Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.
«Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap ykdysady strategiýasyna esaslanýan, ilatyň abadan ýaşaýyş-durmuş şertini we durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän taryhy ähmiýetli düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler, Türkmenistanda ýerli haryt öndürijilere goldawyň berilmegi, maýa goýum babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, içerki bazary ösdürmek üçin ýeterlik derejede bäsleşik gurşawynyň emele getirilmegi özgertmeleriň giň gerim bilen amala aşyrylmagyna getirýär. Bu babatda alnyp barylýan ykdysady iş ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, möhüm wezipeleri öz wagtynda we maksadalaýyk çözmäge, şeýle hem halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga şert döredýär.
Ýurduň ylmy-tehniki kuwwaty çalt ösýän bolsa, onda ykdysadyýet hem durnukly ösüşini dowam etdirýär. Maýa goýum işi jemgyýetiň üznüksiz önümçiliginiň möhüm düzüm bölegidir. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde şeýle belleýär: «Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzda köp mukdarda maýa goýumlar özleşdirildi, olar önümçiligiň giňelmegine gönükdirildi. Önümçilik we önümçilik däl maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna köp serişdeler sarp edildi. Daşary ýurt maýa goýum taslamalarynyň özleşdirilmegi, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyza dünýäniň ykdysady giňişliginde has ynamly hereket etmek üçin binýady döredýär».
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde «Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» taýýarlanyldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan bu möhüm resminama ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklaryň we sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirildi. Şeýle hem, onda senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň ugurlaryny artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem meýilleşdirilýär. Hususan-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyza ulag, ýaşaýyş jaý, jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek maksat edinilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, infrastrukturany düýpli gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistana uly möçberde maýa goýumlar çekildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, täze daşary ýurt bazarlaryna işjeň goşulyşýandygyny bellemelidiris. Muňa döwrebap ulag-logistika infrastrukturasynyň döredilmegi, ýurduň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-aragatnaşyk merkezleriniň birine öwrülmegi oňyn täsirini ýetirdi.
Öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de ýokary depgin bilen ösmegini, halkymyzyň abadan, ähli babatda mynasyp ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýär. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli ähli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäher Baş maliýe müdirliginiň orunbasary.