Hormatly Prezidentimiziň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ilaty daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimiziň eksportynyň gerimini giňeltmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek baradaky tagallalaryndan ugur alnyp döredilen we bu gün üstünlikli işleri alyp barýan önümçilikleriň hatarynda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumy guwanç bilen agzalmaga mynasypdyr. 2019-njy ýylda tapgyrlaýyn açylyp, işe girizilen ýyladyşhana toplumynyň işleri barha ilerleýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, ýyladyşhana toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşanymyzda aýdyň göz ýetirdik.
Ýyladyşhana toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 34 gektar bolup, şonuň 30 gektary hasyl ýetişdirmäge niýetlenendir. Galan böleginde mejlisler jaýy, naharhana, dynç alyş otagy, kömekçi otaglar, şeýle-de ýyladyşhana toplumynyň işini utgaşykly alyp barmaga niýetlenen otaglar ýerleşýär. Toplum işe girizilen gününden bäri ol ýerde pomidoryň dürli görnüşleri ýetişdirilip gelinýär. Ýyladyşhana toplumynyň işi bilen tanyşlygyň barşynda hünärmen Magtymguly Orazgeldiýew bize önümçilik işiniň ýola goýluşy dogrusynda täsirli gürrüňleri berdi. Onuň aýdyşy ýaly, ýyladyşhanada işler möwsümleýin alnyp barylýar. Ol ýerde ýetişdirilýän ekinden 9 aýlap hasyl alynýar, soňra 3 aýlap arassaçylyk we täze hasyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Önümçilik işinde pomidoryň ilat arasynda, galyberse-de daşary bazarda uly isleg bildirilýän görnüşlerini ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýyladyşhana gurlup, ulanylmaga berlen ilkinji ýylynda ol ýerde pomidoryň «Tommimaro muça», «Huanita», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Soňabaka täze-täze görnüşleri synag edildi. Häzirki wagtda ýyladyşhana toplumynda pomidoryň, aýratyn-da, «Marwelans», «Altes», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirilýär. Pomidoryň agzalan görnüşlerinden geçen ýylda ýokary hasyl alyndy. Bu görnüşli pomidorlar ýokumlylygy, datlylygy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, ýyladyşhana toplumynyň bölümlerinde pomidoryň 11 görnüşi synag edilýär. Olar görnüş aýratynlygy esasynda aýratyn bölümlerde ýetişdirilýär.
Şu günler ýyladyşhana toplumynyň bölümlerinde işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Birkemsiz ýetişen hasyly ýygnamak, olary ýöriteleşdirilen ulaglar bilen bellenilen ýere daşamak we hil barlagyndan geçirmek bilen birlikde, ekine ideg etmek boýunça işler utgaşykly ýerine ýetirilýär. Hasyly ýygnamakda köp sanly ýaşlaryň yhlasly zähmet çekýändigini görüp has-da begenýärsiň. Bu ýerde ýygyma gatnaşýan gelin-gyzlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar şitilleri oturtmakdan başlap, täze hasyl ýetişýänçä we ýygylýança ähli işlere işjeň gatnaşýandyklary, öz işlerinden lezzet alýandyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Ýeri gelende, ýyladyşhanada pomidor şitilleri oturdylandan soňra, ideg işleriniň ählisi awtomatiki usulda amala aşyrylýandygyny, ýyladyşhananyň howa ulgamynyň, ýagny ýylylygynyň, çyglylygynyň, kömürturşy gazynyň, ýagtylygynyň öňdebaryjy tilsimatlar arkaly awtomatiki usulda sazlanýandygy bellärliklidir.
Pomidoryň «Merlis» görnüşiniň ýetişdirilýän bölüminde bolanymyzda, hasylyň ýygymynyň gyzgalaňly alnyp barylýan pursatlaryna şaýat bolduk. Hünärmen bu görnüşli pomidoryň ýetişdirilişiniň aýratynlygy hakda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, pomidoryň bu görnüşiniň şitilleri ýetişdirilip, ekilenden soňra, 90 günden hasyl berip başlaýar. Pomidoryň bu görnüşi deň häsiýetli ýylylygy we suwaryş şertlerini talap edýär. Ol özüniň özboluşly tagamy we daşky görnüşi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. «Merlis» görnüşli pomidoryň gektary 400 tonna çenli hasyl bermäge ukyplydyr.
Ýyladyşhana toplumynda emeli ýagtylandyryş ulgamynyň synag edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu ulgam ýyladyşhananyň belli bir böleginde ornaşdyrylypdyr. Howanyň ýapyk, ýagny günüň şöhlesiniň az wagty, esasan-da, gyş paslynda ýyladyşhanada önümçiligiň ýokary bolmagyna onuň täsiri uludyr. Bu usul hasyllylygyň ýokary bolmagyna itergi berýär. Hünärmen Mekan Annageldiýewiň aýtmagyna görä, ýyladyşhananyň beýleki ýerlerinden her şitilden 38—40 hoşa hasyl alynýan bolsa, emeli ýagtylandyryş ulgamynyň ornaşdyrylan böleginden 45 hoşa çenli hasyl alynýar. Munuň özi bu öňdebaryjy usulyň önümçilik işine ýetirýän esasy täsirleriniň biridir.
Ýyladyşhana toplumynda işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň bilelikdäki tagallasy bilen ýetişdirilýän tagamy, ýokumlylygy bilen alamatlanýan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa pomidor hasyly ildeşlerimiziň saçagyna bereket, ak bazarlarymyza bezeg goşýar. Hasylyň bir bölegi daşarky sarp edijilere ugradylýar. Geçen şanly ýylymyzda ýyladyşhana toplumynyň önümleri «Mahmal» haryt nyşany bilen Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna eksport edildi. Üstümizdäki möwsümde ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri ýokary görnüşli pomidoryň 12,5 müň tonnasyny ýygnap almak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgady bilen barmagy belent maksat tutunýarlar.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: ýyladyşhana toplumynyň işinden pursatlar. Surata düşüren awtor.