Habarlar
Milli harytlaryň «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekili taýýarlanylýar

Ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşan taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde habar berildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.  Şoňa görä-de, «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmalydygyny nygtady.  

                                                                                                           

«Türkmenistan»

23.04.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 22-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol topar tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 514 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. 

                                                                   

Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle-de beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşandyny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi. 

                                                                   

 Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak babatda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen bagly hem-de durmuş ugruna gönükdirilen kanunlara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. 

                                                                   

Deputatlar daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Mejlisiň agzalary Ýewropa Geňeşiniň, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde hukuk tertibini pugtalandyrmak, çagalaryň hukuklaryny goramak, zenanlar we maşgala, ekologiýa, migrasiýa meselelerine bagyşlanyp geçirilen çärelerine sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. 

                                                                   

Döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamagy, edep kadalaryny, ýol-ulag hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi wagyz etmek boýunça işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy eýýamyň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Şu ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Jenaýat kodeksiniň we Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy resminamalaryň kämilleşdirilmegi, konwensiýalaryň tassyklanylmagy, halkara guramalaryň köptaraplaýyn resminamalaryna hem-de olar bilen baglanyşykly şertnamalara, halkara ylalaşyklara we beýleki resminamalara goşulmaga degişli birnäçe kanunlar ara alnyp maslahatlaşylyp, degişli kararlar bilen tassyklanyldy. Kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek hem-de birnäçe beýleki ugurlar boýunça kanun çykaryjylyk işi dowam edýär. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary aprel aýynda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda iş saparlarynda boldular, adalat, kazyýet we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler bilen baglylykda, ata Watanymyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz parlamentarileriň öz ygtyýarlyklaryndan netijeli peýdalanmagyň we olaryň geçirýän wagyz-nesihat işini, şol sanda maşgala gymmatlyklaryny we jemgyýetiň ahlak ýörelgelerini aýawly saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde möhüm ornuny nazara almak bilen amala aşyrýan işlerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabatyň barşynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy boldy. 

 Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy habar berildi. 

                                                                   

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigine şaýatlyk eden bu daşary syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we köpugurly döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bilen gutlady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Bu köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdir. Türkmenistan bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň ýurt derejesindäki işini ulgamlaýyn esasda alyp barýar. 

                                                                   

Köp ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Bu iş ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işi ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we döwrebap tehnologiýalary ulanyp, mundan beýläk-de dowam etdireris. Bu günki gün Türkmenistanda bag ekmek işi tebigy zolaklaryň has-da kämilleşmegine ýardam edip, her bir türkmenistanly üçin nusga alarlyk ýörelgä öwrüldi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary tarapyndan berlen bu güwänamanyň halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetine ýokary baha berilýändiginiň aýdyň güwäsidigini ýene-de bir gezek belledi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 22-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kesgitlenen Halkara ene Ýer güni bellenilýär. Bu uly ähmiýete eýe bolan halkara sene planeta bilen ekoulgamlaryň we adamlaryň arasyndaky özara baglanyşygy beýan edýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokarda agzalyp geçilen iri möçberli ekologiýa maksatnamasyna paýtagtymyz Aşgabadyň goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmeginiň Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy bu şatlykly habar bilen ýene bir gezek gutlap, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýurdumyzyň milli demokratik institutlarynyň binýadyny we işini kämilleşdirmegiň, Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede üpjün etmegiň Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ugurda hereket edýän halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ýurdumyzyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirmegini gazanmak maksady bilen, teklipleriň birnäçesi taýýarlanyldy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işi aýratyn bellenildi. Toparyň çäklerinde degişli wajyp meseleler yzygiderli çözülýär, bu ugurdaky tagallalar utgaşdyrylýar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, 2011-nji, 2017-nji we 2019-njy ýyllarda pudagara toparyň işi we düzümi kämilleşdirildi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýadyny düzýän adam hukuklary we azatlyklary, olary goramak hem-de üpjün etmek bilen bagly meseleler möhüm orun eýeleýär. Maksatnamanyň ynsanperwer ugruny durmuşa geçirmek we pudagara toparyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, toparyň täzelenen düzümini tassyklamak teklip edilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Ynsanperwer ugurly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda milli demokratik edaralary ösdürmek we adam hukuklary babatda işleri kämilleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. 

                                                                   

Ýurdumyzyň uzak möhletleýin strategik maksatnamalaryna laýyklykda durmuşa geçirmek maksady bilen, agzalan meýilnamanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwür üçin rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bu işi pudagara topara girýän ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu meýilnama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” hem-de adam hukuklary boýunça ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny geljek ýedi ýylda ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri we hereketleri özünde jemleýän milli gural hökmünde çykyş eder. 

                                                                   

Halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň Ilat gaznasy bilen gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzda gender meselesi boýunça ynsanperwer hukugy üpjün etmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistanda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryň biri bolup durýar. Meýilnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanda aýallaryň saglygy, maşgaladaky ýagdaýy boýunça synyň netijeleri boýunça hasabat taýýarlanyldy. Pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde bu hasabaty makullamak we onuň gutarnykly görnüşini BMG-niň Ilat gaznasyna ibermek baradaky meselä garamak teklip edilýär. 

                                                                   

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň soňky ýyllarda toparyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýändigi bellenildi. Muňa mysal hökmünde toparyň halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde geçirilen mejlislerini görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ynsanperwer ugurly abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de bu guramalar bilen bilelikde taýýarlanylan iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin pudagara toparyň mejlisini şu ýylyň 10-njy maýynda geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp we beýan edilen teklipleri makullap, «Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminamany wise-premýer, daşary işler ministrine sanly ulgam arkaly iberip, ony ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow gymmatly kagyzlaryň bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pudaklaryň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýyndaky “Türkmenistanda ygtyýarlandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde kadalaşdyryjy hukuk namasynyň we ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny işläp taýýarlady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly kagyzlaryň bazarynyň maliýe-karz ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmäge degişlidigini, onuň maksadynyň maýadarlaryň bähbitlerini hukuk bozulmalaryndan goramakdan ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer ýurdumyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýurdumyzyň degişli halkara şertnamalardan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ulgamda ygtyýarly döwlet edarasy bolan Maliýe gözegçiligi gullugynyň Düzgünnamasynyň taslamasy rejelenen görnüşde işlenip taýýarlanyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny pugtalandyrmak, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barmagyň möhümdigini belläp, bu işde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugyna esasy ornuň degişlidigini nygtady we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny doly kuwwatynda işletmek, ony çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek, tehnologik desgalaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak bilen bagly meseleleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň düzüm gurluşyny we Tertipnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. 

                                                                   

Häzirki wagtda hereket edýän Tertipnama 2006-njy ýylda tassyklanyldy. 2021-nji ýylda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda bu kärhananyň düzüm gurluşyny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Munuň bilen bagly toplumyň önümçilik desgalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini üpjün etmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegi artdyrmak, ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak maksady bilen, toplumyň önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny doly güýjünde işletmek zerur bolup durýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüm gurluşynyň we Tertipnamasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny içgin öwrenmegiň hem-de ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenilip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle-de obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Wise-premýer obasenagat toplumynda “John Deere” kompaniýasynyň häzirki zaman tehnikalarynyň birinji tapgyrynyň netijeli ulanylýandygy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gowaça ekişinde hem-de onuň ideg işlerinde döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ikinji we üçünji tapgyrlaryny satyn almak barada Kararyň taslamasyny hödürledi. 

                                                                   

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine “John Deere” kompaniýasyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şeýle-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça Şertnamany baglaşmaga ygtyýar bermek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşydygyny belledi. Obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak, ony täzeçil usullarda we dünýäniň öňdebaryjy tejribesi esasynda tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň dolandyryş ulgamyna sanly elektron usuly ornaşdyrmak meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan senagaty ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak üçin önümçilikleri gurmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda Karara laýyklykda, 11 desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda olaryň birnäçesinde degişli işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň çäginde bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany gurmak boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň teklibi saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen doly üpjün etmäge ukyply gurluşyk senagatyny kemala getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de zerur gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda aýna önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny, ilaty zerur bolan ýokary hilli senagat önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden alýumin önümlerini satyn almak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz senagat önümçiligi üçin zerur bolan çig malyň, alýumin önümleriniň öz wagtynda satyn alynmagynyň wajypdygyny aýdyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini ünsi çekdi. Ol ýurdumyzyň senagat pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we onuň ýerine ýetirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup işe girizilýär. Şolarda öndürilýän bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler içerki we daşarky bazarlarda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. 

                                                                   

«Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Türkmenistan halkara bileleşikde «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly ýokary hilli harytlary öndürmekde uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýynyň ýokarlanmagyna, eksport kuwwatynyň artmagyna we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

«Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak babatda degişli teklipleri hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň söwda ulgamyny we telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, giň gerimli işleriň geçirilendigini hem-de uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalardyr başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamy giňden ulanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa maý aýynda meýilleşdirilen medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasy barada hasabat berdi. 

                                                                   

2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň maý aýynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we beýleki mowzuklaýyn çäreler guralar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlary hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlary geçiriler. 

                                                                   

Maý aýynda Oraza baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Aýyň soňky ongünlüginde ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda “Türkmen teatr sungaty” atly teatr festiwaly geçiriler. Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly däp bolan köpugurly halkara sergi, haly we haly önümleriniň sergisi guralar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Olaryň her biri milli ýörelgelere laýyklykda, baý many-mazmuna eýe bolmalydyr hem-de täze taryhy eýýamda guralýan dabaralaryň ruhuna kybap gelmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz maý aýynda meýilleşdirilen baýramçylyklara we halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Taryhy ähmiýetli wakalara hem-de şanly senelere bagyşlanan çäreleriň hemmesi ýokary guramaçylykda geçirilip, olarda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasatynyň many-mazmuny öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň açylyş dabaralary bilen bagly meselä degip geçip, olaryň takyk sanawynyň düzülmelidigine ünsi çekip, olar mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny kemala getirmek hem-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, ýokary netijeli sporty ösdürmek, türkmen türgenleriniň hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak we olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda degişli işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. 

                                                                   

“Tokio — 2020” Olimpiýa oýunlarynyň tejribesinden ugur alyp, türgenleriň taýýarlygy bilen bagly dürli guramaçylyk meseleleri boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen sazlaşykly işleri ýola goýmak hem-de öňde duran wezipeleri meýilnamalaýyn esasda amala aşyrmak maksady bilen, XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň wajypdygyny belledi. Dünýä derejesindäki ussat türgenleri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak şol işleriň esasy ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda halkara derejeli iri ýaryşlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýän hem-de ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende götermäge saldamly goşant goşýan ýaş zehinli türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary milli sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz türgenlerimiziň sebit we dünýä derejesindäki dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň köp babatda olaryň tälimçileriniň ussatlyk derejesine baglydygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap hem-de hödürlenen teklipleri makullap, türgenlerimiziň geljekde-de Watanymyzyň sport abraýyny gorajakdyklaryna, özleriniň ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynam bildirdi.  

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ygtyýarlandyrmak işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Geçirilen toplumlaýyn işleriň netijesi boýunça zerur resminamalaryň toplumy hem-de awtomobil, howa we deňiz ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak boýunça iş ýerine ýetirilende döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen degişli teklipler taýýarlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynda ygtyýarlandyrmak işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi häzirki zamanyň şertlerinde ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek zerurlygy bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ählisini yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak esasynda ulag düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam eder.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda amala aşyrylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. 

                                                                   

Hökümet agzalary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna ýolbaşçylyk edýän döwlet Baştutanymyza behişdi bedewleriň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak üçin edýän ägirt uly tagallalary üçin hoşallyk bildirip, berk jan saglyk hem-de ähli asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler. 

                                                                   

 Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

23.04.2022
Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

“Ýaşyl  tehnologiýalaryň”  orny 

                                                                   

Ykdysady özgertmeleriň barşynda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Sebäbi, täze tehnologiýalar ykdysady tygşytlylygy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi bilen tapawutlanýarlar. Aýratynam, ekologiýa babatda zyýansyz önümçiligi bilen tapawutlanýan “ýaşyl tehnologiýalaryň” ornunyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimiziň elektroenergetika pudagyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalarda “ýaşyl tehnologiýalaryň” uly orna eýe bolmagy tötänden däldir. Bu tehnologiýalar ykdysady taýdan tygşytlylyk artykmaçlygyndan başga-da, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň birnäçe esse azaldylmagyny üpjün edýär. 2018-nji ýylyň sentýabrynda Mary DES-iniň senagat zolagynda ulanmaga berlen kuwwaty 1574 megawata deň bolan utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasy ýokarda gürrüňi edilen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze tehnologiýalaryň artykmaçlygyna aşakdaky sanlaram şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ýönekeý yzygiderlilikdäki elektrostansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi 34,2 göterime deň bolsa, utgaşykly yzygiderlilikde bu görkeziji 1,5 esseden gowrak ýokarlanyp, 56 göterimden gowrak bolýar. Bugly-gazly elektrostansiýasynda ýanan önümler bolan kömürturşy gazynyň howa bölünip çykmagynyň möçberem 2-3 esse azalýar. 

                                                                   

 Merdan MURATJANOW. 

                                                                   

 TDEI-niň talyby, 

                                                                   

 TMÝG-niň işjeň agzasy.

23.04.2022
Ahalteke bedewi — kämilligiň nusgasy

Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgiňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz bu gün ýene bir şanly senäni — Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar. Halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäde çapuw atlaryň tohumlarynyň arasynda iň naýbaşylaryň biri hasaplanýar.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, atlar eldekileşdirilip başlanandan soň, her bir halk olary dürli maksatlar üçin ulanypdyr. Şoňa laýyklykda hem, atlaryň dürli tohumy emele gelipdir. Häzirki wagtda atlaryň 100-den gowrak tohumy bar. Zonal klimatik alamatlaryna laýyklykda, tokaý, baýyr, dag atlary; niýetlenişine laýyklykda çapuw, ýük atlary; gelip çykyşyna laýyklykda, medeni; geçiş we aborigen atlar ýaly toparlara bölmek bolýar. Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri çapuw atlarynyň tohumlarynyň arasynda iň owadanlarynyň, naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. 

                                                                   

Eýsem, bu bedewleriň şeýle gelşikli, ýyndam we ynsan gylykly, düşbi bolmagyna näme itergi berdikä? Bu, ilkinji nobatda, türkmen tebigatynyň, ata-babalarymyzyň maksadaokgunly, döredijilikli hem-de tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» diýen kitabynda bellenip geçilişi ýaly, howsalaly, garaşylmadyk ýagdaýlaryň türkmeniň häsiýetinde hüşgärligi döredişi ýaly, onuň atlarynyň häsiýetinde hem duýgurlygy, hüşgärligi terbiýeläpdir. Howanyň mylaýymlygy, ot-iýmiň bolelin şertlerinde öz ugruna aýlanyp duran durmuş bu atlaryň ýüwrüklige we çakganlyga, duýgurlyga we ýeňil gopup-galmaga, şu esasda nerw ulgamynyň ýokary derejede kämil ösmegine itergi beripdir.  

                                                                   

Ahalteke bedewleriniň ýorgalap ýöreýşi, hereketiniň çeýeligi, onuň üstündäki çapyksuwary hiç hili ýadatmaýandygy dünýäniň atşynaslaryny haýran galdyrýar. Behişdi bedewleriň ýorgalap ýöremeginiň aňyrsynda hem türkmen tebigatynyň täsinligi ýatan bolsa nätjek: ürgün çägeli Garagum sährasy ahalteke atlarynda ylla diýersiň, ýere degmän, onuň üstünde ýüzýän ýaly hereket edip, agram salman ýöremek endiginiň kemala gelmegine getiripdir. Bu bolsa at üstündäki çapyksuwara örän rahatlyk beripdir. Dünýä akyldarlarynyň biriniň türkmenler barada: «Olar atyň üstünde pyýada gezmekden köp wagt geçirýärler» diýmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. 

                                                                   

Ahalteke bedewleriniň reňkiniň kemala gelmeginde hem türkmen tebigatynyň we oňa Gün şöhlesiniň düşmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki gamyşgulak bedewiň derisiniň astyndan geçýän gan damarlary beýleki tohum atlara görä has gür ýerleşýär. Bu bolsa deriniň iýmitlik maddalar bilen ýeterlik üpjün edilmeginde, deriniň önümi bolan tüýde madda çalşygynyň has güýçli geçip, reňk emele getiriji pigment öýjükleriň işjeň döremegine ýardam berýär. Günüň nurly şöhlesi deride emele gelýän ýag damjalarynyň mukdaryny sazlamak bilen, bedewlere mahsus owadan ak, mele, dor, boz ýaly reňkleriň has öwüşginli bolmagyna getirýär. Şeýle-de bedewleriň reňkiniň emele gelmegine onuň iýýän iýmiti hem uly täsir edipdir. Geçmişde ata-babalarymyzyň beren guşgursak ak bugdaýy ahalteke bedewleriniň eýesine has ýakyn bolmagy bilen birlikde, olaryň syrdam bolmagyna sebäp bolupdyr.  

                                                                   

Behişdi bedewlerimiziň beýleki häsiýetleridir daşky görnüş alamatlary halk seçgisiniň netijesidir. Ussat seýisler bolan ata-babalarymyz ahalteke atlarynyň boýunyň uzyn bolmagyny olara iýmiti ýörite gazylan çukurjyklarda bermek bilen, döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegini, gapyrgalarynyň çeýe we tekizligini taýçanaklaryň arkasyna belli bir agramdaky ýüki dürli görnüşde berkidip, çalt ylgamakda tälim bermek arkaly gazanypdyrlar.  

                                                                   

Şeýlelikde, diňe bir çapuw aty däl-de, eýsem, merdana ýigitleriň söweşjeň ýoldaşy kemala getirilipdir. Ahalteke bedewi ýyndamlygy, çydamlylygy bilen duşmany aljyraňňylyga salan bolsa, eýesi ýaralanan ýagdaýynda taşlaman, ony söweş meýdanyndan alyp çykmagy başarypdyr. 

                                                                   

Görşümiz ýaly, türkmen halkynyň sünnäläp sungat derejesine göteren, şöhratly geçmişine, şatlykly-hasratly günlerine şaýat bolan, gardaşy hasaplanan bedewlerimiz biologik mümkinçilikleridir beden gurluşy we beden agzalarynyň sazlaşygy boýunça beýleki jandarlardan düýpli tapawutlanýar. Onuň şan-şöhratyny dünýä jar etmekde, geçmiş taryhyny öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplarda ahalteke bedewiniň gelip çykyşy, atlaryň beýleki tohumlaryndan düýpgöter tapawut edýändigi anyk mysallardyr delilleriň üsti bilen beýan edilýär. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyza ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Rahym SAPARMYRADOW,

                       

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň mugallymy.

22.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhita, Premýer-ministri Fumio Kisida we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen döwürde birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly sepgitlere ýetilendigini kanagatlanma bilen nygtady. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda açyk syýasy dialog we netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýuldy, şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýarlar. 

                                                                   

Mundan başga-da, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda iri senagat taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, kompaniýalaryň işjeňligi üçin zerur şertleri döretmäge taýýardygyny beýan etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň halklarymyzyň bähbidine doly laýyk gelýändigini nygtap, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla ediljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhita we Premýer-ministr Fumio Kisida tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                                                           

(TDH)

22.04.2022
Durnukly ösüşde ulag diplomatiýasynyň orny

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, şol sanda ulag ulgamyny ösdürmegi, ony mundan beýläk hem kämilleşdirmegi öz içine alýar. Bu ugra gönükdirilen milli maksatnamalar taýýarlanylanda, esasan hem, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegi ýaly meseleleriň çözülmegine gönükdirilen işlere uly ähmiýet berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi döwletimizde geljegi uly bolan bu ugurda amala aşyrylmaly wezipeleri we maksatlary aýdyň kesgitledi. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde eden çykyşynda öňe süren teklipleri esasynda 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.  

                                                                   

Şeýlelikde, döwletimiziň ulag diplomatiýasy bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary esasynda, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen maslahat durnukly ulag ulgamy boýunça giň halkara gatnaşyklary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmaga badalga berdi. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Biz Türkmenistanda giň ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredýäris. Bu milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegine we ahyrky netijede türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna kömek edýän durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýär» diýip belledi. 

                                                                   

Bulardan başga-da, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda durnukly ulag ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny bellemek möhümdir. Muňa mysal hökmünde Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlup ulanylmaga berilmegini görkezmek bolar. 

                                                                   

Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» ýakyn geljekde amala aşyrylmaly anyk we aýdyň maksatlary hem-de wezipeleri kesgitlemek bilen, ýurdumyzda durnukly ulag ulgamynyň ösüşini üpjün etmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döreder. 

                                                                                                           

Maýsa KARAJAÝEWA,

                       

welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

21.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi 

                                                                   

 Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. 

                                                                   

Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda geçirilýän bu forum arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek bilen iş salyşýan dünýä döwletleriniň atşynaslary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasy bolup, türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy hem-de buýsanjy hasaplanýan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

Türkmenistanda — meşhur ahalteke bedewleriniň watanynda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini wagyz etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. 

                                                                   

2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şu maksatlara hyzmat etmäge gönükdirilendir. Assosiasiýa dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirip, onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, mazmunyny bilelikdäki täze taslamalar hem-de işewürlik gatnaşyklary bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Assosiasiýanyň mejlisine bagyşlanyp guralan sergide şekillendiriş, amaly-haşam, haly we zergärçilik sungatynyň eserleri, ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosuratlar görkezildi. 

                                                                   

Türkmen seýisleri asyrlaryň dowamynda atlaryň tohum arassalygyny we ajaýyp häsiýetlerini saklap gelipdirler. Ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syrdamlygy hem-de ýyndamlygy, asyllylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ussatlygynyň ýokary derejesiniň aýdyň güwäsidir. 

                                                                   

Ähli döwürlerde-de behişdi bedewler halkymyzyň wepaly dosty, syrdaşy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi boldy. Häzir olar gülläp ösýän, okgunly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bularyň ählisi “Oguzkent” myhmanhanasynyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisinde aýdyň beýanyny tapdy. 

                                                                   

Foruma pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, atşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini açyp, bu forumyň Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde bellenilýän günlerinde geçirilmeginiň ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri şanly waka hem-de ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basandygyny belledi. Şu ýyl döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy bellenilýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan döwletli tutumlar biziň üçin esasy ýol-ýörelgedir. Şoňa görä-de, biz bu başlangyçlary dowam etdirýäris. Milli Liderimiziň başda durmagynda kabul edilen 2022 — 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamamyz hem hut şu maksada — Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ýaly il-ýurt bähbitli tutumly işleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Biz milli baýlygymyz we halkymyzyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dabaralandyrýan Türkmen bedewiniň milli baýramyny ähli halkymyz hem-de dünýädäki ahalteke bedewleriniň janköýerleri bilen bilelikde belläp geçýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, ady rowaýata öwrülen, dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýelän ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär.  

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, mejlisiň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini, assosiasiýanyň daşary ýurtlardaky agzalarynyň çykyşlarynyň diňleniljekdigini aýtdy. Onuň Ýer ýüzünde ahalteke atçylygyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp baran agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakylar, şeýle hem assosiasiýa agza bolmaga isleg bildirip ýüz tutan, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlary agzalyga kabul ediler. Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň beýleki guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on iki ýyl dolýar. Häzirki döwürde bu abraýly halkara guramanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 188 agzasy bar. Şolaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany ýylsaýyn artýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Behişdi bedewlerimiz ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz, göz guwanjymyz, türkmen ojagynyň ýaraşygy we tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Häzirki döwürde tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow behişdi bedewlerimiziň ösüşleriň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydygyny belläp, olaryň tebigy gözelliginiň, çydamlylygynyň hem-de üýtgeşik başarnyklarynyň asyrlaryň dowamynda sungatyň ähli görnüşleri üçin ylham çeşmesi bolandygyny aýtdy. 

                                                                   

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we ylmy-amaly maslahatlar guralýar. Ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary, atly sport ýaryşlarynyň dürli görnüşleri geçirilýär. Şeýle-de bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşikleri guralýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, hemmeleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde assosiasiýanyň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlendi. Onuň işini mundan beýläk-de talabalaýyk alyp barmak maksady bilen, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen bilelikde: 

                                                                   

 — ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmeli; 

                                                                   

 — daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmeli; 

                                                                   

— dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça zerur işleri geçirmeli; 

                                                                   

— ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlary, duşuşyklary, medeni çäreleri, bedew bäsleşiklerini, sergileri we auksionlary guramaly hem-de olara gatnaşmaly; 

                                                                   

 — ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmeli; 

                                                                   

 — ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara derejedäki atly sport bäsleşiklerini guramaly we olara gatnaşmaly; 

                                                                   

 — dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara «tohumçylyk kitabyny» döretmeli; 

                                                                   

 — dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlarda çykyşlaryny guramaly; 

                                                                   

— ahalteke atçylyk medeniýetini we sungatyny wagyz etmek üçin kitaplary taýýarlamaly hem-de sanly ulgam arkaly mahabat çärelerini geçirmeli; 

                                                                   

 — assosiasiýanyň agzalarynyň ahalteke atçylygyny ösdürmekde we giňden wagyz etmekde alyp barýan işlerini höweslendirmeli. 

                                                                   

Bu işler Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini döwrebap derejede guramak üçin esasy ýörelge bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda ýurdumyzda behişdi bedewlerimize belent sarpa goýulýandygyny, olaryň hormatyna ýadygärlik toplumlarynyň we ençeme binalaryň gurlandygyny aýtdy. Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manež, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde täze Aba Annaýew obasy, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi ulanmaga berildi. Atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. 

                                                                   

Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Balkan welaýatynda ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. Şu maksat bilen, Balkan atçylyk sport toplumynyň durky täzelenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň hem-de atly sportuň dürli ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigini nygtady. Ahal welaýatynyň täze gurulýan edara ediş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de atçylyk boýunça Ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejede ösdürmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Atçylyk pudagyny ösdürmäge uly goşant goşan türkmen we daşary ýurtly atşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar dakylýar. Biz geljekde-de öz ykbalyny atçylyga baglan atşynaslaryň halal zähmetine mynasyp baha bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, biz ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak hem-de dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk mekdebiniň gadymy däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda zerur işleri geçireris. Merdana halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek hem-de olaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri mundan beýläk-de dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemledi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we hemmeleriň el çarpyşmalary bilen garşylandy. 

                                                                   

Soňra mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, kanadaly hususy atşynas, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» Tito Pontekorwa söz berildi. 

                                                                   

Ol döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durnukly ösüş ýoluny dowam etdirjekdigine we ösüşiň täze sepgitlerine ýetjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Atşynaslar ahalteke atlarynyň tohum aýratynlygyny gorap saklamakda we ýaýratmakda Türkmenistanyň berýän goldawyna ýokary baha berýärler. Döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen bu gadymy tohum atynyň baş sanynyň köpeldiljekdigine, at-abraýynyň has-da beýgeljekdigine pudagyň wekilleri berk ynanýarlar. Sözüniň ahyrynda jenap Tito Pontekorwo hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady hem-de berk jan saglyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra sanly ulgam arkaly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Ýakob çykyş etdi. 

                                                                   

GFR-iň wekili hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýdyp, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurduň mundan beýläk-de ösmegine ýardam berjek giň gerimli özgertmeleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Atşynaslaryň arassa ganly ahalteke tohumyny ýaýratmak we gorap saklamak, geljekde bu täsin behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de ahalteke tohumynyň arassalygyny saklamak wezipelerini netijeli durmuşa geçirmek üçin bilelikde zähmet çekmegi maksat edinýändikleri nygtaldy. Munuň üçin ähli zerur işler alnyp barlar. 

                                                                   

Katerina-Irena Ýakob pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan hem-de şu mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna söz berildi. 

                                                                   

Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co.LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe çykyşynyň başynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady. Saýlawlaryň netijeleri halkyň döwlet Baştutanynyň yhlasly işine ýokary baha berýändigine, ildeşleriniň belent ynamyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ýaponiýanyň atçylyk pudagynyň wekili Türkmenistanyň Baştutanyna iň ýokary döwlet wezipesinde netijeli işlemek, bütin dünýäde assosiasiýanyň abraýyny ýokarlandyrmak hem-de bu edaranyň iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek, arassa ganly bu tohum atyny gorap saklamak üçin ylham we täze güýç arzuw etdi. Ýaponiýada ýerli atşynaslar tarapyndan behişdi ahalteke bedewlerine barha köp gyzyklanma bildirilýär. 

                                                                   

Hanym Miçiko Aoe “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. «Akhal-teke Affinity Co.LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory ajaýyp baýram bilen hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen atşynaslaryny mähirli gutlap, ýurduň gülläp ösmegini arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Özbegistan Respublikasynyň «Uzbegim» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Awaz Ismoilow çykyş etdi. Ol mümkinçilikden peýdalanyp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň adyndan we hut öz adyndan döwlet Baştutanyny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady. 

                                                                   

«Uzbegim» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny hem-de ýakyn wagtda behişdi bedewleriň hormatyna geçirilýän ajaýyp baýramy assosiasiýanyň ähli agzalary bilen bilelikde bellemegi umyt edýändigini aýtdy. 

                                                                   

Özbegistanda ahalteke bedewlerine we olaryň gadymy gelip çykyşyna örän ýokary baha berilýär diýip, Awaz Ismoilow aýtdy we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ajaýyp bedewleri köpeltmekde innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly assosiasiýanyň gülläp ösjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Özbegistanyň wekiliniň belleýşi ýaly, ençeme kärdeşleri bilen bir hatarda, özüniň-de “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly at bilen sylaglanmagy onuň ömründe ýatdan çykmajak şatlykly we buýsançly waka boldy. “Uzbegim” ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli mähirli gutlady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna türkmen we daşary ýurtly täze agzalary kabul etmek baradaky çözgütleri tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi. Soňra assosiasiýanyň täze agzalaryna — foruma sanly ulgam arkaly gatnaşýan Gazagystan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekillerine söz berildi. 

                                                                   

Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň Sport we bedenterbiýe işleri komitetiniň «Milli atly sport görnüşleri merkeziniň» direktory Amanžol Hasenow hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, özüniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi baradaky habary uly şatlyk bilen kabul edendigini nygtady. 

                                                                   

Amanžol Hasenow türkmen halkynyň baý medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we taryhynyň özünde uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy. Taryhy çeşmelere görä, türkmen topragy atlaryň gadymy ahalteke tohumynyň watanydyr. Goňşy ýurduň wekili Gazagystanda atçylyk bilen ençeme ýyldan bäri gyzyklanyp gelýändigini belläp, assosiasiýanyň agzalary bilen bilelikde bu abraýly edaranyň işini mundan beýläk-de ösdürmekde öz goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Amanžol Hasenow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza bolmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaý atçylyk assosiasiýasynyň Ahalteke atçylyk akademiýasynyň prezidenti, «Datsin Hiyou» atçylyk kompaniýasynyň esaslandyryjysy — başlygy Liu Şutsin çykyş etdi. 

                                                                   

Hytaý Halk Respublikasynyň wekili hormatly Prezidenti mübärekläp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza bolmaga ýüztutmasynyň kanagatlandyrylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Gadymy tohum aty bolan ahalteke bedewine tutuş dünýäde ýokary baha berilýär. Hakykatdan-da, bu tohum aty gözelligi, syrdamlygy bilen ähli janköýerleri haýran galdyrýar. Hytaýda behişdi ahalteke bedewlerine gyzyklanma has-da artýar diýip, jenap Liu Şutsin aýtdy hem-de atşynaslaryň ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny, sanynyň köpeldilmegini we meşhurlygyny artdyrmak üçin başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Ol ençeme ýylyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynda arassa ganly ahalteke bedewleriniň goralyp saklanmagyna we köpeldilmegine ygrarlylyk görkezilýändigini belläp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

HHR-iň wekili assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Jenap Liu Şutsin pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyny we ýurduň ähli atşynaslaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň oňat arzuwlaryny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň şu günki mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly agzalaryna minnetdarlyk bildirip, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp bolanlary hem-de assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilenleri bu şanly wakalar bilen gutlady we olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XIII mejlisini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini jemläp, hemmeleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda forumyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Diýarymyzda dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

21.04.2022
Durnukly ösüşleriň Diýary

Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda milli we döwlet maksatnamalarynyň pugta berjaý edilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen durnukly ösüşleriň gazanylýan ýurduna öwrüldi. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan Watanymyzyň durmuşyndaky düýpli özgertmeler diňe bir milli ykdysadyýetiň däl, ylmyň we bilimiň, saglygy goraýşyň we beýleki pudaklaryň ösüşine hem netijeli täsir etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan netijeler hem muňa doly şaýatlyk edýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri ýokary netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär. Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler biziň her birimizi döredijilikli zähmete, üstünliklere ruhlandyrýar. 

                                                                   

Munuň özi türkmen döwletiniň rowaçlanmagyny we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän milli maksatnamalarda kesgitlenen möhüm wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygyny gözegçilikde saklap, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmegiň zerurdygy nygtaldy. Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda beýik ösüşleriň täze tapgyryna bedew bady bilen gadam basdy. 

                                                                   

Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Maýagözel ANNAORAZOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

21.04.2022
Türkmen önümleri dünýä bazarynda

Ýakynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň geçirilmegi we oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baryp görmegi ýurdumyzda hususy pudagyň işine berilýän aýratyn uly ünsüň ýene bir mysalydyr.  

                                                                   

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu serginiň işine gündogar sebitiň hususyýetçileriniň hem birnäçesi gatnaşdy. Olaryň sergä zähmet ýeňişleri bilen gelendiklerini aýratyn nygtamak gerek. Şol sanda Lebap welaýatynda öndürilen önümleriň agramly bölegi eksporta ugradylyp, dünýä bazarynda islegli önümlere öwrülýär. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda welaýatymyzyň hususyýetçileri senagat önümleriniň onlarça tonnasyny Özbegistan, Türkiýe, Owganystan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarus, Azerbaýjan ýaly döwletlere eksport etdiler. 

                                                                   

Senagat önümleriniň eksportunda welaýatymyzda uly paý «Mizemez gadam» hususy kärhanasyna degişli. Şu günler S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürjek kärhanasynyň gurluşygyny hem alyp barýan hususy kärhana şu ýyl izogamyň 113,4 müň inedördül metrini eksport etdi. Şunça önümiň agramly bölegini ― 83,86 inedördül metrini türkiýeli işewürler satyn aldylar. Şeýle hem 17,45 müň inedördül metr izogam Özbegistana eksport edildi. Önümiň 12,3 müň inedördül metri bolsa beýleki döwletlere satyldy. 

                                                                   

Bu hususy kärhanada öndürilýän suwuk bitum mistikasynyň hem hyrydarlary gün-günden köpelýär. Kärhana şu ýyl bu önümiň 610 tonna golaýyny Türkiýä, 742 tonnadan gowragyny bolsa Özbegistana eksport etdi. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy önümleriniň täze tapgyry bilen ýakynda paýtagtymyzda geçirilen sergä hem gatnaşdy. 

                                                                   

Eýýäm birnäçe ýyldan bäri welaýatymyzda ýeke-täk akkumulýator öndüriji bolan «Kökçi» hojalyk jemgyýeti önümiň bir bölegini Owganystana eksport edýär. Şu ýylyň geçen üç aýynda bu hojalyk jemgyýeti goňşy döwlete dürli güýjenmedäki akkumulýatorlaryň 1440 sanysyny eksport etdi. 

                                                                   

«Kökçi» hojalyk jemgyýeti öz önümçiligini Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen bilelikde alyp barýar. Bu zawod bilen hyzmatdaşlyk saklaýan başga bir hususy tarap ― «Çelek» hususy kärhanasy bolsa şu ýyl senagat garyndyly suwuklygyň 264 tonnasyny Hytaýa eksport etdi. Paýtagtymyzda geçirilen köpugurly sergä gatnaşyjylar «Kökçiniň» alyp barýan işleri bilen hem ýakyndan tanyşdylar. 

                                                                   

Önümhanasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Türkmen ojagy» hususy kärhanasy geýim-gejimlik nah pagtanyň eksporty boýunça türkiýeli işewürler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Şu ýylyň geçen üç aýynda bu hususy kärhana türkiýeli hyzmatdaşlaryna nah pagtanyň 42 müň 320 tonnasyny eksport etdi. Çärjew etrabynda ýerleşýän «Gaýrat» hususy kärhanasy hem nah mata pamygynyň eksporty bilen meşgullanýar. Bu hususy kärhanadan şu ýyl 476 tonna önüm Birleşen Arap Emirliklerine ugradyldy. 

                                                                   

Önümhanasy «Gaýrat» bilen bir etrapda ýerleşýän «Altyn saraý» hojalyk jemgyýeti bolsa şu ýyl polipropilen haltalaryň 18 tonna golaýyny Belarus Respublikasyna satdy. 

                                                                   

Saýat etrabyndaky «Geljege rowaç» hususy kärhanasy plastmassa asgyçlaryny öndürmek boýunça ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplady. Şol tejribäniň miwesi bolan 150,5 müň çemesi önüm Azerbaýjana satyldy. 

                                                                   

Makalamyzda welaýatymyzyň önüm öndürijileriniň diňe senagat ugurly eksportuna ünsüňizi çekdik. Olar azyk önümlerini hem dünýä döwletlerine yzygiderli ugradýarlar. Mahlasy, importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilik babatynda Jeýhun ýakasynda üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp bileris. 

                                                                                                           

Agageldi JUMAGELDIÝEW.

21.04.2022
Telekeçilik giň gerimde ösdürilýär

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi netijesinde bazarlarymyz halkyň sarp edýän köp görnüşli önümleri bilen üpjün edilýär. Telekeçiligi höweslendirmek we hemmetaraplaýyn goldamak, kiçi we orta hususyýetçiligi ösdürmäge ýardam etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ykdysadyýetiň bu ulgamyny ösdürmegiň ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr.   

                                                                   

Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy serişdeleri bermek, olara hukuk, ykdysady we gaýry maglumatlaryň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet mak-satnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän maýa goýumlary höweslendirmek, täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyny bäsleşik esasynda amala aşyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini maliýeleşdirmegiň ýörite maksatnamalaryny amala aşyrmak, daşary ykdysady işi, sebitara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem olaryň eksport mümkinçiligini ösdürmäge ýardam etmek esaslary boýunça amala aşyrylýar. Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde telekeçilere salgyt ýeňillikleri berilýär. 

                                                                                                           

Söýün HÖWEZOW,

                       

Türkmenbaşy etrap salgyt bölüminiň barlaglar bölümçesiniň baş salgyt inspektory.

21.04.2022
Türkmenistanyň Kanuny

«Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda 

                                                                   

I. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 139-njy madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli: 

                                                                   

 1) 6-njy maddada: 

                                                                   

bäşinji bölekde «ätiýaçlandyryş guramalarynyň auditi,» we «, gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň auditi» diýen sözleri aýyrmaly; 

                                                                   

 ýedinji bölegiň ikinji tesiminde «, ätiýaçlandyryş guramalarynyň» diýen sözleri aýyrmaly; 

                                                                   

sekizinji bölegiň 2-nji bendinde «ätiýaçlandyryş işi, bank işi ýa-da gymmatly kagyzlar bazary çygryndaky iş» diýen sözleri «karz edaralary we bank işi» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 dokuzynjy bölekde «alty» diýen sözi «iki» diýen söze çalşyrmaly; 

                                                                   

 2) 11-nji maddanyň dördünji böleginde «Auditorlar we auditorçylyk» diýen sözleri «Auditorçylyk» diýen söze çalşyrmaly; 

                                                                   

 3) 14-nji maddanyň ikinji böleginde: 

                                                                   

 1-nji bentde: 

                                                                   

 «b» kiçi bendi şu görnüşde beýan etmeli: 

                                                                   

«b) gymmatly kagyzlary dolandyrmak boýunça işi, gymmatly kagyzlar bazarynda söwdalaryň guralmagy boýunça işi (gazna biržasynyň işi);»; 

                                                                   

 «d» kiçi bentde «, şol sanda pensiýa ätiýaçlandyrmasy çygrynda» diýen sözleri aýyrmaly; 

                                                                   

 şu mazmunly kiçi bendi goşmaly: 

                                                                   

 «e) döwlete dahylsyz pensiýa gaznalarynyň işini;»; 

                                                                   

2-nji bentde «kärhanalary» diýen sözden soň «(şu bentde görkezilen ähli ýuridik şahslar üçin — bir ýylyň dowamynda girdejisi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň ýigrimi müň essesi möçberinde we şondan ýokary bolan halatynda)» diýen sözleri goşmaly; 

                                                                   

 4) 23-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly: 

                                                                   

 «41) audit geçirilenden soňra gözegçilik edýän (barlag geçirýän) edaralar tarapyndan audit geçirilen subýektiň maliýe-hojalyk işinde ýüze çykarylan, ýöne auditiň barşynda ýüze çykarylmadyk düzgün bozmalaryň netijesinde ýetirilen zyýanyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öweziniň dolunmagyny talap etmäge;»; 

                                                                   

 5) 27-nji maddada: 

                                                                   

 birinji bölegiň 1-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly; 

                                                                   

ikinji bölegiň soňky tesiminde we üçünji bölekde «guramasynyň» we «gurama bilim we işgärleri hünär taýdan taýýarlamak babatda» diýen sözleri degişlilikde «edarasynyň» we «edara bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak» diýen sözlere çalşyrmaly. 

                                                                   

 II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji apreli.

20.04.2022
Türkmenistanyň Kanuny

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda 

                                                                   

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli: 

                                                                   

 1) 27-nji maddada: 

                                                                   

ikinji bölekde «işe ýarawsyz», «howandarlygyň», «işe ýarawlylygy», «patronaž görnüşinde hossarlyk», «işe ýarawly» we «dereksiz ýok bolan» diýen sözleri degişlilikde «kämillik ukyby ýok», «hossarlygyň», «kämillik ukyby», «penakärlik görnüşinde howandarlyk», «kämillik ukyply» we «nam-nyşansyz giden» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

bäşinji bölekde «Kepillendiriş» we «kepillendiriş» diýen sözleri degişlilikde «Notarial» we «notarial» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 2) 29-njy maddanyň ikinji böleginde «dereksiz ýok bolan» diýen sözleri «nam-nyşansyz giden» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 3) 52-nji maddanyň ikinji böleginde «kepillendiriş» diýen sözi «notarial» diýen söze çalşyrmaly; 

                                                                   

 4) 53-nji maddada: 

                                                                   

 adynda «Dereksiz ýok bolan» diýen sözleri «Nam-nyşansyz giden» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

mazmunynda «dereksiz ýok bolan ýa-da kämillik ukyby bolmadyk» we «dereksiz ýok bolan ýa-da kämillik ukyby bolmadyk diýlen» diýen sözleri degişlilikde «nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok» we «nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 5) 106-njy maddanyň birinji böleginiň kyrk altynjy tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary etmek.»; 

                                                                   

 6) 122-nji maddanyň birinji böleginiň «ç» bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly: 

                                                                   

«d) diňe daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrmaklyk üçin peýdalanylmaga niýetlenip getirilýän ýeňil awtoulaglar.»; 

                                                                   

 7) 143-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«diňe daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrmak babatda ulanylýan emläkler.»; 

                                                                   

 8) 187-nji maddanyň bäşinji böleginiň altynjy tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«eklenjinde çagalykdan maýyplar, I we II topar maýyplar bolan adamlar (şunda hususy telekeçiler we hünär hyzmatlaryny amala aşyrýan taraplar üçin — salgyt özeniniň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 600 essesi möçberindäki böleginde);»; 

                                                                   

 9) 207-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrýan taraplar — diňe bu işden alynýan girdejiler böleginde.»; 

                                                                   

 10) 210-njy maddanyň mazmunyny «1.» san bilen belgilemeli we şu mazmunly bölegi goşmaly: 

                                                                   

«2. Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrýan taraplar diňe bu hyzmatlary amala aşyrmak üçin ulanylýan awtoduralgalar babatynda awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy töleýjiler bolup durmaýarlar.»; 

                                                                   

 11) 217-nji maddanyň üçünji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrýan taraplar tarapyndan diňe bu hyzmatlary amala aşyrmak üçin ulanylan awtomobilleriň ýerlenilmegi.»; 

                                                                   

 12) 224-nji maddada: 

                                                                   

 mazmunyň böleginiň san belgisini aýyrmaly; 

                                                                   

 on üçünji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrýan taraplar — diňe bu hyzmatlary amala aşyrmak üçin ulanylýan awtoulag serişdeleri babatynda.». 

                                                                   

 II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji apreli.

20.04.2022