ornaşdyrylmagy uly ýardam berýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde işgärler üçin oňat iş hem-de dynç alyş şertleri döredilipdir. Kärhanada ýörite naharhana işgärlere hyzmat edýär. Mundan başga-da, olaryň arasynda höweslendiriş çäreleri guralýar.

— Hormatly Prezidentimiziň öz öňlerinde goýýan wezipelerinden ugur alyp, bildirýän belent ynamyny ödemäge çalyşýan kärhanamyzyň işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna şu ýylyň 9 aýy üçin bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýärler — diýip, kärhananyň ykdysatçysy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Akjagül Gazakowa sözüniň üstüni ýetirdi: — Şoňa görä-de, olaryň agzybirlikli zähmetleri barha ýokary depgine göterilýär. Munuň hem ýene-de guwandyryjy üstünlikleri getirjekdigine berk ynamymyz bar.

Gutlymyrat AŞYROW,

«Daşoguz habarlary».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37138