Türkmen köli — asyryň iri taslamasy

Garagum sährasyna döwletli döwran dolanyp, onuň bereketli goýnunda taryhy özgerişler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli maksatnamalar bereketli sährany tanalmaz derejede özgerdýär. Munuň şeýledigine häzirki wagtda Garagumuň goýnunda dürli ugurlar boýunça bitirilýän ägirt uly işler doly şaýatlyk edýär. Olaryň biri hem gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň galkynmagynyň ägirt uly maksatnamasyny amala aşyrmagyň hem-de şu günüň we geljegiň dürli durmuş we hojalyk meselelerini çözmegiň başlangyjy bolup durýar.

«Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlaryndaky şor suwuň Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän tebigy Garaşor çöketligine akdyrylmagy netijesindäki köldür.

Lebap welaýatynyň meýdanlaryndan başlanýan Baş şor suw akabasy Mary we Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçip, bu ýerleriň şor suwuny Türkmen kölüne eltýär. Baş şor suw akabasynyň ugrunda 700 million kub metrlik Uly şor, 300 million kub metrlik Rahman köl we 200 million kub metrlik Ýerajy kölleri ýerleşýär. Tebigy çöketligiň ulanylmagy, zeýkeş ulgamynyň, şol sanda döwletara zeý suw akabalarynyň, olaryň ugrundaky kölleriň Garagumda suw damarlaryny emele getirmegi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitleýin ähmiýetini has-da artdyrýar.

Garaşor çöketliginde ýerleşýän Türkmen kölüniň boýy 103, ini 18,6 kilometr, çuňlugy 69 metr bolup, umumy tutýan meýdany 1915,8 inedördül kilometre barabardyr.

Uly gidrotehniki desgalar toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmekdäki orny öňdengörüjilik bilen kesgitlenip, onuň gurluşygyna badalga berildi we gurluşygyň ilkinji tapgyrynyň möhletinden has ir gurlup gutarylmagy gazanyldy. Netijede, 2009-njy ýylyň iýul aýynda oňa suw ýygnanyp başlandy.

Bu ägirt emeli kölüň şor suw akabalarynyň jemi uzynlygy 2 654 kilometre deňdir. Bu bolsa gysga möhletde köp wagty talap edýän iňňän uly işiň ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Kölüň gurluşygynda dünýäniň ösen ýurtlaryndan satyn alnan dürli tehnikalaryň ýüzlerçesi işledilýär.

Gurluşygyň birinji tapgyry 2009-njy ýylda tamamlandy. Bu tapgyr tamamlanandan soň, az wagtyň içinde ýerlerde zeý suwunyň çekilip başlandygyna, Baş şor suw akabalarynyň ugrunda, onuň kölleriniň töwereginde örüleriň giňelip, täzeleriniň döredilýändigi, şor suwda ösýän dürli ösümlikleriň köpelýändigi belli boldy.

Häzir bu taryhy gurluşygyň ikinji tapgyry güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Kölüň gurluşygynyň ikinji we üçünji tapgyrlary tamamlanandan soň, ýurdumyzyň ähli ekerançylyk meýdanlaryny öz içine alýan zeýkeş ulgamyny emele getirmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz ýeri we suwy netijeli ulanmagyň oba hojalyk özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyny şertlendirýändigini belleýär. Ýurdumyzda ekerançylygyň diňe suwarymly esasda alnyp barylýandygy üçin ýeriň hakyky eýesini tapyp, ýeri doly taba getirmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak önümçiligi ösdürmegiň möhüm şerti hasaplanýar.

Türkmen kölüniň baş maksadyna laýyklykda, zeý suwunyň bir ýere jemlenmegi esasynda Türkmenistanyň çäklerinde suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň düýpli gowulanmagyna, ýerasty suwuň çuňluga çekilmegine, şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde oba hojalyk önümlerini öndürmegiň has artmagyna, döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň häzirki wagtda we geljekde yzygiderli ýokary derejede üpjün edilmegine ýardam eder. Suw üpjünçiliginiň gowulanmagy ýurtda maldarçylygy düýpli ösdürer.

Asyryň iri taslamasynyň amala aşyrylmagy zeý suwuny has rejeli peýdalanmaga, ony ägirt uly suw howdany bolan kölde jemlemegiň hasabyna, ýurdumyzyň suw serişdeleriniň möçberiniň ep-esli artmagyna we ony halk hojalygynyň hajatlary üçin ikinji gezek ulanmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2010-njy ýylyň 24-nji martynda gojaman Hazaryň kenarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Forumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň köptaraplaýyn ähmiýetlidigi, daşky gurşawa täsiri, hususan-da, sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata dünýäniň 16 döwletinden alymlaryň we bilermenleriň 180-den gowragy gatnaşdy.

Forumda daşary ýurtly hemem türkmen alymlarynyň ylmy çykyşlary diňlenilip, olarda sebit ähmiýetli bu desganyň döredilmeginiň maksatlary, onuň ugrundaky ýerleriň monitoringi, ekologik deňagramlylyk, tebigaty goramak, kölüň guşlar üçin ähmiýeti, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň, onuň ugrundaky ekin meýdanlaryny döretmegiň ugurlary, Garagumuň biologik dürlüligini artdyrmakdaky, maldarçylygy ösdürmekdäki ähmiýeti, suwy arassalamagyň usullary, balyk hojalygyny ösdürmek, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak, gorag çöl tokaýlaryny döretmek ýaly derwaýys meselelere garaldy. Şeýle-de bu halkara maslahatda esasy meseleleriň biri bolan ekologik ýagdaýy abadanlaşdyrmaga degişli nutuklara köp üns berildi.

Bu kölüň dünýäde iň iri sähralaryň biri bolan Garagum sährasynyň jümmüşinde gurulýandygy, bir tarapdan, ýer üstüniň gurluşynyň bozulmazlygyny üpjün etse, ikinji tarapdan, dürli görnüşli gyrymsy we otjumak, ekologik taýdan ähmiýetli galofil ösümlikleriň şorlaşan ýerleriň töwereginde ösüp ýetişmegine mümkinçilik berer. Guşlaryň uçup gelmegi we ýaşamagy üçin amatly şertler dörär, olaryň görnüşleri we sany köpeler. Tebigatymyz gözelleşer, Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsi baýlaşar. Awçylygyň, sähra syýahatçylygynyň ösmegine getirer. Bu özgertmeler, öz gezeginde daşky gurşawa amatly täsir eder. Tomsuna jöwzaly yssyny, gyşyna aňzagy kadalaşdyrar. Türkmenistanyň umumy ekologik ýagdaýy has-da gowulanar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesil üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna, ilat üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini döretmek hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken Karary bilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Konsepsiýanyň esasy maksady kölüň suwuny adamlaryň bähbidi üçin peýdalanmakdan, Garagum sährasyny mundan beýläk-de özleşdirmek bilen, sebitde ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakdan, goşmaça iş orunlaryny, tokaý zolaklaryny döretmekden, öri meýdanlaryny giňeltmekden we onuň ot-iýmlik goruny artdyrmakdan, maldarçylygy ösdürmekden ybaratdyr. Bu Konsepsiýa howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine durnuklylygyny ýokarlandyrmakda, howanyň duýulýan we garaşylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça bellenen wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar.

Konsepsiýanyň esasy wezipeleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap suw hojalyk desgalaryny gurmak, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak arkaly, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde ilatly ýerleri döretmekden, olary döwrebaplaşdyrmakdan hem-de suw, elektrik energiýasy we gaz bilen durnukly üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Konsepsiýany iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Birinji tapgyrda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze, döwrebap obada Geňeşiň edara binasynyň, Polisiýanyň we ýangyna garşy göreş gullugynyň jaýynyň, 260 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, medeniýet öýüniň, Saglyk merkeziniň, 80 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, suw süýjediji desganyň, lagym suwuny süzüji meýdançanyň, lagym sorujy bekediň, kuwwaty 10 MWt bolan Gün we ýel utgaşdyrylan elektrik bekediniň, seýilgähiň, elektrik, gaz, lagym geçirijileriniň, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki eltiji inžener ulgamlarynyň, awtoulag ýollarynyň gurluşyklary meýilleşdirilen. Bulardan başga-da birnäçe gurluşyklar göz öňünde tutulan.

Türkmen kölüniň golaýynda gurulmagy göz öňünde tutulýan balykçylyk hojalygy ilatyň balyk önümlerine islegini kanagatlandyrmaga we goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

Sebitde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň ýokarlanmagyna, ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, kölüň suwunyň arassalanmagyna hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglary yzygiderli geçirmek üçin tejribehanany döretmek we enjamlaşdyrmak işleri hem birinji tapgyrda amala aşyrylar.

Ikinji tapgyrda obanyň içerki ýollarynyň, elektrik, gaz, agyz suwy we lagym geçiriji ulgamlarynyň, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki eltiji inžener ulgamlarynyň, 132 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary meýilleşdirilen.

Göz öňünde tutulýan işler Döwlet býujetiniň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hasabyna, seýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz we karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler.

Häzirki wagtda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze, döwrebap oba barýan awtoulag ýolunyň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin iňňän uly ähmiýeti bolan «Altyn asyr» Türkmen kölümiz beýik işlerimiziň ajaýyp miwesidir, milletimiziň buýsanjydyr» diýip bellemek bilen, bu kölüň geljekde ýurdumyzda suw bolçulygyny döredip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany gülletmäge, halk hojalygyny ösdürmäge, şeýle hem sebitiň ekologiýa ýagdaýyna amatly täsir etjek halkara ähmiýetli desgadygyny nygtaýar.

Balahmet ÝAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň sebitler boýunça ösüş bölüminiň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37800