Datly unaş önümleri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasynda öndürilýän unaş önümleri ýokary islegden peýdalanýar. Hususy kärhanada aş önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, halkymyza ýetirilýär. Dürli göwrümli, gelşikli gaplara gaplanan önümler gözüňi dokundyrýar.

— Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar, ýurdumyzda hususy telekeçilik ösýär, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar. Biz kärhanamyzda önümleriň görnüşlerini köpeltmäge, importyň ornuny tutýan azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga uly üns berýäris.

Halkyň köp isleg bildirýän unaş önümlerini taýýarlamakda işimizi döwrebap guramaga çalyşýarys. Italiýanyň enjamlary oturdylan sehimizde her günde dürli görnüşli, ýokary hilli unaş önümleriniň 1 tonna 250 kilograma golaýy öndürilýär. Işleriň awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýulmagynyň netijesinde öndürilýän önümler 400, 500 gramlyk, 1 hem-de 5 kilogramlyk gaplarda «Uzboý» haryt nyşany bilen elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Öndürýän önümlerimizi beýleki welaýatlara hem ugradýarys. Sehimizde işiň abyny-tabyny ele alýan tejribeli işgärler barha köpelýär. Bu ugurda Rustem Saryjaýewiň, Ereşbaý Çaryýewiň, Döwran Begjanowyň, Altyn Berdiýewanyň, Tawus Ataýewanyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda tutmak bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge berýän goldawyna mynasyp zähmetimiz bilen jogap berip, ilatymyzyň unaş önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar — diýip, aş önümleri sehiniň başlygy Sähetdurdy Ataýew gürrüň berdi.

Oguljennet ANNAGELDIÝEWA,

«Balkan».