Möhüm möwsümiň bosagasynda

Oba hojalyk pudagynyň işgärleri üçin ýene-de bir möhüm möwsüm — bugdaý oragy ýetip gelýär. Bu gyzgalaňly döwür her birimizden aýratyn işjeňligi talap edýär. Biz hem öňde duran bu jogapkärçilikli möhüm möwsümi guramaçylykly we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, pudagyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini geçirmegiň nobatdaky tapgyryna girişdik.  

                                                                   

Şu günler önümçilik birleşigimize degişli bolan awtoulag hojalygynyň sürüjileriniň, elewatorlaryň, merkezi barlamhananyň we tok bejeriş sehiň işgärleriniň, merkezi abatlaýyş ussahanasynyň ussalarynyň arasynda yzygiderli bolup, ýerine ýetirilmeli çäreler we edilmeli işler dogrusynda pikir alyşýarys.  

                                                                   

Şeýle mazmunly çäreler zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça inženerleriň gatnaşmaklarynda etraplardaky galla kabul ediş nokatlarynda, ammarlarda hem yzygiderli geçirilýär we olarda berjaý edilmeli talaplar dogrusynda ýörite nygtalýar. Işgärlerimiziň işçi geýimleriniň nobatdaky tapgyry bilen üpjün edilmegine, deslapky lukmançylyk barlaglaryndan geçmeklerine hem aýratyn üns berilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watan harmanynyň berekedini has-da artdyrmak ugrunda ähli tagallalary ederis.  

                                                                                                           

Bossan  JUMAÝEWA,

                       

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.