Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda BMG-nyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

2022-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory jenap Olof Ronni Lindstrom bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Olof Ronni Lindstromy täze wezipesi bilen gutlady we oňa işinde üstünlik arzuw etdi. 

Ministr Muhammetgeldi Serdarow, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda       2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky toparyna minnetdarlygyny bildirdi. Bu duşuşygyň bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirýändigini mälim etdi.

Öz gezeginde Jenap Olof Ronni Lindstrom Ministre minnetdarlyk bildirip, Muhammetgeldi Serdarowy şu wezipä täzeden bellenenligi bilen gutlady we oňa bu wezipede üstünlikleri arzuw etdi.

Jenap Olof Ronni Lindstrom ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmekde ministrligiň ornunyň örän wajypdygyny belläp, alnyp barylýan işleri üçin, şol sanda saglygy goraýyş bilen bagly we fundamental bolup durýan 3-nji Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ýardamlary berýändigi üçin ministrligiň hünärmenlerine minnetdarlyk bildirdi. Häzirki wagtda hem, çaga dogurmazlygy çygrynda mümkinçilikleri berkitmek we kontraseptiwleri satyn almak boýunça 2023-2025-nji ýyllar üçin maliýeleşdirme hakynda Ylalaşygyň taýýarlanylýandygyny belläp geçdi.   

Soňra ýurdumyzda UNFPA-nyň 4 sany taslamasynyň durmuşa geçirilýändigi barada aýdylyp geçildi, olardan:

«Ýokary hilli nesil saglyk hyzmatlaryna ähliumumy elýeterliligi gowulandyrmak» Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.  

«Durnukly ösüş üçin ilat baradaky dezagregirlenen maglumatlar» Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

«2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ýaşlar syýasaty baradaky döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we ýaşlaryň gender taýdan deňlige gatnaşmagyny ýokarlandyrmak mehanizmlerini güýçlendirmek» Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. 

«Gender taýdan deňligi ösdürmegiň ulgamyny we mehanizmlerini güýçlendirmek üçin ýardam bermek» Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

    Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi