Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmegi, durmuş-ykdysady ulgamda gazanylýan ösüşler beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini guran halkymyzyň ýagty geljege ynamly barýandygynyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlary syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we medeni ulgamlarda belent sepgitlere ýetmekden ybaratdyr. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin uzak möhletleýin döwri nazarlaýan «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we ýakyn geljegiň meýillerini öz içine alýan beýleki maksatnamalarda wajyp wezipeler kesgitlenilýär. Döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy, jemgyýetimiziň kämilleşmegi, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy şol wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine baglydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gysga we uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak we durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek wezipelerine aýratyn orun berilýär. Ilatyň girdejileriniň esasy çeşmesi bolan zähmet haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar, iş şertleriniň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegine, howpsuz bolmagynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda gol çeken Permany raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň nobatdaky nyşanydyr.
Durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny berkitmäge, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, eneleri we çagalary goramak meselelerine, keselleriň öňüni almaga, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Öz gezeginde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň artmagyna getirýär. Netijede, içerki bazaryň kuwwaty artyp, işewürlik gatnaşyklary kämilleşýär. Telekeçilikde, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda oňyn öňegidişlikler gazanylýar, goşmaça iş orunlary döredilýär.
Ykdysady özgertmeleriň çäklerinde halk hojalygynyň kuwwatyndan giňden peýdalanmaga, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, pudaklaryň we hyzmat ulgamlarynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, innowasion senagaty ösdürmäge, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamynyň jemi içerki önümiň düzümindäki paýyny artdyrmaga, önümçiligiň we ylmyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Halk hojalygynyň çalt depginde senagatlaşdyrylmagy innowasion önümleriň köp möçberde öndürilmegine ýardam bermek bilen birlikde, hünärmenleriňdir işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Milli ykdysadyýetimiziň ýyllyk ösüş depgininiň ortaça 6 göterim möçberde saklanmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň görkezijisidir.
Täze taryhy eýýamda halkyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletleriň derejesine ýetirmegiň möhüm strategik wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi adam bähbitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigine ynamymyzy artdyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagyna, uzak geljegi nazarlaýan ösüşlere ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.