Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwrümiziň bagtyýarlygy, durmuşyň belent derejesi, giň möçberli tutumlar ildeşlerimiziň ýagty ertirlere bolan ynamyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýene uly tutumlara badalga berilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyz fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi hem-de geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna seretmegi we tassyklamagy teklip etdi. Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli ugur boýunça ösdürmäge, ilatyň durmuş goraglylygyny berkitmäge gönükdirilen wezipeler kesgitleniler. Ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip gurmak arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek, munuň üçin ähli serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmak, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar gatnaşyklary şertlerinde ornaşdyrmagy çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky wezipeler uly ähmiýetlidir.
Täze ösüşleri nazarlaýan Maksatnamanyň taslamasynda sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň ykdysady-geografik ýerleşişiniň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmäge, bu ulgamyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge uly üns gönükdirilýär. Geljek döwürde netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek işlerini dowam etmek bellenilýär.
Geljek 30 ýyla gönükdiriljek Maksatnamanyň düýp özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýandyr. Bu Maksatnama halkymyzyň döredijilikli işi, oňaýly ýaşaýşy we dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdiriler.
Nesip bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemi jemlenip, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemek boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler-ösüşler beýik maksatlary nazarlaýar. Bu bolsa halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýokary ösüşi bolan kuwwatly döwletde amal edilýän beýik işlerdir.
Oguljan ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy Watana buýsanjyň beýany, oňa ak ýürekden hyzmat etmäge çagyryş boldy.
Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmuna ýugrulan dürdäne setirleri biziň ýüreklerimiziň mukamyna öwrüldi.
Türkmen halky hemişe ýagşy söze hormat goýupdyr. Ýagşy niýetli halkymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da batly gadamlary diňe öňe!
Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz bize ata Watany jandan ezizläp söýmegiň belent nusgasyny görkezýär. Mukaddes ýörelgelerden ruhlanýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça uly işleri bitirip toý-baýramyny uludan toýlaýar. Bagtyýar mekdep okuwçylarymyz, talyplarymyz hem Watany başyna täç edip okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyz yhlasly zähmeti, ukyp-başarnygy, kämil hünär derejesi bilen dünýä çykýar, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny dowam etdirýär.
Ýurdumyzyň ösüşi hakynda söhbet edilende, şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza, edebiýatymyza goýulýan sarpa dogrusynda hem kelam agyz aýtmak ýerliklidir, sebäbi her bir halk taryhy we medeniýeti bilen tanalýar.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, özboluşly edebiýaty, sungaty, medeniýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär, dünýä dillerine terjime edilýär. Paýtagtymyzyň ilerisinde Köpetdagyň eteginde oturdylan Magtymguly Pyragynyň belent heýkeliniň açylyş dabarasyna hem taýýarlyk görülýär. Bu dabara Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşar.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň nusgalyk milli mirasynyň, ýol-ýörelgesiniň bardygyny görkezýär. Şeýle gymmatlyklarymyzy umumadamzat gymmatlyklygyna öwürmek boýunça beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan gözbaş alýar. Munuň gymmatyny düşündirmek, wagyz-nesihat etmek üçin bu ugurda tejribeli hünärmenler yhlasly zähmet çekýärler.
Alnymyzdan dogýan ak günlere şöhrat-şan berýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, saglygy goraýyş, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek, medeniýet ulgamyny ösdürmek bilen bagly maksatlarymyz myrat tapýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Şu döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Bu günki gün ähli ugurlarda buýsandyryjy ösüşleri görmek bolýar.
Milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy, halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagy aýratyn bellärliklidir. Ynha, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa, eziz ildeşlerimizi juda buýsandyrdy we milli medeniýetimize bolan söýgini has-da artdyrdy. Bularyň her biri bagtyýarlykdyr, hoşniýetlilikdir, asylly ýörelgedir. Şonuň üçin hem bu bagtyýarlyga her birimiz buýsanýarys we şeýle ajaýyp günleri ýüzümize sylýarys.
Türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş eden hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulnabat MUHADOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kitaphana müdiri.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Pekin, 4-nji fewral (TDH). HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň “ak” Olimpiadanyň — Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden köp sanly türgenleri bir ýere jemlän örän uly sport baýramçylygynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde 2008-nji ýylda Hytaýyň paýtagtynda geçirilen XXIX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem-de 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşandygyny hem ýatlamak ýerlikli bolar.
Milli Liderimiziň giň gerimli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň sporty hil taýdan täze sepgitlere çykdy. Diýarymyzda ugurdaş düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär we giňeldilýär, türgenler hem-de olaryň tälimçileri üçin hemme şertler döredilýär. Ýurdumyz sebit we dünýä derejesindäki sport merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidýär. Ýokary üstünlikler sportuny höweslendirmek bilen bir hatarda, uzak möhletli umumymilli maksatnamanyň häsiýetine we görlüp-eşidilmedik giň gerime eýe bolan milli bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sport güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň, kuwwatyň hem-de ruhuň ösüşiniň belentliklerine ymtylmanyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga yzygiderli üns berip, ajaýyp beden taýýarlygyny hem-de ussatlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen watandaşlarymyza nusgalyk görelde bolýar.
Sport ugrunda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meseleler milli Liderimiz tarapyndan daşary ýurtlara amala aşyrylýan saparlaryň maksatnamasyna, ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň gün tertibine hemişe goşulýar. Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän mizemez ynsanperwer gymmatlyklaryň töweregine adamlary jemleýän halkara sport we Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine anyk goşandyny goşýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Aşgabatda 2017-nji ýylda köpugurly Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny görkezmek bolar. 2018-nji ýylda bolsa Türkmenistan uly üstünlige beslenen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem-de “Amul — Hazar” halkara awtorallini kabul etdi. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýüpek ýoly” ralli ýaryşynyň geçirilmeginiň başyny başlandygy hem bellärliklidir, onuň ýoly Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň çäklerinden geçdi.
2014-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda windsýorfing boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyrynyň geçirilendigini hem bellemek gerek, şonuň bilen ýurdumyz ilkinji gezek ýelkenli sport boýunça halkara ýaryşlaryň senenamasyna girdi. Şeýlelikde, bu gün Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä, mümkinçilige eýedir.
Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň üstünliginiň aýdyň netijeleridir. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýynyň has-da artmagyna, sport döwleti hökmünde Watanymyzyň mertebesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda ýerli howa ýagdaýy göz öňünde tutulanda, ozallar adaty bolmadyk sportuň gyşky görnüşleri hem ösdürilýär. Hususan-da, ýaş türkmenistanlylaryň bu gün höwes bilen özleşdirýän sportuň hokkeý hem-de buzda figuralaýyn typmak görnüşlerine uly üns berilýär. Sportuň bu görnüşleri boýunça geçirilýän türgenleşikler barha kämilleşýär. Türkmen hokkeýçileri we figuraçylary milli derejedäki ýaryşlar bilen bir hatarda sebit we halkara ýaryşlara hem gatnaşýarlar. Munuň özi olaryň peýdaly tejribe toplamagyna ýardam edýär, sport ussatlygyny kämilleşdirmäge, ýokary görkezijileri gazanmaga iterýär.
Mundan başga-da sportuň buzdaky beýleki şüweleňli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hem mümkinçilikler bar. Hususan-da, konkide ylgamak sporty hem-de onuň şort-trek, kýorling ýaly köp dürli görnüşleri-de dünýäde giň meşhurlykdan peýdalanýar, şolar hem olimpiýa maksatnamasyna girýär. Bularyň ählisi geljekde biziň türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlarda sportuň dürli gyşky görnüşleri boýunça Watanymyza mynasyp wekilçilik edip bilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär.
...Hormatly Prezidentimiziň uçary Pekine çenli uçuşy amala aşyryp, HHR-iň paýtagtynyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden sapar wagtynda özi üçin bellenen kabulhanasyna tarap ugrady...
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar barada aýdylanda, bu gatnaşyklaryň ilkibaşdan dostlukly, özara hormat goýmak hem-de uzak möhletleýinlik häsiýetine eýedigini nygtamak zerurdyr. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda depginli ösdürilýär. Şeýle hem Türkmenistan HHR bilen köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly HHR bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammiti geçirildi. Milli Liderimiz ýokary derejedäki bu duşuşykda eden çykyşynda ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça oňyn pikirlerini we tekliplerini beýan etdi.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň öň ýanynda HHR-iň birnäçe teleýaýlymlarynyň hem-de abraýly neşirleriniň wekilleriniň sowallaryna jogabynda Türkmenistan üçin Hytaýyň diňe bir beýik döwlet, dünýä derejesindäki kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň gerimli hem-de geljegi uly bazar bolman, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdugyny nygtady. Türkmen-hytaý gatnaşyklary döwrüň synagyndan geçip, öz netijeliligini subut etdi hem-de häzir Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
HHR-iň paýtagtynda 4 — 20-nji fewral aralygynda geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrylmagy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň subutnamasyna öwrüldi. “Olimpiýa oýunlary hemişe halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, duşmançylygyň hem-de uruşlaryň bes edilmegini, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini, olaryň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bu oýunlar halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmäge, açyklyga hem-de birek-birege hormat goýmaga ýardam berýär” diýip, milli Liderimiz Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogabynda belledi. “Men öz içeri we daşary syýasatynda hut şu ýörelgelere eýerýän ýurduň — Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň çuňňur hormatlanylýan Başlygynyň çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdim” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
...Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Pekiniň Milli stadionyna ugrady. Özboluşly bezeg aýratynlygy boýunça “Guş höwürtgesi” diýen at bilen meşhur bolan bu köpugurly toplum XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.
Hytaýyň paýtagtynyň soňky ýyllarda ikinji gezek dünýä derejesindäki iri sport ýaryşyny kabul edýändigi bellärliklidir. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, 14 ýyl mundan ozal Pekinde tomusky Olimpiada geçirildi. Şeýlelikde, HHR-iň paýtagty taryhda hem tomusky, hem gyşky Olimpiýa oýunlary geçirilen ilkinji şäher bolýar.
Häzirki gyşky Olimpiýa oýunlaryna Milli olimpiýa komitetleriniň 91-sine wekilçilik edýän milli ýygyndy toparlar gatnaşýarlar. Ýaryşlaryň geçiriljek sport desgalary hem-de türgenleriň ýaşamagyna niýetlenilen Olimpiýa şäherçeleri Pekinde, Çžanszýakouda we Ýansinde ýerleşdirildi.
XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tumary Bin Dun Dun atly şadyýan we göwnaçyk panda boldy. Onuň geýnen kosmiki egin-eşigi ýatladýan, jadyly buzdan lybasy mümkinçilikleri çäksiz bolan täze tehnologiýalary hem-de geljek bilen arabaglanyşygy aňladýar. Olimpiadanyň tumary hökmünde pandanyň saýlanyp alynmagy geň däldir, çünki bu jandar Hytaýyň milli nyşanydyr.
2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi nyşany “Gyş arzuwy” diýen ada eýe boldy. Onuň esasynda Hytaýyň “gyş” diýen harpy — iýeroglif goýuldy. Nyşan Hytaýyň milli we häzirki zaman medeniýetiniň däplerini, özboluşly reňk öwüşginlerini utgaşdyrýar hem-de sportuň gyşky görnüşlerine söýgini beýan edýär.
Olimpiýa alawy her bir Olimpiadanyň hökmany şertidir. Şu ýyl geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy “Uçup barýan” diýlip atlandyrylýar. Ol galgap duran lentany ýatladýan spiral gurluşly bolup, ynsanyň ýagtylyga, parahatçylyga we kämillige tarap ýadawsyz ymtylmasyny alamatlandyrýar. Alawyň uglerodly süýüm serişdelerinden taýýarlanylandygy gyzyklydyr. Ol ýeňil, gyzgyna durnukly hem-de howany hapalaýan galyndylary bolmadyk wodorodda işleýär.
Gyşky Olimpiýa oýunlary — 2022-niň medallary “Tong Ksin” diýen ada eýe boldy, ol “Bilelikde bir bitewi ýaly” diýmegi aňladýar. Olaryň dizaýny jemlenen töwerekleri nefritden ýasalan gadymy Hytaý şaý-sepine esaslanandyr. Altyn, kümüş we bürünç medallar nusgawy görnüşde bolup, 2008-nji ýylyň tomusky Oýunlarynyň sylaglaryny ýatladýar. Medallary hem-de alawy döredijiler olaryň reňk çözgütlerini, görnüşlerini hem-de bezeg böleklerini saýlap alanlarynda, HHR-iň paýtagtynyň Olimpiýa mirasyna sarpa goýmakdan ugur aldylar.
“Umumy geljek üçin bilelikde” 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa, şeýle hem paralimpiýa oýunlarynyň resmi şygarydyr. Ol adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine hem-de ählumumy meseleleri ýeňip geçmegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny aňladýar. Bu koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan kynçylyklar bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir. Şygar Olimpiýa hereketiniň esasy taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny, şonuň ýaly-da agzybirlige, parahatçylyga we rowaçlyga çagyryşy özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň Milli stadionyna geldi we hormatly myhmanlar üçin bellenen ýere bardy. Oýunlaryň açylyş dabarasyna çagyrylan beýleki döwletleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy bu ýere gelipdirler. Stadiona ýygnananlaryň ählisini HHR-iň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki “ak” Olimpiadany dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli oýunlary guraýjylaryň göz öňünde tutan arassaçylyk kadalaryny, düzgünlerini, çäklendiriji çäreleri berk berjaý etmek ýagdaýynyň tapawutlandyrýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Bu çäreler ýaryşlaryň howpsuz geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
...Şol bir wagtyň özünde, Pekiniň Milli stadionynda ägirt uly sport baýramçylygyna badalga berjek pursatlaryň golaýlaýandygyny aňladýan hasaplama dowam edýär. Bu ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Ony taýýarlamak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.
HHR-iň Döwlet senasynyň mukamy astynda stadionda gyşky Olimpiada — 2022-ni geçirýän ýurduň — Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdagy galdyrylýar.
Stadionyň meýdançasynda täsirli çykyşlar — ýurduň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli taryhyna özboluşly syýahat hem-de onuň geljegine nazarlama ýaýbaňlanýar. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak we stadionyň ýagty diodly yşyklar bilen örtülmegi arkaly döredilýän haýran galdyryjy şekiller bolup geçýän wakalara aýratyn öwüşgin çaýýar.
Olimpiadanyň açylyş senesi Aý senenamasy boýunça Hytaýyň Täze ýyly bilen gabat gelip, baharyň başlanmagyny alamatlandyrýar, bu hem baýramçylyk şüweleňinde beýanyny tapdy.
Ekologiýa, bütin dünýäde parahatçylyk hem-de Olimpiýa hereketiniň binýatlaýyn ýörelgeleri dabaranyň baş mowzugy boldy, adamzadyň bitewi ykbaly bolsa onuň baş taglymydyr. Şeýlelikde, bu ajaýyp çykyşlar Oýunlaryň “Umumy geljek üçin bilelikde” şygarynyň özboluşly şöhlelenmesi boldy.
Soňra dabaranyň resmi bölegi başlanýar. Stadionyň meýdançasynda Olimpiadanyň baş gahrymanlary — türgenler peýda bolýar. Däbe görä, olimpiýaçylaryň ýörişini Olimpiýa oýunlarynyň watany hasaplanylýan Gresiýanyň ýygyndy topary açýar. Soňra meýdança 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň toparlary çykýar. Ýörişi Hytaý Halk Respublikasynyň olimpiýa ýygyndysyna wekilçilik edýän türgenler tamamlaýarlar.
Olimpiada gatnaşyjylary hem-de myhmanlary XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň başlygy Saý Si hem-de Halkara Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Tomas Bah gutlaýarlar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin dabaraly ýagdaýda Oýunlary açyk diýip yglan edýär.
Dürli ýyllaryň iň gowy hytaýly türgenleri stadiona Olimpiýa baýdagyny alyp gelýärler. Olimpiýa senasynyň owazy astynda çagalar horunyň ýerine ýetirmeginde biri-biri bilen bagly bäş sany tegelek halkaly ak baýdak belende galdyrylýar. 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň — türgenleriň, eminleriň hem-de resmi adamlaryň adyndan Olimpiýa kasamy aýdylýar.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Stadionda Olimpiýa alawy peýda bolýar. Bu ýerde onuň ýörişi tamamlanýar. Asylly däbe görä, 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary üçin alaw Gün şöhlelerini jemleýän paraboliki aýnanyň kömegi bilen Gresiýanyň Gadymy Olimpinde ýakyldy. Ine, agşamky asmanda stadionda asmana galýan ägirt uly gar tozgajygynyň merkezinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy töwerege şugla saçýar. Birnäçe pursatdan soň bolsa, münberleriň ýokarsynda baýramçylyk dabaralaryny jemleýän dürli öwüşginli, haýran galdyryjy feýerwerkler agşamky asmany bezedi.
“Ak” Olimpiada badalga beren ajaýyp çykyşlar tamamlanýar. Ýöne öňde çekeleşikli bäsleşikler bar. Olarda dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän döwletleriň türgenleri sylaglaryň 109 toplumy (jemi 327 medal) ugrunda bäsleşerler. 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar girizildi. Olar lyžaly bäsleşikler, lyžaly iki görnüşli sport ýaryşy, biatlon, dag lyžasy sporty, tramplinden lyžaly bökmek, fristaýl, snoubord, figuraly typmak, şaýbaly hokkeý, bobsleý, sani sporty, skeleton, konkili typma sporty, şort-trek, kýorling görnüşleridir. Bütin dünýäde millionlarça tomaşaçylar, şol sanda türkmenistanlylar hem telewideniýäniň hem-de onlaýn alyp görkezmeleriň kömegi bilen ýaryşlaryň geçişine syn ederler. Oýunlaryň ýapylyş dabarasy 20-nji fewralda Pekiniň “Guş höwürtgesi” stadionynda geçiriler.
XXIV gyşky Olimpiýa oýunlaryny guraýjylar onuň “ýaşyl” hem-de ýokary tehnologiýaly bolmagyny özleriniň ilkinji nobatdaky wezipeleri hökmünde kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, hytaýly hyzmatdaşlaryň innowasion işläp düzmeleri Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzda ekologiýa, daşky gurşawy goramak hem-de öňdebaryjy ylmy tutumly tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary, şol sanda pes uglerodly, hususan-da, wodorod energetikasyna degişli başlangyçlary bu ulgamda sebit hem-de dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Ýeri gelende döwlet Baştutanymyzyň geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyny» tassyklamak baradaky Karara gol çekendigini bellemek gerek. Onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi häzirki döwrüň ekologik meseleleri hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Sport baradaky gürrüňimize dolanyp, Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, bu ugurdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde Olimpiýa hereketini goldamaga gönükdirilen anyk teklipler bilen yzygiderli çykyş edýändigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň bu başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden makullanýandygy hem-de ykrar edilýändigi olaryň möhümdiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistan öz daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan sport diplomatiýasyny yzygiderli öňe sürýär hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk hem-de “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasy netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda sport kuwwatly ösüşe eýe boldy hem-de sporty saýlap alýanlaryň sany barha köpelýär.
Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, ilaty beden terbiýesi hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek babatynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa özüniň anyk netijelerini berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmek we hemmetaraplaýyn goldamak, oňa ýaşlary giňden çekmek bolup durýar. 2008-nji ýylda Pekinde, 2012-nji ýylda Londonda, 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda, 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy türkmen türgenleri üçin möhüm wakalar boldy. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen XXXII tomusky Olimpiadada ildeşimiz — agyr atletika boýunça ýaryşda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Polina Gurýewa türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazandy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda hem-de paýtagtymyzda iri halkara ýaryşlaryň, şol sanda ýokarda bellenip geçilen Aziada — 2017-niň geçirilmegi türgenlerimiz üçin ussatlygy ýokarlandyrmak hem-de täze ýeňişlere ýetmek ýolunda möhüm tapgyr boldy. Şeýle derejedäki hem-de giň gerimdäki çäreleri kabul etmek uly jogapkärçilikdir. Aşgabat parahatçylyk dörediji şäher, halklaryň hem-de medeniýetleriň dialogynyň merkezi hökmündäki wezipesini mynasyp ýerine ýetirip, bu wezipäniň üstünlik bilen hötdesinden geldi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekindäki XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Türkmenistanyň sport dünýäsine netijeli halkara hyzmatdaşlyk meselelerindäki başlangyçlary öňe sürýän ornunyň hem-de mundan beýläk-de umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklaryna esaslanýan Olimpiýa hereketini ösdürmäge netijeli goşant goşmagynyň nobatdaky aýdyň tassyklanmasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz dabaralar tamamlanandan soň, özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
***
Şu gün türkmen wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hytaýly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň dowamynda soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pekinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzir özara bähbitli hyzmatdaşlyk örän giň ugurlary gurşap alýar hem-de ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem — abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde-de yzygiderli ösüş depginlerini görkezýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly oňyn pikir alyşmalar boldy. Taraplar ýola goýlan netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli geçirmek işini dowam etmäge özara taýýardyklaryny beýan etdiler.
Iki ýurduň daşary işler ministrleri özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
***
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew dostlukly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň çäklerinde saglygy goramak babatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Hytaýly hyzmatdaşlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlaryna ýokary baha berip, saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça ýola goýlan bilelikdäki işleri mundan beýläk-de dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy umumy göreş ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Taraplar COVID-19 pandemiýasyna garşy hereket etmekde toplanan oňyn tejribäni paýlaşyp, mundan beýläk-de lukmançylyk ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary tehnologik taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglary bilen aýratyn gyzyklanyp tanyşdylar, ähli zerur şertler göz öňünde tutulan şol awtoulaglarda tizleşdirilen ýagdaýda PZR-testleri geçirmek hem göz öňünde tutulypdyr.
***
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşde duşuşyk geçirdi. Şunda ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bu ulgamyň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ähmiýetini nazarda tutup, Türkmenistan hem, Hytaý hem oňa aýratyn ähmiýet berýärler.
“China Civil Engineering Construction Corporation” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Hytaýyň eksport-import ýüklerini has amatly ugur boýunça Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmegiň, demir ýollar arkaly daşalýan üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmagyň, şeýle hem şu pudagyň teplowoz we ýolagçy wagonlaryna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary ibermegiň hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
HHR-iň iri maşyngurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan “China Machinery Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýurdumyzda amala aşyrylýan gämigurluşyk taslamalaryny maliýeleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändigi barada aýdyldy.
Hytaý ulag-aragatnaşyk assosiasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner demir ýol ulaglaryny gurnamak işleri boýunça utgaşdyryjy merkeziň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde hytaý tarapy ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdi. Mundan başga-da, Ýewropa we Türkiýe ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäginden ýük konteýner demir ýol ulaglaryny geçirmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, HHR ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, ýurdumyzyň ulag pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. Bu ulgamda netijeli häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işler dowam edýär.
Biziň ýurdumyz durnukly ulag ulgamynda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan mazmunly we anyk Kararnamalaryň kabul edilmeginiň başyny başlaýar hem-de ýokary derejeli forumlarda anyk teklipler bilen çykyş edýär. Şeýle forumlaryň biri geçen ýylyň oktýabr aýynda Pekinde geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ikinji ählumumy maslahatydyr. Onuň işine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bu gün ulag ulgamy dünýähojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orun eýeleýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede täze, döwrüň isleg bildirýän möhüm başlangyçlaryna, şol sanda ýurdumyz tarapyndan işjeň öňe sürülýän, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýa hem-de hytaýly hyzmatdaşlaryň “Bir guşak — bir ýol” konsepsiýasyna özara goldaw berilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şolar dürli yklymlaryň, ýurtlaryň arasyndaky ozal bar bolan söwda ýollaryny we ykdysady geçelgeleri kämilleşdirmäge hem-de şeýle ýollaryň täzelerini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Taraplar taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän türkmen-hytaý gatnaşyklaryna, ählumumy ösüşiň ýagdaýlaryna umumy meýilleri we birmeňzeş garaýyşlary nazarda tutup, uly geljegiň garaşýandygyna ynam bildirdiler.
Bir söz bilen aýdylanda, geçirilen iş duşuşyklary Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklara we deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.
Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmekde döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 627 bolup, munuň 95-si 2021-nji ýyla degişlidir.
Aslynda, ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy ulgamy goldamak bazar gatnaşyklary ýörelgelerine geçmekde esasy şertleriň biridir. Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn we yzygiderli esasda ösdürilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Kanunda, «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararda, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ozal dünýä tejribesinde ulanylan netijeli ýörelgeler giňden özleşdirildi. Şu ýerde orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigi aýratyn bellärliklidir. Hususyýetçilere dürli maksatly desgalary gurmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy döredilip, işewürlere öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-da hukuk berildi. Bularyň ählisi senagatçylar we telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri açdy. Telekeçilerimiziň önümleri diňe bir özümizde däl, dürli ýurtlaryň bazarlarynda-da «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek, işewür hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak maksady bilen daşary ýurtlarda türkmen telekeçileriniň wekilhanalary, söwda, modalar we hyzmatdaşlyk öýleri açyldy.
Oba ýerlerinde iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olaryň aglabasynda çykarylýan önümler özüniň ýokary hili bilen daşary ýurtlardan getirilýän haryt nusgalaryna doly bäs gelip, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
Milli haryt öndürijileriň işjeňliginiň günsaýyn ýokarlanmagy «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda» bellenilen möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant bolýar.
Häzirki döwürde döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak boýunça işleriň depginini has-da güýçlendirmek, bäsleşikli söwdalaryň hilini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny has-da kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şunda baş maksat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak bolup durýar.
Tirkeşmyrat KÜRRÄÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.