Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalarynyň baş ugry — mähriban halkymyzyň abadançylygy

Jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, eziz Watanymyzy ylmy gazanylanlara, innowasiýalara esaslanan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetli ösen döwletleriň birine öwürmek, türkmen halkynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek — milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň umumy maksatnamasynyň hut şu esasy ugurlary geçen hepdäniň wakalaryny şöhlelendirdi.

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmak boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy, şeýle hem milli buýsanjymyz hasaplanylýan alabaý itler we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaý itleriniň baýramyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy bilen tanşyp, bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu jümlede alabaýlara mahsus häsiýetleriň jemlenendigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, täze toplumda iri Söwda merkeziniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we toplumyň içki bezeginde gündogar nagyşlarynyň görnüşleriniň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň goşgusynyň, sazynyň we ýerine ýetirilişiniň sazlaşygyndan döremelidigini aýdyp, Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlaryň paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparynyň dowamynda “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalarynyň gurluşygynda işleriň barşy bilen tanyşdy. Olar şäheriň günorta böleginde gurlup, bu ýerde işewürlik merkezi kemala gelýär.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda ýurdumyzyň bank-maliýe düzümine möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz bankyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zaman ösen tejribeleriň ulanylmagynyň, bankyň işine döwrebap sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, şäheriň demirgazyk böleginde gurulýan, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän täze desgalarda işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de söwda-dynç alyş toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barlyp, milli öwüşginleri özünde jemlemelidigi barada nygtap, seýilgähiň döwrebap atlandyrylmalydygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, ony “Laçyn” diýip atlandyrmagy teklip etdi. Milli Liderimiziň bu teklibi paýtagtymyzyň ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilindäki Halkara howa menziliniň bu ýerde ýerleşmegi bilen baglylykda, ýerine düşen teklipdir.

Durky doly täzelenýän bu etrabyň durmuş düzüminiň üstüni Söwda-dynç alyş merkezi ýetirip, onuň gurluşyk meýdançasynyň umumy meýdany 9 gektara barabar bolar.

“Garagum” myhmanhanasynyň esasy aýratynlygy — onuň daşky keşbi. Binanyň merkezi böleginiň hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýatladýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa, milli keşbi ýatladýar.

Milli Liderimiz myhmanhananyň zallarynyň we otaglarynyň içki bezegleriniň milli derejede özara utgaşmalydygyna ünsi çekdi we şol işleriň halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde iň döwrebap we täzeçil tehnologiýalar ulanylmalydyr.

Bu myhmanhana türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň nyşany bolmalydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyza gelýän syýahatçylar we daşary ýurtly myhmanlar üçin bu ýerde ýörite medeni maksatnamany işläp taýýarlamak zerurdyr. Şol maksatnamada paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri boýunça tanyşlyk gezelençlerini guramagy göz öňünde tutmak gerek.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uzynlygy 600 kilometre golaý bolan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtoulag ýolunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Onuň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy.

Taslama laýyklykda, awtoulag ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga we tizleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder, ondan aňryk deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

Milli Liderimiz ýoluň geçjek ugurlaryny görkezýän çyzgylar, uly töleg terminalynyň hem-de kiçi töleg nokatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, çyzgylarda ýangyç guýujy bekediň, söwda nokatlarynyň, ulag serişdelerine hyzmat ediş bölümleriň, dynç alyş meýdançalaryň, çatryklaryň, köprüleriň görnüşleri we beýlekiler görkezildi.

Halkara ölçeglere kybap gurulýan bu ýoluň hyzmatyndan peýdalanjak sürüjiler töleg terminallary arkaly töleg geçirenlerinde daşary ýurt walýutasynda hasaplaşmaly bolarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejeli şeýle awtobanyň gurulmagy bilen baglylykda, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” ulag geçelgesini gurmak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan TRASEKA hem-de bütin dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak gerek.

Şol gün hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumyna bardy, bu ýerde 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz häzirki wagtda gurluşygy ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Şolarda ýaşaýjylar üçin hemme zerur bolan durmuş üpjünçiligi döredilmelidir diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalygyň täze öýlerde jaý toýuny toýlamagynyň olar üçin hakyky toý sowgady boljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iş saparlarynyň barşynda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde wezipeleri kesgitledi, hususan-da, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy, öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy, taslama, gurluşyk we beýleki işleri ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berjaý edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň merkezi binasynda geçirilen maslahatyň esasy meselesi boldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde, gurluşyk pudagy telekeçilik işiniň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.

Gündelik sarp edilýän harytlar, ulag, söwda we hyzmatlar, logistika türkmen telekeçileriniň işleriniň sanawynda esasy orunlary eýeleýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary, elektron senagaty ýaly, ähmiýetli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň telekeçileri işewürleriň syýasy partiýasynyň binýadynda Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna hem işjeň gatnaşýarlar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň giňden goldaw bermegi, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan amatly şertleriň döredilmegi telekeçileriň geljege ynamly garamagyna, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmagyň bähbidine joşgunly zähmet çekmäge, olaryň öňünde goýlan belent wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär diýip, bir pikire geldiler.

27-nji ýanwarda, ýurdumyzda Watan goragçylarynyň gününiň giňden we dabaraly bellenilýän güni Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi hem-de olaryň üstüne ýüklenen möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça wajyp çäreleriň toplumy kesgitlenildi.

Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýolbaşçylary wezipelere bellemek meselelerine seredildi.

Mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Permanlara gol çekdi, olara laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy, harby düzümleriň işgärlerine bolsa, harby we ýörite atlar, şeýle hem çin derejeleri berildi.

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyza Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz toplumdaky alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň taslamalary bilen tanşyp, alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň geçiriljek meýdançasy babatda belliklerini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä eýe boljak ýeňijä gowşuryljak medalyň hödürlenen şekil taslamasyny makullap, halkara talaplara laýyk gelmelidigini, ony has-da kämilleşdirmek boýunça belliklerini aýdyp, medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň barşy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.

Şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, dabaralary ýokary derejede geçirmek hem-de degişli meýilnamany taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň ikisiniň — döwrebap lukmançylyk enjamlary hem-de täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamalary bilen tanşyp, olary gurmak barada halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri geçirmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa, olary güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.

Şunda döwlet Baştutanymyz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýdyp, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, geçen hepdede Türkmenistanda Russiýanyň “EpiWakKorona” ikinji sanjymynyň bellige alnandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky dermanlyk serişdeleri bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkeziniň seljermeleriniň netijeleri boýunça bu sanjymy satyn almak we peýdalanmak barada şahadatnama gowşuryldy. Täze sanjym synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlyk derejesine eýedigi tassyklanyldy. Şonda onuň netijeliligi 100 göterime deň boldy.

Iş maslahaty baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, milli Liderimize Hökümetiň mejlisinde Lebap welaýatyndaky Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýagdaýy barada habar berlendigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda “Türkmeniň ak öý binasy”, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap Kerki howa menzili hem-de Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekedi bar.

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gün tertibine halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň netijeleri we meýilnamalary, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de şu ýylyň şygarynyň, türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy girizildi.

Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny berkitmek, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” bölümini açmak, awiasiýa pudagynyň dolandyryş ulgamyna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy, milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi milli önüm öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hukuk taýdan goralmagyna, harytlaryň hiliniň kepillendirilmegine, şeýle hem olaryň eksportunyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenip, onuň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Hökümetiň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, şanly ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary derejesini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini peseltmek hem-de durnukly makroykdysady ýagdaýy saklamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça önümçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalarynyň ünsüni zähmet bazary bilen bagly işlere çekip, zähmet gorlaryny döretmek hem-de maksadalaýyk dolandyrmak, şeýle hem milli statistika ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de statistiki hasabatyň görnüşlerini tükellemek, dünýä tejribesiniň esasynda bu ugurda gazanylan oňyn netijeleri peýdalanmak barada degişli tabşyryklary berdi.

Täze bank hyzmatlaryny, şol sanda nagt däl hasaplaşyklary we karzlaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz hususy ulgamyň fiziki we ýuridiki taraplaryndan goýumlary çekmegiň we bermegiň tertibini ýeňilleşdirmegiň, şeýle hem banklaryň arasynda bäsdeşligi döretmek maksadynda hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet — hususy pudak hyzmatdaşlygynyň esasynda kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin halkara maliýe düzümleriniň serişdelerini çekmek, maýa goýumlarynyň beýleki çeşmelerini ösdürmek boýunça işler has-da güýçlendirilmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Dördünji senagat öwrülişiginiň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna täsir edip başlamagyna üns bermegi, şuny nazara alyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalaryna bazar usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigini, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň paýy 70 göterime barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde bu pudagyň paýyny 70,6 göterime ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komiteti şu düzümiň Gaznasy diýlip atlandyryldy we ol baradaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlary bilen welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň hem-de önümleri öndürmegiň meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topar döredildi.

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Duşuşyga daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge çagyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesi boldy.

Bellenilişi ýaly, geljek döwürde hemmeler möhüm ugurlaryň birnäçesine aýratyn üns bermeli bolar. Ol halkara hukugy berkitmek, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakda BMG-niň ornuny tassyklamak, strategik durnuklylygy goramak we ýaragsyzlanmak hem-de köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmagyň öňüni almak, halkara terrorçylyga garşy göreşmek, öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak we pugtalandyrmak, energetika, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek bilen bagly işlerdir.

Wirusly pandemiýa garşy göreşmek we onuň netijelerini ýok etmek boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmegi möhüm wezipe diýlip kesgitlendi.

BMG-niň, beýleki abraýly sebit we halkara guramalaryň iri düzümleriniň ýolbaşçylarynyň onlaýn çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy ilerletmek, öçmejek umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek işinde öňe sürýän başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigi bellenildi.

Dabaranyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda sebit we halkara guramalaryň çäklerinde işleri giňeltmek hakynda pikir alşyldy. Forumyň jemleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň «Ýol kartasy» kabul edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde türkmen-belarus daşary işler ministrlikleriniň özara geňeşmeleri geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna” gol çekildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düýpli derejede ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklary goşmak bilen goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamlaryny ösdürmekdäki işjeň orny munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylyk eden bilermenler topary bilen duşuşygyň dowamynda ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen ykdysadyýetiniň şu günki ýagdaýyna seljerme berildi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri bilen HPG-niň wekilleriniň wideoduşuşygynda iş usullaryny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek esasy mesele boldy.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine bu düzümiň 2020-nji ýyl üçin ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzy has-da demokratiýalaşdyrmaga hem-de döwletiň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty bilen baglylykda, milli parlament hakynda konstitusion kadalaryň kämilleşdirilmegi munuň subutnamasy bolup durýar.

Gender deňligi, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasaty babatda kanunçylyk kepilliklerini netijeli durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň hem-de olary amala aşyrmak boýunça hereketleriň meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Mejlisde Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri jemlenildi hem-de 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugy babatda iş meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede, “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda “Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek hakynda ylalaşyga” gol çekmek dabarasy boldy.

Teklip edilýän ýadygärlikleriň hatarynda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Amul galasy, Mansaf galasy, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, at-Tahmalaj duralgasy, Kuşmeýhan orta asyr şäheri bar.

Döwletleriň onlarçasyny söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen birleşdiren bu orta asyr ýolunyň taryhy özboluşlylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhur bolan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitabynda düýpli açylyp görkezilýär. Onda diňe türkmen halkynyň taryhy mirasy däl-de, eýsem, Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň geljegi baradaky pikirler-de beýan edilýär.

Türkmenistan ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine mynasyp goşandyny goşýar.

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen çäreler, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler bilen bagly meseleler girizildi.

30-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de geljekde geçirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň Hazarýaka döwletler we sebitdäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hazar deňzinde alyp barýan işleri bilen bagly meseleler boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde milli synçylary hasaba almak işi geçirildi. Olar şu pursatdan başlap, özleriniň hukuklarynyň çäklerinde saýlaw işine syn etmegi amala aşyrarlar.

Şu günki wagta çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan, şonuň ýaly-da raýat toparlaryndan 436 synçy, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 61, Balkan welaýaty boýunça 88, Daşoguz welaýaty boýunça 80, Lebap welaýaty boýunça 83, Mary welaýaty boýunça 92 hem-de Aşgabat şäheri boýunça 32 synçy hasaba alyndy.

Şeýlelikde, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň geçen hepdesi möhüm wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň uly üstünliklere beslenmeginde, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda öz beýanyny tapdy.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19660?type=feed