Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki birža boýunça «NASDAQ DUBAI» şereketiniň ýolbaşçylary bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen iş duşuşygy

2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki birža boýunça «NASDAQ DUBAI» şereketiniň ýolbaşçylary bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça döwlet we milli maksatnamalar kabul edildi.«Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» şeýle-de 2014-nji ýylda kabul edilen «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy.Bu hukuk namalary ýurdumyzda maliýe bazarynyň düzgünlerini we aýratynlyklaryny özünde jemleýär.2016-njy ýylda «Aşgabat gazna biržasy» esaslandyryldy.Bu maliýe ulgamy geljekde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ownuk we iri maýadarlarynyň pul serişdelerini bir ýere çekmekde uly mümkinçilikleri döreder.

Iş duşuşygynyň maksady birža ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşyk hoşniýetli we özara bähbitli ugurlar boýunça düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi