Habarlar
Döredijilikli işleriň guwandyryjy netijesi

Türkmen işewürleriniň önümleriniň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe günläp dowam eden sergisi öz işini tamamlady. Telekeçileriň gazananlarynyň däp bolan gözden geçirilişi ýokary derejede, üstünlikli jemlendi. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji aprelde sergide bolup, ol ýerde görkezilýän önümler, hödürlenen taslamalar bilen tanyşmagy, täze harytlar bilen gyzyklanmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň şol günlerde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleriň karz berilmegi, ýagny hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek baradaky aladasy türkmen telekeçilerini has-da begendirdi. 

Eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki bu serginiň öňkülerden tapawutly aýratynlygy nämedekä?! Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi mynasybetli, 14 ýyl bäri geçirilýän serginiň bu gezek bir hepdeläp dowam etdirilmegini onuň tapawutly aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar. Munuň özi türkmen telekeçilerine öz önümlerini öňkülerden has giňden mahabatlandyrmaga, hödürlenen tekliplerdir taslamalar boýunça biri-birleri bilen dowamly pikir alyşmaklaryna mümkinçilik döretdi. Diňe bu hem däl. Harytlaryň ýerlenmegi üçin-de sergi günleri diýseň amatly boldy. Söwdalarda müşderilere ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, eksport ugurly önümler bilen birlikde, iň täze önümler hödürlendi. Bu gezekki sergi milli önümleriň täze görnüşleriniň 100-den gowragyny öz içine aldy.

  Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bar. Munuň şeýledigini IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalar, şol sanda  «Ýokary tilsimatlar» merkezi, «Adyl açar», «Milli ulgam», «Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi», telekeçi Zafar Jumaýew we beýlekiler tarapyndan hödürlenen senagat we elektron önümleri, töleg terminallary, «akylly» öýleriň taslamalary, köp ulgamly programmalarda, elektron söwdada gazanylan üstünlikler bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilen bu serginiň dowamynda ýerli hususy kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy. Diýmek, türkmen telekeçileriniň dünýä bazaryndaky örüsi ýene-de giňemek, türkmen önümleriniň dünýä meşhurlygy öňküden-de artmak bilen bolar.  

                                                                   

Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň yglan eden «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň jemi jemlenip, onda  hususyýetçileriň 58-si dürli ugurlar boýunça ýeňiji boldy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrebap derejede guralan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär.  

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

20.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

“Geçen döwürde biziň gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz biziň halklarymyzyň umumy taryhynyň, baý medeniýetiniň we köp babatda meňzeş däp-dessurlarynyň asyrlara uzaýan türkmen-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtap, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine oňyn täsirini ýetirýändigini aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran taryhy döwlet saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine hem-de täze derejä çykarylmagyna uly itergi berjekdigine pugta ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplady. Hususan-da, energetika babatda sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekdäki bilelikdäki tagallalarymyz esasynda üstünlik gazanjakdygymyza ynanýarys. 

                                                                   

Türkmenistan we Hindistan Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda wajyp taslamalaryň birnäçesini, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirýärler. Onuň üstünlikli tamamlanmagy gatnaşyjy ýurtlaryň diňe bir ykdysady taýdan galkynmagyna däl, eýsem, sebit derejesinde uly öňegidişlikleri gazanmaga ýardam berer. 

                                                                   

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowinde we Premýer-ministr Narendra Modä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                                                           

(TDH)

20.04.2022
Yhlasly gözlegler — üstünliklere badalga

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň baý taryhy bar. Ýurdumyzda nebit senagatynyň ösmegi bilen, 1949-njy ýylda häzirki Balkan welaýatynyň merkezinde Azerbaýjan ylmy-barlag institutynyň şahamçasy peýda bolýar. 1952-nji ýylda ol öňki Bütinsoýuz nebit ylmy-barlag institutynyň türkmen filialyna öwrülýär. Munuň özi önümçiligi ylym bilen utgaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Soňra «Giprotürkmennebit» institutynyň Balkanabat şäherindäki bölümi bilen Bütinsoýuz nebit ylmy-barlag institutynyň türkmen filialy ikisi birikdirilip, 1970-nji ýylda «TürkmenNIPInebit» instituty emele gelýär. Aslynda, institutyň ady birnäçe gezek üýtgedilýär. 2005-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty» diýlip atlandyrylýar. 

                                                                   

Ylmy-barlag we taslama institutynyň kemala gelmegi nebit pudagynyň ösmegine ýardam etdi. Geçen uzak ýyllaryň dowamynda uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda uly tejribe toplandy. Ýüze çykýan meseleleri çözmekde ylmy, tehnologik we usulyýet çeşmeleri işlenip taýýarlandy.  

                                                                   

Institutyň ylym bölüminde 24 sany ylmy-barlag laboratoriýalary we kadalaşdyryş-barlaglar gullugy bolup, olar geologiýa-gözleg, burawlaýyş, känleri işläp geçmek, nebit çykarmak, ony taýýarlamak, akdyrmak ýaly pudagyň dürli ugurlary boýunça kadalary işläp düzmek işlerini ýerine ýetirýärler. Şeýle hem taslama ugry boýunça 7 bölüm bolup, hünärmenler sebitiň nebitgaz senagatynyň we dürli raýat gurluşyk obýektleri boýunça taslama-gözleg işlerini alyp barýarlar.  

                                                                   

Geçen 73 ýylyň içinde alym-hünärmenleriň tagallasy bilen 2500-den gowrak ylmy-barlag işleri, 5150-den gowrak gurluşyk we känleri tehnologik desgalaşdyrmak boýunça taslamalar ýerine ýetirildi. Döwrebap ylmy täzelikler, oýlap tapyşlar, tehnologiýalar yzygiderli önümçilige ornaşdyrylýar. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserninden gelip gowuşýan tabşyryklar, görkezmeler öz wagtynda seljerilip, alnan netijeler boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar işlenip taýýarlanýar. 

                                                                   

Nebitgaz senagatynda ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ýokary derejesi göz öňünde tutulyp, instituta 1997-nji ýylda «Altyn ýyldyz» halkara sylagy (Ispaniýa) hem-de 2009-njy ýylda «Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň laureaty» (Tähran) diýen hormatly at berildi. Bu ýerde 2014-nji ýylda aspirantura bölümi hem döredildi. Häzirki döwürde ylymlaryň doktorlarynyň 1-i, kandidatlaryň 6-sy hem-de tejribeli hünärmenleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen alymlyk derejesine dalaşgärleriň 19-sy ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy düzümlerinde gaýybana okap, bilimlerini hem-de ylmy derejelerini ýokarlandyrýarlar. 

                                                                   

Alym-hünärmenleriň hödürnamalary boýunça burawlaýşa taýýarlanan Günorta Uzynada meýdançasynda 7-nji, Demirgazyk Kemer meýdançasynda 1-nji, Porsy meýdançasynda 4-nji belgili gözleg guýularynyň burawlaýyş işleri alnyp barylýar. Geçen ýylda ylmy taýdan taýýarlanan teklipler boýunça burawlamaga hödürlenen guýularyň 22-si ulanyşa girizildi. Gapdal sütüni burawlamak boýunça işler guýularyň ýene-de şonçasynda amala aşyryldy. Gazlift usuly bilen işleýän nebit guýularynyň iş düzgünini kadaly ýöretmek üçin institutda işlenip taýýarlanan KGU-25 kysymly gazlift klapanlary guýularyň 5-sinde oturdyldy we garaşylýan netijeler gazanyldy. Goturdepe käniniň 2-nji nebitgaz çykaryş bölüminiň gazlift guýularynyň 4-sinde iş düzgünlerini kadalaşdyrmak üçin barlag işleri geçirildi. Şolaryň esasynda her gije-gündizde 36 500 m3 gaz tygşytlanyp, 9,3 tonna goşmaça nebit alyndy.  

                                                                   

Altyguýy, Keýmir, Gamyşlyja, Goturdepe we Barsagelmez ýaly nebitgaz känleriniň guýularynyň nasos-kompressor turbalaryny we guýularyň düýpýaka zolagyny asfalten-smola-parafin çökündilerinden arassalamak boýunça Gyýanlydaky polimer zawodynyň goşmaça önümi bolan pirobenzin bilen 180-den gowrak guýuda önümçilik-synag işleri geçirildi. Netijede, geljekde pirobenzini şeýle çökündileri arassalamakda ulanmak maksadalaýyk hasaplandy. 

                                                                   

Nebit guýularynyň önümliligini artdyrmak maksady bilen ylmy-barlag işleri-de yzygiderli geçirilýär: «Goturdepenebit» we «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliklerinde hereket edýän nebitli gazlift guýularynyň tehnologik iş düzgünlerini gaýtadan ölçemek we kada salmak boýunça barlag işleri geçirilip, teklipler degişli müdirliklere hödürlendi. Burawlaýyş işleri boýunça Nebitdag meýdançasynyň, Demirgazyk Goturdepe meýdançasynyň guýularynda ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýyň öňüni almak, guýularyň burawlaýyş işlerini taslama çuňlugyna päsgelçiliksiz alyp barmak üçin hem teklipler edildi. Günbatar Çeleken, Daýandyk, Demirgazyk Goturdepe meýdançalaryndaky guýularyň 10-synda gurluşyk taslamasyndaky buraw erginini ulanmak boýunça reglament taýýarlandy. 

                                                                   

Ylmyň we tehnologiýanyň pajarlap ösýän döwründe dünýä derejesinde ylym-bilimli bolmaga, hünär saýlamaga, ylmy işleri ýerine ýetirmäge, döredijilikli zähmet çekmäge bizde ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda nebitgaz pudagyny hem giň gerim bilen ösdürmäge uly üns beriljekdigini nygtap bellemek bilen, degişli alym-hünärmenlere aýratyn ynam bildirdi. Döwlet tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.  

                                                                                                           

Döwletberdi ELÝASOW,

                       

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň direktory.

20.04.2022
Türkmenistanyň Kanuny

 «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda 

                                                                   

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 80-nji madda, № 4, 137-nji we 179-njy maddalar; 2018 ý., № 4, 111-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda; 2020 ý., № 4, 86-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 142-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli: 

                                                                   

 1) 10-njy maddanyň on ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli: 

                                                                   

«- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň möçberlerini hem-de ol tölegleri hasaplamagyň we tölemegiň Tertibini tassyklaýar;»; 

                                                                   

 2) 11-nji maddanyň birinji böleginiň on üçünji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly: 

                                                                   

«- ýerden peýdalanmak hukugyna we ýere kärende hukugyna güwä geçýän resminamalar berleninden soňra, her aýyň 1-indäki ýagdaýyna görä, olaryň nusgalaryny hem-de ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň anyk hasaplanan möçberleri baradaky maglumatlary degişli häkimlige hem-de maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň degişli salgyt edarasyna (mundan beýläk — salgyt edarasy) iberýär; 

                                                                   

- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagynda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde ýardamlary berýär; 

                                                                   

- ýer böleklerini peýdalanmaga we kärendesine alan taraplaryň her biri boýunça ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň möçberleriniň hasaplanyşy hem-de salgyt edarasy tarapyndan berlen tölegler baradaky maglumatlar boýunça her çärýekde degişli häkimlik we salgyt edarasy bilen deňeşdirme seljerişi boýunça işine gatnaşýar;»; 

                                                                   

 3) 12-nji maddanyň birinji böleginde: 

                                                                   

 sekizinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli: 

                                                                   

 «- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň doly we öz wagtynda tölenilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;»; 

                                                                   

 sekizinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«- deňeşdirme seljerişi boýunça geçirilen işiň netijelerine laýyklykda, ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişi baradaky maglumatlary jemleýärler;»; 

                                                                   

 4) 13-nji maddada: 

                                                                   

 sekizinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli: 

                                                                   

 «- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň doly we öz wagtynda tölenilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;»; 

                                                                   

 sekizinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«- ýer böleklerini peýdalanmaga we kärendesine alan taraplaryň her biri boýunça ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişiniň hasabyny ýöredýärler hem-de her çärýekde ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy we degişli salgyt edarasy bilen deňeşdirme seljerişi boýunça işi geçirýärler, onuň netijeleri barada maglumatlary degişlilikde welaýat, Aşgabat şäher häkimligine berýärler;»; 

                                                                   

 5) 29-njy maddanyň dördünji tesimini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli; 

                                                                   

 6) 49-njy maddanyň birinji böleginiň altynjy tesiminde birinji «kärende» diýen sözüň öňünden «ýer üçin» diýen sözleri goşmaly; 

                                                                   

 7) IX babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli: 

                                                                   

 «Ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi hem-de gelip gowuşýan serişdeleri peýdalanmak»; 

                                                                   

 8) 55-nji maddada: 

                                                                   

 adyny şu görnüşde beýan etmeli: 

                                                                   

 «Ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi»; 

                                                                   

 birinji bölekde «kärende» diýen sözüň öňünden «ýer üçin» diýen sözleri goşmaly; 

                                                                   

 ikinji bölekde: 

                                                                   

 birinji tesimde «Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiliginde, şeýle hem» diýen sözleri aýyrmaly; 

                                                                   

 ikinji tesimde «bellenilýär» diýen sözi «tassyklanylýar» diýen söze çalşyrmaly; 

                                                                   

 üçünji bölekde: 

                                                                   

 birinji tesimde «Kärende» diýen sözi «Ýer üçin kärende» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 ikinji tesimde «bellenilýär» diýen sözi «tassyklanylýar» diýen söze çalşyrmaly; 

                                                                   

dördünji bölekde «kärende» diýen sözüň öňünden «ýer üçin» diýen sözleri goşmaly we «bellenilýär» diýen sözi «tassyklanylýar» diýen söze çalşyrmaly; 

                                                                   

 9) 55-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly: 

                                                                   

 «551-nji madda. Salgyt edarasynyň ýer gatnaşyklary babatda wezipeleri 

                                                                   

 Salgyt edarasy ýer gatnaşyklary babatda şu wezipeleri amala aşyrýar: 

                                                                   

- ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan her aýyň 1-indäki ýagdaýyna görä, berilýän ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň anyk hasaplanan möçberleri barada maglumatlary (maglumatlara ýerden peýdalanmak hukugyna we ýer kärendesi hukugyna güwä geçýän resminamalaryň degişlilikde nusgalary goşulýar) jemleýär; 

                                                                   

- ýer böleklerini peýdalanmaga we kärendesine alan taraplaryň her biri boýunça ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişiniň hasabyny ýöredýär, hasabatyny düzýär hem-de degişli häkimlige we ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasyna berýär; 

                                                                   

- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň dogry hasaplanylyşyna hem-de ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan ol tölegleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda doly we öz wagtynda tölenilişine gözegçilik etmek maksady bilen, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy bilen bilelikde degişli häkimlik tarapyndan geçirilýän deňeşdirme seljerişi boýunça işe gatnaşýar; 

                                                                   

- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişi barada her aýdaky hasabatlary jemleýär we ýokarda durýan edarasyna berýär; 

                                                                   

 - ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň meseleleri boýunça teklipleri ýokarda durýan edarasyna berýär.». 

                                                                   

 II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji apreli. 

19.04.2022
Beýik ruhy ýörelge — jemgyýetimiziň mizemezliginiň daýanjy

Aşgabat, 18-nji aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Remezan aýynda paýtagtymyzdaky hajy Arkadagymyzyň tagallasy esasynda gurlan Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi. 

                                                                   

Mukaddes Remezan aýynyň ýakymly pursatlarynda Arkadagly Serdarymyz hajy Arkadagymyz bilen bilelikde Hezreti Omar metjidine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň müftüsi hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny dileg edip, aýat okady. 

                                                                   

Soňra metjitde Arkadagly Serdarymyz we hajy Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň asyrlar aşyp gelýän nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etmelidigini, olaryň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meselelerine zerur üns bermelidiklerini belledi. Müfti bu ugurda öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra Arkadagly Serdarymyz we hajy Arkadagymyz metjidiň sadaka bermek üçin niýetlenen binasyna geldiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, döwletimizde raýatlarymyzyň milli däplerimizi berjaý etmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň ýurdumyzdaky mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, dini dessurlarymyzy we adatlarymyzy berjaý edýändiklerini belledi. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz şu gün hem halkymyzyň mukaddes däplerine eýerip, atasy Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň sadakasyny berýändigini, bu senäniň mukaddes Remezan aýyna gabat gelendigini nygtady we hormatlap gelendikleri üçin sadaka gatnaşýanlaryň ählisine taňryýalkasyn aýtdy. 

                                                                   

 Türkmenistanyň müftüsi merhumyň ruhuna bagyşlanyp berilýän sadakanyň hormatyna tebärek çykdy. 

                                                                   

Soňra agzaçar wagtynyň gelmegi bilen, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara laýyklykda, olara milli tagamlar hödür edildi. Munuň özi dini adatlar bilen bagly asylly ýörelgeleriň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň we onuň nesilleriň arabaglanyşygy arkaly dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, berlen sadakanyň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. 

                                                                   

Aýat-töwir okalandan soň, Arkadagly Serdarymyz sadaka gatnaşanlara ýüzlenip: «Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk bolsun!» diýdi hem-de sadaka gatnaşanlaryň hemmesine ýene-de bir gezek taňryýalkasyn aýtdy. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm

19.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 18-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy. 

                                                                   

Häkim şu günler ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleriniň barşy, jemagat hojalygy gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda gök zolaklary döretmek, jemagat hojalygy gullugynyň işini degişli derejede ýola goýmak wezipeleri ýokary derejede amala aşyrylmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleriniň şäheri döwrebap ösdürmek bilen bagly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamalydyklaryny tabşyrdy we ýollary döwrebaplaşdyrmak meselesiniň örän wajypdygyny belläp, bu babatda şäheriň häkimine degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz söwda dükanlarynda işleriň alnyp barlyşyna-da ünsi çekip, bu babatda ilata hyzmat edilişiniň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda şu günler dowam edýän möwsümleýin işler baradaky meselä geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. 

                                                                   

Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, gowaça ekişini ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde tamamlamak, ýeralmanyň, soganyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde kabul edilen Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň talabalaýyk derejede alnyp barylýandygy barada habar berildi. 

                                                                   

Öňde boljak şanly seneler, aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň tohumçylyk işini talabalaýyk alyp barmak we onuň bol hasyl berýän görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ak ekinlerde duş gelýän kesellere, şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş işleriniň häzirki zamanyň agrotehniki talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, şunda biokärhanalaryň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Welaýatda pile öndürmek möwsümi guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmelidir. Mundan başga-da, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen degişli işler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, aýratyn-da, köpugurly hassahananyň gurluşygynyň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň, hususan-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi bellenildi. 

                                                                   

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, ilki bilen, günbatar sebitiň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan köpugurly hassahananyň işine badalga berendigi hem-de täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň düýbüniň tutulandygy üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli möwsümleýin çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi bilen bir hatarda, ak ekinlere ideg etmek işleri batly depginde we guramaçylykly dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlary ýetişdirilip, häzir olara ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Hasabatyň çäklerinde welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki inženerçilik desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýdyldy. 

                                                                   

Şanly senelere bagyşlanan dabaralara taýýarlyk, aýratyn-da, şu ýyl Balkan welaýatynda giňden belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň häzirki döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyklykda guralmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ak ekinleriň ösüşine ýaramaz täsiri bolan haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini guramaçylykly geçirmek, şol bir wagtyň özünde sebitiň çäklerinde hereket edýän biokärhanalaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak zerur talap bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylynyň ýetişdirilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde sebitde ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri hem talabalaýyk guralmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Kabul edilen Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, sebitde medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly binalaryň we beýleki durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyklarynyň talabalaýyk ýagdaýda alnyp barylmagyna möhüm üns berilmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, ak ekinlere edilýän ideg işleriniň derejesi we gowaça ekişini ýokary hilli hem-de bellenen möhletde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen durmuşa geçirilýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Welaýatda Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan durmuş we önümçilik maksatly binalaryň, beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýandygy barada aýdyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu gyzgalaňly günlerde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigine ünsi çekdi. Şunda bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri talabalaýyk ýola goýulmalydyr. Şeýle hem biokärhanalaryň işiniň kada laýyk derejede alnyp barylmagy häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde ýeralmadan we beýleki gök-bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny ýokarlandyrmak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyny nygtap, sebitde köpugurly hassahananyň we onkologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň depginlerini güýçlendirmek hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýän ideg işleri, gowaça ekişini bellenilen möhletde we ýokary hilli geçirmek ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häkim hasabatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hem maglumat berdi. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada-da habar berildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim häzirki döwürde Oba milli maksatnamasyndan hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreler we oňa görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyndaky möhüm hem-de jogapkärli möwsüm bolan ak ekinlere ideg etmek işlerini we gowaça ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ekinlerde duş gelýän kesellere, haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreş çäreleriniň degişli derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Şunda welaýatyň biokärhanalarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek möwsümi barada aýdyp, bu gymmatly çig malyň dokma senagaty üçin örän zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly, agrotehniki kadalar esasynda we ýokary hilli geçirmek ugrunda edilýän tagallalar, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmek hem-de sebitde pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginde dowam edýär. 

                                                                   

 Welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri barada-da hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi. Şunda ak ekinlere ideg etmek işleri we gowaça ekişini bellenen möhletlerde guramaçylykly hem-de ýokary hilli geçirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde ekinlere zyýan berijilere, haşal otlara garşy göreş çäreleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak meselelerine üns berilýändigini belläp, bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Sebitde pile öndürmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi, bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmegi babatda-da anyk görkezmeler berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde tamamlanmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler, aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda maýsalary goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny tutmak, keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygyny, Balkan welaýatynda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlarynyň taýýarlanyp, paýlanýandygy barada aýtdy. Sebitiň howa şertleri nazara alnyp, Daşoguz welaýatynda ýüpek gurçugynyň ideg işlerine 26-njy aprelde girişiler. 

                                                                   

Wise-premýer hasabatynyň dowamynda Diýarymyzda obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan giň möçberli goldawyň berilýändigini belläp, oba zähmetkeşleriniň döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

 Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilnamada bellenilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada-da hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, ideg işleriniň dowamynda ekinlere zyýan berijilere we haşal otlara garşy göreş çäreleriniň talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň biokärhanalarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, şunda ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edip, bu gymmatly çig maly öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmegine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

19.04.2022
Hil — kämilligiň gözbaşy

düýn türkmen telekeçileriniň gazananlaryna bagyşlanan sergi öz işini tamamlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatyndan, döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan türkmen telekeçileri importuň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenilen önümleri öndürmek işinde uly tejribe topladylar. Geçen hepde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Ýokary hilli önümleri öndürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan hususy düzümleriň biri-de TSTB-niň agzasy bolan «Täç hil» hususy kärhanasydyr.  

                                                                   

Saç ýuwujy, gap-gaç ýuwujy, gigiýeniki tämizleýji, suwuklandyrylan sabyn ýaly arassaçylyk serişdeleriniň üstüni ýetirýän «Anbar», «Fresh-tämiz», «Glim-parlak» haryt nyşanly önümler telekeçileriň sergisinde uly gyzyklanma döretdi. Gözden geçirişiň çäklerinde türkmen telekeçileriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň «Ýylyň täze önüm öndüriji işewüri» ugry boýunça ýeňiji bolmagy hem hususy kärhananyň işine berlen mynasyp bahadyr. Bizem «Täç hil» hususy kärhanasynyň döwrebap önümçilik toplumynda bolup, täze önümleriň öndürilişi bilen ýakyndan tanyşdyk.  

                                                                   

Hususy kärhananyň önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. 1,33 gektar meýdany eýeleýän önümçilik kärhanasy «A» we «B» bloklardan ybarat bolup, olaryň birinjisi arassaçylyk serişdelerini, ikinjisi bolsa polietilen torbalaryny öndürmäge ýöriteleşendir. Olar Germaniýanyň we Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. 

 Arassaçylyk serişdelerini öndürýän sehiň gapysyndan giren badyňa dezinfeksiýa serişdeleriniň ýakymly we tanyş ysy burnuňa dolýar. Bu ýerde şahsy arassaçylyk serişdeleri, dürli ölçegdäki çygly süpürgiçler, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar, «Aura» haryt nyşanly atyrlar, «Fresh-tämiz» haryt nyşanly ýakymly ys berijiler we beýleki antiseptik serişdeler öndürilýär. «Täç hil» hususy kärhanasynyň baş hünärmeni Serdar Öwezow çygly süpürgiçleriň öndürilişi bilen tanyşlygymyzda şeýle gürrüň berdi: «Çygly süpürgiçler öndürilende ýörite taýýarlanylan mata awtomatlaşdyrylan enjamlarda üznüksiz hereket edip, kesgitli ölçeglere bölünýär we dürli ys beriji hem-de antibakterial serişdeler bilen çyglandyrylýar. Soňra bolsa gaplara gaplanýar. Önümçilik üçin ulanylýan suw Köpetdagyň etegindäki Ýanbaş tebigy çeşmesinden getirilýär. Suwuklyk birnäçe gezek gaýtadan işlenilýär we arassalanýar. Her bir çig mal ýörite hil barlaghanasynda barlagdan geçirilenden soň önümçilige goýberilýär. 

                                                                   

Dezinfeksiýa serişdeleri hem ýörite düzüm esasynda taýýarlanylyp, barlaghanada barlanandan soň, degişli enjamlaryň kömegi arkaly dürli ölçegdäki polipropilen gaplara guýulýar. Soňra olaryň gapagy ýapylyp, daşyna bezeg kagyzy ýelmenýär. Beýleki önümleriň önümçiligi hem şu tertipde alnyp barylýar. Taýýar önümler ammarlarda saklanylyp, ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki söwda nokatlaryna ýollanylýar». 

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň iýmit önümlerini we dürli görnüşli beýleki zatlary saklamaga hem-de daşamaga niýetlenen polietilen torbalaryny öndürýän sehinde hem işler doly awtomatlaşdyrylan ýagdaýda, howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

— «Täç hil» ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynyň, söwda nokatlarynyň, hyzmatlar ulgamynda işleýän telekeçileriň buýurmalary esasynda dürli ölçegdäki we görnüşdäki polietilen torbalaryny öndürýär. Hususy kärhanamyzyň diňe şu ugurdaky müşderileriniň sany 500-den geçýär. Önümçilik üçin çig mal Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyndan satyn alynýar. Çig mal önümçilik tapgyrlaryny geçip, polietilene öwrülýär. Polietilen sargyt edilen ölçeglere görä kesilip, reňklenilip, ýüzüne bezegler ýerleşdirilýär we torbalar taýýar bolýar — diýip, hususy kärhananyň baş hünärmeni Eziz Gurdow gürrüň berýär. 

                                                                   

Hususy kärhananyň önümçilik toplumynyň gurluşy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýolbaşçynyň hem-de hünärmenleriň işleýän otaglaryny we önümçilik sehini biri-birinden diňe aýna diwarlar aýyrýar. Dünýäniň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynda ulanylýan şeýle gurluş işleriň has netijeli ýola goýulmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy hem-de ýolbaşçysy Täçmyrat Gurdow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize kärhananyň esaslandyrylyşy we ösüş ýoly barada şeýle gürrüň berdi: 

                                                                   

— «Täç hil» hususy kärhanasy 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Ilkibaşda biz, esasan, polietilen torbalarynyň we çygly süpürgiçleriň önümçiligi bilen meşgullanýardyk. Işgärlerimiz bolsa barmak büküp sanaýmalydy. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, ýurdumyzda hususy telekeçiler üçin uly şert-mümkinçilikler döredildi. Bizem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna kärhanamyzyň gerimini giňeltdik. 2016-njy ýylda telekeçiler üçin ýörite döredilen senagat zolagynda döwrebap kärhanamyzy işe girizdik. Häzir bu ýerde 60-dan gowrak işgär zähmet çekip, şolaryň 20-ä golaýy ýokary derejeli hünärmenlerdir. Indi öndürýän önümlerimiziň hem görnüşleri 100-e ýakynlap barýar.  Bu görkeziji yzygiderli ýokarlanýar. 

  Biziň esasy maksadymyz — halkymyz üçin ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli önümleri öndürmek. Önümlerimiziň halkara hil we howpsuzlyk standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO we kärhanamyzda işleriň talabalaýyk ýola goýlandygyny tassyklaýan OHSAS halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolandygymyz bolsa işimize berlen ýokary bahanyň nyşanydyr. 

                                                                   

Biz — telekeçilere ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we halkymyz üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge giň şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun! 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda «Täç hil» hususy kärhanasy täze görnüşli önüm öndürip başlady. «Anbar» haryt nyşany bilen üç görnüşde taýýarlanylýan köpürjikli sabyn, hünärmenleriň bellemegine görä, el ýuwulanda peýdalanylýan suwuň möçberini 35 göterime çenli tygşytlamaga ýardam edýär. Bu bolsa kärhanada ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.  

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, Eýran, Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy ýaly goňşy ýurtlara-da eksport edilýär. 

                                                                   

Senagat pudagynda iş alyp barýan hususy telekeçileriň üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Döredilýän giň şert-mümkinçiliklerden göwünleri ganatlanýan telekeçiler mundan beýläk hem importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenilen önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».


19.04.2022
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Onda 2-nji aprelde Milli Geňeşiň Mejlisiniň on ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda kanunlaryň her biri boýunça netijenama berildi. 

                                                                   

Ilki bilen, «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler bu resminamanyň jenaýat-hukuk gatnaşyklary ulgamynda alnyp barylýan ynsanperwer syýasaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny bellediler. 

                                                                   

Soňra «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara Yslam söwda we maliýe korporasiýasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara Zähmet Guramasynyň Tertipnamasyna düzedişleri girizmek hakyndaky namany tassyklamak hakynda», «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna garaldy. 

                                                                   

Şeýle-de «Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky çarçuwaly Ylalaşyga goşulmak hakynda», «Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlary halkara satyn almak-satmak boýunça şertnamalar hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna garaldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bu kanunlaryň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryna-da garadylar. Şolaryň hatarynda «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», şeýle hem «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürilmegine hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi. 

                                                                   

 Mejlisiň barşynda beýleki möhüm meselelere-de garaldy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisiniň garamagyna hödürlenen kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli kararlar bilen berkidildi.

18.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Başar Al-Asada berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Siriýa Arap Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Prezidentini gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mahmud Abbasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Palestinanyň halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Meý Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Kanadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Meý Saýmona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Kanadanyň halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi. 

                                                                                                           

(TDH)

18.04.2022
Baş maksat — halkyň abadan durmuşy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna toý sapary barada söhbet 

                                                                   

 Hazar kenary. Giňişlik. Mawy giňişlik. Nirede deňiz gutaryp, nirede asman başlanýar, saýgardarly däl. Könekiler beýle görnüşe «Dünýäniň başlanýan ýeri» diýer ekenler. Biziň üçin bolsa bu kenar täze taryhy döwrüň hem başlanan ýeri. Hakykatdan-da, heran-haçan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gadam bassaň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçen ýyllara, geçilen ýollara seýil eden ýaly bolýarsyň. Täze zamananyň geriminiň-hörpüniň nähili uludygyny hut şu kenarda, şu sebitde başy başlanan, bitirilen işler hem turuwbaşdan aýan-aýdyň görkezipdi. 14-nji aprelde welosipedli ýörişe goşulyp, Awazanyň ýollary bilen barşyňa, hatar gurap oturan kaşaň binalary synlap, olaryň hersiniň döwrüň bir sahypasydygyna, manyly ömrüň bir pursadydygyna göz ýetirýärsiň... 

                                                                   

 Hawa, ozal habar berlişi ýaly, 14-15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda saparda boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişenden soňra ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyran ilkinji saparydygy bilen-de, il-halkyň bagtyýar durmuşyny, röwşen geljegini nazarlaýan döwletli tutumlara beslenendigi bilen-de taryhy ähmiýete eýe bolup, ol «toý sapary» diýlip atlandyrylmaga doly mynasypdyr. 

                                                                   

 Günbatar sebit: ösüşiň täze gözýetimleri 

                                                                   

Balkan welaýaty — ýurdumyzyň depginli ösýän sebitleriniň biri. Onuň geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary, amatly howa şertleri senagaty, oba hojalygyny, ulag we aragatnaşyk pudagyny, hyzmatlar ulgamyny hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Welaýatyň sebit boýunça jemi önüminiň üçden iki bölegi senagatyň paýyna düşüp, onuň gazy, elektrik energiýasyny, himiýa önümlerini, gurluşyk materiallaryny, azyk önümlerini öndürýän pudaklary bar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, soňky ýyllarda Balkan welaýatynda hem giň gerimli, halkara derejeli taslamalar amala aşyryldy... 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň 14-nji aprelde “Awaza” Kongresler merkezinde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde garalan meseleler günbatar sebitiň ählitaraplaýyn ösüşini has-da ilerletmekde giň gözýetimleriň nazarlanýandygyny görkezdi. Ýurtdaky rowaçlygyň özeninde-de, elbetde, sebitleriň ösüşi durýar. 

                                                                   

Gürrüň, hususan-da, geljek 7 ýyl üçin taýýarlanylýan Prezident Maksatnamasynda günbatar sebiti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda welaýatyň senagat pudaklarynyň ählisine iri maýa goýumlaryny çekmek, sebitiň ykdysadyýetine ylmyň gazananlaryny we dünýä tejribesini, innowasion hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, energetika, dag-magdan ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak barada barýar. 

                                                                   

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, ulag-logistika ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmak, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzilini gurup ulanmaga bermek, şypahana we syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada barýar. 

                                                                   

Hazar deňziniň geljegi uly kenarýaka zolaklarynda gözleg-barlag işlerini çaltlandyrmak, täze ýataklary açmak we özleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, bu işe hususy ulgamy hem-de maýa goýumlary çekmek barada barýar. 

                                                                   

Balkan welaýatynyň baý kuwwatyny, şol sanda Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara almak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan himiki serişdeleriň täze görnüşleriniň, ýod, brom we brom önümleriniň, kaustik sodanyň, hlor we hlor önümleriniň önümçiliklerini ýola goýmak işlerini işjeňleşdirmek barada barýar. 

                                                                   

Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilen täze desgalaryň degişli sanawyna laýyklykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan suw tygşytlaýjy usullary ulanmak arkaly, gök önümleri, üzüm hem-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny hem-de azyk önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlary gurmak boýunça taslamalaryň 14-sini amala aşyrmak barada barýar. 

                                                                   

 Ahyrky netijede, diňe bir sebitiň ilatynyň däl, tutuş halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak barada barýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň şol gün Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy bolsa döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, bu ugurdaky mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy babatdaky tagallalar bilen baglydyr. 

                                                                   

 Zamananyň saglyk täji 

                                                                   

 Saglyk — islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisi. 

                                                                   

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyp ulanmaga berilmegi täze döwrüň taryhyna zer harplar bilen ýazyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelmegi akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we zähmeti, hut milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amal edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze hassahananyň gurluşygy hem Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň martynda gol çeken Karary esasynda alnyp baryldy. 

                                                                   

Hassahanada 27 bölüm hereket edýär diýmek täze desga saglygy goraýşyň tas ähli jähetlerini öz içine alýar diýmekdir. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek işleri sazlaşykly ýola goýlupdyr. Munuň özi Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda halkara derejeli döwrebap şypahana düzüminiň barha giňeldilýändiginiň hem-de ilatyň hyzmatyna gönükdirilýändiginiň güwäsidir. 

                                                                   

Häzirki döwürde lukmançylyk hyzmatlarynyň gowulandyrylmagy diňe döwrebap tehnologiýalaryň, täze ylmy açyşlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy, innowasion usullara giň gerim berilmegi bilen mümkindir. Täze köpugurly hassahananyň döwrüň şu talabyny dolulygyna ödeýändigine onda ýerleşdirilen enjamlar bilen tanşanyňda, has anyk göz ýetirýärsiň. Täze hassahana “Ýokary tehnologiýalar”, “Ýokary hil”, “Ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawly hassahana” ugurlary boýunça halkara güwänamalaryň gowşurylmagy-da bu hakykaty birkemsiz tassyklaýar. 

                                                                   

Muhammet Gaýmaz Türkmeniň: «Saglyk sag adamyň başyndaky altyn täçdir. Emma ony diňe näsaglar görýär» diýen sözlerini, meger, eşidensiňiz. Bu gün halkymyzyň başyndaky sap altyndan saglyk täjini hemme görýär. Dünýä görýär. Sebäbi ol täç, ine, şeýle kaşaňdan-kaşaň saglyk köşkleri bolup öwşün atýar... 

                                                                   

“Janyň saglygyna, başyň dikligine geljek zat barmy?! Şeýle-de bolsa, hassahana diýilse, adam käte garaňky göräýgiç, birbada ýaýdanaýgyç bolýar. Öten ýyl saglygymy bejertmek üçin paýtagtdaky halkara merkezleriň birine baranymda, bu pikirim düýbünden üýtgedi. “Adamyň gadyrynyň nähili uludygyny bilmek üçin görülmeli, gelinmeli ýerler eken diýdim. Özi hakyndaky aladany görüp, adam özüni arkaly, hossarly duýýar. Şeýle döwrebap saglyk merkeziniň, ynha, özümizde hem işe başlandygyna guwanjymyz çäksiz” diýip, balkanly ýaşuly Nyýazmämmet Muhammedow gürrüň berýär. 

                                                                   

“Görüp otursak, soňky 15 ýylda welaýatda täze saglyk desgalarynyň 30-a golaýy bina edilipdir, birenteginiň durky düýpli täzelenipdir. Geçen ýylyň güýzünde Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda ýene-de bir döwrebap hassahana ulanmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralaryna şol wagt Hökümet Baştutanynyň orunbasary bolup işleýän, bu gün bolsa il ynamyny gazanyp döwlet Baştutanlygyna saýlanan hormatly Serdar Berdimuhamedow gatnaşypdy. Halkyň ýüregine halk bähbitli işler bilen ýol salyp bolýar. Döwletli tutumlary, ynamly gadamlary bilen halkyň hoşallygyny gazanýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, maksatlary myrat bolsun!» diýip, Türkmenbaşy şäherinden şahyr Didarberdi Allaberdiýew ýürek sözüni paýlaşdy. 

                                                                   

Zamanamyzyň esasy aýratynlyklary hakda pikir öwreniňde, öňi bilen, «toplumlaýynlyk we yzygiderlilik» diýen sözler dile gelýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýan köpugurly durmuş syýasaty döwrebap şertleriň gerimini merkezden ýurduň tutuş çäklerine çenli giňeltdi. Ýeri gelende aýtsak, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanalar ýakyn wagtda Daşoguzda, soňra bolsa Ahal welaýatynda hem açylyp ulanmaga berler. 

                                                                   

Täze hassahanada onuň saglygy goraýyş maksatly halkara derejeli çäreleriň geçirilýän, tejribeleriň alşylýan, wajyp meseleleriň iş ýüzünde maslahatlaşylýan ýerine öwrülmegi babatda-da ähli şertler bar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň açylyş dabarasynyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda işleri ilerletmek bilen bagly möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde somatiki (çagalykdan galýan) kesellere garşy göreşýän merkezi döretmek, Aşgabatda ýene-de bir döwrebap Stomatologiýa merkezini gurmak baradaky bu tekliplerdir degişli ýolbaşçylara berlen anyk tabşyryklar “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygaryň barha rowaçlanýandygyna, adamlar, olaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine misilsiz güwädir. 

                                                                   

 Ýaşaýyş öýden başlanýar 

 Ir döwürlerde bir kişiniň “Adamzada nädip ýagşylyk edip bilerin?!” diýen sowalyna akyldar: “Git-de, maşgalaňy bagtly et!” diýip jogap beripdir. 

                                                                   

 Dünýäniň bagty — maşgala abadançylygynda. 

                                                                   

Maşgalalaryň bagtyýar durmuşy bolsa ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen hem aýrylmaz bagly. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip bellemegi halkymyzda uly hoşallyk döretdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň günbatar welaýata toý saparynyň barşynda Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň düýbüniň tutulmagy söz bilen işiň bitewüliginiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere üstünlikli amal edilýändiginiň güwäsi bolandygy bilen uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň 8-nji aprelde gol çeken Kararyna laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň aprel aýynda tamamlanar. 

                                                                   

14-nji aprelde Hökümetiň Awazada geçirilen göçme mejlisinde hem Gyýanlydaky polimer zawodynyň işgärleri üçin Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky teklip öňe sürüldi. 

                                                                   

 Ýagşy işler — ýaşaýşa ýaraşyk, döwre dowamat! 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 ...Ýene-de goja Hazaryň mawy giňişligini synlaýarys. «Deňizler syýa, daragtlar galama dönse... Ýazsam waspyňy asmana. Şonda-da tarypyňa ýetebilmerin» diýýär şahyr. Megerem, bu Watanyň — gözleriň göreji, göwünleriň guwanjy behişdi Diýaryň, döwletli döwranyň waspyna ýetme ýokdugy üçindir, deňziň ýadawsyz-dynuwsyz owaz eýläp, yşkyny göge rowan eýläp tolkunyp ýatyşy... 

                                                                                                           

Kakamyrat REJEBOW.         

“Türkmenistan”.

18.04.2022
Söwdanyň sanlylaşdyrylmagynyň eksporty ösdürmekdäki ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli işleriniň netijesinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynyň netijeli durmuşa geçýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak işleri möhüm orny eýeleýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksport edýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegini dowam etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary depginli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlary kesgitlemek Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda” baş maksat hökmünde kesgitlenildi.

Dünýäniň haryt bazarlarynda bäsleşik göreşiniň ýitileşýän häzirki şertlerinde ýurdumyzdan daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini has-da artdyrmak üçin daşary söwda gatnaşyklarynda häzirkizaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagy zerur bolup durýar. Şeýle tehnologiýalaryň biri hökmünde internet toruny görkezmek bolar. Häzirki döwürde dünýäde bu toruň üsti bilen köp sanly elektron söwda amallary geçirilýär.

Elektron söwda diýip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan, uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýär.

Halkara söwda gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda internet söwdasyny ýurdumyzyň milli eksportyny artdyrmagyň gelejegi bar bolan ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Eksporta goldaw bermegiň bu usulyny has-da giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” elektron söwda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmeginiň üç ugrunyň biri hökmünde kesgitlenip geçilýär.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron söwdany ösdürmegiň kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Hususan-da, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini muňa mysal edip bolar.

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýarlar. Şol sanda hususy önüm öndürijilerimiz, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan şereketler internet söwdasynyň gerimini günsaýyn giňeldýärler, elektron söwda sahypalaryny açmak, ykjam elektron goşundylaryny döretmek hem-de dünýä belli internet söwda ulgamlarynda ýurdumyzda öndürilen harytlary hödürlemek arkaly onlaýn usulda harytlary menzilara satmak we eltip bermek hyzmatlaryny giň gerimde amala aşyrýarlar.

Elektron söwdany düzgünleşdirmek babatynda halkara derejesinde hem işler hem alnyp barylýar. BMG-niň 1996-njy ýyldaky mejlisnde “Elektron söwdasy boýunça nusgalyk kanun” kabul edildi. Halkara derejesinde şeýle kanunyň kabul edilmegi ýurtlara elektron serişdeleri arkaly harytlaryň özara alyş-çalşyny has-da ýeňilleşdirýär.

Elektron söwdany ýurdumyzyň milli eksportyny ösdürmegiň wajyp guraly hökmünde peýdalanmagyň zerurlygyny, söwda amallaryny geçirmegiň bu usulynyň ýokary amatlylygy bilen düşündirip bolar. Hususan-da:

  •     
  •    elektron    dükanyň eýesiniň, şeýle hem harytlary satyn alyjylaryň    harytlary satmaklary üçin ýa-da şu harytlary satyn almaklary    üçin olaryň bir ilatly nokadyň çäginde bolmaklary zerur    bolmaýar;

        
  •    internetiň    üsti bilen halkara söwda meýdançalaryna ornaşmak ýeňil    bolýar;

        
  •    köpsanly    wirtual töleg ulgamlary peýdalanylýar;

        
  •    halkara    söwdasyndaky araçyllara sarp edilýän harajatlar azalýar;

        
  •    harytlar    dünýäniň islendik nokadyna poçtanyň üsti bilen eltilýär;

        
  •    Internetiň    bar bolan islendik ýerinde we islendik wagtda täze harytlar we    arzanladyşlar bilen tanyşyp bolýar.

Elektron täjirçilik halkara söwdasynda bäsleşik artykmaçlyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär hem-de onuň ösmegini höweslendirýär. Sanly ykdysadyýet bazarlaryň has-da biri-birine ýakynlaşmagyna getirýär. 

Elektron täjirçilik harytlary (hyzmatlary) internet torlarynyň üsti bilen satyn almaklygy we satmaklygy göz öňünde tutýar. Müşderileri ýeňil gözläp tapmaga mümkinçilik bermegi elektron täjirçiligiň esasy artykmaçlygy hökmünde görkezmek bolar. Şoňa laýyklykda haryt öndürijiler öz harytlaryny daşary ýurtlara satmaga uly mümkinçilikleri alýarlar.

Alyjylar we satyjylar üçin elektron söwda meýdançalaryny döretmäge gatnaşýan internet araçyllary elektron täjirçiligiň ösmeginde wajyp orun eýeleýär. Çünki elektron söwda meýdançalary onlaýn-satyşlara sarp edijileriň ynamynyň artmagyna, satyjylar üçin belli standartlaryň bellenilmegine, tölegleri geçirmegiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem satyjylaryň (salgyt, gümrük we başgalar) döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täsir edýärler. 


Orazjemal MYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Maliýe kafedrasynyň mugallymy. 

18.04.2022
Tä­ze­lik, tä­sin­lik gö­reý diý­se­ňiz...

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň şu günler dowam edýän sergisiniň öz täzelikleri, täsinlikleri bilen uly gyzyklanma döredýändigi ol ýere gündelik barýan mähelleden mälim. Ildeşlerimiz serginiň ýakymly täsirleri baradaky pikirlerini biri-birleri bilen paýlaşýarlar. Bu gezekki serginiň öňkülerden has üýtgeşik bolandygyny aýdýarlar. Olary diňläp, işewürlerimiziň yhlasly zähmetine ýene-de bir gezek «Berekella!» diýýärsiň. 

                                                                   

Sergi zalyndaky pawilýonlaryň birinde ýerleşdirilen gök-bakja ekinleriniň şitilleri, «pawlowniýa» diýlip atlandyrylýan täsin agaç nahallary ünsüňi çekýär. Baharyň ajaýyp keşbini janlandyrýan bu görnüşi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ezber daýhan» daýhan hojalygynyň hünärmenleri döredipdir. Pomidor, hyýar, bulgar burçy... Döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän ýaşajyk nahallar — ertirki günüň bol hasyly, ak bazarlarymyzyň, mukaddes saçaklarymyzyň berekedi. Owadan, iri ýaprakly pawlowniýa agajy — gymmatly çig mal, ekologik arassaçylyk hem-de gözellik. Telekeçi Arslan Nurgeldiýew daýhan hojalygyny döredip, bu asylly işleri ýola goýanda, olaryň halkymyza getirjek peýdasyny göz öňünde tutupdy. 

                                                                   

Iňlis dili we edebiýaty boýunça ýokary bilimli hünärmeniň oba hojalyk ugruny saýlap almagyna sebäp bolan zat nämekä?! Geliň, tejribeli telekeçiniň durmuş ýoluny yzarlap, bu sowalymyza jogap tapmaga synanyşalyň! Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş hünärmen daşary ýurt kompaniýasynda terjimeçi bolup işe başlaýar. Ýöne ol terjimeçilik bilen meşgullanýan bolsa-da, kompaniýanyň alyp barýan işleri, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, ýyladyşhana toplumlarynyň gurluşygy bilen içgin gyzyklanýar. Dünýä tejribesinden öwrenenlerini synap görmek maksady bilen, hususy eýeçilikde ýyladyşhana toplumyny gurmaga girişýär. Döwletimiz tarapyndan peýdalanmak üçin uzak möhlete ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleri ýaş telekeçiniň asylly başlangyjynyň barha ugrugyp gitmegine getirýär. 

                                                                   

Işjanly telekeçi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen meýdanda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurup, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýýar. Kelemiň, hyýaryň, bulgar burçunyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, her ýylda 100 — 120 tonna hasyl alyp, halkymyzyň ýylyň ähli paslynda gök-bakja önümleri bilen üpjün edilmegine goşant goşup gelýär. 

                                                                   

«Ezber daýhanyň» owadan bezelen pawilýonynyň öňünde durup, Arslan Nurgeldiýew bilen gürrüňdeş bolýan wagtymyz, sergä aýlanyp ýören talyp gyzlar golaýymyzda aýak çekip, pawlowniýa agajy bilen gyzyklandylar. Halypa telekeçi baý iş tejribesini ýaşlar bilen paýlaşyp, şeýle gürrüň berdi: 

                                                                   

— Pawlowniýa dünýäde agaçlaryň şasy hökmünde tanalýar. Onuň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ähmiýeti uludyr. Ol berk hem-de ýumşak bolup, mebel önümçiliginde, sport esbaplaryny, saz gurallaryny ýasamakda, gurluşykda we kosmetologiýada, derman senagatynda, biotehnologiýada giňden ulanylýar. Biz bu agajy aprel aýynyň başynda ekýäris. Iň çalt ösýän bu agaç bir ýylda 5 metr töweregi boý alýar. Boýy 25 metre çenli ýetip, 100 ýyla golaý ýaşaýar. Ýene-de bir aýratynlygy, söwüt, derek ýaly, çapan ýeriňden täze şahasy ösüp çykýar. Bu bolsa ony täzeden ekmek zerurlygyny aradan aýyrýar. 

                                                                   

Pawlowniýa kömürturşy gazyny özüne çekip, köp mukdarda kislorod bölüp çykarmak bilen, howanyň ekologik ýagdaýyna hem öz täsirini ýetirýär. Lukmançylykda ony bagyr, böwrek, öthalta, öýken sökelliklerini bejermekde giňden peýdalanýarlar. Ýokumy ýorunjanyňka barabar bolansoň, pawlowniýa mallar üçin iým taýýarlamakda hem ulanylýar. Bu agajyň gögümtil-mawy we ak reňkli gülleri diňe bir owadan görnüşi däl, hoştap ysy bilen hem bendi edýär. Ol öz gözelligi bilen seýilbaglaryna, seýilgählere, köçe-ýollaryň gyralaryna aýratyn görk berýär. 

                                                                   

 Dürli toprak-howa şertlerine çalt uýgunlaşýandygy sebäpli, biz ony bereketli topragymyzda ösdürip ýetişdirmegi makul bildik. Häzirki wagtda daýhan hojalygymyzda onuň ýüz müňlerçe düýbi ösýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi tokaýlaşdyrmak işlerine goşandymyzdyr. 

                                                                   

Hawa, «Ezber daýhan» daýhan hojalygynyň öz işine ussat hünärmenleri asylly işleri bilen bazarlarda, mukaddes saçaklarda bereket bolçulygyny döretmäge, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge işjeň gatnaşmak bilen birlikde, ösüp gelýän ýaş nesilde ene topraga, halal zähmete söýgini artdyrmakda hem görelde bolýarlar. Türkmen telekeçileriniň sergisinde Arslan Nurgeldiýew ýaly baý tejribesi bolan işewürler tarapyndan ýaýradylýan tejribeler, orta atylýan teklipler, hödürlenen taslamalar ýaş telekeçiler üçin dürli ugurlarda iş alyp barmagyň ýollaryny öwrenmekde, özbaşdak iş ýöredip, ukyp-başarnyklaryny synap görmekde özboluşly mekdepdir. 

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.

18.04.2022