Sanly ykdysadyýet we döwrebap hyzmatlar

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de elektron senagaty ösdürmek arkaly ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwlete öwürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri we täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan ýokary ykdysady netijeler kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu resminamanyň baş maksady öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, öz baýlyklarymyzyň esasynda dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetmäge gönükdirilen milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrylan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmagy dowam etmek, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak bolup durýar.

Bazar gatnaşyklaryna giňden geçilýän döwürde innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň we elektron senagatyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şundan ugur alnyp, Prezident maksatnamasynda ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine uly orun berilýär. Bu möhüm işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Konsepsiýany amala aşyrmagyň ikinji tapgyry dowam edýär. Bu tapgyrda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we onuň sazlaşykly işini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.

Prezident maksatnamasyna laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda maglumatlaryň toplanmagyny, olaryň elektron görnüşde özara alşylmagyny, saklanmagyny we gaýtadan işlenmegini üpjün edýän aragatnaşyk hem-de internet ulgamlarynyň, maglumatlary işleýiş merkezleriniň ösdürilmegine, şeýle hem maglumatlar bilen işlemegiň sanly platformasynyň döredilmegine uly üns berilýär.

Konsepsiýany ýerine ýetirmegiň üçünji tapgyrynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini dowam etdirmek hem-de bellenen wezipeleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meýilleşdirilýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy býujet serişdelerine takyk gözegçiligi hem-de netijeli dolandyryşy üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň (MMDDU) döredilmegine ýardam eder. Onuň esasy artykmaçlygy — awtomatlaşdyrmagyň hasabyna maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrar. Býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek we hasabatlylygy düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň takyklygyny — ýokary hilini üpjün eder. Sanly ykdysadyýet şertlerinde işiň döwrebap guralmagy üçin statistika ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna üns berlip, statistik maglumatlary ýygnamagyň, geçirmegiň we işlemegiň häzirki zaman kämil usullaryny özleşdirmek işlerine artykmaçlyk berler.

Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, onuň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmäge, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, harajatlary we wagty tygşytlamaga ýardam berer.

Senagat pudaklarynda sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uglewodorod serişdelerini hem-de magdanlary gözlemegi, gazyp almagy we gaýtadan işlemegi dolandyrmagyň netijeliligini, hasabatlylygyň takyklygyny ýokarlandyrmaga, ýitgileri azaltmaga, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň howpsuzlygyny gowulandyrmaga ýardam berer.

Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen hyzmatlaryň hili gowulanar. Olaryň görnüşi köpeler. Üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi artdyrylar. Sanly dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy ulaglaryň ähli görnüşiniň hereketiniň hakyky wagt birliginde, awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylmagyna giň mümkinçilikleri açar. Şeýle hem ulgamyň işinde dörän näsazlyklary dessin ýüze çykarmaga we netijeli çözgütleri kabul etmäge şert döreder.

Sanly ykdysadyýete geçmekde aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde kämil maglumat geçiriş ulgamyny gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu ulgam ýurdumyzda elektron söwda hyzmatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna, elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmegine, maglumat geçirijiliginiň we önümçiligiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilýän döwürde gurluşyk we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy (ÝJJH) ulgamynyň sanly özgerdilmegi gozgalmaýan emläge degişli binalary we desgalary taslamagyň, gurmagyň, ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ilatly ýerleri meýilnamalaşdyrmagyň, ýaşaýyş jaý gaznasynyň, ÝJJH ulgamynda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdiriler.

Sanly ykdysadyýetde elektroenergetika pudagynda amala aşyryljak özgertmeler, esasan, ilatly ýerleriň energoüpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyny, netijeliligini ýokarlandyrmaga, energiýa serişdeleriniň peýdalanylyşy baradaky maglumatlaryň uzak aralykda ýerleşýän enjamlardan elektron görnüşde toplanmagyny, seljerilmegini, özara alşylmagyny gowulandyrmaga, ýitgileri we harajatlary azaltmaga, şeýle hem energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdiriler. Sanly intellektual tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribeleriň oba hojalygynda giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiligini artdyrmaga, oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga, ýitgileri we harajatlary peseltmäge, pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga, durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berer. Ekerançylykda döredijilikli çemeleşmeler meýdan işlerini has netijeli meýilleşdirmäge mümkinçilik döreder. Akylly (smart) tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mallaryň baş sanyna gözegçiligi amala aşyrmaga, sürüleri netijeli dolandyrmaga, ýyladyşhanalaryň özbaşdak işini üpjün etmäge, sanly gurşawda harajatlaryň hasabatyny we seljermesini alyp barmaga şert döreder.

Söwda we hyzmatlar ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky kärhanalaryň esasy işini awtomatlaşdyrmagy, söwda dolanyşygyny, önümleriň, hyzmatlaryň elýeterliligini gazanmaga, ulgamyň jemi içerki önümdäki paýyny artdyrmaga gönükdiriler. Sanly bilimi ösdürmek, hünäre gönükdirmek ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatda goşmaça bilimleri girizmek ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligi gowulandyrmaga ýardam berer. Sanly ykdysadyýetiň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün eder. Sanly gurşawda ylmyň ösdürilmegi innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap usullaryň we öňdebaryjy tejribeleriň döremegini şertlendirýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýan uly taslamalaryň, döwrebap senagat önümçiliginiň ylmy esaslaryny kesgitlemäge ýardam berer.

Sanly saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi lukmançylyk hyzmatlarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, şahsyýetleşdirilmegini, howpsuzlygyny maksat edinmek bilen, bu edaralaryň, lukmanlaryň, näsaglaryň peýdalanmagyny göz öňünde tutýan ýokary hilli sanly lukmançylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Bitewi lukmançylyk maglumat-seljeriş ulgamynyň ornaşdyrylmagy elektron bellige alyş, immuno-öňüni alyş, elektron lukmançylyk karty, anyklaýyş, gündizleýin bejergi alýan näsaglaryň hereketiniň, şeýle-de enelik, ýeňillikli goýberilýän derman serişdeleriniň hasabatlary, internet ulgamynyň üsti bilen raýatlaryň gije-gündiziň dowamynda lukmanyň gözegçiligine ýazylmagy ýaly hyzmatlary döwrebap ýola goýmaga şert döreder.

Medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky edaralaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, beýleki medeni ojaklaryň maksatlaýyn işini döwrebap guramak bilen, jemgyýetiň elektron maglumat tehnologiýalaryndan habarly medeniýetini kemala getirmegi, sanly gurşawda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegi, elektron kitaphana ulgamynyň elektron kitap goruny artdyrmagy, ýurdumyza gelmäge isleg bildirýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ýüz tutmalaryny elektron ulgam arkaly amala aşyrmak işini has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär. Şeýle hem sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän we halkymyza peşgeş berlen kitaplaryň elektron görnüşlerini dünýä ýaýmak boýunça çäreler amala aşyrylar.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlaryny döretmäge, sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň, obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly mümkinçilikleri açar.

Seidnur JAPBAROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasat müdirliginiň sebitler boýunça ösüş bölüminiň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37382