Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, ösen innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň hasabyna ýurdumyz dünýäniň ykdysady ulgamyna barha işjeň aralaşýar.
Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hasabyna sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňeýär. Adamlaryň ylym-bilime bolan talaplarynyň artmagy, sanly ykdysadyýetde maglumat ulgamynyň hem-de tehnologiýalaryň ähli ýerde, islendik wagtda elýeter bolmagy özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem anyk çäreler bellenilýär. Şeýle-de bu ugurda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bellenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler täze başlangyçlara ýol açýar.
Sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi bilen, bäsleşige ukyplylyk hem artýar. Ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet özüniň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar. Häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün etmekdir. Ösen tehnologiýalaryň we aragatnaşyk ulgamynyň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ýaýratmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ykdysady ösüşiň we önümçilik depgininiň artdyrylmagyna, dolandyryş düzüminiň işiniň kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi, aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegi, ösen tehnologiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşmagy netijesinde birnäçe pudaklaryň işinde ýeňillikler duýulýar. Bu ugurda alnyp barylýan we durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Geldimurat ORAZKLYÇEW,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.