Täzelikler
Okgunly ösüşleriň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň hem baş maksady halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri barada berlen hasabatlar hem milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak syýasaty bilen utgaşýandygyny tassyklaýar.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanylýar. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň 6,3 göterim, jemi öndürilen önümiň 7,8 göterim ýokarlanandygyny, senagat pudagynda 4,3 göterim, gurluşykda 2 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda 4,4 göterim, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygynda 10,9 göterim ösüş gazanylandygyny aýan edýär.

Döwlet býujetiniň uly böleginiň ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge sarp edilýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artyp, jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň boldy. Maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Bular ýöne bir sanlar däl-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini we şol ösüşiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini tassyklaýan görkezijilerdir.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň netijesinde şol mümkinçilikler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň dowamynda 80 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň we 8,3 million tonnadan gowrak nebitiň çykarylandygynyň, şeýle hem 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň 30,1 göterim, suwuklandyrylan gazyň 1,1 göterim, kerosiniň 0,6 göterim, aýna listiniň 15,6 göterim, sementiň 0,8 göterim, çig ýüpegiň 17,1 göterim, tikinçilik we örme önümleriniň 8,9 göterim köp öndürilendigi, dürli görnüşli azyk harytlarynyň önümçiliginde oňyn görkezijileriň gazanylandygy barada habar berilmegi hem ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň rowaçlyga beslenýändigini görkezýär.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekmegi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň nobatdaky tapgyryny öz içine alýar. Bu resminamada şu ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny has-da artdyrmak, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň dünýä hojalygynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek ýaly asylly maksatlarymyzyň myradyna ýetmegine ýardam eder.

Iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady galkynyşy halkara guramalar tarapyndan hem ykrar edilýär. Karz we maliýe bazarlary bilen baglanyşykly barlag-seljeriş işleri hem-de ykdysady maglumatlar boýunça ýöriteleşen iri halkara agentlikleriň biri bolan «Fitch Ratings» häzirki wagtda Türkmenistana ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny tassyklaýan, uzakmöhletleýin çaklama esaslanýan «B+durnukly» derejesini berýär. Şunuň ýaly ykrarnamalar Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýän we dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýan ýurtlaryň biridigini äşgär edýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

20.02.2024
Ykdysadyýetiň berk binýady

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Giňişleýin mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şular ýaly oýlanyşykly we ölçegli işlenip düzülen maksatnama islendik başlangyjyň üstünlige beslenmeginde ilkinji şertdir. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi hem dogry işlenip düzülen strategik maksatnamalara baglydyr. Belent maksada uzaýan uly ýol hem menzilleri aşylyp, tapgyrma-tapgyr geçilýär. Ykdysadyýetde hem uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň rowaçlyga beslenmegi üçin gysga möhletli maliýe-ykdysady resminamalar işlenip taýýarlanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, gysga döwre niýetlenen nobatdaky resminamanyň, ýagny Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň taslamalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagyna we halkara abraýynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşar. 2024-nji ýyl üçin ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasy senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, täze kärhanalaryň işleriniň ýola goýulmagyna, azyk üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýär. Geçmişde akyldarlaryň biri: «Maňa öz islegiňi aýt. Şonda men seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýipdir. Ýurdumyzyň ykdysady ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan maksatlar hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda öz öňünde belent maksatlary goýýan kuwwatly döwletdigini äşgär edýär.

Eziz Watanymyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmek, innowasion önümçilikleri döretmek, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, pudaklara «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, adam maýasyny kämilleşdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin maýa goýum syýasaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

15.02.2024
Dürler hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz 2024-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge düýpli taýýarlyk görülýär. Onuň çäklerinde türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygyndan aýdyň mysaldyr.

Her halkyň geçmişde döreden gymmatlyklary bolýar. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Biz şu ýerde, esasan hem, akyldar şahyrymyzyň goşgularynda kämillik barada beýan edilen ýagdaýlara üns bermegi göz öňünde tutduk. Pähim-paýhasa ýugrulan goşgularda, ilki bilen nädip kämil adam bolup ýetişmelidigi barada aýdylýar. Milletleriň ruhy baýlyklary bilen Ýer ýüzünde ýagşylyklaryň köpelmegi, adamlaryň jebisliginiň hergiz üzülmezligi gazanylýar.

Şahyryň filosofik-ahlak ygtykadyna görä, adam bolup dünýä inmegiň özi hem tebigatyň beren taýsyz peşgeşi. Hut şonuň üçin — adam bolandygy üçin, her kim mydama edep kämilligine ymtylmaga, ahlak ruhuny sap saklap, ynsanlykdan gaçyrýan meýillerden, ýaramaz işlerden daş durmaga borçludyr.

Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Andan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Adamkärçilik biziň milletimiziň ruhy esasy bolup durýar. Ol her bir türkmeniň ganyna we aňyna ornan esasy ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Adam üçin iň esasy borç adamkärçilik kadalaryna ygrarly bolmakdyr. At, dereje, baýlyk adamy üýtgetmeýär, sebäbi adamkärçilik olardan has ýokary mertebedir. Adamkärçilik taglymatlaryna ygrarlylyk ynsan ählini bitewüleşdirýär» diýip belleýär. Türkmenistan bu ugurda, esasan, aýgytlaýjy teklipleri öňe sürmek bilen, parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak, gatnaşyklar medeniýetini pugtalandyrmak, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmak ýaly iňňän derwaýys meselelerde uly işleri bitirýär.

Meýlismyrat SAPAROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

13.02.2024
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär

Ministrler Kabinetiniň 2-nji fewralda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň» çäklerinde ykdysady ulgamda geçirilen işler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady, 3-nji tapgyr» atly taslamanyň gutarnykly görnüşine gol çekmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlary üçin kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, 2019 — 2023-nji ýyllarda alnyp barlan işler barada maglumat berildi. Ýokarda agzalan resminama laýyklykda, 2024-2025-nji ýyllarda taslamanyň üçünji tapgyrynda Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmekde, hasabatlylygy alyp barmakda we gözegçilik etmekde, maliýe esaslaryny berkitmek ulgamynda halkara tejribäni öwrenmekde bilelikdäki işleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselesi boýunça milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biriniň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Hususan-da, «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamany amal etmekde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda agzalan taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belläp, onuň üçünji tapgyryny 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyrmak boýunça teklibi goldady.

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň köptaraply, hemme ugry öz içine alýan we pugta baglanyşykly 17 maksadyny özünde jemleýän Gün tertibini kabul eden döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy hem-de 2016-njy ýyldan bu maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi. 17 maksat toplumlaýyn, özara berk baglanyşykly bolup, olar durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlarynyň deňeçerligini üpjün edýär.

2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýörelgelerini nazara almak bilen, bu ugurdaky işler Türkmenistana degişlilikde ulanarlyk bolan Durnukly ösüş maksatlaryny kesgitlemekden, olary milli ösüş maksatnamalaryna goşmakdan, bu babatda gazanylan öňegidişlige baha bermek üçin ölçegler ulgamyny döretmekden ybarat boldy. Şu jähetden, 2016-njy ýyldan başlap, ýurtda duşuşyklardyr geňeşmeler yzygiderli guralýar. Ösüşiň täze ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk ilerledilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň noýabryndaky Karary bilen, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly çäreleriň meýilnamasy we bu işler boýunça Iş toparynyň düzümi tassyklandy. Karara laýyklykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlendi. Statistika baradaky döwlet komiteti bu ugurda maglumatlar binýadyny döretmekde we ony ýöretmekde jogapkär edara bolup durýar.

«Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamanyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2019-njy ýylda birinji Meýletin milli syn taýýarlandy. Onda ykdysady ösüşiň ähli jähetlerini öz içine alýan milli özgertmeleri dowam etdirmek arkaly, bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bellenildi. Durnukly ösüş boýunça maksatlaryň we wezipeleriň milli maksatnamalaýyn resminamalara ýokary derejede goşulmagy bu işlere rowaçlyk berdi.

Taslamanyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we agentlikleriniň ýardam etmeginde ikinji Meýletin milli syny taýýarlanyp, ol 2023-nji ýylyň iýul aýynda Ýokary derejeli syýasy foruma hödürlenildi. Synda ýurduň COVID-19 pandemiýasyna garşy hereket etmek boýunça tejribesi, Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etmegiň düzümleýin esaslarynyň kämilleşdirilişi, bu maksatlary meýilleşdiriş ulgamyna goşmakda gazanylan öňegidişlik, sanlylaşdyrmak, ykdysady durnuklylygy ýokarlandyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek işleri, bu işe ýaşlaryň çekilişi, şeýle hem halkara institutlar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek bilen bagly çäreler bahalandyryldy. Ikinji Meýletin milli synda bellenilen ileri tutulýan ugurlar Durnukly ösüş maksatlarynyň belli bir sebitiň aýratynlyklaryna laýyklykda amal edilmegine ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň has işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga gönükdirildi. Bu bolsa «Hiç kimi ünsden düşürmeli däl» diýen ýörelgäni hasaba almak bilen, ilatyň dürli maksatlaýyn toparlary üçin has anyk işleri guramaga we çäreleri bellemäge mümkinçilik berýär.

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň başynda ýurdumyzda uzak möhlete niýetlenen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Onda durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini gazanmaga möhüm orun berildi. Şol ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleri hem Durnukly ösüş maksatlary bilen aýrylmaz baglydyr. Anyk aýtsak, olar ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek, ähli pudaklary gurluş taýdan özgertmek, berk amatlyklary döretmek we hemme zady öz içine alýan senagatlaşmagy, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, önümçiligiň ähli ugurlarynda innowasion we sanly ulgamlary ornaşdyrmak, hususy telekeçiligiň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, durmuş taýdan üpjünçiligi pugtalandyrmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi gazanmak bolup durýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän milli strategiýalarda, maksatnamalarda, konsepsiýalarda we meýilnamalarda durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň hemme ugry öz içine alýan häsiýetli aýratynlygy göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň çäklerinde 2017, 2019 we 2022-nji ýyllarda hereket edýän milli, sebitleýin we pudaklaýyn maksatnamalara üç gezek Çalt toplumlaýyn baha bermek çäresiniň geçirilendigini hem bellemelidiris. Baha bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistan tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň hereket edýän maksatnamalaýyn resminamalara goşulmagynyň ýeterlik ýokary derejededigi tassyklanyldy.

Türkmenistan söwda ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine halkara ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ugurlaryň biri hökmünde garaýar. Şunda Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyga kabul edilmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ol ýurduň halkara söwda gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna, bu gurama agza ýurtlaryň bazarlaryna harytlary we hyzmatlary eksport etmek üçin şertleriň gowulanmagyna, milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam eder.

Taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde söwda syýasatyny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegine taýýarlyk görmek ulgamynda milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe çäreler geçirildi. Üçünji tapgyryň çäklerinde hem bu işler mynasyp dowam etdiriler. Ylaýta-da, bu tapgyrda Türkmenistanyň Hökümetine ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde milli mümkinçiligi ýokarlandyrmakda we olaryň amala aşyrylyşy babatynda hasabatlylygy ýöretmek, gözegçilik etmek, maliýeleşdirmek ulgamynda halkara tejribeleri öwrenmek boýunça bilelikdäki işi guramakda, şeýle hem Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselesinde goldaw bermek göz öňünde tutuldy.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetiň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Orazmuhammet AŞYROW,

Türkmenistanyň Maňliýe we ykdysadyýet ministrliginiň

Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

08.02.2024
Ahal welaýatynyň çäginde kärendä berilýän döwlet emläginiň bazar nyrhlarynyň derejesinde emele gelen bahalarynyň binýatlyk möçberleri

Bellikler:

1. Nyrhlandyrylan çäklerde görkezilen 1-nji belgili nyrhlar Ahal welaýatynyň Änew, Gökdepe şäherleri üçin, 2-nji belgili nyrhlar Ahal welaýatynyň etrap merkezleri üçin, 3-nji belgili nyrhlar Ahal welaýatynyň etrap merkezlerinden başgalary üçin;

2. Bir inedördül meýdany ýa-da pogon metri üçin emlägiň ýerleşýän ýerine (zolagyna, etrabyna) garamazdan, bir aýdaky kärende töleginiň möçberi:

• Işçiler, talyplar, okuwçylar, saglyk öýlerindäki naharhanalary we bilim, sport, medeni maksady üçin 5,0 manat;

• Döwlete dahylly dermanhanalar üçin 5,0 manat;

• Ýapyk harby bölümlerdäki kärende jaýlary ýa-da otaglary üçin 8,0 manat;

• Ammar jaýlary (desgalary) 1-nji nyrhlandyrylan çäkler üçin 6,0 manat, 2-nji, 3-nji nyrhlandyrylan çäkler üçin 5,0 manat;

• Ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlar üçin 25,0 manat;

• Üçegiň üstünde we ş.m. ýerlerde oturdylýan telefon aragatnaşyk guraly (antennasy) 25,00 manat;

• Welaýatda ýerleşýän Maldarçylyk we guşçulyk hem-de Ylmy-önümçilik, okuw-tejribe hojalyklaryna degişli bina ýa-da desgalar (dükan, ofis, önümçilik, hyzmat, ammar, maldarçylyk we guşçulyk fermalar) 2,40 manat, jemgyýetçilik iýmiti 5,0 manat, ýarym ýerzeminler we ýerzeminler 1,50 manat, bassyrma 1,0 manat, açyk meýdança 0,50 manat;

• Kärhanalara we ammarlara barýan demir ýol şahalarynyň 1 pogon metri üçin 25,0 manat;

• Bankomatlar, töleg terminallary oturdylanda 1 inedördül meýdany üçin iň pes möçberi 25,0 manat möçberinde bellenilýär, şeýle hem gyzgyn çaý, kofe, dürli suw, başga iýmit önümlerini beriji apparatlar we şuňa meňzeş hyzmat ediji enjamlar oturdylanda eýeleýän meýdanlaryna laýyklykda 1 inedördül meýdany üçin 25,0 manat möçberde bellenip bilner, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlarda, balans hasabyndaky maglumatlary esasynda ýokary töleg bellenip bilner.

• Kärende tölegine kärende emlägi ulanmak we saklamak bilen baglanyşykly çykdajylar goşulan däldir.

3. Bir gije-gündizki tölegiň möçberinde:

• Göwrümi 43 tonnadan köp bolmadyk demir ýol gaz we beýleki ýokary basyşly çelekleri üçin 104 manat, döwlet edara-kärhanasy üçin ýurdumyzyň içinde halky gaz bilen üpjün etmek üçin 20 manat (kärende tölegine emlägi ulanmak we saklamak bilen baglanyşykly çykdajylar goşulan);

• Ýük göterijiligi 65 tonnalyk demir ýol nebit guýma we beýleki himiki serişdeleri çelekleri üçin 120 manat möçberinde bellenilýär. (Kärende tölegine emlägi ulanmak we saklamak bilen baglanyşykly çykdajylar goşulan).

4. Gozgalýan esasy serişdeler kärendesine berlende ýerleşýän ýerine, emlägiň hiline we işiň görnüşine baglylykda hem-de balans hasabyndaky maglumatlar esasynda töleg bellenip bilner.

5. Şu bellenilen kärende tölegleriniň göwrüminde goşulan baha üçin salgyt göz öňünde tutulan.

6. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hasabynda saklaýjy kärhana goşulan baha üçin salgytdan boşadylan bolsa, kärendeçi üçin emele gelen kärende tölegleriniň bazar bahalarynyň bellenen derejesinden goşulan baha üçin salgyt möçberi aýrylmaýar.

7. Daşary ýurt kärhanalary, olaryň şahamçalary, wekillikleri, diplomatik we halkara guramalary we raýatlary üçin kärende tölegleriniň möçberleri, kärende emläginiň (ykdysady zolaklarda, ýokary bahaly kiçi ykdysady zolaklarda, şäherlerde, etraplarda we ş.m. ýerlerde) ýerleşýän ýerine, emlägiň hiline we işiň görnüşine baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenen hümmet ABŞ-nyň dollarynda bellenip bilner.

8. Kärende tölegleriniň möçberleri «Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 1452-nji Kararyna, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň

2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda çykaran 17-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda 1296 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan «Döwlet emläginiň kärendesine, mugt peýdalanmaga (ssuda) berilmeginiň şertnamalaryny bellige almagyň Tertibine» laýyklykda gaýtadan seredilmäge degişlidir.

9. Nyrhnama «Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 1452-nji Karary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda çykaran 17-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda 1296 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan «Döwlet emläginiň kärendesine, mugt peýdalanmaga (ssuda) berilmeginiň şertnamalaryny bellige almagyň Tertibi» we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2020-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky 436-ö belgili buýrugy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2023-nji ýylyň 31-nji maýyndaky 14/Min-3987 belgili we 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky 14/Min-9707 belgili tabşyryk hatlary esasynda hem-de Türkmenistanyň ozalky Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2011-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndaky 10 belgili buýrugy bilen tassyklanan bahalary we Ahal welaýatynyň çäginde käbir kärendesine beriji edara kärhanalaryň döwlet emlägini kärendesine bermek boýunça kärendeçiler bilen ylalaşyk bahalary esasynda işlenip taýýarlandy.

Bellik: Şu nyrhnama 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan hukuk güýjüne girýär.

07.02.2024
Ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.

«Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap ykdysady strategiýasyna esaslanýan, ilatyň abadan ýaşaýyş-durmuş şertini we durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän taryhy ähmiýetli düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler, Türkmenistanda ýerli haryt öndürijilere goldawyň berilmegi, maýa goýum babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, içerki bazary ösdürmek üçin ýeterlik derejede bäsleşik gurşawynyň emele getirilmegi özgertmeleriň giň gerim bilen amala aşyrylmagyna getirýär. Bu babatda alnyp barylýan ykdysady iş ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, möhüm wezipeleri öz wagtynda we maksadalaýyk çözmäge, şeýle hem halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga şert döredýär.

Ýurduň ylmy-tehniki kuwwaty çalt ösýän bolsa, onda ykdysadyýet hem durnukly ösüşini dowam etdirýär. Maýa goýum işi jemgyýetiň üznüksiz önümçiliginiň möhüm düzüm bölegidir. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde şeýle belleýär: «Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzda köp mukdarda maýa goýumlar özleşdirildi, olar önümçiligiň giňelmegine gönükdirildi. Önümçilik we önümçilik däl maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna köp serişdeler sarp edildi. Daşary ýurt maýa goýum taslamalarynyň özleşdirilmegi, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyza dünýäniň ykdysady giňişliginde has ynamly hereket etmek üçin binýady döredýär».

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde «Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» taýýarlanyldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan bu möhüm resminama ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklaryň we sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirildi. Şeýle hem, onda senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň ugurlaryny artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem meýilleşdirilýär. Hususan-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyza ulag, ýaşaýyş jaý, jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek maksat edinilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, infrastrukturany düýpli gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistana uly möçberde maýa goýumlar çekildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, täze daşary ýurt bazarlaryna işjeň goşulyşýandygyny bellemelidiris. Muňa döwrebap ulag-logistika infrastrukturasynyň döredilmegi, ýurduň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-aragatnaşyk merkezleriniň birine öwrülmegi oňyn täsirini ýetirdi.

Öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de ýokary depgin bilen ösmegini, halkymyzyň abadan, ähli babatda mynasyp ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýär. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli ähli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäher Baş maliýe müdirliginiň orunbasary.

02.02.2024
Sanly ulgam — döwrebap ösüşiň şerti

Adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky özgerişleriň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady ösüşi, senagatyň, hyzmatlar, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlaryň ilerlemegi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Ýurdumyzda hem bu ugra uly ähmiýet berlip, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça geljegi uly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tutulýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin bu biziň ýurdumyzda-da şeýle bolmalydyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ol biziň bu ugurda milli derejede amala aşyrýan işlerimiziň hukuk binýadyny emele getirýär» diýip nygtamak bilen, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy maksatlaryna ünsi çekýär.

Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi, ilkinji nobatda, gerek bolan düzümleri döretmekden ugur alýar. Internet toruna elýeterliligiň ýokarlanmagy we maddy-enjamlaýyn binýadyň kämilleşdirilmegi sanly taslamalary durmuşa geçirmegiň ilkinji şertidir. Internetiň tizliginiň ýokarlandyrylmagy jemgyýetiň bitewi aragatnaşygyny üpjün etmek bilen, dürli hyzmatlardan peýdalanmakda uly ýeňillikleri döredýär. Häzirki döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we raýatlaryň durmuşyna maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanda maglumat tehnologiýalar ulgamynda hünär biliminiň kämilleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Maglumat we telekommunikasiýa ulgamyny, tehnologiýanyň tejribelerini öwrenmäge ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy, talyp ýaşlaryň döwrebap taslamalary durmuşa geçirmekleri hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Tehnologiýalaryň örän tiz ösýän şertlerinde ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmeklerini, internetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak wezipeleri üstünlikli çözülýär» diýip belleýär.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň häzirki zaman taslamalaryny amala aşyrmak, bir tarapdan, ýörite infrastrukturanyň döredilmegini talap edýän bolsa, beýleki bir tarapdan, munuň üçin ykdysadyýetiň ösüş derejesiniň degişli taslamalara kybap gelmegi möhümdir. Soňky ýyllarda dünýäniň ösen ýurtlarynda netijeli peýdalanylýan «Big Data», zatlaryň interneti, emeli aň, 5G, VR, AR ýaly tehnologiýalar ýurdumyzyň dürli pudaklaryny ösdürmek boýunça maksatnamalarda-da orun alýar. Sanly ulgamyň şertlerinde yzygiderli baýlaşdyrylýan tejribeler geljekki ösüşleriň gönezligidir. Türkmenistanda IT ulgamynda bu gün ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda sanly hyzmatlaryň yzygiderli giňeldilmegini, şol sanda web saýtlaryň we mobil goşundylaryň, programma üpjünçilikleriniň işlenip düzülmegini, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyny, «akylly» tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny, onlaýn söwdanyň geriminiň giňeldilmegini, wirtual SIM kartlarynyň ulanyşa girizilmegini, sanly bank hyzmatlarynyň hem-de beýleki taslamalaryň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet düzümleriniň, edara-kärhanalaryň işlerini ilerletmek, olaryň özara baglanyşygyny gazanmak, hödürlenilýän mümkinçilikleriň çeýeligini üpjün etmek hem möhüm bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda döwlet edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň resmi web saýtlarynyň işe girizilmegi arkaly maglumat aragatnaşygynyň elýeterliliginiň bitewi ulgamy emele getirildi. Raýatlarymyz bu onlaýn hyzmatlardan peýdalanmak endiklerini gysga wagtyň içinde özleşdirdiler.

Eziz Watanymyzda sanly ulgam taslamalarynyň täze gazananlary zamanamyzyň ösüşleriniň nyşany bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem giňden orun aldy. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda gurlan şäherde innowasion çözgütler giňden ornaşdyrylyp, IT ulgamynyň dürli ugurlaryna degişli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. «Akylly» öý, «akylly» ulag düzümleri ýaly çözgütler bu ýerde interneti tehnologiýasynyň ornaşdyrylandygynyň anyk mysallarydyr.

Döwür bir ýerde durmaýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda mundan beýlägem sanly ulgamyň iň täze gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Geljegiň taslamalary hökmünde maglumat-aragatnaşyk ulgamynda 5G aragatnaşygyny ýola goýmak, maglumat merkezlerini döretmek, zatlaryň interneti bilen bagly täze çeşmeleri, emeli aň tehnologiýalaryny halk hojalygynyň dürli pudagynda peýdalanmagyň ýollaryny gözlemek, kiberhowpsuzlygy döwrebap derejede üpjün etmegiň usullaryny ýola goýmak ýaly işlere uly ähmiýet berilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler ykdysadyýetde täze pudaklary, bazarlary, dolandyryş usullaryny döretmäge ýardam edýär. Maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasynda ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlylaşdyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekde täze gözýetimlere ýol açýar.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

31.01.2024
Halkyň durmuş goraglylygy üpjün edilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmegi, durmuş-ykdysady ulgamda gazanylýan ösüşler beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini guran halkymyzyň ýagty geljege ynamly barýandygynyň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlary syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we medeni ulgamlarda belent sepgitlere ýetmekden ybaratdyr. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin uzak möhletleýin döwri nazarlaýan «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we ýakyn geljegiň meýillerini öz içine alýan beýleki maksatnamalarda wajyp wezipeler kesgitlenilýär. Döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy, jemgyýetimiziň kämilleşmegi, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy şol wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine baglydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gysga we uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak we durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek wezipelerine aýratyn orun berilýär. Ilatyň girdejileriniň esasy çeşmesi bolan zähmet haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar, iş şertleriniň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegine, howpsuz bolmagynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda gol çeken Permany raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň nobatdaky nyşanydyr.

Durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny berkitmäge, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, eneleri we çagalary goramak meselelerine, keselleriň öňüni almaga, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Öz gezeginde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň artmagyna getirýär. Netijede, içerki bazaryň kuwwaty artyp, işewürlik gatnaşyklary kämilleşýär. Telekeçilikde, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda oňyn öňegidişlikler gazanylýar, goşmaça iş orunlary döredilýär.

Ykdysady özgertmeleriň çäklerinde halk hojalygynyň kuwwatyndan giňden peýdalanmaga, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, pudaklaryň we hyzmat ulgamlarynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, innowasion senagaty ösdürmäge, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamynyň jemi içerki önümiň düzümindäki paýyny artdyrmaga, önümçiligiň we ylmyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Halk hojalygynyň çalt depginde senagatlaşdyrylmagy innowasion önümleriň köp möçberde öndürilmegine ýardam bermek bilen birlikde, hünärmenleriňdir işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Milli ykdysadyýetimiziň ýyllyk ösüş depgininiň ortaça 6 göterim möçberde saklanmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň görkezijisidir.

Täze taryhy eýýamda halkyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletleriň derejesine ýetirmegiň möhüm strategik wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi adam bähbitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigine ynamymyzy artdyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagyna, uzak geljegi nazarlaýan ösüşlere ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

30.01.2024
Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň Ministrler maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 30-njy noýabrynda Tbiliside geçirilen «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasynyň
 22-nji Ministrler maslahatyna gatnaşdy. Ministrler maslahatyna Merkezi Aziýa, Kawkaz, Gündogar we Günorta Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli işgärleri gatnaşdy.

Maslahatyň netijeleri boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrleri we ýokary wezipeli wekilleri Bilelikdäki Ministrleriň beýannamasyny kabul etdiler we bu resminamada Pariž ylalaşygy boýunça ýurtlara öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam we kömek etmek üçin «Howa üýtgemegi boýunça sebitleýin hereketi: CAREC-iň garaýyşynyň» ylalaşylandygyny aýratyn bellediler.

CAREC Maksatnamasyna agza ýurtlar parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin bilelikde işleşmegi maksat edinýärler.

CAREC-iň Garaýyşynda, energiýa geçişiniň we gaýtadan dikeldilýän energiýany netijeli peýdalanmagyň, sebitdäki energiýa söwdasyny güýçlendirmegiň, innowasion maliýeleşdiriş çözgütleriniň girizilmegine we howanyň durnukly infrastrukturasyna we syýasatlaryna maýa goýmagyň möhümdigini nygtalýar. Resminama, sebitiň howa meýilnamasyny goldamakda Maksatnamanyň ösüş hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy talap edýär.

Şu ýylyň başynda neşir edilen giňişleýin gözleg, howanyň üýtgemeginiň CAREC sebitinde ortaça ýokary temperatura, suw ýetmezçiligi, çölleşmegiň ýokarlanmagy we buzluklaryň eremegi ýaly düýpli täsirleri etmegine garaşylýandygyny görkezýär.

CAREC Maksatnamasy ýurtlara dürli pudaklarda çözgütleri tapmaga ýardam berer, şol sanda ulagyň pes uglerodlaşdyrylmagy boýunça we netijeli ulag tehnologiýalary we infrastruktura arkaly sebit aragatnaşygyny çuňlaşdyrmak üçin edilýän tagallalara goldaw berer. 

Bilelikde işlemegiň beýleki ileri tutulýan ugurlarynda, elektrik jemgyýetçilik ulaglarynyň ornaşdyrylmagy we sebitdäki töwekgelçilikleri dolandyrmak we maliýeleşdirmek başlangyjy arkaly howanyň üýtgemegine we tebigy betbagtçylyklara çydamlylygyny ýokarlandyrmak bilen ýaşyl we akylly şäherleri ösdürmek ýaly ugurlar aýratyn çykarylan.

21.12.2023
Türkmenistanyň Kanuny

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar; 2022 ý., № 2, 22-nji madda, № 3, 78-nji madda, № 4, 115-nji we 118-nji maddalar; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 37-nji madda):

119-njy maddadaky tablisanyň «Goşmaça tölegleriň möçberleri» diýen sütüninde:

«Öndürilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Piwo» böleginde «30%-i» diýen sany «34,5%-i» diýen sana çalşyrmaly;

«Tebigy üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde alkogol bolan çakyr serişdeleri:» böleginde «39%-i», «61%-i» we «77%-i» diýen sanlary degişlilikde «44,85%-i», «70,15%-i» we «88,55%-i» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Piwo» böleginde «92%-i» we «9» diýen sanlary degişlilikde «105,8%-i» we «10,35» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgiler:» böleginde «168%-i», «39» we «61» diýen sanlary degişlilikde «193,2%-i», «44,85» we «70,15» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan getirilýänlerinden beýlekileri)» böleginde «8» diýen sany «9,2» diýen sana çalşyrmaly;

«Temmäki önümleri» böleginde «116%-i» we «5» diýen sanlary degişlilikde «145%-i» we «6,25» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary» böleginde «24,4» diýen sany «30,5» diýen sana çalşyrmaly.

2. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 1, 11-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda, № 3, 79-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 3, 74-nji madda) 107-nji maddasynyň ikinji böleginde «konfiskasiýasy» diýen sözi «muzdsuz alynmagy» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2008-nji ýylyň 20-nji awgustyndaky «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 3, 40-njy madda; 2010 ý., № 1, 20-nji madda; 2011 ý., № 3, 61-nji madda, № 4, 82-nji madda; 2012 ý., № 2, 53-nji madda, № 4, 119-njy madda; 2016 ý., № 3, 119-njy madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2020 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 52-nji madda):

1-nji maddanyň 4-nji bendinde «eltilmegi,» diýen sözden soň «gaýtadan işlenilmegi,» diýen sözleri goşmaly;

32-nji maddanyň 4-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«41) Nebit işlerini geçirmek baradaky Şertnama laýyklykda özüne degişli bolup durýan Uglewodorod serişdelerini täjirçilik şertnamalary esasynda Türkmenistanda nebit, nebithimiýa we gazhimiýa önümlerini, suwuklandyrylan gazy we beýleki önümleri almak üçin gaýtadan işlemäge hem-de gaýtadan işlenmegiň netijesinde alnan önümleri şu Kanunyň 48-nji maddasynda göz öňünde tutulanlardan başga hiç bir salgytlary we hökmany tölegleri tölemezden ýerlemäge;»;

49-njy maddanyň dördünji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Potratçynyň maliýe-hojalyk işleriniň barlaglaryny geçirmegiň Tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň I böleginiň 1-nji bendi degişli däldir.

III. Şu Kanunyň I böleginiň 1-nji bendi 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 25-nji noýabry.

30.11.2023
Hususy ulgam — ykdysadyýetiň kuwwaty

Milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmekde, ýurdumyzyň sebitlerini özgertmekde hem-de dürli ugurly täze senagat önümçiliklerini ýola goýmak boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde hususy pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän senagat we innowasiýa ösüş ýoluna gönükdirilen strategik tagallalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, hususyýetçilige döredilýän amatlyklar telekeçilerimiziň ynamly gadamlar bilen kämillige tarap öňe gitmegine kuwwatly itergi berýär.

Hereket edýän we döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýady, telekeçilik işini hasaba almagyň we güwälendirmegiň ýönekeýleşdirilen tertibi, salgyt salmagyň ýeňilleşdirilen ulgamy, uzak möhletleýin peýdalanmaga berilýän karzlar, ýer bölekleri hem-de olary özleşdirmek üçin daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän ýokary öndürijilikli tehnikalar, gurallar, enjamlar, beýleki ençeme hukuk, maliýe we durmuş şertleri ýurdumyzda işewürligiň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna ýol açýar.

Ýurdumyzyň ilatyny oba hojalyk we azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde hususy telekeçiler tarapyndan ekerançylyk, maldarçylyk, azyk önümlerini gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmak boýunça işler ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Telekeçilere degişli maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynda, döwrebap ýyladyşhanalarda hem-de ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän azyk kärhanalarynda öndürilýän önümler ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny doly üpjün edýär.

Kiçi telekeçiligiň geriminiň giňeldilmegi ykdysadyýeti sagdynlaşdyrýar, onuň durnukly ösmegine oňyn täsir edýär. Ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmekde, salgyt meýdanyny has artdyrmakda, jemi içerki önümiň möçberini köpeltmekde, importyň ýerini tutýan hem eksporta ýaramly önümleri öndürmekde kiçi telekeçiligiň mümkinçilikleriniň örän uludygyny bellemek gerek.

Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmekde hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Meýlismyrat SAPAROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň Baş redaktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

29.11.2023
2024-nji ýyl üçin döwlet býujeti: halkymyzyň abadan we rowaç durmuşyny nazarlap

Döwlet býujeti syýasaty islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň we onuň netijeliliginiň üpjün edilmeginde aýgytly orun eýeleýär. Şeýle bolansoň, bu babatdaky wezipeleri çözmekde, bazar gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda, ony döwrebap ösdürmekde, halk hojalygyny özgertmekde, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 25-nji noýabrda geçirilen 4-nji maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň ähmiýeti örän uludyr. Geljek ýylda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlaryny anyk kesgitleýän bu derwaýys resminama esasynda 2024-nji ýylda edilmeli işler we ýetilmeli sepgitler üçin uly möçberde pul serişdeleri bölünip berler. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň dürli sebitlerine wekilçilik edýän deputatlary şeýle gürrüň berdiler:

Jennet ÖWEKOWA,
Mejlisiň deputaty:

— Mejlisiň maslahatynda ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolan «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi. Şunda Aşgabat şäheriniň býujeti hem geljek ýyl üçin göz öňünde tutulan syýasy, ykdysady hem-de medeni çärelerden, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň ykdysadyýetini ýokary tehnologiýalar we ulag-kommunikasiýalar, söwda hem-de gurluşyk pudaklary emele getirýär. Elektroenergetika, gurluşyk harytlary senagaty, ýeňil we azyk senagaty-da ykdysady ösüşe uly goşant goşýar. Her bir maşgalany ýokary durmuş amatlyklary bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli dowam etdirilýär. Şundan ugur alnyp, şähergurluşyk maksatnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, geljek ýylda Aşgabatda uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary meýilleşdirilýär. Paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara jaý gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, lagym we ýagyş suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak we Aşgabat şäherini özgertmek boýunça beýleki desgalaryň gurluşygyna-da aýratyn üns berler. Şonuň üçin şäheriň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2 443,1 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji şu ýylyň meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim ýokarydyr. Şunda çykdajylaryň 84,5 göterimini jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge, şol sanda 47,4 göterimini bilime, 8,8 göterimini saglygy goraýşa, 1,8 göterimini medeniýete, 41,8 göterimini ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Ata SERDAROW,
Mejlisiň deputaty:

— Döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde, bu gün durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegi-de aýdyň görkezýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 4-nji maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan hem-de biragyzdan kabul edilen «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunda aýdyň şöhlelenýär. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, gürrüňi edilýän esasy maliýe resminamasynda ilkinji gezek täze şäheriň býujeti barada aýratyn görkezijiler beýan edilýär.

«Akylly» şäheriň birinji tapgyrynda jemi 336 bina we durmuş maksatly desga gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Onda umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýüniň, ýangyna garşy göreş gullugynyň, häkimlikleriň edara binalarynyň, seýilgähleriň, demir ýol, awtoulag menzilleriniň, şäheriň awtoulaglarynyň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de bellige alyş bölüminiň, şeýle-de ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, agyz suw, gaz, elektrik geçirijileriniň we beýlekileriň gurluşygy amala aşyrylar. Şundan ugur alnyp, bellenilen taslamalary ýerine ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şäheriň býujeti «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Hökümetiň beýleki çözgütlerine laýyklykda taýýarlanyldy. Netijede, şäheriň geljek ýyl üçin býujeti 236,7 million manat möçberinde meýilleşdirildi.

Arkadag şäheriniň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlardyr tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Şunda çykdajylaryň 94,7 göterimi durmuş-medeni ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Şol serişdeleriň 31 göterimini bilime, 48,8 göterimini saglygy goraýşa, 10,1 göterimini medeniýete, 9,7 göterimini ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Serdar BEGMYRADOW,
Mejlisiň deputaty:

— Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun Ahal welaýatynyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny ösdürmekde-de aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bilşimiz ýaly, Ahal welaýaty ýurdumyzyň senagat we oba hojalygy babatda ösen sebitleriniň biridir. Welaýatyň geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary, işçi güýjüniň mümkinçilikleri ykdysady ösüşlere giň ýol açýar. Senagatyň esasy bölegini gaz, elektroenergetika, himiýa, ýeňil senagaty, gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalar emele getirýär. 2024-nji ýylda gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depginini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem täze önümçilik desgalaryny işe girizmegiň hasabyna önümleriň görnüşini we möçberini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk pudagy welaýatyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Geljek ýylda onuň ösüşi ekerançylyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmagyň, hasyl berýän ýerleri has-da gurplandyrmagyň we olardan netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýokarlanar.

2024-nji ýyl üçin Ahal welaýatynyň býujeti 1 658,9 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji 2023-nji ýylyň meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 7,1 göterim köpdür. Býujetiň girdejileri doly geçirilýän salgytlardyr tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 87,7 göterimi durmuş-medeni ulgamlary maliýeleşdirmäge sarp ediler. Şol serişdeleriň 67,9 göterimini bilime, 16,9 göterimini saglygy goraýşa, 2,3 göterimini medeniýete, 12,5 göterimini ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna eýerilip, şeýle-de tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa sebitiň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Guwanç ÇENDIROW,
Mejlisiň deputaty:

— Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Diňe bir şu ýylyň dowamynda ulanmaga berlen durmuş-medeni, önümçilik we beýleki maksatly desgalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle üstünlikleriň gazanylmagynda her ýyl üçin kabul edilýän Döwlet býujetiniň ähmiýeti uludyr.

Balkan welaýaty ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Ýangyç, energetika, himiýa toplumlarynyň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilikleriniň yzygiderli artmagy ösüşiň täze gözýetimlerini açýar. Üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde we olardan netijeli peýdalanmakda Balkan welaýaty ähmiýetli orny bilen tapawutlanýar. Welaýatda durmuş ulgamyny ösdürmäge-de uly üns berilýär. Degişli döwlet maksatnamalary esasynda 2024-nji ýylda durmuş maksatly binalaryň ençemesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Welaýat boýunça maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde hassahanalaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşyklary meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menziliniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda gämi duralgasynyň gurluşyklary, suw we lagym geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl üçin welaýatyň býujetinde aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdiriljek serişdeler hem ünsden düşürilmändir. Welaýatyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 1 538,7 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji şu ýylyň meýilnamasynda 9,5 göterim ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlardyr tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler.

Çykdajylaryň 87,2 göteriminiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdiriljekdigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu çykdajylaryň 52,1 göterimi bilime, 16,8 göterimi saglygy goraýşa, 2,6 göterimi medeniýete, 28,1 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna sarp ediler. Welaýatyň geljek ýyl üçin býujetiniň görkezijileri onuň durmuş-ykdysady ugra gönükdirilendigini we munuň üçin zerur serişdeleriň göz öňünde tutulandygyny görkezýär.

Jeren GYLYÇMYRADOWA,
Mejlisiň deputaty:

— Daşoguz welaýatynyň ykdysady-önümçilik mümkinçilikleriniň esasyny senagat hem-de oba hojalyk pudaklary emele getirýär. Welaýatyň oba hojalygynda pagtaçylyk we däneçilik ileri tutulýan ugurlar bolansoň, ekerançylykda, maldarçylykda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Welaýatyň 2024-nji ýyl üçin kabul edilen býujeti sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Geljek ýyl welaýatda düýpli maýa goýumlary özleşdiriler. Birnäçe durmuş maksatly binalaryň, şol sanda saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, suw we lagym geçirijileriň, awtoulag ýollarynyň gurluşyklary alnyp barlar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy-da giň gerimde dowam etdiriler. Şunda aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga uly ähmiýet berler. Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Köneürgenç etrabynda haly önümhanasyny ulanmaga bermek, Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisiniň we onuň beketleriniň gurluşygyny dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

Geljek ýyl üçin Daşoguz welaýatynyň býujeti 2 478,5 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji şu ýylyň meýilnamasyndan 9,4 göterim ýokarydyr. Şunda çykdajylaryň 91 göterimi durmuş-medeni maksatly ulgamy maliýeleşdirmäge harçlanar. Bu möçberiň 69,5 göterimi bilime, 18,1 göterimi saglygy goraýşa, 2,1 göterimi medeniýete we 10 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. Welaýatyň täze ýyla niýetlenen býujeti sebitiň durmuş-ykdysady wezipelerini durmuşa geçirmäge doly mümkinçilik berer.

Hatyja MUSTAKOWA,
Mejlisiň deputaty:

— Lebap welaýatynda ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriň bolmagy onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine giň ýol açýar. Sebitiň gaz, nebit, energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy düýpli özgerýär. Ýangyç-energetika senagatyň möhüm ulgamynyň biri bolup, onuň paýyna senagat önümçiliginiň 90 göterimi degişlidir.

Welaýatda ilatyň sarp edýän, hususan-da, azyk harytlarynyň öndürilişine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikler ýola goýuldy. Muny has-da ösdürmek maksady bilen, 2024-nji ýylda uly möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şundan ugur alnyp, geljek ýyl welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň ençemesi gurlar. Hassahanalary gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, saglyk öýüniň, çagalar baglarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy-da dowam etdiriler. Döwlet býujetinde mätäçlik çekýän raýatlara niýetläp, ýaşaýyş jaýlaryna serişdeleriň göz öňünde tutulandygy aýratyn bellärliklidir. Prezident maksatnamasyna laýyklykda, welaýatyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, senagat we önümçilik maksatly desgalar hem ünsden düşürilmez. Olaryň hatarynda Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda haly önümhanasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň gurluşyklary bar. Giň gerimli gurluşyk işleri göz öňünde tutulyp, Lebap welaýatynyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2 781,1 million manat möçberinde meýilleşdirildi. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim köpdür. Welaýata bölünip berlen çykdajylaryň 91,6 göterimini durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär. Olaryň 68,7 göterimi bilime, 18,9 göterimi saglygy goraýşa, 2,3 göterimi medeniýete, 9,8 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna degişlidir. 2024-nji ýyl üçin býujet görkezijileriniň göz öňünde tutulan belent sepgitlere ýetmäge doly mümkinçilik berjekdigi ikuçsuzdyr.

Merdan ORAZMEREDOW,
Mejlisiň deputaty:

— Mary welaýaty tebigy baýlyklara baý senagat-agrar sebit bolmak bilen, elektroenergetika, gaz, himiýa, ýeňil we azyk senagaty kärhanalary ykdysadyýetiň esasy bölegini emele getirýär. Geljek ýylda welaýatyň çäginde birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda hassahanalaryň we saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym geçirijileriniň, awtoulag ýollarynyň gurluşyklary bar. Welaýatyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2 618,0 million manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji şu ýylkydan 8,1 göterim ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Şunda çykdajylaryň 91,2 göterimi durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Olaryň 65 göterimi bilime, 19,5 göterimi saglygy goraýşa, 2,9 göterimi medeniýete, 12,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna bölünip berler. Göz öňünde tutulan serişdeler welaýatyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem durnukly ösmegine ýardam eder.

«Türkmenistan»

29.11.2023