2021-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Moskwanyň Gazna biržasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikow we ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň, Ygtyýarlylandyryş we ygtyýarlylandyrmak işine gözegçilik bölüminiň, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (MOEX) wekilleri gatnaşdylar.
Iş duşuşygynyň maksady Moskwanyň Gazna biržasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.
Iş duşuşygynyň başynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikow gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, Russiýaly wekilleri ilki bilen duşuşyga gatnaşýan Türkmen tarapy bilen tanyşdyrdy. Ol öz çykyşynda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gowy esaslarynyň bardygyny we olaryň dürli ykdysady ugurlarda işjeň ösýändigini belledi. Şeýle hem, iki ýurduň gazna biržalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we tejribe alyşmakda gyzyklanmanyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen, ol rus tarapyna söz berdi.
Russiýa Federasiýasynyň tarapyndan Russiýanyň bankynyň halkara hyzmatdaşlyk müdirýetiniň direktorynyň orunbasary Aleksandr Apokin, öz gezeginde, iki ýurduň arasynda bank ulgamynda hyzmatdaşlygyň bankara maslahatlaşmalar, kadalaşdyryjy hukuk esasyny ösdürmek we beýlekiler arkaly örän ýakyndygyny belledi. Mundan başga-da gysgaça Moskwanyň gazna biržasynyň täzelikleri, ýagny GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.
Soňra «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetriji Myrat Saparowa söz berildi. Ol duşuşygynyň dowamynda «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol 2016-njy ýylda «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi we häzirki wagtda onuň işiniň işjeň dowam edýändigini aýtdy.
Soňra Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk bileleşiginiň maliýe bazarlarynyň integrasiýasy boýunça direktory Sergeý Danow, öz gezeginde, Moskwanyň Gazna biržasy topary, ýagny onuň taryhy, düzümi, iş ugurlary, ýerine ýetirýän hyzmatlary barada tanyşdyrylyş görnüşinde giňişleýin gürrüň berdi. Biržanyň esasy ilkinjilikleriň biri öz müşderilerine we hyzmatdaşlaryna ýokary hilli hyzmatlary bermek bolup durýandgyny belläp geçdi. Mundan başga-da, biržanyň dünýäde dürli reýtingler boýunça eýeleýän öňdäki orunlary barada gürrüň berdi. Soňky döwürlerde, pandemiýa bilen bagly hem-de ýokary tehnologiýalaryň ösüşi bilen, müşderileriň köpelýändigini, ýagny hususy müşderileriň sany 14 milliona barabar bolandygyny aýtdy. 2020-nji ýylda biržanyň üsti bilen amala aşyrylan amallaryň möçberi Russiýa Federasiýasynyň jemi içerki önüminiň 9-syna barabar bolandygyny we mundan hem ýokary ösüşlere garaşylýandygyny maglumat hökmünde beýan etdi. Şeýle hem, «Moskwanyň biržasynyň mekdebi» atly maliýe ulgamy boýunça bilim berýän internet sahypasynyň hem-de aktiwleri dolandyrmak boýunça bir penjire hökmünde www.finuslugi.ru internet sahypasynyň bardygyny aýdyp geçdi.
Soňra, GDA ýurtlarynyň halkara biržalar assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Alekseý Kuprin, kommersiýa däl GDA ýurtlarynyň halkara biržalar assosiasiýasy barada gürrüň berdi. Bu assosiasiýanyň düzümine GDA-nyň 10 ýurdunyň 20 guramasy we edarasynyň girýandigini aýdyp, onuň işi bilen tanyşmak hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçiriljek bu assosiasiýasynyň her ýylky ýygnagyna Aşgabat gazna biržasynyň wekillerini gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşyk hoşniýetli we özara bähbitli ugurlar boýunça düşünişmek ýagdaýynda geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi
Garagum sährasyna döwletli döwran dolanyp, onuň bereketli goýnunda taryhy özgerişler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli maksatnamalar bereketli sährany tanalmaz derejede özgerdýär. Munuň şeýledigine häzirki wagtda Garagumuň goýnunda dürli ugurlar boýunça bitirilýän ägirt uly işler doly şaýatlyk edýär. Olaryň biri hem gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň galkynmagynyň ägirt uly maksatnamasyny amala aşyrmagyň hem-de şu günüň we geljegiň dürli durmuş we hojalyk meselelerini çözmegiň başlangyjy bolup durýar.
«Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlaryndaky şor suwuň Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän tebigy Garaşor çöketligine akdyrylmagy netijesindäki köldür.
Lebap welaýatynyň meýdanlaryndan başlanýan Baş şor suw akabasy Mary we Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçip, bu ýerleriň şor suwuny Türkmen kölüne eltýär. Baş şor suw akabasynyň ugrunda 700 million kub metrlik Uly şor, 300 million kub metrlik Rahman köl we 200 million kub metrlik Ýerajy kölleri ýerleşýär. Tebigy çöketligiň ulanylmagy, zeýkeş ulgamynyň, şol sanda döwletara zeý suw akabalarynyň, olaryň ugrundaky kölleriň Garagumda suw damarlaryny emele getirmegi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitleýin ähmiýetini has-da artdyrýar.
Garaşor çöketliginde ýerleşýän Türkmen kölüniň boýy 103, ini 18,6 kilometr, çuňlugy 69 metr bolup, umumy tutýan meýdany 1915,8 inedördül kilometre barabardyr.
Uly gidrotehniki desgalar toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmekdäki orny öňdengörüjilik bilen kesgitlenip, onuň gurluşygyna badalga berildi we gurluşygyň ilkinji tapgyrynyň möhletinden has ir gurlup gutarylmagy gazanyldy. Netijede, 2009-njy ýylyň iýul aýynda oňa suw ýygnanyp başlandy.
Bu ägirt emeli kölüň şor suw akabalarynyň jemi uzynlygy 2 654 kilometre deňdir. Bu bolsa gysga möhletde köp wagty talap edýän iňňän uly işiň ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Kölüň gurluşygynda dünýäniň ösen ýurtlaryndan satyn alnan dürli tehnikalaryň ýüzlerçesi işledilýär.
Gurluşygyň birinji tapgyry 2009-njy ýylda tamamlandy. Bu tapgyr tamamlanandan soň, az wagtyň içinde ýerlerde zeý suwunyň çekilip başlandygyna, Baş şor suw akabalarynyň ugrunda, onuň kölleriniň töwereginde örüleriň giňelip, täzeleriniň döredilýändigi, şor suwda ösýän dürli ösümlikleriň köpelýändigi belli boldy.
Häzir bu taryhy gurluşygyň ikinji tapgyry güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Kölüň gurluşygynyň ikinji we üçünji tapgyrlary tamamlanandan soň, ýurdumyzyň ähli ekerançylyk meýdanlaryny öz içine alýan zeýkeş ulgamyny emele getirmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz ýeri we suwy netijeli ulanmagyň oba hojalyk özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyny şertlendirýändigini belleýär. Ýurdumyzda ekerançylygyň diňe suwarymly esasda alnyp barylýandygy üçin ýeriň hakyky eýesini tapyp, ýeri doly taba getirmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak önümçiligi ösdürmegiň möhüm şerti hasaplanýar.
Türkmen kölüniň baş maksadyna laýyklykda, zeý suwunyň bir ýere jemlenmegi esasynda Türkmenistanyň çäklerinde suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň düýpli gowulanmagyna, ýerasty suwuň çuňluga çekilmegine, şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde oba hojalyk önümlerini öndürmegiň has artmagyna, döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň häzirki wagtda we geljekde yzygiderli ýokary derejede üpjün edilmegine ýardam eder. Suw üpjünçiliginiň gowulanmagy ýurtda maldarçylygy düýpli ösdürer.
Asyryň iri taslamasynyň amala aşyrylmagy zeý suwuny has rejeli peýdalanmaga, ony ägirt uly suw howdany bolan kölde jemlemegiň hasabyna, ýurdumyzyň suw serişdeleriniň möçberiniň ep-esli artmagyna we ony halk hojalygynyň hajatlary üçin ikinji gezek ulanmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2010-njy ýylyň 24-nji martynda gojaman Hazaryň kenarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Forumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň köptaraplaýyn ähmiýetlidigi, daşky gurşawa täsiri, hususan-da, sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata dünýäniň 16 döwletinden alymlaryň we bilermenleriň 180-den gowragy gatnaşdy.
Forumda daşary ýurtly hemem türkmen alymlarynyň ylmy çykyşlary diňlenilip, olarda sebit ähmiýetli bu desganyň döredilmeginiň maksatlary, onuň ugrundaky ýerleriň monitoringi, ekologik deňagramlylyk, tebigaty goramak, kölüň guşlar üçin ähmiýeti, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň, onuň ugrundaky ekin meýdanlaryny döretmegiň ugurlary, Garagumuň biologik dürlüligini artdyrmakdaky, maldarçylygy ösdürmekdäki ähmiýeti, suwy arassalamagyň usullary, balyk hojalygyny ösdürmek, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak, gorag çöl tokaýlaryny döretmek ýaly derwaýys meselelere garaldy. Şeýle-de bu halkara maslahatda esasy meseleleriň biri bolan ekologik ýagdaýy abadanlaşdyrmaga degişli nutuklara köp üns berildi.
Bu kölüň dünýäde iň iri sähralaryň biri bolan Garagum sährasynyň jümmüşinde gurulýandygy, bir tarapdan, ýer üstüniň gurluşynyň bozulmazlygyny üpjün etse, ikinji tarapdan, dürli görnüşli gyrymsy we otjumak, ekologik taýdan ähmiýetli galofil ösümlikleriň şorlaşan ýerleriň töwereginde ösüp ýetişmegine mümkinçilik berer. Guşlaryň uçup gelmegi we ýaşamagy üçin amatly şertler dörär, olaryň görnüşleri we sany köpeler. Tebigatymyz gözelleşer, Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsi baýlaşar. Awçylygyň, sähra syýahatçylygynyň ösmegine getirer. Bu özgertmeler, öz gezeginde daşky gurşawa amatly täsir eder. Tomsuna jöwzaly yssyny, gyşyna aňzagy kadalaşdyrar. Türkmenistanyň umumy ekologik ýagdaýy has-da gowulanar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesil üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna, ilat üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini döretmek hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken Karary bilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Konsepsiýanyň esasy maksady kölüň suwuny adamlaryň bähbidi üçin peýdalanmakdan, Garagum sährasyny mundan beýläk-de özleşdirmek bilen, sebitde ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakdan, goşmaça iş orunlaryny, tokaý zolaklaryny döretmekden, öri meýdanlaryny giňeltmekden we onuň ot-iýmlik goruny artdyrmakdan, maldarçylygy ösdürmekden ybaratdyr. Bu Konsepsiýa howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine durnuklylygyny ýokarlandyrmakda, howanyň duýulýan we garaşylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça bellenen wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar.
Konsepsiýanyň esasy wezipeleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap suw hojalyk desgalaryny gurmak, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak arkaly, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde ilatly ýerleri döretmekden, olary döwrebaplaşdyrmakdan hem-de suw, elektrik energiýasy we gaz bilen durnukly üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Konsepsiýany iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Birinji tapgyrda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze, döwrebap obada Geňeşiň edara binasynyň, Polisiýanyň we ýangyna garşy göreş gullugynyň jaýynyň, 260 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, medeniýet öýüniň, Saglyk merkeziniň, 80 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, suw süýjediji desganyň, lagym suwuny süzüji meýdançanyň, lagym sorujy bekediň, kuwwaty 10 MWt bolan Gün we ýel utgaşdyrylan elektrik bekediniň, seýilgähiň, elektrik, gaz, lagym geçirijileriniň, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki eltiji inžener ulgamlarynyň, awtoulag ýollarynyň gurluşyklary meýilleşdirilen. Bulardan başga-da birnäçe gurluşyklar göz öňünde tutulan.
Türkmen kölüniň golaýynda gurulmagy göz öňünde tutulýan balykçylyk hojalygy ilatyň balyk önümlerine islegini kanagatlandyrmaga we goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.
Sebitde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň ýokarlanmagyna, ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, kölüň suwunyň arassalanmagyna hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglary yzygiderli geçirmek üçin tejribehanany döretmek we enjamlaşdyrmak işleri hem birinji tapgyrda amala aşyrylar.
Ikinji tapgyrda obanyň içerki ýollarynyň, elektrik, gaz, agyz suwy we lagym geçiriji ulgamlarynyň, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki eltiji inžener ulgamlarynyň, 132 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary meýilleşdirilen.
Göz öňünde tutulýan işler Döwlet býujetiniň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hasabyna, seýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz we karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler.
Häzirki wagtda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze, döwrebap oba barýan awtoulag ýolunyň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin iňňän uly ähmiýeti bolan «Altyn asyr» Türkmen kölümiz beýik işlerimiziň ajaýyp miwesidir, milletimiziň buýsanjydyr» diýip bellemek bilen, bu kölüň geljekde ýurdumyzda suw bolçulygyny döredip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany gülletmäge, halk hojalygyny ösdürmäge, şeýle hem sebitiň ekologiýa ýagdaýyna amatly täsir etjek halkara ähmiýetli desgadygyny nygtaýar.
Balahmet ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň sebitler boýunça ösüş bölüminiň baş hünärmeni.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37800
Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de elektron senagaty ösdürmek arkaly ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwlete öwürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri we täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan ýokary ykdysady netijeler kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu resminamanyň baş maksady öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, öz baýlyklarymyzyň esasynda dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetmäge gönükdirilen milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrylan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmagy dowam etmek, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak bolup durýar.
Bazar gatnaşyklaryna giňden geçilýän döwürde innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň we elektron senagatyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şundan ugur alnyp, Prezident maksatnamasynda ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine uly orun berilýär. Bu möhüm işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Konsepsiýany amala aşyrmagyň ikinji tapgyry dowam edýär. Bu tapgyrda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we onuň sazlaşykly işini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.
Prezident maksatnamasyna laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda maglumatlaryň toplanmagyny, olaryň elektron görnüşde özara alşylmagyny, saklanmagyny we gaýtadan işlenmegini üpjün edýän aragatnaşyk hem-de internet ulgamlarynyň, maglumatlary işleýiş merkezleriniň ösdürilmegine, şeýle hem maglumatlar bilen işlemegiň sanly platformasynyň döredilmegine uly üns berilýär.
Konsepsiýany ýerine ýetirmegiň üçünji tapgyrynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini dowam etdirmek hem-de bellenen wezipeleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meýilleşdirilýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy býujet serişdelerine takyk gözegçiligi hem-de netijeli dolandyryşy üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň (MMDDU) döredilmegine ýardam eder. Onuň esasy artykmaçlygy — awtomatlaşdyrmagyň hasabyna maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrar. Býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek we hasabatlylygy düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň takyklygyny — ýokary hilini üpjün eder. Sanly ykdysadyýet şertlerinde işiň döwrebap guralmagy üçin statistika ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna üns berlip, statistik maglumatlary ýygnamagyň, geçirmegiň we işlemegiň häzirki zaman kämil usullaryny özleşdirmek işlerine artykmaçlyk berler.
Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, onuň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmäge, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, harajatlary we wagty tygşytlamaga ýardam berer.
Senagat pudaklarynda sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uglewodorod serişdelerini hem-de magdanlary gözlemegi, gazyp almagy we gaýtadan işlemegi dolandyrmagyň netijeliligini, hasabatlylygyň takyklygyny ýokarlandyrmaga, ýitgileri azaltmaga, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň howpsuzlygyny gowulandyrmaga ýardam berer.
Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen hyzmatlaryň hili gowulanar. Olaryň görnüşi köpeler. Üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi artdyrylar. Sanly dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy ulaglaryň ähli görnüşiniň hereketiniň hakyky wagt birliginde, awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylmagyna giň mümkinçilikleri açar. Şeýle hem ulgamyň işinde dörän näsazlyklary dessin ýüze çykarmaga we netijeli çözgütleri kabul etmäge şert döreder.
Sanly ykdysadyýete geçmekde aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde kämil maglumat geçiriş ulgamyny gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu ulgam ýurdumyzda elektron söwda hyzmatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna, elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmegine, maglumat geçirijiliginiň we önümçiligiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.
Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilýän döwürde gurluşyk we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy (ÝJJH) ulgamynyň sanly özgerdilmegi gozgalmaýan emläge degişli binalary we desgalary taslamagyň, gurmagyň, ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ilatly ýerleri meýilnamalaşdyrmagyň, ýaşaýyş jaý gaznasynyň, ÝJJH ulgamynda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdiriler.
Sanly ykdysadyýetde elektroenergetika pudagynda amala aşyryljak özgertmeler, esasan, ilatly ýerleriň energoüpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyny, netijeliligini ýokarlandyrmaga, energiýa serişdeleriniň peýdalanylyşy baradaky maglumatlaryň uzak aralykda ýerleşýän enjamlardan elektron görnüşde toplanmagyny, seljerilmegini, özara alşylmagyny gowulandyrmaga, ýitgileri we harajatlary azaltmaga, şeýle hem energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdiriler. Sanly intellektual tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribeleriň oba hojalygynda giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiligini artdyrmaga, oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga, ýitgileri we harajatlary peseltmäge, pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga, durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berer. Ekerançylykda döredijilikli çemeleşmeler meýdan işlerini has netijeli meýilleşdirmäge mümkinçilik döreder. Akylly (smart) tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mallaryň baş sanyna gözegçiligi amala aşyrmaga, sürüleri netijeli dolandyrmaga, ýyladyşhanalaryň özbaşdak işini üpjün etmäge, sanly gurşawda harajatlaryň hasabatyny we seljermesini alyp barmaga şert döreder.
Söwda we hyzmatlar ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky kärhanalaryň esasy işini awtomatlaşdyrmagy, söwda dolanyşygyny, önümleriň, hyzmatlaryň elýeterliligini gazanmaga, ulgamyň jemi içerki önümdäki paýyny artdyrmaga gönükdiriler. Sanly bilimi ösdürmek, hünäre gönükdirmek ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatda goşmaça bilimleri girizmek ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligi gowulandyrmaga ýardam berer. Sanly ykdysadyýetiň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün eder. Sanly gurşawda ylmyň ösdürilmegi innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap usullaryň we öňdebaryjy tejribeleriň döremegini şertlendirýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýan uly taslamalaryň, döwrebap senagat önümçiliginiň ylmy esaslaryny kesgitlemäge ýardam berer.
Sanly saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi lukmançylyk hyzmatlarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, şahsyýetleşdirilmegini, howpsuzlygyny maksat edinmek bilen, bu edaralaryň, lukmanlaryň, näsaglaryň peýdalanmagyny göz öňünde tutýan ýokary hilli sanly lukmançylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Bitewi lukmançylyk maglumat-seljeriş ulgamynyň ornaşdyrylmagy elektron bellige alyş, immuno-öňüni alyş, elektron lukmançylyk karty, anyklaýyş, gündizleýin bejergi alýan näsaglaryň hereketiniň, şeýle-de enelik, ýeňillikli goýberilýän derman serişdeleriniň hasabatlary, internet ulgamynyň üsti bilen raýatlaryň gije-gündiziň dowamynda lukmanyň gözegçiligine ýazylmagy ýaly hyzmatlary döwrebap ýola goýmaga şert döreder.
Medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky edaralaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, beýleki medeni ojaklaryň maksatlaýyn işini döwrebap guramak bilen, jemgyýetiň elektron maglumat tehnologiýalaryndan habarly medeniýetini kemala getirmegi, sanly gurşawda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegi, elektron kitaphana ulgamynyň elektron kitap goruny artdyrmagy, ýurdumyza gelmäge isleg bildirýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ýüz tutmalaryny elektron ulgam arkaly amala aşyrmak işini has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär. Şeýle hem sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän we halkymyza peşgeş berlen kitaplaryň elektron görnüşlerini dünýä ýaýmak boýunça çäreler amala aşyrylar.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlaryny döretmäge, sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň, obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly mümkinçilikleri açar.
Seidnur JAPBAROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasat müdirliginiň sebitler boýunça ösüş bölüminiň başlygy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37382