2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda «JCB Sales Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.
Iş duşuşygynyň esasy maksady «JCB Sales Ltd.» kompaniýasynyň ýer gazýan tehnikalaryny satyn almak hem-de olary maliýeleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Filpot öz giriş sözleri bilen çykyş etdiler.
Ministr Muhammetgeldi Serdarow, öz çykyşynda kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge, ýurdumyzda kompaniýa tarapyndan sebitleýin okuw merkezini gurmak bilen bagly teklibi boýunça gyzyklanmanyň bardygyny aýtdy.
Şeýle hem, şu ýylyň 12-nji martynda gol çekilen «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» laýyklykda, «JCB Sales Ltd.» kompaniýasy bilen degişli işleriň alnyp barylýandygy barada beýan edildi.
Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda gol çekilen «Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna» laýyklykda, «JCB Sales Limited» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň zerurlyklary üçin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Ilçi Hýu Filpot öz çykyşynda bu taslamanyň iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin wajypdygyny belläp geçdi, şeýle hem taslamalar bilen bagly degişli şertnamalara ýakyn wagtda gol çekiljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdirýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow, öz çykyşynda, bank tarapyndan daşary ýurt karzlar bilen bagly gysgaça maglumatlary beýan etdi hem-de ýurdumyz bilen kompaniýanyň we «UK Export Finance» döwlet karz-eksport agentliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk iki tarap üçin hem peýdaly boljakdygyna ynam bildirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Joşmyrat Sedekow, öz çykyşynda, ýurdumyzyň suw hojalygynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, bu işleri durmuşa geçirmek üçin satyn alynýan tehnikalaryň synagdan geçirilýändigini aýtdy. Mundan başga-da, bu kompaniýa degişli taslamany durmuşa geçirmezden öň, onuň önümlerini ýurdumyzyň toprak we howa şertlerinde synagdan geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem hünärmen taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge we degişli maslahatlaşmalary geçirmäge taýýardygy barada aýtdy.
Britan tarapyndan ýurdumyzda JCB kompaniýasynyň sebitleýin okuw merkezini gurmak boýunça taslamanyň oňyn çözülmegine garaşylýandygy barada bellenip geçildi we ýüzbe-ýüz duşuşyp bu meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip umyt edildi.
Gepleşikleriň ahyrynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz ahyrky sözi bilen bu gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigini nygtady we iş duşuşygyny jemledi.
Iş duşuşygy hoşniýetli we özara bähbitli ugurlar boýunça düşünişmek ýagdaýynda geçdi.
Iş duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi