USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Moskwanyň Gazna biržasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Moskwanyň Gazna biržasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikow we ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň, Ygtyýarlylandyryş we ygtyýarlylandyrmak işine gözegçilik bölüminiň, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (MOEX) wekilleri gatnaşdylar.

Iş duşuşygynyň maksady Moskwanyň Gazna biržasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Iş duşuşygynyň başynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikow gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, Russiýaly wekilleri ilki bilen duşuşyga gatnaşýan Türkmen tarapy bilen tanyşdyrdy. Ol öz çykyşynda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gowy esaslarynyň bardygyny we olaryň dürli ykdysady ugurlarda işjeň ösýändigini belledi. Şeýle hem, iki ýurduň gazna biržalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we tejribe alyşmakda gyzyklanmanyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen, ol rus tarapyna söz berdi.

Russiýa Federasiýasynyň tarapyndan Russiýanyň bankynyň halkara hyzmatdaşlyk müdirýetiniň direktorynyň orunbasary Aleksandr Apokin, öz gezeginde, iki ýurduň arasynda bank ulgamynda hyzmatdaşlygyň bankara maslahatlaşmalar, kadalaşdyryjy hukuk esasyny ösdürmek we beýlekiler arkaly örän ýakyndygyny belledi. Mundan başga-da gysgaça Moskwanyň gazna biržasynyň täzelikleri, ýagny GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.

Soňra «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetriji Myrat Saparowa söz berildi. Ol duşuşygynyň dowamynda «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol 2016-njy ýylda «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi we häzirki wagtda onuň işiniň işjeň dowam edýändigini aýtdy.

Soňra Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk bileleşiginiň maliýe bazarlarynyň integrasiýasy boýunça direktory Sergeý Danow, öz gezeginde, Moskwanyň Gazna biržasy topary, ýagny onuň taryhy, düzümi, iş ugurlary, ýerine ýetirýän hyzmatlary barada tanyşdyrylyş görnüşinde giňişleýin gürrüň berdi. Biržanyň esasy ilkinjilikleriň biri öz müşderilerine we hyzmatdaşlaryna ýokary hilli hyzmatlary bermek bolup durýandgyny belläp geçdi. Mundan başga-da, biržanyň dünýäde dürli reýtingler boýunça eýeleýän öňdäki orunlary barada gürrüň berdi. Soňky döwürlerde, pandemiýa bilen bagly hem-de ýokary tehnologiýalaryň ösüşi bilen, müşderileriň köpelýändigini, ýagny hususy müşderileriň sany 14 milliona barabar bolandygyny aýtdy. 2020-nji ýylda biržanyň üsti bilen amala aşyrylan amallaryň möçberi Russiýa Federasiýasynyň jemi içerki önüminiň 9-syna barabar bolandygyny we mundan hem ýokary ösüşlere garaşylýandygyny maglumat hökmünde beýan etdi. Şeýle hem, «Moskwanyň biržasynyň mekdebi» atly maliýe ulgamy boýunça bilim berýän internet sahypasynyň hem-de aktiwleri dolandyrmak boýunça bir penjire hökmünde www.finuslugi.ru internet sahypasynyň bardygyny aýdyp geçdi.

Soňra, GDA ýurtlarynyň halkara biržalar assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Alekseý Kuprin, kommersiýa däl GDA ýurtlarynyň halkara biržalar assosiasiýasy barada gürrüň berdi. Bu assosiasiýanyň düzümine GDA-nyň 10 ýurdunyň 20 guramasy we edarasynyň girýandigini aýdyp, onuň işi bilen tanyşmak hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçiriljek bu assosiasiýasynyň her ýylky ýygnagyna Aşgabat gazna biržasynyň wekillerini gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşyk hoşniýetli we özara bähbitli ugurlar boýunça düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi