Karbamid — islegli önüm

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 5-nji aprelinde pudaklaryň işini guramak boýunça geçiren maslahatynda himiýa toplumynyň bökdençsiz işledilmeginiň, onuň önümçilik düzümlerini doly kuwwatynda ulanmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem ýurdumyzdaky çig mal serişdelerini özleşdirmek arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, olaryň eksporta iberilişiniň möçberini artdyrmak, oba hojalyk toplumyny özümizde öndürilýän mineral dökünler bilen üpjün etmek işlerini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Garabogaz şäherinde ýerleşýän karbamid zawody hem bu ugurda önjeýli işleri bitirýän önümçilik düzümleriniň biridir. Kärhananyň hünärmenleri ýylyň-ýylyna ýokary görkezijileri gazanýarlar. Bu ýerde içerki we daşarky bazarlarda köp isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply mineral dökün bolan karbamid önümçiliginiň talabalaýyk ýola goýulmagyna aýratyn üns berilýär. Işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy himiýaçylaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem üstünliklere beslejekdiklerine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda bu ýerde 271,5 müň tonna karbamid öndürmek baradaky meýilnama 105 göterim amal edilipdir. Önümiň 230 müň tonna barabarynyň daşarky bazarlara ýerlenendigi bolsa has-da buýsançlydyr. Kärhanada içerki sarp edijiler bilen baglaşylan şertnamalar hem 102 göterim ýerine ýetirildi. Ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwatlylygy her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň 660 müň tonnasyny öndürmäge barabardyr. Şeýle uly önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan zawod bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzlerçesini hemişelik iş orunlary bilen üpjün edýär.  

 Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň ösüşlerine düýpli itergi berdi. Bu zawod ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegine öz goşandyny goşýar. Kärhananyň ýokary hilli önümlerine daşarky bazarlarda isleg barha artýar. Muňa onuň deňiz duralgasyna ýüzüp gelýän, yzy üzülmeýän ýük gämileri hem doly güwä geçýär.  

                                                                   

Bu gün himiýa senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy önümçilik pudaklarynyň birine öwrülýär. Öz ýerli çig mallarymyzy rejeli we netijeli ulanmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmäge bu pudagyň ähli mümkinçiligi bar. Himiýa senagatynyň işgärleriniň tagallalary bilen Diýarymyzda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek netijesinde mineral dökünleri öndürmek we pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak wezipesine üstünlikli hötde gelinýär. Kärhanada karbamid öndürmek üçin esasy çig mallaryň biri bolan tebigy gaz Gündogar — Günbatar magistral gaz geçirijisinden alynýar.  

  Ekologik gurşawy gorap saklamakda ähli zerurlyklar göz öňünde tutulyp gurlan bu ägirt uly kärhanada türkmen hünärmenleriniň ýüzlerçesi halal zähmet çekýär. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz Diýarymyz bu gün karbamidi esasy öndüriji ýurtlaryň hataryna ynamly goşulýar. Dürli ekinler üçin giňden ulanylýan karbamide dünýäde islegiň barha artmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna aýgytly täsirini ýetirýär. Zawodyň işçi-hünärmenleridir inžener-tehniki işgärleri şeýle kämil we kuwwatly kärhanada halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerine goşant goşýandyklaryna buýsanýarlar.  

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».