Ýel energiýasy we «ýaşyl» ykdysadyýet

Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýan innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ornaşdyrmak, daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tüsselerden gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaplarynyň hatarynda durýar.

Ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Obalardyr şäherleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, artýan bölegini bolsa daşary ýurtlara ibermek, eksport edilýän ugurlarynyň sanyny artdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň energetika pudagyny ösdürmek babatdaky syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça iri möçberli taslamanyň birinji tapgyry amala aşyryldy we Ahal — Balkan täze elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Taslamanyň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bir bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly halkymyzy elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Alym Arkadagymyz öz çykyşlarynda ählumumy meseleleriň biri bolan ýangyç we energiýa çeşmeleriniň tygşytly ulanylmalydygy barada yzygiderli nygtaýar. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, bu meseläniň üstünlikli çözgüdi jemgyýetiň geljekki ösüşi bilen bir hatarda, daşky gurşawy — biosferany goramak üçin hem örän möhüm bolmagynda galýar. Bu ugurda geljegi uly hasaplanýan usullaryň biri hem adaty bolmadyk, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanyp, energiýa tygşytlaýjy täze tehnologiýalary ulanmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň çäginiň, takmynan, 40 göterimi ýeliň energiýasyny ulanmaga amatly hasap edilýär. Ýeliň energiýasyny demirgazyk-günbatar etraplarda ulanmak has hem amatly bolup, bu etraplarda ýylyň dowamynda ýeliň tizligi ortaça 4 m/s-den ýokarydyr. Hazar deňziniň demirgazyk kenarlarynda howa akymynyň udel kuwwaty ýokary bolup, onuň bahasy 110 — 135 Wt/m2 barabardyr. Ýeliň energiýasynyň mümkinçiligi Balkan — Köpetdag ugrunda örän ýokary hasap edilýär we onuň bahasy 150 Wt/m2-den hem ýokarydyr. Merkezi welaýatlardan demirgazyk araçäk aralygynda ýeliň udel kuwwaty 100 Wt/m2-den ýokary bolmaýar. Umuman alnanda, ýeliň energetiki mümkinçiligi 5,5 mlrd. şertli ýangyjyň tonnasyna barabardyr.

Bellenilenleriň esasynda Türkmenistanyň çäginde ýel energetiki gurluşlary ornaşdyrmagyň ýerlerini saýlap almak we bu babatdaky gorlara baha bermek üçin ilki bilen taslamanyň amala aşyryljak sebitindäki ýeliň azyndan birýyllyk ortaça tizligini (dürli beýiklikde), ýyllyk we gündelik ugruny, tizliginiň gaýtalanyşyny, iň kiçi we iň uly ýokary tizligini kesgitlemek zerurdyr.

Dürli kuwwatlykdaky ýel elektrik gurnawlaryny gurmak we ýel energiýasyny öndürmek hem-de ondan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen taslama işleri hünärmenleriň bu işe jogapkärli çemeleşmegini talap edýär. Ýel elektrik stansiýasynyň ýerleşdiriliş şertine baglylykda, onuň ýeliň energiýa çeşmeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ýel akymynyň tizligini ölçemek bilen kesgitlenýär. Şeýlelik bilen, ýel akymynyň ortaça tizliginiň birneme ýokarlanmagy öndürilýän energiýanyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Hut şu görkeziji taslamanyň maliýe we ykdysady netijeliligine uly täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda merkezi elektrik üpjünçiliginden uzakdaky obalar, şol sanda elektrik energiýasyny sarp ediji dürli desgalar ýel elektrik gurnawlarynyň kömeginden giňden peýdalanýar. Emma ýokarda bellenilip geçilen ýeliň häsiýetnamasyna gabat gelýän ýerlerde ýel gurnawlarynyň kömegi arkaly energiýa öndürilip, gönüden-göni merkezi ulgama birikdirilýär. Ýel energiýasyny peýdalanmagyň esasynda daşky gurşawa zyňylýan zyýanly gazlaryň mukdaryny azaltmak tebigy energiýa gorlaryny tygşytlamaga bildirilýän talaplar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýeliň energiýasyny netijeli peýdalanmak üçin bu barada doly maglumata eýe bolmaly. Meteorologik stansiýalarda toplanylýan umumy häsiýetnamalar munuň üçin ýeterlik bolmaýar. Bu ýagdaý ýeliň tebigy düzüminiň, anyklygynyň we başlangyç görkezijileriň takyklygynyň çäklerini, ýeliň energiýasynyň amaly ulanmak mümkinçiliklerini we beýleki käbir sebäplerini hasaba alýan ýörite häsiýetnamalaryň zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýle häsiýetnamalaryň alynmagy we toplanylmagy ýel energetiki kadastryny işläp taýýarlamagyň esasy meselesi hasaplanýar.

Ýel energetiki kadastry ýeliň energetiki ähmiýetini ýüze çykarmaga, ýel elektrik gurnamalarynyň mümkin bolan iş kadalaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän aerologik we energetiki häsiýetnamalaryň toplumydyr.

Kadastry işläp taýýarlamak üçin başlangyç görkezijileriň esasy çeşmesi gidrometeogulluk torunyň daýançlarynda ýele gözegçilikler hasaplanýar. Gije-gündiziň dowamynda birnäçe gezek geçirilýän bu gözegçilikler onlarça ýyly öz içine alýar we giňişleýin hakyky maglumatlaryň toplumyny emele getirýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny», şeýle hem «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmakda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda 2018 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň çäginde Gün, ýel energetiki gurluşlary ornaşdyrmagyň ýerlerini saýlap almak boýunça teklipleri we Gün hem-de ýel kadastryny işläp taýýarlamak, Gün we ýel energetiki gorlara baha bermek wezipeleri durýar. Olary durmuşa geçirmek, ýel energetiki kadastryny işläp taýýarlamakda ygtybarlylygy üpjün etmek maksady bilen, «Ýel energetiki kadastryny işläp taýýarlamagyň sanly ulgamy» atly programma üpjünçiligi dolulygyna C sharp (C#) programmalaşdyryjy dilde taýýarlanyldy. Bu üpjünçiligiň hasaplamalarynyň netijesinde alnan maglumatlary sebitdäki ýel energiýa gorlaryna baha bermekde we ýel energetiki gurnawlaryň guruljak ýerlerini kesgitlemekde hem-de ýurdumyzyň ýel energiýa serişdeleriniň maglumatlar binýadynyň sanly ulgamyny döretmekde peýdalanmak bolar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde taýýarlanylan bu programma üpjünçiligi üçin Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan şahadatnama alyndy.

Milli Liderimiziň döredýän giň mümkinçilikleri ylmy işgärleri öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga ruhlandyrýar.

Kakageldi SARYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory, tehniki ylymlaryň kandidaty.