Новости
Işler sazlaşykly ýola goýulmalydyr

16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň sebitlerde alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn taýýarlyk işleri, ýetişdirilýän galla hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, welaýatda guramaçylyk toparynyň döredilendigi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri batly depginde dowam edýär. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatda pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işler talabalaýyk dowam etdirilýär. 

                                                                   

Welaýat häkimliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri talabalaýyk derejede ýerine ýetirilýär. Häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy, şol bir wagtyň özünde inženerçilik desgalaryny gurmak, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hem hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, galla oragyna görülýän taýýarlygyň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, orakda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş bölümleriniň, terezileriň, awtoulaglaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde tabşyrylýan galla hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, zerur bolan ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesinde geçirilmeginiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işleriň bildirilýän talaba laýyk gelmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipesidigine üns çekildi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýat häkimliginde we beýleki ugurdaş düzümlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda ýola goýulmalydygyny aýtdy. Şeýle-de welaýatyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek we medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamak tabşyryldy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hasabat berdi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.  

                                                                   

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda uly rowaçlyklary arzuw etdiler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, maslahaty jemledi we uly üstünlikleri nazarlaýan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bellenilen meýilnamalaryň, maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.  

                                                                                                           

«Balkan».

19.05.2022
Täzelikler

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Ýürek owazy» atly halkara sungat bäsleşigi geçirildi. Dostlukly ýurduň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen guralan çärä gatnaşyjylar halk saz gurallarynda saz çalmak, dünýä halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirmek, mýuzikl, jaz eserleri, sahna ussatlygy, çeperçilik eserleri ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler. 

                                                                   

Onlaýn görnüşdäki bu bäsleşikde Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary öňdäki orunlaryň dördüsini eýelediler. Mekdebiň üçünji ýyl talyby Serdar Bazarow D.Rossininiň «Tarantella» atly eserini ýerine ýetirip, birinji orna mynasyp boldy. Birinji ýyl talyby Jeren Çaryýewa hem ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň «Ýatlama» atly eseri bilen   bäsleşikde birinji orny eýeledi. Mekdebiň ikinji ýyl talyby Gülälek Jumanyýazowa hem N.Halmämmedowyň döredijiligine ýüzlenip, ikinji ornuň eýesi boldy. Halkara bäsleşiginde mekdebiň «Şöhle» hor toparynyň «Parahatçylyk aýdymy» atly şekilli aýdymy bolsa ikinji orna mynasyp boldy. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň binýadynda köpadamly baýramçylyk dabarasy geçirildi.  

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çärä iri jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, bilim işgärleri, ýokary synplaryň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ösen jemgyýeti berkarar etmekde, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekde Bagt Kanunymyzyň tutýan orny dogrusynda gürrüň etdiler. Konstitusiýamyzda, hususan-da, ýaşlaryň okamaga, bilim almaga bolan hukuklary hem kepillendirilýär. Ýaşyl Baýdagymyz bolsa, döwlet özygtyýarlylygynyň, ähli ugurlarda gazanýan ösüşlerimiziň nyşany bolup, belentde parlaýar.  

                                                                   

Baýramçylyga bagyşlanan köpadamly dabaralar şäherimizdäki ýöriteleşdirilen 41-nji, 39-njy orta mekdeplerde hem ýokary ruhubelentlige beslenip geçirildi. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Lebaply telekeçiler bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar ýylyň başyndan bäri 68,34 tonna  mal etini öndürdiler. Bu geçen ýylyň dört aýy bilen deňeşdirilende 1,44 tonna köpdür. Önümiň 15,25 tonnasy bolsa aprel aýynda öndürildi we söwda nokatlaryna ugradyldy. 

                                                                   

Azyklyk önümleriň bolçulygynyň döredilmegine aýry-aýry telekeçiler has-da saldamly goşant goşýarlar. Mysal üçin, telekeçi Alişer Sultanowyň tabşyran eti 8 tonnadan geçdi. Alymbaý Kerimow ilat arasynda uly islegden peýdalanýan bu önümiň 5,6 tonnasyny, Jorakuly Hemraýew 4 tonnasyny, Suhrap Allakulyýew 3,6 tonnasyny dükanlara we bazarlara çykardylar. Mallaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda hem aladalanylýar. Häzirki wagtda telekeçiler iri mallaryň 522-sine ideg edýärler.

17.05.2022
Möhüm möwsümiň bosagasynda

Oba hojalyk pudagynyň işgärleri üçin ýene-de bir möhüm möwsüm — bugdaý oragy ýetip gelýär. Bu gyzgalaňly döwür her birimizden aýratyn işjeňligi talap edýär. Biz hem öňde duran bu jogapkärçilikli möhüm möwsümi guramaçylykly we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, pudagyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini geçirmegiň nobatdaky tapgyryna girişdik.  

                                                                   

Şu günler önümçilik birleşigimize degişli bolan awtoulag hojalygynyň sürüjileriniň, elewatorlaryň, merkezi barlamhananyň we tok bejeriş sehiň işgärleriniň, merkezi abatlaýyş ussahanasynyň ussalarynyň arasynda yzygiderli bolup, ýerine ýetirilmeli çäreler we edilmeli işler dogrusynda pikir alyşýarys.  

                                                                   

Şeýle mazmunly çäreler zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça inženerleriň gatnaşmaklarynda etraplardaky galla kabul ediş nokatlarynda, ammarlarda hem yzygiderli geçirilýär we olarda berjaý edilmeli talaplar dogrusynda ýörite nygtalýar. Işgärlerimiziň işçi geýimleriniň nobatdaky tapgyry bilen üpjün edilmegine, deslapky lukmançylyk barlaglaryndan geçmeklerine hem aýratyn üns berilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watan harmanynyň berekedini has-da artdyrmak ugrunda ähli tagallalary ederis.  

                                                                                                           

Bossan  JUMAÝEWA,

                       

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

13.05.2022
Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ätiýaçlandyryşyň  bähbitli  kadalary  

                                                                   

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda öz ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam basdy. Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmegi esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Milli ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek, onuň durnuklylygyny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny we maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak halkara standartlaryny hasaba alyp, şahsy emläk bähbitlerini we jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyrmak babatynda hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş kadalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ätiýaçlandyryş ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan döwrüň talabyna laýyklykda, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň özleşdirilmegi üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Şu günki günde ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Halkymyz her bir işde ätiýaçly bolmaklygy hiç haçan hem gaýra goýmandyr. Ýurdumyzdaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň esasy wezipeleriniň biri hem ilatymyzyň ätiýaçlandyryşyň bähbitlerine dogry düşünip, bu işi gaýra goýmazlygy gazanmakdyr. Golaýda «Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş kadalary» işlenilip taýýarlanyldy. Ätiýaçlandyryşyň bu görnüşi boýunça şertnamany ýurdumyzdaky banklardan karz alýan raýatlarymyz baglaşyp bilerler. Ätiýaçlandyryşyň bu görnüşiniň maksady — karz alan raýat karzyň hereket edýän möhletiniň dowamynda aradan çykan ýa-da I, II topar maýyplygy alan ýagdaýynda onuň bankdaky karzyny we karzyň göterimini ätiýaçlandyryş guramasynyň banka doly gaýtarmaklygydyr, ýagny, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirilmegine getiren waka ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar. Ätiýaçlandyrmak işinde welaýatymyzdaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary hemişe raýatlarymyzyň we edara-kärhanalarymyzyň hyzmatyndadyr. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar halky täze döwrüň möhüm strategiýasyny durmuşa geçirmäge girişen hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýar. 

                                                                   

 Begendik TAGANOW.  

                                                                   

 Tagtabazar etrabynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş  hünärmeni. 

13.05.2022
Oňyn özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda çalt depginler bilen ösýän ata Watanymyzyň ösüşlerinde bedew bady bar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlerdir gazanylýan üstünlikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti we halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda maksatnamalaýyn esasda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. 

                                                                   

Ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini durnukly saklamak we mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmek ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär. Şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» muny doly tassyklaýar. Bu maksatnama ata Watanymyz Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlary, täzeden-täze maksatlary we öňde goýlan örän wajyp wezipeleriň ençemesini öz içine alýar. 

                                                                   

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýan sanly reforma milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmegiň täsirli guraly we geljegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, halk hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman maglumat giňişligini döretmek bilen bagly wezipeler kabul edilen Milli maksatnamada aýratyn görkezilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň doly sanlylaşdyrylmagyna we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň maglumat giňişligine çalt depginler bilen goşulyşmagyna itergi berer. 

                                                                   

Ýurdumyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Täze taryhy döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan bedew batly ösüşler bolsa ata Watanymyzyň ýeňişli menzilleridir. 

                                                                                                           

Gülnaza REÝMOWA,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

10.05.2022
Belent üstünlikleriň beýany

Eziz Diýarymyz durnukly ösüş bilen öňe barýar. Önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň netijeli ulanylmagy, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagy beýik ösüşlerimiziň, belent üstünliklerimiziň esasy bolup durýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmek üçin beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän halk bähbitli işlere itergi berýär. Aýdyň ösüşler we gazanylýan üstünlikler bilen halkymyz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň ygtybarly esasyny goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, ýurdumyz beýik ösüşleriň mekanyna öwrüldi. 

                                                                   

 Parahatçylygyň, adalatlylygyň we ynsanperwerligiň ýörelgelerine wepaly agzybir halkymyz maksada okgunlylyk hem-de tutanýerlilik bilen beýik geljegini döredýär. Halkymyz yhlasly zähmet çekip, ösüşiň täze belentliklerine tarap ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler we taslamalar ylmy taýdan esaslandyrylandyr, çünki derwaýys meseleleri ylmy jähetden çemeleşip çözmek, uzakmöhletli meýilnamalardyr maksatnamalary ylmy taýdan işläp düzmek ýurdumyzda ösüşi üpjün etmegiň esasy ýörelgesidir.  

                                                                   

Ýurdumyzda önümçiligi döwrebaplaşdyrmak depginli alnyp barylýar, kämil bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzyň tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini aýap saklamaga, onuň baýlyklaryny rejeli ulanmaga gönükdirilen taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, oýlanyşykly kararlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini üpjün edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine barýan ugurlaryny kesgitledi. Halkymyz Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işlerden ruhlanyp, bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin halal zähmet çekýär.  

                                                                                                           

Çynar HOJAMUHAMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

09.05.2022
Sement önümçiliginiň täze kärhanasy

Şu günler Köýtendag etrabynyň çäginde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, ýokary kuwwata eýe bolan zawodyň täze tapgyrynyň gurluşygy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar. 

                                                                   

Zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berlipdi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi kuwwatly kärhananyň gurluşygynyň buýrujysydyr. Şu günler gurluşykda hünärmenleriň 650-den gowragy işleýär. Olaryň we döwrebap tehnikalaryň güýji birleşip, ýurdumyzda ýene bir kuwwatly senagat kärhanasy — sement zawody ulanmaga berler. Işleýänleriň arasynda bu ugurda baý tejribesi bolan kompaniýalaryň wekilleri hem bar. 

                                                                   

Sement — gurluşyk üçin iň zerur serişdeleriň biri. Köýtendagdaky zawodda eýýäm ençeme ýyl bäri bu möhüm gurluşyk serişdesiniň her ýyl ýüz müňlerçe tonnasy öndürilip, içerki we daşarky bazarlara ugradylýar. Täze tapgyryň umumy kuwwaty ýylda 1 million tonna sementi öndürmäge mümkinçilik berer. Bu bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň tonna çenli önüm öndürip boljakdygyny görkezýär. 

                                                                   

Eger zawodyň birinji tapgyrynda portland sementiniň S-400 we S-500 görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilen bolsa, täze tapgyrda has ýokary hilli S-600 görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýlar. Önümler dünýäniň we ýurdumyzyň standartlaryna doly laýyk geler. 

                                                                   

«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň wekilleriniň gürrüň berşi ýaly, desgada Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlar toplumlary oturdylyp, işleriň agramly bölegi awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen alnyp barlar.  

                                                                   

Şeýle iri gurluşygyň amala aşyrylmagy ýerli ýaşaýjylaryň iş bilen üpjünçiliginde hem möhüm ähmiýete eýedir. Gurluşykda ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen ildeşlerimiz bilen bir hatarda, Köýtendag etrabynyň ilaty hem zähmet çekýär. Bu ýerde amatly iş şertleri döredilipdir. 

                                                                   

Gurluşykçylar kuwwatly kärhanany bellenen möhletinde ulanmaga tabşyrmak üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýärler. Gurluşyk serişdeleriniň agramly böleginiň ýurdumyzyň şu sebitinden alynmagy bolsa olaryň işinde ep-esli ýeňillik döredýär. 

                                                                                                           

Ahmet KASYMOW,

                       

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

06.05.2022
Ykdysadyýet

BELENT MAKSADA EÝERIP 

                                                                   

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýüpekçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýüpekçilik möwsüminde 184 tonna ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinýärler. Şeýlelikde, olar häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryny idetmegi talabalaýyk alyp barýarlar. Bu babatda etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ýüpekçileriniň oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar. Olar özlerine paýlanylyp berlen 1241 guty ýaş gurçuklary kadaly ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Hojalygyň tejribeli ýüpekçilerinden Zeripbaý Galandarow, Röwşenaý Jumakowa, Sanaber Töräýewa we beýlekiler bu işe öňdäkileriň hatarynda girişmek bilen, gurçuklara ideg etmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar. Şunda ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, kadaly ýylylykda, arassa saklamak boýunça zerur çärelere aýratyn üns berilýär. Munuň özi paýdarlar jemgyýetiniň ýüpekçileriniň şu möwsümde 48 tonna piläni Watan harmanyna goşmak barada bellenilen meýilnamany has artygy bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam döredýär. 

                                                                   

 Nodira ALLAMOWA,
TAP-nyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap komitetiniň hünärmeni. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 GOWAÇA BEJERGISINIŇ DEPGINI ÝOKARLANÝAR 

                                                                   

Akdepe etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň pagtaçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 1900 gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda derwaýys çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar gowaça bejergisine etrapda ilkinjileriň hatarynda girişip, bu işiň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Häzirki wagtda gowaçalaryň hatar arasyny ýumşatmak, olary haşal otlardan arassalamak işleri daýhan birleşiginiň 6, 12-nji kärendeçiler toparlarynda has-da gyzgalaňly barýar. Bu çäreleri berjaý etmekde mehanizatorlardan Azat Motyýew, Tahyr Rozybaýew, kärendeçi daýhanlardan Şirin Aşyrowa, Arazmyrat Nazarow we beýlekiler has-da gaýratly zähmet çekýärler. Şeýle agzybirlikli aladalaryň netijesinde ýaşajyk gowaçalaryň talabalaýyk ösmegine zerur şertler döredilýär. 

                                                                   

 Orazgeldi MUHADOW,
TAP-nyň Akdepe etrap komitetiniň hünärmeni. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 ZÄHMETI GORAMAK — SAGLYGY GORAMAK 

                                                                   

«Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäräniň esasy maksady işgärleriň zähmetini we saglygyny goramak, degişli önümçilik şertlerini döretmek, olaryň dynç alşyny guramak, durmuş goraglylygyny, tehniki howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek boýunça edara-kärhanalarda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek bolup durýar. 

                                                                   

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň energetika, awiasiýa we aragatnaşyk, medeniýet, hyzmat ulgamy işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşleriniň şäheriň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda guran okuw maslahaty şu meselelere bagyşlanyldy. 

                                                                   

Okuw maslahatynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi Meýlis Gulbaýew, welaýat Suwda halas ediş müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça gözegçisi Baýram Myradow, Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Mekan Allanazarow, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň hünärmeni Gylyçmyrat Öräýew dagy çykyş etdiler. Olar orta atylan meseleler boýunça edara-kärhanalarda amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. 

                                                                   

 Mämmetdurdy MUHAMMEDOW,
medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalary işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 KÄRHANANYŇ ÖNDÜRIJILIGI ARTÝAR 

                                                                   

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji kärhanasynyň işçi-hünärmenleri zähmet depginlerini barha batlandyrýarlar. Olar ugurdaş kärhanalaryň arasynda hemişe ýokary görkezijileri gazanmagy başarýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň 1 müň 52 tonnasy öndürildi. Kärhanada önümçiligiň ösüşiniň durnukly depgini hemişelik saklanýar. 

                                                                   

— Kärhanamyz döwrüň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bolup, onda işçi-hünärmenleriň 161 sanysy 3 çalşykda zähmet çekýär. Bu ýerde olaryň öndürijilikli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada welaýatymyzda öndürilýän pagtadan dürli ölçegdäki nah ýüplükler taýýarlanyp, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna we daşary ýurtlara ugradylýar. Kärhanamyzyň darak, lentalaýjy, egriji, gaplaýjy, hil barlagy bölümlerinde işler sazlaşykly alnyp barylýar. Bu ýerde yhlasly zähmeti bilen köplere görelde görkezmegi başarýan işçileriň ençemesi bar. Olardan Gunça Hudaýnazarowanyň, Mamagül Haşanowanyň, Nurtäç Aşyrowanyň, Döwran Tuwakowyň, Meýlis Pirnepesowyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda tutmak bolar — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nurbibi Genjäýewa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy. 

                                                                   

 Annageldi BEKIÝEW

05.05.2022
Ýüpekçileriň uly üstünligi

Welaýatymyzda pile taýýarlamak işi gyzgalaňly dowam edýär. Golaýda Kerki we Hojambaz etraplarynyň ýüpekçileri pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar bilen begendirdiler.  

                                                                   

Kerkili ýüpekçiler 85 tonnadan gowrak gymmatly çig maly Watanymyzyň kümüşsöw çäjine goşant etdiler. Öňdebaryjy etrapda tejribeli ýüpekçileriň 1242-si bol pile öndürmek bilen meşgullandy. Kerkili ýüpekçileriň hormatly Prezidentimiziň önüm bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklaryny berjaý etmek ugrunda çekýän yhlasly zähmetleri ýerine düşdi. Senagat üçin gymmatly çig maly öndürmekde etrabyň «Mürzebeggala» we «Hatap» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri aýratyn tapawutlandylar. Olar pellehana bir günde geldiler. Şonda «Mürzebeggala» daýhan birleşiginden meýilleşdirilen 31,5 tonnanyň ýerine 36 tonna 200 kilogramdan gowrak pile kümüşsöw çäje goşant edildi. Ýüpekçilerden Körpe Hudaýberdiýewa 284 kilogramyň ýerine 315, Döwlet Haýytmyradow 147 kilogramyň ýerine 215, Ogulbibi Annaýewa 80 kilogramyň ýerine 115 kilogram pile tabşyryp, öňe saýlandylar. Daýhan birleşiginiň başlygy Begenç Haýytmyradow pile ýygnamagyň gyzgalaňly dowam edýändigini aýdýar. Ol bu görkezijiniň 41 tonnadan geçjekdigine ynam bildirýär.  

                                                                   

Pellehana ilkinji bolup gelen beýleki öňdebaryjy hojalygyň — «Hatap» daýhan birleşiginiň başlygy Merdan Hakyýew hem ýüpekçilik bilen meşgullanýanlaryň 255-siniň hem 30-35 ýyldan bäri ýüpek gurçuklaryny idedip gelýändiklerini, hut olaryň baý iş tejribesiniň hasabyna 16 tonna 600 kilogramyň ýerine 18 tonnadan hem ep-esli artyk piläniň ýygnalandygyny habar berdi. Güljahan Hallyýewa, Şemşat Pirhanowa, Sülgün Allakulyýewa ýaly ýüpekçiler tabşyrykdan daşary 50-100 kilogramdan gowrak pile ýygnamagy başardylar. Etrabyň 1-nji pile kabul ediş we guradyş bölümçesiniň ýolbaşçysy Myrat Saliýew daýhan birleşikleriniň galan 4-siniň hem pellehanany alkymlap gelendiklerini aýdýar.  

                                                                   

Hojambaz etrabynyň edermen ýüpekçileri hem welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda pile tabşyrmagyň meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Olar kümüşsöw çäje 97 tonnanyň ýerine 98 tonna 292 kilogram piläni goşant etdiler.  

                                                                   

Şu möwsümde ýüpekçileriň 2345-si şertnamalaýyn esasda bu iş bilen meşgullandy. «Lebap», «Türkmenistan», Jumaguly Mämmedow adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri ilkinji bolup pellehana geldiler. Etrap boýunça gymmatly çig malyň agramly bölegini — 40 tonna 170 kilogramyny Jumaguly Mämmedow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri ýygnadylar. Şu daýhan birleşiginden Gülşat Hudaýnazarowa 355, Gurban Rozyýew 336 kilogram pile tabşyryp, has gowy netijeleri gazandylar. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 8-sinde hem tabşyryk artygy bilen berjaý edildi.  

                                                                                                           

Ilmyrat DÖWLETOW.

05.05.2022
Türkmen gazçylarynyň üstünligi

Dünýäde tebigy gazyň iň baý gorlarynyň bir bölegini özünde jemleýän türkmen topragy «mawy ýangyjy» bolluk bilen eçilýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň gazçylary ýerasty baýlygy gözläp tapmak, döwrebap usullar bilen çykarmak we sarp edijilere goýbermek boýunça asylly işleri alyp barýarlar. 

                                                                   

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine besleýändigini ýerine ýetirilen işleriň netijesinden hem görmek bolýar. Geçen ýylyň gyşynda «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, işleriň netijeliligi birnäçe esse ýokarlandy. Türkmenistandan Hytaýa uzaýan gaz geçirijisiniň esasy çeşmeleriniň biri bolan bu ýatak şu ýyl umumy akyma diýseň uly goşant goşdy. Ýylyň ilkinji çärýeginde gaz geçiriji boýunça «mawy ýangyjyň» 2 milliard kub metrden gowragy dostlukly döwlete eksport edildi. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden tas iki essä golaý kändir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzir Hytaýy tebigy gaz bilen üpjün edýän döwletleriň arasynda esasy orny eýeleýär. 

                                                                   

Müdirligiň känlerinde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmakda hem netijeli işler alnyp barylýar. Şanly ýylyň birinji çärýeginde müdirlik boýunça önümçiligiň mukdary 3 milliard 183 million kub metr «mawy ýangyja» ýetdi. Şeýlelikde, göz öňünde tutulan meýilnama 119,4 göterim ýerine ýetirildi. Müdirligiň agzybir işgärleriniň zähmeti bilen ýylyň başyndan bäri gaz kondensatynyň 14 müň tonnadan gowragy işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi göz öňünde tutulandan 15 göterim kändir. 

                                                                   

Kükürt önümçiligi boýunça-da uly sepgitlere ýetildi. Ýylyň başyndan bäri çykarylan kükürdiň mukdary 2,8 milliard kub metrden geçdi. Mahlasy, önümçiligiň islendik görnüşinden alynýan netije ýokary. Bu ýerdäki esasy maksat şanly ýyly guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen jemlemekdir. 

                                                                                                           

Agageldi ITALMAZOW.

03.05.2022
Ykdysady ösüşiň ýörelgesi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlende, diňe 2022-nji ýyl däl, türkmeniň durmuşyny özgerden ýyllaryň uly toplumy göz öňüňe gelýär. Şol ýyllara ser salyp, biz milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň esasy maksadynyň raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendigine has düýpli göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu hakda wezipä girişmek dabarasynda şeýle belledi: «Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez».  

                                                                   

Döwletimiz uly ösüş ýoluny geçdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyla çenli geçilen döwürde röwşen geljegimize barýan ýolumyzy nurlandyrýan, pikir-hyýallarymyzy, arzuwlarymyzy bir maksada düzýän milli ýörelgämiz kemala geldi. Onda ýaşaýşymyzyň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän belent ahlagy, ruhy ýörelgesi jemlenýär. Biz bu gün döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli demokratiýanyň ösüşiniň täze belentligine ýetendigini görýäris. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewraldaky mejlisi şonuň mysalydyr.  

                                                                   

Danalaryň biri geçmişini bilmeýän halkyň geljeginiň ýokdugyny aýdýar. Türkmen millet hökmünde şöhratly geçmişini arzylaýar, gorap saklaýar. Şu ýerde milli Liderimiziň eserlerinde öňe sürýän geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamak, ony ertire ýetirmek, her döwrüň ruhuna laýyk ýörelgäni döredip, olary baýlaşdyrmak baradaky sargytlaryna aýratyn üns çekesimiz gelýär.  

                                                                   

Döwletimiziň baş syýasatynyň binýadynda Oguz ýörelgeleriniň — döwletlilik ýörelgesiniň goýulmagynyň islendik ugurda rowaçlyk getirýändigini bu günki ösüşlerimiz anyk görkezýär. Agzybirlik, döwletli maslahat bilen oňyn çözgütlere gelmek türkmene owaldan mahsus bolupdyr.  

 Türkmende agzybirlik öýüň, giň manyda bolsa bütin ýurduň baş döwleti — baýlygy hasaplanýar. Halkymyz milli taglymat derejesine ýetiren agzybirlik ideýasyna berk uýýar. Bu taglymat döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky jebisligiň barha pugtalanmagyna hyzmat edýär. Türkmeniň tebigatynda ynsanperwerlik, adamkärçilik ýaly gyzyldan gymmatly häsiýetleriň ýaşaýyş-durmuşyň adalatly ölçegi hökmünde şeýle bir ösendigini ykrar etmezlik mümkin däl. Bu sypatlar ýurdumyzyň ýöredýän ynsanperwer syýasatynyň özenini düzýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň milletiň paýhasyna uly hormat goýýandygynyň alamatydyr. Mähriban Watanymyzda ynsan gadyrynyň has oňat bilinmegine alnan ugur bu syýasatyň artykmaçlygydyr. Onuň täsir ediş çägi dünýä möçberinde hem giňeýär. Islendik meselede dünýä derejesinde döwletiň öz sözi, öz orny bar. Mysal gözläp, uzaga gidip oturasy iş ýok. Geçen ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň paýtagtymyzda geçirilen 15-nji sammiti, 11-nji dekabryndaky «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat türkmeniň ynsanperwer kalbynyň özboluşly ykrarnamasydyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, maliýe ulgamyny pugtalandyrmagyň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpugurly özgertmeleriň uly tapgyry dowam edýär. Ylym we innowasion ösüş milli ykdysadyýetimiziň esasy daýanjyna öwrüldi. Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ýokary ösüş gazanmaga ugur alyndy.  

 Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda öňde duran wezipeleriň çözgütleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» has hem kämilleşdirildi.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň dürli ugurlardaky ösüşini üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan himiýa senagaty üçin zerur bolan mineral serişdeleriň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň netijeli görnüşleri göz öňünde tutulýar, oba hojalygynda önümleri gaýtadan işleýän kuwwatly desgalaryň ençemesi peýda boldy, azyk önümleriniň öndürilişi has artýar. Bu bolsa diwersifikasiýa ugrunyň ornaşdyrylyşynyň anyk netijeleridir. Munuň özi içerki önümiň öndürilişiniň zerur bolan görkezijisiniň kadaly saklanylmagyny hem şertlendirýär. 

                                                                   

Innowasion häsiýetli önümçiligiň guralmagy bilen diňe bir önümleriň hili ýokarlanman, eýsem, zähmet has ýeňilleşdi, iş öndürijiligi artdy. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler diňe bir içerki däl, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar. Milli Liderimiziň pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasaty esasynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümlerini döretmek, sebitleriň öndüriji güýçlerini gyradeň ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşuldy. Döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň ençemesi welaýatlaryň ählisinde hem gurlup ulanmaga berildi, birnäçesiniň bolsa gurluşygy dowam etdirilýär. Şu ýerde döwletimiziň agrar syýasatynyň esasy ugurlarynyň ilatyň azyk önümlerine, senagatyň bolsa çig mala bolan zerurlyklarynyň üpjün ediliş derejesini ýokarlandyrmak, ýerli önümler bilen importyň ornuny tutmak, şeýle hem onuň eksportyny artdyrmak bolup durýandygyny-da ýatlap geçeliň! Milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanylan ösüşler özgerişlikleriň hem-de goýberilýän döwlet serişdeleriniň özüni ödeýändigini aýdyň görkezýär. Ykdysadyýetiň iň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda suwarymly ýerleriň bir bölegi hususyýetçilere uzak möhletleýin kärendesine berlip, olarda zerur bolan azyk we gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Oba hojalyk önümçiliginde dünýä tejribesiniň öwrenilmegini hem öz içine alýan çäreler ykdysadyýetiň agrar pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Önüm öndürmek we ony gaýtadan işlemek, bazaryň talaplaryny öwrenmek, hyzmat ediş we goldaýjy kompaniýalary ösdürmek babatynda köp işler edilýär. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösüşine uly üns berlip gelinýär.   

  Döwletimiz diňe bir çig malyň ýurdy bolman, eýsem, öndüriji ýurtdur. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ençeme görnüşine daşary ýurt bazarlarynda isleg ösýär. Bu bolsa hyzmatdaşlyk edýän ugurlarymyzyň has giňelýändigini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, eksporta iberilýän önümleriň möçberi 2025-nji ýyla çenli ep-esli artar. Meselem, tebigy gazyň eksporta iberilýän möçberiniň 2025-nji ýylda 1,5 esse artmagyna garaşylýar. Daşary ýurtlara artykmaç öndürilen önümleri eksport etmek işi höweslendirilýär. Eksport önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimizi pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ýörelgesinde hem daşarky we içerki bazarlaryň isleglerini düýpli öwrenmek bilen, ýurduň sarp ediş bazarynda importyň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegi, hyzmatyň hiliniň ýokarlanmagy göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň eksportyny ösdürmek boýunça uly mümkinçilikler peýda bolýar. 

                                                                   

Döwrebap dokma kärhanalarynyň ählisiniň önümleriniň häzirki wagtda bäsdeşlige ukyplydygyny aýdasyň gelýär. Türkmen gazy, elektrik energiýasy dünýäniň birnäçe döwletlerine eksport edilýär. «Asyryň desgasy» adyny alan, uzynlygy 7 müň kilometrden geçen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi hoşniýetli we netijeli ykdysady gatnaşyklaryň täze derejelere göterilmeginiň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi onuň üstüni ýetirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň gülläp ösmegi bilen, türkmen ykdysadyýetiniň täsir çägi giňeýär. Milli ykdysadyýetimiz dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Özbaşdak ýoly saýlap almak bilen, Garaşsyz döwletimiz depginli ösüşi üpjün etmäge ukyplydygyny bütin dünýä subut etmegi başardy.  

                                                                                                           

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

                     

žurnalist.

29.04.2022
Toplumyň bazarly harytlary

Mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň dokma senagatynyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Ýurdumyzda ýokary öndürijilikli dokma kärhanalary bina edilip, halkyň ygtyýaryna berildi. Biz indi pagta süýümini çig mal hökmünde däl-de, gaýtadan işläp, taýýar önüm görnüşinde dünýä bazaryna çykarýarys. Şu günki gün Mary welaýatynda hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan egirme we dokma kärhanalarynyň ençemesi işleýär. Olar öz öndürýän ýüplükleridir dokma önümlerini ýurdumyzyň içerki bazarlary bilen birlikde, daşarky bazarlara hem çykarýarlar.  

                                                                   

Baýramaly etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen dokma kärhanalarynyň biridir. Onda etrapda ýetişdirilýän pagta gaýtadan işlenilip, dokma senagatynda giňden ulanylýan ýüplügiň dürli görnüşleri, hojalyk harytlary bolan el süpürgiçleri, hammam donlary öndürilýär. Önümler ekologik taýdan arassalygy, hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanyp, müşderileriň göwnünden turýar.  

 Ildeşlerimiziň 800-den gowragyny iş bilen üpjün edip, üç çalşykda hereket edýän toplumyň bölümlerinde öndürijilikli zähmet çekilýär. Gündelik iş tabşyryklary artygy bilen ýerine ýetirilip, agzybirlikli çekilýän zähmet işçilere-de, kärhana-da uly abraý getirýär. Toplumyň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli, sap pagta süýüminden taýýarlanýan önümleri göze gelüwli, owadan gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we daşary ýurtlara yzygiderli ugradylýar.  

                                                                   

Dokma toplumynyň egirme bölüminde arassa pagta süýüminden 12,1; 10,1; 16,1; 20,1 belgili ýüplükler öndürilýär. Şol ýüplüklerden dokma bölüminde sütükli matalar dokalýar. Dokalan matalar boýag bölüminde ilhalar, dürli reňklere boýalýar. Işiň esasy bölegini tikinçilik bölüminiň işçileri ýerine ýetirýärler. Matasynyň ýumşaklygy, tikiliş aýratynlygy bilen tapawutlanýan hammam donlary we el süpürgiçleri kämil enjamlar arkaly tikilýär.  

  Önümleriň hiline berk gözegçilik edilýän barlaghana bölüminde tejribeli hünärmenler işleýärler. Toplumyň işiniň ilerlemegine işçi-hünärmenleriň ählisi saldamly goşant goşýarlar. Akjagül Orazowa, Nabat Berdiýewa, Göwher Baltaýewa, Jahan Amanowa dagy öz işlerine jogapkärçilikli çemeleşip, önümiň hiline aýratyn üns berýärler. Toplumyň Maýsa Allaberdiýewa, Maýa Aşyrowa, Güljemal Babaýewa ýaly hünärmenleri nusgalyk işleri bilen kärdeşlerine görelde bolýarlar. Dokmaçylaryň zähmetiniň netijesi guwandyryjydyr. Muny dokma toplumynyň işgärleriniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen üç aýynda gazanan zähmet üstünligi hem doly tassyklaýar. Toplum boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 25 million 278 müň manatlyk önüm ýerleşdirilip, meýilnama 128,4 göterim ýerine ýetirildi. Önümler Belarus Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Ýewropa döwletleriniň hem ençemesine eksport edilýär.  

                                                                   

Dokma toplumynyň önümlerini mahabatlandyrýan sergi bu ýerde hemişe hereketde bolup, müşderilere önüm saýlamakda uly hemaýat edýär. Ýurdumyzyň dokma pudagynyň gülläp ösmegi barada uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna toplumyň işgärleri çyn ýürekden alkyş aýdýarlar.  

                                                                                                           

Welmuhammet GALANDAROW.

                       

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.

29.04.2022