Ösüşiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek we çalt depginler bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi arkaly daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanylmagyna, ilatyň arassa howa şertlerinde ýaşamagyna amatly mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýöredýän ykdysady strategik ugry bilen täze elektrik beketleriniň, elektrik geçirijileriniň döwrebap tok paýlaýjy podstansiýalaryň toplumlarynyň gurluşyklary yzygiderli alnyp barylýar. Şol işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde elektrik energiýasy gönüden-göni sarp edijilere — kärhanalara, guramalara, oba, şäher ilatyna ýetirilýär. Şeýlelikde, Diýarymyzyň welaýatlarynyň ählisinde, paýtagtymyzda kuwwatly elektrik beketleri biri-biri bilen baglanyşykda işleýär. Munuň özi tutuş ýurdumyz boýunça kuwwatly elektrik halkasynyň döredilendigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem sarp edijileriň islegleri boýunça elektrik energiýasyny gerek ýerine paýlamaga, artygyny bolsa eksport ugurlaryna ibermäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz energetika, hususan-da elektrik energiýasy pudagyny has-da ösdürmek barada hemişe alada edýär. Şonuň netijesinde bu pudaga uly möçberde maýa goýulýar. Munuň özi onuň kuwwatyny artdyrmaga, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze taslamalary kabul etmäge ýardam edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurduň milli ykdysadyýetini mundan beýläk-de kuwwatly ösdürmäge itergi berýär. Şonuň bilen birlikde, döwletimiz energetika ulgamynda dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Ýurdumyzda önümçilige ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň we energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde elektrik energiýasy bilen üpjünçilik meselesi oňyn çözülýär. Türkmenistanda elektrik energiýasyny öndürmek üçin ekologiýa taýdan iň arassa tebigy gaz ulanylýar. Önümçilikde we gündelik durmuşda peýdalanylýan energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak ýurdumyzda ekologik ýagdaýyň gowulanmagyna itergi berýär. Gündelik durmuşymyzda sarp edilýän energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Energiýany öndürmek ýa-da almak üçin köp serişde sarp edilýär. Islendik önümçilik tehniki-ykdysady tarapdan esaslandyrylan, başgaça aýdanymyzda, ykdysady taýdan netijeli bolmalydyr. Energiýany öndürmekde ulanylýan serişdeleri, ýangyjy, materiallary tygşytlamak, ulanyş işlerini we zähmet serişdelerini ýeňilleşdirmek umumy önümçiligiň tehniki-ykdysady görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna uly ýardam berýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda dünýäniň ylmy-tehniki gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, uly ösüşler gazanylyp, ýokary sepgitlere ýetilýär.

Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Göwher GARAHANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.