Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüş

Häzirki wagtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmakda we onuň durnuklylygyny üpjün etmekde innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Muny ikinji müňýyllygyň soňky ýarymynda adamzat durmuşyny düýpli özgerden wakalaryň toplumy — senagatlaşma prosesi we ylmy-tehniki ösüş doly subut etdi. Munuň özi dünýä döwletlerinde sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda halk hojalygynyň sanlylaşdyrylmagyny we ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny yzygiderli özleşdirmegi wajyplyga öwürdi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

Halk hojalygynyň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek elektron hökümeti döretmek we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak arkaly döwlet dolandyryşyny kämilleşdirýär. Sanlylaşdyrma hususy ulgamdaky edaralary we kärhanalary bir sanly ulgama birikdirýär. Bu bolsa ýurtda tehnologiýalara daýanýan önümçilikde öndürilýän harytlaryň hil taýdan ýokarlanmagyna we möçberiniň artmagyna, hyzmatlar ulgamynyň has-da kämilleşmegine ýardam edýär.

Sanly ulgamy ösdürmek halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjün edilmegine gönüden-göni baglydyr. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär. Şoňa görä häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi mundan beýläk-de ykdysady ösüşi üpjün etmäge we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy önümçiligi we dolandyryş ulgamyny ösdürmäge, täze önümçilikleri ýola goýmaga, Türkmenistanyň bütindünýä hojalygyndaky ornuny pugtalandyrmaga hem-de döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşlerini üpjün etmäge itergi berer.

Milli Liderimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Ýurdumyzda onuň kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär we maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Begençmuhammet REMEZANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19549