BELENT MAKSADA EÝERIP
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýüpekçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýüpekçilik möwsüminde 184 tonna ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinýärler. Şeýlelikde, olar häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryny idetmegi talabalaýyk alyp barýarlar. Bu babatda etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ýüpekçileriniň oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar. Olar özlerine paýlanylyp berlen 1241 guty ýaş gurçuklary kadaly ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Hojalygyň tejribeli ýüpekçilerinden Zeripbaý Galandarow, Röwşenaý Jumakowa, Sanaber Töräýewa we beýlekiler bu işe öňdäkileriň hatarynda girişmek bilen, gurçuklara ideg etmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar. Şunda ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, kadaly ýylylykda, arassa saklamak boýunça zerur çärelere aýratyn üns berilýär. Munuň özi paýdarlar jemgyýetiniň ýüpekçileriniň şu möwsümde 48 tonna piläni Watan harmanyna goşmak barada bellenilen meýilnamany has artygy bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam döredýär.
Nodira ALLAMOWA,
TAP-nyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap komitetiniň hünärmeni.
* * *
GOWAÇA BEJERGISINIŇ DEPGINI ÝOKARLANÝAR
Akdepe etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň pagtaçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 1900 gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda derwaýys çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar gowaça bejergisine etrapda ilkinjileriň hatarynda girişip, bu işiň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Häzirki wagtda gowaçalaryň hatar arasyny ýumşatmak, olary haşal otlardan arassalamak işleri daýhan birleşiginiň 6, 12-nji kärendeçiler toparlarynda has-da gyzgalaňly barýar. Bu çäreleri berjaý etmekde mehanizatorlardan Azat Motyýew, Tahyr Rozybaýew, kärendeçi daýhanlardan Şirin Aşyrowa, Arazmyrat Nazarow we beýlekiler has-da gaýratly zähmet çekýärler. Şeýle agzybirlikli aladalaryň netijesinde ýaşajyk gowaçalaryň talabalaýyk ösmegine zerur şertler döredilýär.
Orazgeldi MUHADOW,
TAP-nyň Akdepe etrap komitetiniň hünärmeni.
* * *
ZÄHMETI GORAMAK — SAGLYGY GORAMAK
«Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäräniň esasy maksady işgärleriň zähmetini we saglygyny goramak, degişli önümçilik şertlerini döretmek, olaryň dynç alşyny guramak, durmuş goraglylygyny, tehniki howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek boýunça edara-kärhanalarda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek bolup durýar.
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň energetika, awiasiýa we aragatnaşyk, medeniýet, hyzmat ulgamy işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşleriniň şäheriň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda guran okuw maslahaty şu meselelere bagyşlanyldy.
Okuw maslahatynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi Meýlis Gulbaýew, welaýat Suwda halas ediş müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça gözegçisi Baýram Myradow, Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Mekan Allanazarow, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň hünärmeni Gylyçmyrat Öräýew dagy çykyş etdiler. Olar orta atylan meseleler boýunça edara-kärhanalarda amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Mämmetdurdy MUHAMMEDOW,
medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalary işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.
* * *
KÄRHANANYŇ ÖNDÜRIJILIGI ARTÝAR
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji kärhanasynyň işçi-hünärmenleri zähmet depginlerini barha batlandyrýarlar. Olar ugurdaş kärhanalaryň arasynda hemişe ýokary görkezijileri gazanmagy başarýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň 1 müň 52 tonnasy öndürildi. Kärhanada önümçiligiň ösüşiniň durnukly depgini hemişelik saklanýar.
— Kärhanamyz döwrüň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bolup, onda işçi-hünärmenleriň 161 sanysy 3 çalşykda zähmet çekýär. Bu ýerde olaryň öndürijilikli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada welaýatymyzda öndürilýän pagtadan dürli ölçegdäki nah ýüplükler taýýarlanyp, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna we daşary ýurtlara ugradylýar. Kärhanamyzyň darak, lentalaýjy, egriji, gaplaýjy, hil barlagy bölümlerinde işler sazlaşykly alnyp barylýar. Bu ýerde yhlasly zähmeti bilen köplere görelde görkezmegi başarýan işçileriň ençemesi bar. Olardan Gunça Hudaýnazarowanyň, Mamagül Haşanowanyň, Nurtäç Aşyrowanyň, Döwran Tuwakowyň, Meýlis Pirnepesowyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda tutmak bolar — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nurbibi Genjäýewa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.
Annageldi BEKIÝEW