2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasyna agza döwletleriniň Milli utgaşdyryjylarynyň duşuşygy geçirildi we oňa Türkmenistandan CAREC maksatnamasy boýunça Milli utgaşdyryjy – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow gatnaşdy.
Bu duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň we beýleki halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda CAREC Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli Saglyk ulgamynyň hyzmatdaşlyk boýunça baş ýörelgesiniň we 2030-njy ýyla çenli Sanly ulgam boýunça baş ýörelgesiniň taslamalary boýunça pikir alyşmalar boldy we olar boýunça öňde durýan wezipeler ara alyp maslahatlaşylandan soň, olary şu ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 20-nji Ministrler maslahatynda makullamak barada netijä gelindi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda CAREC Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli baş ýörelgesiniň netijeleriniň ösüşi boýunça hasabaty, Sebitleýin infrastruktura taslamalaryna ýardam etmek ulgamynyň konsepsiýasy boýunça, «CAREC maksatnamasynyň suw bölegini işläp düzmek» atly sebitleýin tehniki kömek taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler boýunça hasabatlar diňlenildi we duşuşyga gatnaşanlar tarapyndan olar boýunça garaýyşlar beýan edildi.
CAREC maksatnamasy boýunça Milli utgaşdyryjylar tarapyndan (şol sanda Türkmenistandan CAREC maksatnamasy boýunça Milli utgaşdyryjysy –Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow tarapyndan) ýokarda görkezilen duşuşygyň mowzuklary boýunça öz tekliplerini we garaýyşlaryny beýan etdiler.
Mejlisiň dowymynda CAREC maksatnamasynyň sekretariatynyň wekilleri şu ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 20-nji Ministrler maslahatynyň mowzugy we düzümi barada maglumatlary birek-birek bilen paýlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi