Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şol hyzmatdaşlykda, döwrüň talabyna eýerilip, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna hem uly orun berilýär. Şu ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde hem sanly ulgamyň we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri üns merkezinde boldy.
Ýokary derejede geçirilen sammitde hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde sanly tehnologiýalary peýdalanmak, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmak bilen özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň ýokary derejede möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Sebitiň ýurtlarynyň ählisinde innowasion ösüş üçin mümkinçilikleriň bardygyna, şeýle hem degişli ugurda tagallalary birleşdirmegiň umumy bähbitlere laýyk gelýändigini belledi. Munuň bolsa, öz gezeginde YHG-a agza ýurtlaryna täze tehnologik kadalary bolan bütindünýä ykdysadyýetiniň örän uly bäsdeşlige eýe bolan gurşawyna goşulmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Hereketleriň Aşgabat ylalaşygynda hem ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda sebitdäki maglumat deňsizligini aradan aýyrmak meselesine aýratyn orun berildi. Resminamada şeýle maksat bilen, maglumatlar düzümlerini döretmek we ulanmak işinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de dowam etdirmek, elektron hökümet, sanly ykdysadyýet, emeli aň, telekommunikasiýa we operatorlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ulgamlarynda, şeýle hem agza döwletleriň milli poçta operatorlarynyň we programmalaýyn önümleriniň tehnoparklaryny ulanmak arkaly bilelikde işleşmek barada bellenilýär.
«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda innowasion oýlap tapyşlaryň bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, kuwwatly elektron senagatynyň döredilmegi, halkara wirtual sergileriň guralmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň internet arkaly hödürlenilmeginiň möçberiniň artmagy hem-de beýleki mysallar sanlylaşdyrmanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Munuň özi Watanymyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna işjeň goşulýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, senagat taýdan kuwwatlanmagyna getirýär. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.
Biz hem maglumat-aragatnaşyk ulgamyna degişli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hökmünde ýaşlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim almaklary ugrunda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döredilen şert-mümkinçilikler biziň maksatlarymyzyň myrat tapmagyna ýardam edýär.
Bazar Töräýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri günsaýyn artýar. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.
Ykdysadyýetimizi ösdürmek, ýurdumyzy abadanlaşdyrmak, bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda açylyp, ulanmaga berlen döwrebap, onlarça desgalaryň hataryndaky «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň täze binalary ösüşli menzilleriň buşlugydyr diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Bu ulgamy sanlylaşdyrmak bolsa ykdysadyýetimiziň milli nusgasyny ösdürmegiň möhüm tapgyrydyr. Şundan ugur alyp, ençeme şahamçalary we bank gulluklary özüne birikdirýän täze desgalarda ýerine ýetirilýän amallar, hödürlenýän hyzmatlar bilen baglanyşykly ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Täze desgalaryň hasaplaşyk nokatlarynda, girdeji we çykdajy kassalarynda gysga wagtyň içinde ýerli hem-de halkara bank amallaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek mümkin. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen olar ýokary derejeli innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Olarda internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, smart töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda tölegleriň islendik görnüşlerini ýerine ýetirmek, «Onlaýn kabulhana» ýaly döwrebap mümkinçilikler döredilýär.
Nagt pul serişdelerini kabul edip, nagt däl görnüşli amallary ýerine ýetirýän döwrebap banklarymyzda müşderileriň gymmatlyklaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýörite depozitariýa gutujyklary ornaşdyrylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň banklarynda «Elektron söwda» hyzmatynyň hereket etmegi, bu ulgamyň işini has-da kämilleşdirýär. Şeýle-de ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan täze görnüşli bank hyzmatlarynyň birnäçesi müşderilere hödürlendi. Olardan «QR kod» tehnologiýaly «Galtaşyksyz töleg» ulgamy, «Halkbank terminal» hyzmaty, «Cash back» höweslendiriji hyzmatlary işe girizildi we nagt däl görnüşinde geçirilýän amallary ýönekeýleşdirip ýerine ýetirmek ýola goýuldy. Hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşine geçilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesinde ýyl-ýyldan bankomatlar, terminallar, «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» we «QR kod» ulgamlary arkaly geçirilen amallaryň möçberiniň artmagy müşderiler üçin döredilýän şertlerden netijeli peýdalanylýandygyny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzda bank ulgamy boýunça bilim alýan hünärmenlere döwlet Baştutanymyz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan bank ulgamyny kämilleşdirip, ýurdumyzy ösüşleriň, özgerişleriň, üstünlikleriň täze menzillerine alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Annaşirin AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürilýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär.
28-nji noýabrda paýtagtymyzda ýerleşýän köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Nobatdaky sammit YHG-a agza ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkidýän möhüm waka öwrüldi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna berlen baha YHG-nyň halkara giňişlikde ornunyň we ähmiýetiniň artýandygyny tassyklaýar. Biziň özara dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnuklylygy üpjün etmäge umumy ymtylmalarymyz söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika we ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer ulgamy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň hem-de ýokarda agzalan ugurlarda bar bolan ägirt uly kuwwatdan doly peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Jemleýji resminamasy — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy biragyzdan kabul edildi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bu ugurdaky işleriň yzygiderli berkidilmeginiň, onuň ykdysady kuwwatynyň, logistik mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň möhüm şerti bolup durýar. Bu ugurdaky ähli tagallalar ýurdumyzyň bähbitlerine laýyk gelýändigini, ykdysady we durmuş ösüşiniň maksatlaryna, adamlaryň durmuşynyň hilini hem-de derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyň görkezdi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň gerimli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Ýurdumyz munuň üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda yzygiderli ädimleri ädip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.
Aknabat ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrdy. Ýurdumyzda telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde öz mynasyp beýanyny tapdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli infrastrukturany gowulandyrmak üçin ýurdumyza uly möçberde maýa goýumlar çekildi. Ykdysadyýetiň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum syýasaty önümçilik serişdeleriniň netijeliliginiň ösüşine, umumy islegiň we jemi içerki önümiň durnukly ösmegine itergi berýän goşmaça täsiriň ýüze çykmagyny üpjün etdi. Maýa goýumlar ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek üçin esasy gural hökmünde hem çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylda ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň jemi içerki önümdäki paýy 25 — 30 göterime barabar bolýar. Munuň özi ykdysadyýetiň gurluşyny ep-esli üýtgetmäge, önümçilik pudagyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmaga, senagatyň gaýtadan işleýän pudagynyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän pudaklaryň ösüşini çaltlandyrmaga, olara innowasiýa-maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga amatly şertleri döretdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň her ýylda durnukly ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy, beýleki makroykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, olaryň girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli ýörelgelerini döwrebap derejede ösdürýär. Hoşniýetlilik, dost-doganlyk, parahatçylyksöýüjilik ýaly asylly ýörelgelerimiz dünýä nusgalyk bolup, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanýar. Goý, parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýoly bilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Aýsoltan ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
3-nji dekabrda sanly ulgam arkaly şu ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnama» we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Maksatnamanyň baş maksady eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň ykdysady işjeňliginiň durnukly ösüşini gazanmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekden hem-de ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmakdan ybaratdyr. Dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, içerki mümkinçiliklerimizi durnukly ösüşiň çeşmesine öwürmäge ýardam berjek bu Maksatnamanyň ilatyň bagtyýar durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmekde uly orun eýelejekdigi gümansyzdyr.
Aslynda, ykdysadyýet köp şertleriň täsir etmegi netijesinde hemişe üýtgäp durýan ulgam bolup, birsydyrgyn ösüş oňa häsiýetli däldir. Bu kanunalaýyklyk dünýä ösüşiniň häzirki döwrüne hem mahsusdyr.
Üýtgeşmeler ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ýerde esasy mesele milli ykdysadyýeti ýüze çykýan täze şertlere uýgunlaşdyrmakdan, onuň oňaýsyz ýagdaýlara garşy durnuklylygyny berkitmekden we dowamly ösüşini gazanmakdan ybaratdyr. Bolup geçýän özgertmeleri netijeli dolandyrmak üçin islendik döwletiň özüniň anyk şertlerine uýgunlaşdyrylan strategiýasynyň bolmagy we onuň hemişe döwrüň çagyryşlaryna çalt seslenmegine mümkinçilik berýän «düzedişleriň» girizilmegi zerur şertleriň biridir. Ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň dogry kesgitlenmegi bolsa özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe durnuklylygy üpjün edýär.
Häzirki döwür — dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň, şeýle-de ählumumy pandemiýanyň dowam edýän döwri. Obýektiw sebäpler bilen şertlendirilen bu ýagdaý eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýär. Olaryň netijesinde ykdysady ösüşiň pese düşmeginiň öňüni almaga gönükdirilen syýasaty yzygiderli amala aşyrmak döwrüň talaby bolup, bu syýasatyň ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam bermegi, oňyn ösüşi kepillendirmegi möhümdir.
Dünýäde ýiti ýokanjyň ýaýramagy, halkara söwdanyň peselmegi, şeýle-de bu giňişlikde emele gelen käbir geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlar ykdysadyýetiň görkezijilerine täsirini ýetirmegini dowam edýär. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen şeýle kynçylykly şertlerde milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek ähmiýeti boýunça birinji derejeli meseledir. Hökümet mejlisinde kabul edilen «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnamada» we bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler şeýle çemeleşmeleriň biri bolup, ol häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny goldamaga ýardam berer. Ol milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilmegini çaltlandyrmaga, sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmäge, kärhanalary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga itergi bermek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüş nusgasyna geçmegini üpjün eder. Amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çäreleriň toplumy ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulanmagyna, iş orunlarynyň saklanylmagyna, durmuş taýdan goraglylygyň berkidilmegine gönükdirilendir. Bu Maksatnamanyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylandygy aýratyn bellärliklidir. Şunda döwletiň maýa goýum syýasatyny önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we onuň gurluş taýdan üýtgedilip guralmagyna, täze tehnologik ykdysadyýetiň döredilmegine gönükdirmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi.
Döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biri bolup, onda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berilmegi örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu şertleriň Maksatnamada göz öňünde tutulmagy garaşylýan netijeleriň gazanyljakdygyndan nyşan. Jemi içerki önümiň artmagy maýa goýum syýasatynyň ýokary netijeliliginiň esasy görkezijisi bolmak bilen, ol importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberleri
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
niň artmagynda-da özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Maksatnama laýyklykda, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine 36,1 mlrd. manatlyk maýa goýum goýulmagyna garaşylýar. Şunda maýa goýum serişdeleriniň 60,2 göterimini önümçilik maksatlaryna, 39,8 göterimini bolsa durmuş-medeni maksatly gurluşyklara gönükdirmek meýilleşdirilýär. Beýle diýildigi, goşulan gymmaty döredýän täze kärhanalaryň sanynyň artjakdygyny, täze iş orunlarynyň dörediljekdigini, adam maýasynyň hil görkezijileriniň mundan beýläk-de gowulanmagyna ýardam berjek durmuş maksatly desgalaryň guruljakdygyny aňladýar.
Halkara we daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi ýurdumyza maýa goýumlaryň artmagyna ýardam berjek ugur hökmünde kesgitlendi.
Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde durmuş derejeli döwlet hökmünde ykrar edilýär. 2022-nji ýylyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynda durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdiriljek serişdeleriň möçberiniň 76 göterimden-de ýokary göz öňünde tutulmagy, dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklaýar. Şunda Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberilýän serişdeleriň 38,7 göteriminiň bilimi, 14,1 göteriminiň saglygy goraýşy, 2,7 göteriminiň medeniýeti, 34,8 göteriminiň durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,7 göteriminiň ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi ildeşlerimiziň ýaşaýyş derejesini kesgitleýän ähli ugurlaryň hemişe döwletiň üns merkezinde saklanylýandygyny alamatlandyrýar.
Geljek ýylda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu Maksatnamada ýurdumyzda eksporta niýetlenen, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmek, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin şertleriň döredilmegine we höweslendirilmegine uly orun berilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ol daşarky amatsyz şertleriň milli ykdysadyýetimize täsirini peseltmäge mümkinçilik berýän ugurlaryň biri bolup, ýurduň içerki mümkinçiliklerini ösüşiň hatyrasyna ulanmaga itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde erkin ykdysady zolaklary döretmek, bu zolaklarda ýerli we bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi bäsdeşlige ukyply önümleriň köp öndürilmegine, «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşan bilen daşarky bazarlarda ýerlenýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ulag-logistika ulgamyna aýratyn orun berilýär. Maksatnamada ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişinden peýdalanyp, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we milli harytlaryň amatly ulag geçelgeleri arkaly dünýä bazaryna çykarylmagyna ýardam bermek, üstaşyr ýükleri artdyrmak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulan. Häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynda ýurtlaryň arasynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesiniň möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi yklymlary birleşdirmekde, ykdysadyýeti ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň, Gündogaryň we Günbataryň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerleşmegi içerki ösüş üçin, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm esas hökmünde çykyş edýär.
Maksatnamada bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegi jemi içerki önümiň möçberiniň artmagyna, onuň häzirki ösüş meýliniň saklanylmagyna ýardam berer.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Döwletimiziň ykdysady ösüş konsepsiýasyna laýyklykda bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylýan döwründe salgyt syýasatyny ýönekeýleşdirmäge has köp üns berilýär. Munuň özi köpugurlaýyn salgyt ýeňillikleriniň giňeldilmegini aňladýar. Eger-de salgyt tölegleriniň ykdysadyýetimiziň ösüşine edýän täsirini göz öňünde tutsak, şeýle ugruň goldanylmagy örän bähbitlidir.
Ýurduň ykdysady ýagdaýyna we bu ugurda alnyp barylýan syýasata laýyk gelýän salgyt düzgünleriniň we syýasatynyň işlenilip düzülmegi salgyt kanunçylygyny hem kämilleşdirdi. Bu iş salgyt syýasatynyň üsti bilen ýene-de yzygiderlilikde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, milli salgyt syýasatynyň netijeliligi köp babatda döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini kesgitleýär, aýlyk zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň artdyrylmagy türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredip, onuň maliýe binýadyny berkidýär. Şeýle hem salgyt syýasaty pensiýalardyr çaga üçin berilýän kömek pullarynyň köpeldilmegini, köp çagaly maşgalalary we maýyplygy bolan adamlary, hossarsyz çagalara durmuş taýdan goldawyň yzygiderli güýçlendirilmegini, şäher we oba ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyny, dynç alşyň medeni we sport çäreleriniň guralmagyny we başga-da ençeme möhüm wezipeleriň çözgütlerini jemleýär. Salgytlaryň tölenmeginden emele gelýän býujet serişdeleri şu ugurlara gönükdirilýär.
Salgytdan gelip gowuşýan serişdeler howpsuzlygy, maliýe durnuklylygyny we ählumumy çökgünliligiň ýaramaz täsirleriniň öňünde ykdysady ulgamyň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Bu bolsa häzirki wagtda aýratyn möhümdir. Düzgünleri we girizilýän täzelikleri düşündirmek, salgytlary öz wagtynda we doly tölemek babatda jogapkärçilikli raýat garaýyşlaryny kemala getirmek, salgyt medeniýetini terbiýelemek we ilatyň salgyt sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça-da düşündiriş işleri netijeli ýola goýulýar.
Ýurdumyzyň salgyt syýasaty, bir tarapdan, salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine hem-de onuň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi, salgytlary tölemegi üpjün etmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar, beýleki tarapdan bolsa, salgytdan düşýän agramy azaltmaga, maýa goýum işlerini, senagatyň strategik pudaklaryny höweslendirmäge, hususy telekeçileriň bähbitlerini goramaga we olary goldamaga gönükdirilýär.
Welaýatlarda salgyt bölümleriniň işgärleri bilen salgyt töleýjileriň arasynda salgyt kanunçylygy barada okuw-maslahatlar guralýar, şeýle-de welaýat salgyt bölümlerinde düşündiriş işlerini talabalaýyk alyp barmak babatdaky tejribe öwrenilýär. Şol okuw-maslahatlarda salgyt töleýjilere we salgyt bölümleriniň işgärlerine häzirki hereket edýän «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bütewi kanunynyň düzgünleri, oňa täze girizilýän üýtgetmelerdir goşmaçalar düşündirilýär, sowal-jogap alşylýar. Bu işleriň ählisi salgyt salmagyň we tölemegiň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmäge mümkinçilik berýär.
Baýram TAGANOW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabadyň tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.