Sanly ulgam — döwrebap ösüşiň şerti

Adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky özgerişleriň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady ösüşi, senagatyň, hyzmatlar, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlaryň ilerlemegi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Ýurdumyzda hem bu ugra uly ähmiýet berlip, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça geljegi uly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tutulýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin bu biziň ýurdumyzda-da şeýle bolmalydyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ol biziň bu ugurda milli derejede amala aşyrýan işlerimiziň hukuk binýadyny emele getirýär» diýip nygtamak bilen, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy maksatlaryna ünsi çekýär.

Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi, ilkinji nobatda, gerek bolan düzümleri döretmekden ugur alýar. Internet toruna elýeterliligiň ýokarlanmagy we maddy-enjamlaýyn binýadyň kämilleşdirilmegi sanly taslamalary durmuşa geçirmegiň ilkinji şertidir. Internetiň tizliginiň ýokarlandyrylmagy jemgyýetiň bitewi aragatnaşygyny üpjün etmek bilen, dürli hyzmatlardan peýdalanmakda uly ýeňillikleri döredýär. Häzirki döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we raýatlaryň durmuşyna maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanda maglumat tehnologiýalar ulgamynda hünär biliminiň kämilleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Maglumat we telekommunikasiýa ulgamyny, tehnologiýanyň tejribelerini öwrenmäge ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy, talyp ýaşlaryň döwrebap taslamalary durmuşa geçirmekleri hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Tehnologiýalaryň örän tiz ösýän şertlerinde ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmeklerini, internetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak wezipeleri üstünlikli çözülýär» diýip belleýär.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň häzirki zaman taslamalaryny amala aşyrmak, bir tarapdan, ýörite infrastrukturanyň döredilmegini talap edýän bolsa, beýleki bir tarapdan, munuň üçin ykdysadyýetiň ösüş derejesiniň degişli taslamalara kybap gelmegi möhümdir. Soňky ýyllarda dünýäniň ösen ýurtlarynda netijeli peýdalanylýan «Big Data», zatlaryň interneti, emeli aň, 5G, VR, AR ýaly tehnologiýalar ýurdumyzyň dürli pudaklaryny ösdürmek boýunça maksatnamalarda-da orun alýar. Sanly ulgamyň şertlerinde yzygiderli baýlaşdyrylýan tejribeler geljekki ösüşleriň gönezligidir. Türkmenistanda IT ulgamynda bu gün ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda sanly hyzmatlaryň yzygiderli giňeldilmegini, şol sanda web saýtlaryň we mobil goşundylaryň, programma üpjünçilikleriniň işlenip düzülmegini, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyny, «akylly» tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny, onlaýn söwdanyň geriminiň giňeldilmegini, wirtual SIM kartlarynyň ulanyşa girizilmegini, sanly bank hyzmatlarynyň hem-de beýleki taslamalaryň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet düzümleriniň, edara-kärhanalaryň işlerini ilerletmek, olaryň özara baglanyşygyny gazanmak, hödürlenilýän mümkinçilikleriň çeýeligini üpjün etmek hem möhüm bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda döwlet edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň resmi web saýtlarynyň işe girizilmegi arkaly maglumat aragatnaşygynyň elýeterliliginiň bitewi ulgamy emele getirildi. Raýatlarymyz bu onlaýn hyzmatlardan peýdalanmak endiklerini gysga wagtyň içinde özleşdirdiler.

Eziz Watanymyzda sanly ulgam taslamalarynyň täze gazananlary zamanamyzyň ösüşleriniň nyşany bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem giňden orun aldy. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda gurlan şäherde innowasion çözgütler giňden ornaşdyrylyp, IT ulgamynyň dürli ugurlaryna degişli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. «Akylly» öý, «akylly» ulag düzümleri ýaly çözgütler bu ýerde interneti tehnologiýasynyň ornaşdyrylandygynyň anyk mysallarydyr.

Döwür bir ýerde durmaýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda mundan beýlägem sanly ulgamyň iň täze gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Geljegiň taslamalary hökmünde maglumat-aragatnaşyk ulgamynda 5G aragatnaşygyny ýola goýmak, maglumat merkezlerini döretmek, zatlaryň interneti bilen bagly täze çeşmeleri, emeli aň tehnologiýalaryny halk hojalygynyň dürli pudagynda peýdalanmagyň ýollaryny gözlemek, kiberhowpsuzlygy döwrebap derejede üpjün etmegiň usullaryny ýola goýmak ýaly işlere uly ähmiýet berilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler ykdysadyýetde täze pudaklary, bazarlary, dolandyryş usullaryny döretmäge ýardam edýär. Maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasynda ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlylaşdyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekde täze gözýetimlere ýol açýar.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.