Sanly ulgam kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýaşlar baradaky alada, ýaş nesliň oýlap tapyjylygy, döredijiligi we olaryň zähmete höweslendirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda hünärli, bilimli ýaşlary bäsleşikli zähmet bazaryna çekmek hem-de olary täze döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň depginli we durnukly ösüşini üpjün etmek işleri, bazar infrastrukturasynyň pugtalandyrylmagy, erkin bäsleşigiň ösdürilmegi, hususy telekeçileriň başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, täze önümçilik, medeni, durmuş üpjünçilik desgalarynyň gurulmagy we işe girizilmegi, hyzmatlar ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, şeýle hem ýurdumyzda döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okamagyň we okatmagyň, öwrenmegiň we öwretmegiň iň öňdebaryjy döwrebap tehnologiýalaryna daýanýan, täze usullar giňden ornaşdyrylýar. Zähmet bazary ykdysady özgertmelere näçe çalt uýgunlaşmagy başarsa, ykdysady pudaklaryň hem bilimli hünärmenlere bolan islegleriniň şonça-da tiz kanagatlandyrylýandygyny durmuş tejribesi görkezýär. Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde netijeli iş bilen üpjünçiligi döretmek we ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak üçin bilim ulgamy bilen zähmet bazarynyň özara baglanyşygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşinde döwrebap tehnologiýalar we innowasiýalar ornaşdyrylan edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň hünär derejesine bildirilýän talaplar ýokarlanýar. Ýaşlaryň zähmetini netijeli peýdalanmak döwrüň wajyp wezipesi bolup, ol ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, hünär bilimini bermek we iş bilen üpjün etmek ýaly görkezijileriň ylmy taýdan seljerilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň durmuş-zähmet hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, iş bilen üpjün etmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek baradaky wezipeler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň ylmy esasda ösdürilmegi, hünärli işgärler bilen üpjün edilmegi, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, işewürligi goldamagyň netijeli usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjek möhüm strategik ugurlardyr. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň sanly ulgam arkaly ösdürilmegi jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, döredilýän önümçilikleriň kuwwatlyklarynyň möçberleriniň köpelmegine hem-de ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmaga we olaryň iş bilen üpjünçiliginiň has-da kämilleşdirilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimizde ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak barada giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işleri elmydama rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Şemşat KIÇIGULOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.