Ministrler Kabinetiniň 2-nji fewralda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň» çäklerinde ykdysady ulgamda geçirilen işler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady, 3-nji tapgyr» atly taslamanyň gutarnykly görnüşine gol çekmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlary üçin kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, 2019 — 2023-nji ýyllarda alnyp barlan işler barada maglumat berildi. Ýokarda agzalan resminama laýyklykda, 2024-2025-nji ýyllarda taslamanyň üçünji tapgyrynda Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmekde, hasabatlylygy alyp barmakda we gözegçilik etmekde, maliýe esaslaryny berkitmek ulgamynda halkara tejribäni öwrenmekde bilelikdäki işleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselesi boýunça milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biriniň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Hususan-da, «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamany amal etmekde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda agzalan taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belläp, onuň üçünji tapgyryny 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyrmak boýunça teklibi goldady.
Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň köptaraply, hemme ugry öz içine alýan we pugta baglanyşykly 17 maksadyny özünde jemleýän Gün tertibini kabul eden döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy hem-de 2016-njy ýyldan bu maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi. 17 maksat toplumlaýyn, özara berk baglanyşykly bolup, olar durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlarynyň deňeçerligini üpjün edýär.
2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýörelgelerini nazara almak bilen, bu ugurdaky işler Türkmenistana degişlilikde ulanarlyk bolan Durnukly ösüş maksatlaryny kesgitlemekden, olary milli ösüş maksatnamalaryna goşmakdan, bu babatda gazanylan öňegidişlige baha bermek üçin ölçegler ulgamyny döretmekden ybarat boldy. Şu jähetden, 2016-njy ýyldan başlap, ýurtda duşuşyklardyr geňeşmeler yzygiderli guralýar. Ösüşiň täze ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk ilerledilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň noýabryndaky Karary bilen, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly çäreleriň meýilnamasy we bu işler boýunça Iş toparynyň düzümi tassyklandy. Karara laýyklykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlendi. Statistika baradaky döwlet komiteti bu ugurda maglumatlar binýadyny döretmekde we ony ýöretmekde jogapkär edara bolup durýar.
«Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamanyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2019-njy ýylda birinji Meýletin milli syn taýýarlandy. Onda ykdysady ösüşiň ähli jähetlerini öz içine alýan milli özgertmeleri dowam etdirmek arkaly, bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bellenildi. Durnukly ösüş boýunça maksatlaryň we wezipeleriň milli maksatnamalaýyn resminamalara ýokary derejede goşulmagy bu işlere rowaçlyk berdi.
Taslamanyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we agentlikleriniň ýardam etmeginde ikinji Meýletin milli syny taýýarlanyp, ol 2023-nji ýylyň iýul aýynda Ýokary derejeli syýasy foruma hödürlenildi. Synda ýurduň COVID-19 pandemiýasyna garşy hereket etmek boýunça tejribesi, Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etmegiň düzümleýin esaslarynyň kämilleşdirilişi, bu maksatlary meýilleşdiriş ulgamyna goşmakda gazanylan öňegidişlik, sanlylaşdyrmak, ykdysady durnuklylygy ýokarlandyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek işleri, bu işe ýaşlaryň çekilişi, şeýle hem halkara institutlar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek bilen bagly çäreler bahalandyryldy. Ikinji Meýletin milli synda bellenilen ileri tutulýan ugurlar Durnukly ösüş maksatlarynyň belli bir sebitiň aýratynlyklaryna laýyklykda amal edilmegine ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň has işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga gönükdirildi. Bu bolsa «Hiç kimi ünsden düşürmeli däl» diýen ýörelgäni hasaba almak bilen, ilatyň dürli maksatlaýyn toparlary üçin has anyk işleri guramaga we çäreleri bellemäge mümkinçilik berýär.
Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň başynda ýurdumyzda uzak möhlete niýetlenen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Onda durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini gazanmaga möhüm orun berildi. Şol ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleri hem Durnukly ösüş maksatlary bilen aýrylmaz baglydyr. Anyk aýtsak, olar ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek, ähli pudaklary gurluş taýdan özgertmek, berk amatlyklary döretmek we hemme zady öz içine alýan senagatlaşmagy, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, önümçiligiň ähli ugurlarynda innowasion we sanly ulgamlary ornaşdyrmak, hususy telekeçiligiň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, durmuş taýdan üpjünçiligi pugtalandyrmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi gazanmak bolup durýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän milli strategiýalarda, maksatnamalarda, konsepsiýalarda we meýilnamalarda durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň hemme ugry öz içine alýan häsiýetli aýratynlygy göz öňünde tutulýar.
Taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň çäklerinde 2017, 2019 we 2022-nji ýyllarda hereket edýän milli, sebitleýin we pudaklaýyn maksatnamalara üç gezek Çalt toplumlaýyn baha bermek çäresiniň geçirilendigini hem bellemelidiris. Baha bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistan tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň hereket edýän maksatnamalaýyn resminamalara goşulmagynyň ýeterlik ýokary derejededigi tassyklanyldy.
Türkmenistan söwda ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine halkara ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ugurlaryň biri hökmünde garaýar. Şunda Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyga kabul edilmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ol ýurduň halkara söwda gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna, bu gurama agza ýurtlaryň bazarlaryna harytlary we hyzmatlary eksport etmek üçin şertleriň gowulanmagyna, milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam eder.
Taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde söwda syýasatyny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegine taýýarlyk görmek ulgamynda milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe çäreler geçirildi. Üçünji tapgyryň çäklerinde hem bu işler mynasyp dowam etdiriler. Ylaýta-da, bu tapgyrda Türkmenistanyň Hökümetine ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde milli mümkinçiligi ýokarlandyrmakda we olaryň amala aşyrylyşy babatynda hasabatlylygy ýöretmek, gözegçilik etmek, maliýeleşdirmek ulgamynda halkara tejribeleri öwrenmek boýunça bilelikdäki işi guramakda, şeýle hem Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselesinde goldaw bermek göz öňünde tutuldy.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetiň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirer.
Orazmuhammet AŞYROW,
Türkmenistanyň Maňliýe we ykdysadyýet ministrliginiň
Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.