Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, energetika bazarlarynda käbir durnuksyzlyk ýüze çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, ýangyç bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilişi düýpli azaldy. Şoňa görä-de, nebitiň bahasy hem üýtgäp dur.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyzyň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, nebitiň bahasynyň aşak düşmegi sebäpli, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini, bu önümleriň bolsa ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biridigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberiniň ösüşini saklamak, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi.
Şunda nebit önümleriniň esasy görkezijileriniň önümçiligine hem-de ýerleşdirilişine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi şu ýylda ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Ilki bilen Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa söz berildi.
Konserniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, “mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, bar bolan guýularyň önüm berşini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýerine ýetirilýän işler, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmekde amala aşyrylýan çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda işleri guramak boýunça käbir kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmak, känleriň önüm berijiligini artdyrmak, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleri döretmek babatda işleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, şolary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, sebitara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine, ylmyň ýokary gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň pudagyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek we önümçilige häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Nebitgaz ýataklarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, hem-de geljegi uly täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak we ýüze çykarmak, şolary özleşdirmek hem-de gazylyp alynýan çig malyň mukdaryny artdyrmak ugrunda ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işler döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kuwwatyny artdyrmak, onuň düzümlerine innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň netijeliligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň depgininiň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
Ýurdumyzyň nebit senagaty öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmelidir. Bu Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz pudagyň öňünde durýan önümçilik wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň degişli düzümleriň maliýe-ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmaga bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna oňat täsirini ýetirjekdigini aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol işler nebitiň we gazyň, gazylyp alynýan mineral serişdeleriň, agyz suwunyň täze ýataklaryny hem-de beýleki tebigy serişdeleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Hasabatda nebite, gaza we gaz kondensatyna geljegi bar bolan guýulary taýýarlamak maksady bilen, käbir meýdançalarda 2D we 3D geofiziki gözleg işleriniň geçirilýändigi barada hem aýdyldy. Ozal bar bolan maglumatlary täzeden seljermegiň netijesinde ýüze çykarylan känlerde hem-de meýdançalarda gözleg guýularyny burawlamak amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem nebitiň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga degişli ugurlarda işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz döwlet korporasiýasynyň işine häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary esasynda täzeçil usullary ornaşdyrmagyň pudagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, şu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýewiň hasabaty bilen dowam etdi.
TNGIZT-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky uzak möhletleýin maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, uglewodorod çig malyny netijeli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin toplumyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi.
Milli Liderimiz öňde nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, şolaryň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, TNGIZT-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Ş.Abdrahmanowa söz berdi. Rektor Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, amaly okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak we ýaşlara berilýän bilimiň derejesini ýokary halkara görkezijilere laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda uniwersitetiň 2020-2021-nji okuw ýyly üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hünärmenler 23 ugur boýunça taýýarlanylýar hem-de bäş ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlary alnyp barylýar. Şu okuw ýylynda uniwersitete 1480 talyp, magistratura bolsa, 15 talyp kabul edildi.
Şeýle hem rektor nebithimiýa we gazhimiýa senagaty üçin inžener-himiýa, standartlaşdyrmak, güwälendirmek, inžener-tehnologiýa, inžener-ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Uniwersitetleriň Halkara bileleşiginiň agzasy Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ýörite sapaklary guramak, tejribe alyşmak işleriniň ýola goýlandygy we sanly ulgam arkaly tejribe sapaklarynyň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Bu ýokary okuw mekdebinde ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” sapagy girizildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowy çagyrdy hem-de wise-premýere we HNGU-nyň rektoryna ýüzlenip, ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini belledi.
Uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamak wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetler hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdyrylmalydyr, olaryň taýýarlan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylmalydyr.
Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp düzmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça merkezi döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara bilim edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «СNPС», «Dragon Oil», «Hyudai», «LG», «Lukoýl», «ARETI» we beýleki köp sanly abraýly kompaniýalaryň okuw merkezlerini işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň nebitgaz boýunça öňdebaryjy, ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmakda, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça bilimleri alyşmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň talyplary, mugallymlary we ylmy işgärleri halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşmalydyrlar.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen bir hatarda, nebite hem-de gaza baý täze meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Wise-premýer nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan täze görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudakda işleriň geçiriliş derejesine nägilelik bildirip, nebit çykarmagyň, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar boýunça çykarmagyň möçberiniň peselýändigini belläp, bu görkezijileri gowulandyrmak, nebitgaz guýularyny düýpli bejermek, durkuny täzelemek, iş depginini ýokarlandyrmak işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmak, nebitiň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň tassyklanylan ätiýaçlyklarynyň möçberini köpeltmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatyna göni hem-de gytaklaýyn daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümlerini we nebitgazhimiýa önümlerini ýerlemek üçin täze eksport ugurlaryny özleşdirmek, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önüm paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde gazylyp çykarylýan çig nebitiň möçberiniň hasabyna ýetiljek taslama kuwwatlygynyň ulanylmalydygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, nebiti bazar nyrhlary boýunça satyn almak we ony ykdysady taýdan bähbitli şertlerde gaýtadan işlemek hem-de öndürilen nebit önümlerini eksporta iberip, ondan goşmaça girdeji almak meseleleri oňyn çözülmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iň döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hereket edýändigine, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamagyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, bu pudakda ýokary taýýarlykly hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini hem-de olary taýýarlamagyň derejesiniň pesdigini belläp, munuň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini gazyp çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça çykdajylaryň hem-de önümiň özüne düşýän nyrhynyň artýandygyny belläp, bu görkezijileri peseltmek ugrunda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ylmy-barlag, tebigy gaz instituty üçin ýokary tehnologiýaly barlaghanalary bolan häzirki zaman toplumynyň gurlandygyna garamazdan, nebitgaz pudagynda ylmy işleriň ýeterlik derejede geçirilmeýändigini belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz nebitgaz pudagynda halkara tejribä esaslanyp, henize çenli harytlary, degişli işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça bäsleşikleri geçirmäge niýetlenen elektron görnüşli bäsleşik meýdançasynyň açylmaýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden berk talap etdi.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa nebitgaz toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe bu toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljermäni dowam etdirmek barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň tutanýerli işlemelidigini aýtdy. Häzirki döwürde toplumyň bar bolan önümçilik kuwwaty netijeli peýdalanylmalydyr.
Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän konserni boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin berk käýinç yglan etdi.
Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi.
Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýewe hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýewe berk käýinç yglan etdi we degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini köpugurly esasda ösdürmek we giňeltmek boýunça öňde durýan wezipelere iş maslahatyna gatnaşýan ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de şolary ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, önümçilikleriň doly kuwwatynda hem-de bökdençsiz işledilmegi üpjün edilmelidir. Şunda önümçiligi dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilmelidir.
Şeýle hem nebitgaz toplumyndaky edara-kärhanalarda çykdajylaryň düzümini seljermek we zerur bolmadyk çykdajylary aradan aýyrmak arkaly önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işlerine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr.
Döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini nazarda tutup, kärhanalaryň önümçilik netijeliligi we girdejililigi artdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet haryt-çig mal biržasynda eksport maksatly satylýan nebit önümleriniň bahalarynyň bäsleşik esasynda ýokary bolmagy gazanylmalydyr. “NAPEСO” milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň gerimini giňeldip, täze ýataklary özleşdirmek işlerine çekmelidir.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegi gazanylmalydyr. Önümçiligiň üznüksizligini üpjün etmek üçin olaryň goşmaça himiki reaktiwler, ätiýaçlyk şaýlar bilen öz wagtynda üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da, dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz öndürilýän önümleriň ýerlenilýän möçberini, hususan-da, erkin ýörgünli daşary ýurt puluna ýerlenilýän möçberini artdyrmak arkaly gelip gowuşýan maliýe serişdelerini köpeltmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz satyn alynýan import harytlarynyň, çig malyň bahalaryny düýpli seljermegi we olaryň sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmagy, ýangyç-energetika toplumy üçin harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.
Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda, hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň tebigy gazy çykarmagynyň möçberiniň peselmeginiň sebäpleri seljerilmelidir we bu depgini kadaly ýagdaýda saklamak üçin dessin zerur çäreler görülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit çykarmakda döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanmak arkaly çykarylýan çig nebitiň mukdaryny ýokarlandyrmak, nebit çykarylýan guýulary abatlamak we durkuny täzelemek işlerini öz wagtynda geçirmek, çig nebitiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bökdençsiz ugradylmagyny gazanmak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz önümçilik ulgamlarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini gazanmagyň zerurdygyny ýene bir ýola belläp, nebiti düýpli gaýtadan işlemegi üpjün edip, çykarylýan nebit we nebithimiýa önümleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durkuny täzeleýiş we düýpli abatlaýyş işleri öz wagtynda geçirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz pudagyň serişde binýadyny berkitmek meseleleri barada aýdyp, geologiýa-gözleg, seýsmiki hem-de buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, tebigy gazyň, çig nebitiň we gaz kondensatynyň gorlaryny kesgitlemekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň, şol sanda 3D ölçegli usullaryň ulanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulgamyň edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini tizleşdirmegi, täze ýataklaryň üstüni açmak we özleşdirmek boýunça zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet konsernleriniň we korporasiýanyň işinde ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ussat mugallymlaryň maslahatlaryndan netijeli peýdalanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa ýüzlenip, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy, algy-bergileri, daşary ýurt pulundaky bergilerini tükellemegi tabşyrdy. Çykdajylaryň düzümi, karzlaryň gaýtarylyşy, kuwwatlyklaryň ulanylyşy we iş depgininiň peselmeginiň sebäpleri jikme-jik seljerilip, bu meseleler gözegçilikde saklanylmalydyr.
Nebitgaz toplumy bilen bilelikde, gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. Önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çeşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipleri taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19832?type=feed
Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.
Häkim alnyp barylýan işler barada hasabat berip, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi.
Häkimiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berşi ýaly, welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi, dänäniň bereketli hasylyny almak we azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin bildirilýän talaplara laýyklykda işler alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigini habar berdi.
Mundan başga-da Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň “ak altyn” ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur bolan çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ýurdumyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem häkime ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa günbatar sebitde obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda degişli işleriň durmuşa geçirilişi hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, ekerançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda yzygiderli çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.
Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, şeýle hem bugdaýa ideg edilişini, hususan-da, bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek hem-de azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak üçin zerur tagallalar edilýär.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin bellenilen işleri ýerine ýetirmek babatda toplumlaýyn çäreler görülýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Milli Liderimize ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edilişi boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi we şunuň bilen baglanyşykly ähli çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehniki ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilýän ähli işleriň doly möçberde ýerine ýetirilmegini gazanmagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk işlerini tamamlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşynyň we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmek baradaky meselelere aýratyn üns berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, hususan-da, ýerleriň sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur bolan tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi.
Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek hem-de azyk üpjünçiligini artdyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek üçin hemme çäreleriň görülýändigi habar berildi.
Mundan başga-da ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli esasda geçirilýändigi barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna gönükdirilen degişli anyk çäreler amala aşyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýdan işleri geçirilende, agrotehniki kadalary gyşarnyksyz berjaý etmegiň we hökmany ýagdaýda welaýatyň toprak-howa aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talaba laýyk we öz wagtynda taýýarlamagyň, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtap, tehnikalar we zerur bolan oba hojalyk gurallaryny doly derejede taýýarlamagy, pagta öndürijileri saýlama tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy, munuň özi öňde boljak möwsümi bellenen möhletde we ýokary hil derejesinde geçirmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi üçin hemme çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryna bildirilýän talaplara laýyklykda ideg edilmegi dowam etdirilmelidir. Bu bolsa bugdaýyň ýokary hasylyny almaga hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönüden-göni hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ekerançylygyň baý milli tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyryp, işjeň peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyp, bu ugurda Türkmen oba hojalyk institutynyň alymlary bilen bilelikde işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz alymlaryň oba hojalyk ekinleri, aýratyn hem, ýeralma boýunça işläp, bu azyklyk önümiň hilini, önümliligini we ýokumlylygyny artdyrmaga aýratyn üns bermekleriniň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şol ekiniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa degişli esasy wezipeleriň biri bolup durýan Araly halas etmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde bu institutyň hünärmenleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny gazanmagynyň zerurdygy barada aýdyp, degişli görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak zerurdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmagy maksat edinilýän dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi.
Welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada hem häkime tabşyryk berildi.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Sebitde ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar, dänäniň bereketli hasylyny öndürmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri geçirilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigi habar berildi.
Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen tertibe laýyklykda tamamlanmagy üçin hemme zerur işler geçirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi jemledi hem-de agrotehnikanyň bellenen kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeli meýdan işleriniň guralyşyna örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Munuň özi, ilkinji nobatda, güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegine, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine degişlidir. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyryp, häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu wezipeleri ýerine ýetirmekde alymlar bilen bilelikde işlemegi tabşyryp, amaly tarapdan netije berjek ylmy taýdan esaslandyrylan işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bina edilýän desgalardaky, ilkinji nobatda, şu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, şol ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin degişli çäreler görülýär. Bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, welaýatda ekiş geçirilen meýdanlarda maýsalara ideg işleri bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylýar, bugdaý ýetişdirilýän meýdanlaryň iýmitlendirilmegi agrotehniki kadalara pugta laýyklykda alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda çäreleriň görülýändigini habar berdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, möwsümleýin işleri öz wagtynda geçirmegiň, ekerançylary höweslendirmegiň we goldamagyň bereketli hasyl almagyň özenidigini nygtady.
Şunda güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg etmek, gowaça, gök-bakja ekinlerini we ýeralma ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleriň degişli derejede taýýarlanylmagy, bu çäreleriň agrotehniki kadalara laýyk gelmegi aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tehnikalary we gurallary öňde boljak ekiş möwsümine doly taýýarlamak, pagtaçylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, işleri agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk we elektrik energiýasy bilen zerur derejede üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.
Wise-premýer alnyp barlan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek babatda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de degişli gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlardaky etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň abat ýagdaýda saklanylmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görülmegi ýaly möhüm meselä ünsi çekip, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygy barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta çig malynyň ýokary hilli gaýtadan işlenilmegini hem-de ekiş möwsümi üçin zerur bolan gowaça tohumlarynyň taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz galla kärhanalarynda azyklyk bugdaýyň talabalaýyk saklanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň hem-de ýokary hilli un, çörek we çörek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde zerur bolan işleri geçirmegi, bu ugurda önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň geçen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna bolşy ýaly, wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem her pudak boýunça alnyp barylýan işleriň seljerilmeginiň tabşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň öňde boljak giňişleýin mejlisine degişli hasabaty taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere ýene-de bir gezek görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19789?type=feed
Jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, eziz Watanymyzy ylmy gazanylanlara, innowasiýalara esaslanan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetli ösen döwletleriň birine öwürmek, türkmen halkynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek — milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň umumy maksatnamasynyň hut şu esasy ugurlary geçen hepdäniň wakalaryny şöhlelendirdi.
25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmak boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy, şeýle hem milli buýsanjymyz hasaplanylýan alabaý itler we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaý itleriniň baýramyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy bilen tanşyp, bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu jümlede alabaýlara mahsus häsiýetleriň jemlenendigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, täze toplumda iri Söwda merkeziniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we toplumyň içki bezeginde gündogar nagyşlarynyň görnüşleriniň ulanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň goşgusynyň, sazynyň we ýerine ýetirilişiniň sazlaşygyndan döremelidigini aýdyp, Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlaryň paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparynyň dowamynda “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalarynyň gurluşygynda işleriň barşy bilen tanyşdy. Olar şäheriň günorta böleginde gurlup, bu ýerde işewürlik merkezi kemala gelýär.
Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda ýurdumyzyň bank-maliýe düzümine möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz bankyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zaman ösen tejribeleriň ulanylmagynyň, bankyň işine döwrebap sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.
26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, şäheriň demirgazyk böleginde gurulýan, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän täze desgalarda işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de söwda-dynç alyş toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barlyp, milli öwüşginleri özünde jemlemelidigi barada nygtap, seýilgähiň döwrebap atlandyrylmalydygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, ony “Laçyn” diýip atlandyrmagy teklip etdi. Milli Liderimiziň bu teklibi paýtagtymyzyň ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilindäki Halkara howa menziliniň bu ýerde ýerleşmegi bilen baglylykda, ýerine düşen teklipdir.
Durky doly täzelenýän bu etrabyň durmuş düzüminiň üstüni Söwda-dynç alyş merkezi ýetirip, onuň gurluşyk meýdançasynyň umumy meýdany 9 gektara barabar bolar.
“Garagum” myhmanhanasynyň esasy aýratynlygy — onuň daşky keşbi. Binanyň merkezi böleginiň hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýatladýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa, milli keşbi ýatladýar.
Milli Liderimiz myhmanhananyň zallarynyň we otaglarynyň içki bezegleriniň milli derejede özara utgaşmalydygyna ünsi çekdi we şol işleriň halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde iň döwrebap we täzeçil tehnologiýalar ulanylmalydyr.
Bu myhmanhana türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň nyşany bolmalydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyza gelýän syýahatçylar we daşary ýurtly myhmanlar üçin bu ýerde ýörite medeni maksatnamany işläp taýýarlamak zerurdyr. Şol maksatnamada paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri boýunça tanyşlyk gezelençlerini guramagy göz öňünde tutmak gerek.
Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uzynlygy 600 kilometre golaý bolan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtoulag ýolunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Onuň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy.
Taslama laýyklykda, awtoulag ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga we tizleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder, ondan aňryk deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.
Milli Liderimiz ýoluň geçjek ugurlaryny görkezýän çyzgylar, uly töleg terminalynyň hem-de kiçi töleg nokatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, çyzgylarda ýangyç guýujy bekediň, söwda nokatlarynyň, ulag serişdelerine hyzmat ediş bölümleriň, dynç alyş meýdançalaryň, çatryklaryň, köprüleriň görnüşleri we beýlekiler görkezildi.
Halkara ölçeglere kybap gurulýan bu ýoluň hyzmatyndan peýdalanjak sürüjiler töleg terminallary arkaly töleg geçirenlerinde daşary ýurt walýutasynda hasaplaşmaly bolarlar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejeli şeýle awtobanyň gurulmagy bilen baglylykda, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” ulag geçelgesini gurmak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan TRASEKA hem-de bütin dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak gerek.
Şol gün hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumyna bardy, bu ýerde 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz häzirki wagtda gurluşygy ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Şolarda ýaşaýjylar üçin hemme zerur bolan durmuş üpjünçiligi döredilmelidir diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalygyň täze öýlerde jaý toýuny toýlamagynyň olar üçin hakyky toý sowgady boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz iş saparlarynyň barşynda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde wezipeleri kesgitledi, hususan-da, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy, öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy, taslama, gurluşyk we beýleki işleri ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berjaý edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň merkezi binasynda geçirilen maslahatyň esasy meselesi boldy.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde, gurluşyk pudagy telekeçilik işiniň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.
Gündelik sarp edilýän harytlar, ulag, söwda we hyzmatlar, logistika türkmen telekeçileriniň işleriniň sanawynda esasy orunlary eýeleýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary, elektron senagaty ýaly, ähmiýetli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar.
Ýurdumyzyň telekeçileri işewürleriň syýasy partiýasynyň binýadynda Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna hem işjeň gatnaşýarlar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň giňden goldaw bermegi, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan amatly şertleriň döredilmegi telekeçileriň geljege ynamly garamagyna, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmagyň bähbidine joşgunly zähmet çekmäge, olaryň öňünde goýlan belent wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär diýip, bir pikire geldiler.
27-nji ýanwarda, ýurdumyzda Watan goragçylarynyň gününiň giňden we dabaraly bellenilýän güni Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi hem-de olaryň üstüne ýüklenen möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça wajyp çäreleriň toplumy kesgitlenildi.
Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýolbaşçylary wezipelere bellemek meselelerine seredildi.
Mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Permanlara gol çekdi, olara laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy, harby düzümleriň işgärlerine bolsa, harby we ýörite atlar, şeýle hem çin derejeleri berildi.
28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyza Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz toplumdaky alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň taslamalary bilen tanşyp, alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň geçiriljek meýdançasy babatda belliklerini aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä eýe boljak ýeňijä gowşuryljak medalyň hödürlenen şekil taslamasyny makullap, halkara talaplara laýyk gelmelidigini, ony has-da kämilleşdirmek boýunça belliklerini aýdyp, medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň barşy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.
Şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, dabaralary ýokary derejede geçirmek hem-de degişli meýilnamany taýýarlamak barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň ikisiniň — döwrebap lukmançylyk enjamlary hem-de täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamalary bilen tanşyp, olary gurmak barada halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri geçirmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa, olary güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.
Şunda döwlet Baştutanymyz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýdyp, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, geçen hepdede Türkmenistanda Russiýanyň “EpiWakKorona” ikinji sanjymynyň bellige alnandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky dermanlyk serişdeleri bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkeziniň seljermeleriniň netijeleri boýunça bu sanjymy satyn almak we peýdalanmak barada şahadatnama gowşuryldy. Täze sanjym synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlyk derejesine eýedigi tassyklanyldy. Şonda onuň netijeliligi 100 göterime deň boldy.
Iş maslahaty baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, milli Liderimize Hökümetiň mejlisinde Lebap welaýatyndaky Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýagdaýy barada habar berlendigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda “Türkmeniň ak öý binasy”, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap Kerki howa menzili hem-de Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekedi bar.
29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gün tertibine halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň netijeleri we meýilnamalary, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de şu ýylyň şygarynyň, türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy girizildi.
Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny berkitmek, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” bölümini açmak, awiasiýa pudagynyň dolandyryş ulgamyna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy, milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada habar berildi.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi milli önüm öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hukuk taýdan goralmagyna, harytlaryň hiliniň kepillendirilmegine, şeýle hem olaryň eksportunyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenip, onuň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.
Milli Liderimiz Hökümetiň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, şanly ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary derejesini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini peseltmek hem-de durnukly makroykdysady ýagdaýy saklamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça önümçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalarynyň ünsüni zähmet bazary bilen bagly işlere çekip, zähmet gorlaryny döretmek hem-de maksadalaýyk dolandyrmak, şeýle hem milli statistika ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de statistiki hasabatyň görnüşlerini tükellemek, dünýä tejribesiniň esasynda bu ugurda gazanylan oňyn netijeleri peýdalanmak barada degişli tabşyryklary berdi.
Täze bank hyzmatlaryny, şol sanda nagt däl hasaplaşyklary we karzlaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz hususy ulgamyň fiziki we ýuridiki taraplaryndan goýumlary çekmegiň we bermegiň tertibini ýeňilleşdirmegiň, şeýle hem banklaryň arasynda bäsdeşligi döretmek maksadynda hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet — hususy pudak hyzmatdaşlygynyň esasynda kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin halkara maliýe düzümleriniň serişdelerini çekmek, maýa goýumlarynyň beýleki çeşmelerini ösdürmek boýunça işler has-da güýçlendirilmelidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Dördünji senagat öwrülişiginiň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna täsir edip başlamagyna üns bermegi, şuny nazara alyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalaryna bazar usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigini, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň paýy 70 göterime barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde bu pudagyň paýyny 70,6 göterime ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komiteti şu düzümiň Gaznasy diýlip atlandyryldy we ol baradaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlary bilen welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň hem-de önümleri öndürmegiň meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topar döredildi.
29-njy ýanwarda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Duşuşyga daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge çagyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesi boldy.
Bellenilişi ýaly, geljek döwürde hemmeler möhüm ugurlaryň birnäçesine aýratyn üns bermeli bolar. Ol halkara hukugy berkitmek, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakda BMG-niň ornuny tassyklamak, strategik durnuklylygy goramak we ýaragsyzlanmak hem-de köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmagyň öňüni almak, halkara terrorçylyga garşy göreşmek, öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak we pugtalandyrmak, energetika, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek bilen bagly işlerdir.
Wirusly pandemiýa garşy göreşmek we onuň netijelerini ýok etmek boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmegi möhüm wezipe diýlip kesgitlendi.
BMG-niň, beýleki abraýly sebit we halkara guramalaryň iri düzümleriniň ýolbaşçylarynyň onlaýn çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy ilerletmek, öçmejek umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek işinde öňe sürýän başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigi bellenildi.
Dabaranyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda sebit we halkara guramalaryň çäklerinde işleri giňeltmek hakynda pikir alşyldy. Forumyň jemleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň «Ýol kartasy» kabul edildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde türkmen-belarus daşary işler ministrlikleriniň özara geňeşmeleri geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna” gol çekildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düýpli derejede ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklary goşmak bilen goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamlaryny ösdürmekdäki işjeň orny munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylyk eden bilermenler topary bilen duşuşygyň dowamynda ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen ykdysadyýetiniň şu günki ýagdaýyna seljerme berildi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri bilen HPG-niň wekilleriniň wideoduşuşygynda iş usullaryny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek esasy mesele boldy.
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibine bu düzümiň 2020-nji ýyl üçin ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzy has-da demokratiýalaşdyrmaga hem-de döwletiň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty bilen baglylykda, milli parlament hakynda konstitusion kadalaryň kämilleşdirilmegi munuň subutnamasy bolup durýar.
Gender deňligi, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasaty babatda kanunçylyk kepilliklerini netijeli durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň hem-de olary amala aşyrmak boýunça hereketleriň meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Mejlisde Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri jemlenildi hem-de 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugy babatda iş meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdede, “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda “Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek hakynda ylalaşyga” gol çekmek dabarasy boldy.
Teklip edilýän ýadygärlikleriň hatarynda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Amul galasy, Mansaf galasy, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, at-Tahmalaj duralgasy, Kuşmeýhan orta asyr şäheri bar.
Döwletleriň onlarçasyny söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen birleşdiren bu orta asyr ýolunyň taryhy özboluşlylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhur bolan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitabynda düýpli açylyp görkezilýär. Onda diňe türkmen halkynyň taryhy mirasy däl-de, eýsem, Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň geljegi baradaky pikirler-de beýan edilýär.
Türkmenistan ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine mynasyp goşandyny goşýar.
ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen çäreler, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler bilen bagly meseleler girizildi.
30-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de geljekde geçirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Mejlisiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň Hazarýaka döwletler we sebitdäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hazar deňzinde alyp barýan işleri bilen bagly meseleler boldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde milli synçylary hasaba almak işi geçirildi. Olar şu pursatdan başlap, özleriniň hukuklarynyň çäklerinde saýlaw işine syn etmegi amala aşyrarlar.
Şu günki wagta çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan, şonuň ýaly-da raýat toparlaryndan 436 synçy, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 61, Balkan welaýaty boýunça 88, Daşoguz welaýaty boýunça 80, Lebap welaýaty boýunça 83, Mary welaýaty boýunça 92 hem-de Aşgabat şäheri boýunça 32 synçy hasaba alyndy.
Şeýlelikde, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň geçen hepdesi möhüm wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň uly üstünliklere beslenmeginde, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda öz beýanyny tapdy.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19660?type=feed